Relax
Relax
31.10.2023 16:19
“Halloween” gadymy keltleriň Samhain baýramyndan gözbaş alyp gaýdýan we soňra hristiançylyk bilen birleşdirilen baýramçylykdyr. Samhain, tomus gutaryp, gyş başlanda, 31-nji oktýabr gijesinde
Relax
31.10.2023 09:48
Prokrastinatsiya - Soňa goýmak

Prokrastinatsiya hemmämiziň wagtal-wagtal edýän zadymyz. Bu edilmeli meseläni ýa-da karary yza süýşürmekdir. Zyýansyz endik ýaly bolup görünse-de, gaýragoýulmak hakykatdanam akyl saglygymyza, öndürijiligimize we hatda gatnaşyklarymyza ýaramaz täsir edip biler.
Adamlaryň soňa goýulmagy umumy sebäplerinden biri şowsuzlyk gorkusydyr. Kyn ýa-da kyn diýip hasaplaýan bir mesele bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda, başgalar tarapyndan şowsuzlyga uçramak ýa-da höküm çykarylmazlyk üçin ony goýup bileris. Bu gorky köplenç öz-özünden ýerine ýetirilýän ýagdaýa öwrülip biler , sebäbi bir işi näçe uzak goýsak, şonça-da köp basyş we alada duýýarys, bu işi başlamagy ýa-da tamamlamagy kynlaşdyrýar.

Soňa goýulmagy sebäp bolýan başga bir psihologiki faktor impulslylykdyr(ilki bilen pikir etmän bir zat edeniňde). Meselem sosial medýada wagt geçirmegi ýa-da telewizora tomaşa etmegi özümiziň has peýdaly etmeli işlerimiziň ýerine etýändigimizi aýdyp bileris. Bu, özümizi günäkär duýmak we gaýragoýulmasyz bolmakdan gaça durmak häsiýetine sebäp bolup biler.

Kämillige erjeşmek , soňa goýulmaga goşant goşup biljek başga bir faktor . Köplenç bir işi bitirip bilmeris, sebäbi kämillik bolmaz diýip gorkýarys. Bu hili pikirlenmek, zyýanly bolup biler, sebäbi ösüşiň ýoklugyna we hatda bir işiň üstünde işlemäge höwesiň peselmegine sebäp bolup biler.

Onda Prokrastinatsiyany nädip ýeňip bileris?
Birinji ädim, Prokrastinatsiya sebäplerinden habarly bolmakdyr . Munuň düýp sebäplerine düşünenimizden soň, olary çözmek üçin çäreleri görüp bileris.

Prokrastinatsiya ýeňip geçmegiň täsirli usullarynyň biri , meseläni has kiçi we has dolandyrylýan böleklere bölmekdir. Bu, her ädimimizi bitirenimizde özümizi has az duýmaga we üstünlik duýgusyny üpjün etmäge kömek edip biler. Ýörite, ýetip boljak maksatlary kesgitlemek we meýilnama düzmek hem aladany azaltmaga we hyjuwy ýokarlandyrmaga kömek edip biler.

Şeýle hem, dostuňyza ýa-da kärdeşiňize öz maksatlaryňyzy aýtmak we öňegidişligiňizi yzarlamagyny haýyş etmek ýaly jogapkärçilik ulgamyny döretmek peýdaly bolup biler. Bu daşarky basyş, başlamaga itergi bermekde we höweslendirmekde kömek edip biler.

Şeýle hem özüňe rehimdarlyk etmek we ýalňyşlyklaryň we şowsuzlyklaryň okuw prosesiniň tebigy bir bölegidigine ynanmak möhümdir. Kämillikçiligiň hakyky däl ýa-da peýdasyzdygyna göz ýetirip , şowsuzlyk gorkusymyzy azaldyp, kynçylyklary ýeňip geçmek islegimizi artdyryp bileris.

Gaýra goýulmagyň aňyrsyndaky psihologiýa düşünmek bu endigi ýeňip geçmäge we has öndürijilikli şahsyýet bolmaga kömek edip biler. Prokrastinatsiya düýp sebäplerini bilmek , wezipeleri kiçi böleklere bölmek, ýetip boljak maksatlary kesgitlemek, meýilnama düzmek we özüňe rehimdarlyk etmek bilen höwesimizi artdyryp, aladany azaldyp, ahyrynda maksatlarymyza ýetip bileris.
33
291
Relax
30.10.2023 20:49

Suwy özi dökse-de, Çingiz hana käýedi...

Daşoguz...

Köneürgenç...

Horezimşalar...

Törebeg hanymyň, Soltan Tekeşiň, Gutlug Timuryň, Il-Arslanyň kümmetleri...

Bulary görüp, ýüregim gyýym-gyýym bolýar, içim ot bolup ýanýar.

Bir wagtlar gülläp ösen, ylmyň, bilimiň, söwdaň ösen ýeri bolan Horezim, tekepbirligiň, ulumsylygyň, nadanlygyň gurbany bolýar. 1220-nji ýylda Çingiz hanyň hut özi 200 müň goşun bilen, Horezmi kül peýkun edip gidýär.


1215-nji ýylda Horezim şasy Muhammet şa Mongoliýa bilen dostlykly we söwda gatnaşygyny ýola goýmagy teklip etmek üçin Çingiz hana ilçi iberýär.

Bu teklip Çingiz han tarapyndan gyzgyn garşylanýar we 1218-nji ýylda Çingiz han öz ilçilerini şertnama baglanyşmak üçin Horezime iberýär. Çingiz hanyň ilçileri Muhammet şaha Çingiz hanyň hatyny gowşurypdyrlar. Hatda Çingiz hanyň Muhammet şany öz ogly ýaly gowy görýändigi aýdylýardy.

Şol ýyl, ýagny 1218-nji ýylda, Çingiz han 500 düýeden, 450 adamdan ybarat bolan kerweni söwda etmek üçin Horezme ugradýar. Kerwen Horezime gelende, kerweniň ýükleri talanýar, kerwendäki söwdegärler öldürilýär.

Muny eşiden Çingiz han, talanan ýükleriň yzyna gaýtarylmagyny we söwdegärleri kim öldüren bolsa, şolaryň jezalandyrylmagyny talap edip, Horezime ilçi iberýär.

Çingiz hanyň bu talabyna Muhammet şa gödek jogap berip, bu ilçiniň sakalyny syryp kowýar, ilçiň ýany bilen gelenleri hem öldürýär.

A-na, şondan soň, 1220-nji ýylda Çingiz hanyň hut özi 200 müň goşun bilen, Horezmi kül peýkun edip gidýär.


Eý Patyşahy älem Horezim şa! Suwy özüň dökdüň, kerweni özüň öldürdiň, ilki özüň başladyň...Ötünç soramagyň ýerine, Çingiz hana käýäp, gödek jogap berýäň. Näme üçin beýdýäň? Sen sebäpli Horezim kül weýran boldy, halkyň gyryldy...

34
130
Relax
30.10.2023 09:12
Şahsy çäkler näme?



Çäkler töweregimizdäki görünmeýän çäklendirme bolup, nirede gutarýandygymyzy we beýlekileriň nireden başlanýandygyny bilmäge mümkinçilik berýär. Şahsy çäkler şahsyýetimizi kesgitlär - özümiziň aslynda kimdigimizi bilme duýgumyz.
Şahsy çäkler fiziki, emosional, ruhy, akyl taýdan kesgitlenmeli.
Sagdyn araçäkler manipulýasiýadan goraýar. Araçäkiň güýji her bir adam üçin tapawutlanýar. Olary hemmeler bilen we hemme ýerde kesgitlemeli.
Şahsy çäkler bize şeýle kömek edip biler:

· özüňizi howpsuz duýmaga we howpsuz bolmaga

· öz duýgularymyzy we başgalaryň duýgularyny tapawutlandyrmaga

· öz pikirleriňize ynamly bolmaga

· başgalara nähili garamalydygyny bilmäge

· näçe şahsy maglumatlary paýlaşmalydygyny we haçan boljakdygyny bilmäge

Serhetleriň birnäçe görnüşi bar:

Material

Maddy araçäkler, zatlary ýa-da pullary nädip erkin karz berýändigiňize, karz almakda näderejede amatlydygyňyza we bu zatlar yzyna gaýtarylmasa özüňizi alyp barşyňyza degişlidir.

Fiziki

Bu şahsy giňişligiňiz, rahatlyk zolagyňyz hakda. Her bir adamyň öz fiziki çäkleri bar, köplenç bu fiziki degmek ýa-da giňişligiňize çozuş diýmekdir.

Emosional

Sagdyn emosional çäkler bilen, başgalar bilen gatnaşygymyzda özümizi rahat we howpsuz duýýarys. Adamy nädip tanaýandygymyzy we olaryň durmuşymyza näderejede laýykdygyny esaslandyryp, degişli mukdarda maglumatlary paýlaşýarys. Özümizi duýgularymyzda, pikirlerimizde ynamly duýýarys.

Intellektual

Käbir durmuş faktorlary akyl-paýhasymyza täsir edýär we bizi akyl taýdan ejizleşdirip biler, ýöne intellektual çäkler biziň pikir edýän we ynanýan zatlarymyza näderejede ynamlydygymyzdyr. Bu öz pikirlerimizi we ynançlarymyzy başgalaryň pikirlerinden we düşünjelerinden tapawutlandyrmak ukyby barada.

Utançsyz ýa-da günäkär bolmazdan çäkleriňizi arkaýyn görkezip bilmek möhümdir. Olary yglan edip, “ÝOK ”diýmegi öwreniň. Çäkleriňizi saklaň we beýlekileriň size gözegçilik etmegine ýol bermäň.

Sagdyn çäkleri kesgitlemek öz-özüňi tanamaklygy talap edýär. Özümizden we beýlekilerden garaşýan zatlarymyz, bize laýyk gelýän we belli ýagdaýlarda bize laýyk gelmeýän zatlar barada aýdyň bolmaly. Sagdyn araçäkleri kesgitlemek, ynamlylygy we aýdyňlygy öz içine alýan gowy aragatnaşyk endiklerini talap edýär.

Araçäkleri kesgitlemek aragatnaşyk, duýgularyňy aç-açan we hormat bilen beýan etmegi öz içine alýar. Bu talap etmegi öz içine almaýar, ýöne adamlardan size düşünmegini talap edýär. Sagdyn çäkleri kesgitlemek, özüňizi ideg etmegiň bir görnüşi hökmünde zerurlyklaryňyzy we ileri tutýan zatlaryňyzy tassyklamagy talap edýär.

Sagdyn çäkleri kesgitlemek üçin üç sany ýönekeý ädim:

1-nji ädim: Mümkin boldugyça düşnükli we göni boluň. Düşünişmezlige getirmejek boluň.

2-nji ädim: islemeýän ýa-da halamaýan zadyňyzy däl-de, isleýän zadyňyzy gönüden-göni aýdyň.

3-nji ädim: Günäkärlik, utanç ýa-da ökünç bolsun, netijede ýüze çykýan islendik oňaýsyzlygy kabul ediň. Şeýle duýgular ilki bilen adaty wagty, çäkleri görkezip başlaň, soň bolsa beýle duýgular bolmaz.

Üçünji ädim, araçäkleri bilen meselesi bolan adamlar ýa-da ýok diýmegi halamaýanlar we muny öwredilendigi sebäpli adamlary begendirmek üçin öwrenişenler üçin adatydyr.

Biz zerurlyklarymyzy bildirmek erbet we egoist diýip pikir edýäris. Şeýle-de bolsa, ululykda sagdyn çäkleri kesgitlemekden gelýän oňaýsyzlygy kabul etmezlik, gahar-gazaba, manipulýasiýa, hyýanatçylykly(ýamanlyk) we streslere sebäp bolup biljek sagdyn gatnaşyklara razy bolmak diýmekdir.

Şahsy serhetleri gurmak üçin:

· Etmek islemeýän ähli zadyňyzdan ýüz öwüriň.

· Duýgularyňyzy beýan ediň.

· Duýgularyňyzda we emosiýalaryňyzda dogruçyl boluň.

· Karar beren badyňyza gürläň.

· Üçünji taraplary goşmazdan, garşy tarap bilen göni problemalary çözmäge synanşyň.

· Adamdan garaşýan zadyňyzy göni aýdyň, size düşünýänçä garaşmaň.
23
177
Relax
29.10.2023 09:24
Her kim öz önüp-ösen ýerini küýseýär, şol ýerik gaýdyp gelesi gelýär, men hem şeýle. Biziň ýurdumyzdan daşary ýurtlara baky göçüp giden adamlar bar, ana şol adamlar ençeme ýyllardan soň, öz köçeleriniň we öýleriniň, wideoýazgylaryny göresleri gelýärler. Belkem ol duýga nostalgiýa duýgusy diýilýändir? Men bilemok. Nähili diýilýän bolsa-da bolsyn, ýöne örän girdeýjili duýgy, sebäbi meniň özim hakyny töleseler köçeleriň we öýleriň wideo ýazgysyny düşürýän we internediň üstinden ugradýan. Esasan-da maňa uly ýaşly adamlar ýüz tutýarlar, ömrüni aşgabatda ýaşan we ýaşynyň soňunda daşary ýurtlara göçüp giden adamlar. Aşgabat adam bedenlerini göýberse-de, olaryň ruhlaryny göýbermeýän bolmaly-da? Dogrymy aýtsam aýda bir-iki sany buýrma alýan:
—Pylan köçede, pylan salgyda biziň öýümiz bar, şol ýerleri gowja edip wideo ýazgy edip beräýiň.
Käbir adamlar bolsa öz ýaşan kwartiralarynyň gapysyny kakmagy hem haýyş edýärler, elbetde men gapyny kakýan, ol ýerde bolsa eýýäm başga maşgala ýaşaýar, men samsyklyga salyp, olardan jaýyň köne eýelerini soraýan:
—Olaryň jaýy satyp Russiýa göçenine eýýäm 5 ýyl boldy, —diýýärler öýüň täze eýeleri.
Men bolsa bar zady bildirtmän telefonyň kamerasyna ýazyp otyryn. Kameraň burçuna öýüň içiniň birje künji düşäýse, meň müşderilerim diýseň begenýärler. Hamala geçmişe gaýdyp baran ýaly? Gapy kakma hyzmaty üçin men tölegi aýratyn alýan. Ondan başga has geň haýyşlar hem bolýar. Käbir adamlar ýurtdan göçüp gitmäkäler, şol bir edarada 30-40 ýyllap işlän ekenler. Onsoň şeýle adamlar öz Aşgabatdaky öýlerinden, öz iş ýerlerine çenle wideo ýazgy etmegi haýyşt edýärler. Men bar zat hakykada ýakyn bolar ýaly, irden sagat 7-de ýola düşýän we gizlinlikde wideo ýazgy edýän. Awtobusa münýän, pyýada ýöreýän we müşderiň diýýän edarasynyň agzyna çenli wideo ýazýan. Käbir edaralarda bolsa, müşderiniň işläp giden iş otagyna çenli ýazgy edip bolýar. Aşgabady beýle küýseýän bolsaňyz, ony nire taşlap gitdiňiz diýsene? —Sorasym gelýä men? Ýöne müşderiler bilen gödek gürleşip bolanokda. Sebäbi her bir müşderi, maňa 10 sany täze müşderi getirýär. Adamlar şeýle hyzmatyň bardygyny birek birege aýtýan bolmalyda? Dogrymy aýtsam, meň özüm hem şeýle hyzmat üçin gowja tölärdim, eger kimde kim aşgabatdaky meň köne ýaşan köçämi wideo ýazgy edip bilse. Ýöne bu eýýäm mümkin däl, sebäbi meň dogulan we önüp ösen köçäm bir eýýäm ýykylan, soňky 10 ýyl bäri ol ýeri ýok. Men aşgabatda ýaşasamda, öz öýmüze indi gaýdyp bilemok. Meň kalbym, ýurtdan baky göçüp gidenleriňkiden gowy däl. Eger asmanda bir ýerlerde Hudaý bar bolsa we jennet we dowzah barada aýdylýan zatlaryň barsy çyn bolsa, birden men jennete düşsem, men Hudaýa aýdaryn. Meň çagalykda ýaşan ýerimi dikelt, goý ol ýerde bar zat meň mekdepde okan döwrümdäki ýaly bolsyn, bar goňşylary hem gaýdyp getir. Eger goňşylardan kimdir biri dowzaha düşen bolsa, ýa-da gelesi gelmese, oň özine meňzeş etde nusgasyny ýasa, ýa-da şoňa meňzeş etde android robot ýasa, maňa parhy ýok, ýöne meni geçmişe gaýdyp geler ýaly et. Bu pikirleriň barsy içgili adamyň oýlanmalary. Geçmişi hiç kim yzyna gaýtaryp getirip bilmez, geçen zat geçdi. Hatda Hudaý hem öz jennedini näçe öwse öwübersin, ol ýerde maňa gerek zat bardyr öýdemok? Öz agzan gazanjymyň barsyny, men aragyn syrtyndan geçirýän. Içen wagtym bolsa köne öýmüz ýadyma düşýär. Goňşylaryň her birini bir ýerden çykardylar, şäherde tötänden gabat geläýmeseň, ýörüteläp duşjak gümanyň ýok. Garaz döwülen bulgyry, yzyna ýagnap bolanok. Şu gün hem men diýseň içgili, aýak üstinde zordan duryn diýseň hem bolýa. Kafedan çykyp, yraň jyraň bolup, zordan köçä çykýanda taksy saklaýan. Özim bolsa durman kisämdäki telefonymy barlaýan. Sebäbi arada içgili kellä telefonymy ýitirip görüpdim. Taksyst saklanýar we men maşyna münýän. Nireden kellä gelenini bilemok, ýöne men öz köne salgymy aýdýan. Taksyst hiç zat gürlemän ugraýar. Men aýdan köçäm eýýäm hiç ýerde ýok, ol ýerde uly seýilgäh bar, ýöne taksist oglan barybyr şol ugra sürýär, mende bolsa eýýäm pikirlenmäge hiç hili ysgyn ýok. Men başymy ýere sallaýanda gözlerimi ýumýan. Gulagyma elhenç ses eşdilýär, hamala maşyn saklanyp bilmän tormuza münýän ýaly? Men çala tisginýän we başymy galdyrýan. Biziň barýan maşynymyza hiç zat bolmadyk bolsa bolýar? Şol bada källä samsyk pikirler gelýär, awto heläkçilikde, serhoş adamlara köplenç hiç zat bolanok. Sebäbi serhoş adamyň bedeni gowşak bolýar we oňa zeper ýetenok. Huşy ýerinde adamyň bedeni heläkçiligiň öň ýanynda beter gatap ýetişýä we oň süňkleri weýran bolýa.
—Bar zat gowmy, —men taksistdan soraýan. Ol bolsa meň soragyma, öz soragy bilen jogap berýär.
—Köçeden saga girmelimi ýa-da çepe girmeli?
—Çepe, —diýip men köne endige görä jogap berýän. Soň bolsa öz köne jaýymyzy tanap, taksista şu ýerde sakla diýýän.
Taksist saklaýar, men bolsa gözlerime ynanamok. Şol garaňkyja köçe we şol köneje öý. Men taksysta bermelsinden 2 esse köp pul töleýän, ol bolsa meň uzadan pulymy örän geň galyp synlaýar we kisesinden başga pullary çykaryp, meň beren pulym bilen deňeşdirip başlaýar. Taksistiň elindäki pullaryň aýlanşykdan aýrylanyna eýýäm 15 ýyl bolupdy.
—Pul haçan çalşyp ýetişdi, —taksist menden soraýar, ýa-da elindäki pullardan?
Maňa welin eýýäm hiç zadyň parhy ýok, men eýýäm bir aýagymy maşyndam düşürdim. Bir wagt ölen garry köpegimiz guýrygyny bulap meň ýanyma gelýär. Jaýyň kölegesinde bolsa, meň bir mahallar ýogalan kakam otyr.

Ilýustrasiýa: Italýan kinorežissýory Mario Martonäniñ "Nostalgiýa" (2022) çeper filminden.
28
125
Relax
28.10.2023 11:29
Günäsiz ynsanlaryn ölen urşy uruş däldir, bir jenayatdyr. Hiç bir sebäp, hiç bir göreş hem ynsanlaryn öldirmegini mamla çykaryp bilmez. Uruş diñe weýran eder, ýakar, ýykar, kül eder. Söýeni söyenden, çagasyny eneden, masgaladan, ene topragyndan mahrum eder. Hemme uruslar iç urusdyr, sebabi hemme ynsanlar dogandyr.

(Francois Fenelon)
29
107
Relax
27.10.2023 16:11

Bilýärdiñizmi !?

42
265
Relax
27.10.2023 08:48

Bilýärdiñizmi?!

In gysga halkara kopri - Zawikon Dünyadaki in gysga halkara kopri Zawikon adasynda yerlesyar. Bary-yogy 9 metr bolan bu köpriniñ sag tarapyndaky ada Amerika, çep tarapdaky ada Kanada degişlidir.

33
118
Relax
25.10.2023 18:06

Bilýärdiňizmi?

2010-njy yylda 1,000 Bitcoin dollarda0,003 $-dy. 2010-yn May ayynda ilkinji gezek Floridaly bir programmist Laszlo Hanyecz 10.000 BTC berip iki bolek pizza zakaz edipdi. Hazirki wagtda 1,000 BTC dollarda 38.467.000 $

30
171
Relax
24.10.2023 11:39

Terjimedäki ýalňyşlyk sebäpli gorkunç taryhy wakalar.




Dogry we anyk terjime - kyn we jogapkarli iş. Ýöne, käte çenden aşa jogapkärçilik hem terjimeçini ýalňyşdyrmagy mümkin.


Ýekeje ýalňyşlyk käte bir ynsanyň, käte bolsa birnäçe müň adamlaryň ömrüne howp salmagy hem hiç zat däl.



Bu gün taryh üçin gymmada düşen ýalňyşlyklary ýatlap geçeliň:



1. 18 ýaşly ýigit bir ömürlik maýyp boldy.



Günorta Florida-da 1980-nji ýylda bolan bu waka örän gynandyryjy. 18 ýaşly kubaly Willi Ramires borden güýçli başy aýlanýandygny we kellesi agyrýandyny aýdýar. Ýagdaý şeýle bir erbetleşdi. Hatda onuň görüşi we pikirlenşi hem bozulypdy. Biraz wagtdan soň bolsa ol özünden gitdi.



Birnäçe sagat öň ýigit kafede naharlanandygyndan habary bolan onuň ejesi \"oglum nahardan zäherlenipdir\" diýen gümana barýar. Emma iňlis dilini gowy bilmezligi tiz kömek lukmanyna ýagdaýy dogry düşündirip bilmeginde kynçylyk döredýär.



Düşündirýän wagty ýigidiň ejesi- ispan dilindäki «intoxicado» (terjimesi: zäherlenmek) sözüni ulanýar. Ýöne iňlis dilinde alkogol ýa-da neşe maddasynyň dozasy köp düşüp döreýän ýagdaýy aňladýan «intoxicated» diýen söz barlygy lukmany ýalňyşdyrýar. Tiz kömek lukmany ýigdekçäni bölüme eltip, özi düşünen diagnozy goýýar we hassany şol diagnoz boýunça bejermäge başlaýarlar.



Aslynda bolsa ýigitde gemarrogik insult bardy. Bu kesel beýle ýaşdaky adamda ýüze çykmagy örän seýrek ýagdaýdygy üçin hem hiç kim muni güman edibem görmändi.



Nädogry diagnozyň netijesindäki «bejergi» insult beden ysmazyny döredýän derejä göterilmegine sebäp boldy. Ýalňyşlyk sebäpli maşgala 71 mln dollor mukdarynda kompensasiýa tölendi, ýöne ýigit ömürlik maýyp boldy.



\"Näme bolsa ýagşylyga\"- diýilişi ýaly bu ýagdaý ABŞ medisinasyndaky çynlakaý reformalara sebäp boldy, patsientlere hyzmat etmegiň tertibi bolsa düýbünden üýtgedildi.



2. «Biz sizi ýere dularys!(ýere gömeris, jaýlarys!)»– nädogry terjime sebäpli SSSR we ABŞ arasynda uruş başlamagyna az galypdy.





1956 ýyl SSSR we ABŞ-ň arasyndaky sowuk urşuň gyzyşan pellesidi. Iki döwlet ýolbaşçylarynyň nutklarynda-da haýbat atyjy sözler ýaňlanyp durýardy. Emma terjimeçiniň kiçijik ýalňyşlygy sebäpli hakyky urşyň başlanmagyna az galanyndan köpçülik habarsyz bolsa gerek.



Nikita Hruşýow Polşa ilçihanasynda nutk sözledi. Ol köpçüligiň öňüne çykanda köplenç gyzyşyp giderdi we onun kontekstini içgin düşünmedik adam täsin jümleleri terjime etmekde ýalňyşmagy gaty mümkindi.



Şol nutgynda ol aşakdaky jümleleri aýdyp geçdi: «Bu size ýaraýarmy ýa-da ýok, emma taryh biz tarapda. Biz sizi ýere duwlarys». Bu ýerde Hruşýow Marksyň «proletariat kapitalizimiň gabyr gazyjysydyr» tezisine meňzedip, ony biraz başgaça sözler bilen beýan edipdi. Terjimeçi bolsa bu sözi göniden- göni terjime edip, halkara dawaň sebäpkärine öwrüldi.



«We will bury you!»– jümle sähel wagtdan Amerikaň gazetlerinde çap edildi. Hatda, meşhur«Тime» žurnaly hem bu hakda tutuş bir makala çykardy.



ABŞnyň diplomatik wekilleri şol pursatda SSSRe nota iberdi we sowet diplomatlary gyssagly ötünç sorap, Hruşýowyň aýdan jümlesi uruş hereketlerini däl-de Marksyň üýtgedilen haraýşyny beýan edýändigini bildirdi.



Soňra Hruşýowyň özi hem nutk üçin köpçülikleýin ötünç sorady we göni manydaky gabry dälde, işçi synpy kapitalizmi öldürjegini göz öňünde tutandygyny aýdyp geçdi.


Ýöne muňa seretmezden Hruşýow sözleýiş usulyny üýtgetmedi. 1959 njy ýylda ol «ABŞa Kuzkaň enesini görkezjekdigi» hakynda aýtdy. Bu gezek hem terjimeçi jümläni «we shall show you Kazka’s mother» diýip, esasy mazmunyny ýetirip berip bilmedi. Amerika jemgyýeti bolsa \"Kuzkaň enesi - Sowet soýuzynda taýýarlanýan täze atom bombasy\"- diýen pikire bardy.



3. Taryhdaky iň aýylganç ýalňyşlyk bolsa 26 iýul 1945 ýylda bolup geçen Potstam konferensiýasyndan soň bolup geçdi.



Ýaponiýa imperiýasyna iberilen ultimatum görnüşindäki deklorasiýada Ikinji Jahan urşynda kapitulýasiýa etmek talaby öňe sürülipdi. Talap inkär edilse, olary «doly ýok etmek» garaşýandygy bellenip geçilipdi.



Üç günden soň Ýaponiýanyň premýer ministri Kantaro Sunzuki press-konferensiýa wagtyndaky nutgy dowamynda Mokusatsu sözüni ulandy. Munyň manysy, «gürlemezlik, dymmaklyk» dy. Ýagny, premýer ministr olar gürlemejekdigini, goýulan talaba ümsümlik bilen jogap berýändiklerni bildirjek boldy. Bu çylşyrymly diplomatik jogapdy.



Emma bu söz iňlis diline «we ignor that» («biz muňa üns bermeýäris» ýa-da «üns edenňe degenok») görnüşinde terjime edildi.



Ýapon hökümediniň beýle jogaby ýaponlara atom bombasy arkaly hüjüm etmekligiň sebäpkäri boldy. 6 awgust güni Hirosima 15 kilotonna, 9 awgüst güni bolsa Nagasakä 21kilotonna bolan atom bombasy taşlandy.



Resmi maglumatlara görä Hirosimada 150 00, Nagasakide 75 000 adam jebir çekipdir. Ýöne jebir çekenleriň real sany 450 000e ýakyndygy aýdylýar.



Görýäňizmi, birje ýönekeý ýalňyşlyk mazmuny düýbünden üýtgedip nämelere sebäp bolmagynyň mümkindigini



Daşary ýurt dilleri we terjimeçilik- örän çylşyrymly we çynlakaý ýagdaý. Dostlar bilen aragatnaşygyň dowamyndaky ýalňyşlyk dawa, ýokary derejedäki şahslaryň aragatnaşygy dowamyndaky ýalňyşlyklar bolsa urşa öwrülmegi hem mümkin.

35
197