Raffaello
28.04.2023 23:27

Salam hemmä.

Menem öz durmuşymdan bir zatjyklar ýazasym geldi ýöne näme ýazjagymy bilemok. Ýazar ýaly manyly durmuşym ýok diýip pikir edýän. Howwa, hakykatdanam meň durmuşymy manysyz görýän, näme üçin ýaşap ýörenimi özümem bilemok. Mende käbirleriňki ýaly üýtgeşik başdan geçirmeler ýok, her gün şol bir zatlar. Irki turýaň, işe şaýlanýaň, ýol boýy kellede düşniksiz pikirler aýlanýar, we şeýdip işe barýaň. Işdede başlygyň nedawolny ýüzü, işgärlere zeýrenişi....şeýdip öýlän 6-a çenli wagtymy sanap geçirýän. Soňam ýene öýe, ýenede şol düşnüksiz pikirler peýda bolýar. Öýe gelýäň, el ýüzüňi ýuwýaň, taýynjak nahary iýýäň içýäň. Soňra ownuk uşak işleri edişdirýän, internetde tanyş bilişler bilen ýazyşýan, saýtlara girýän, okaýan. Indi şolaram ýokman başlady. Banýa girip çykýan we göni agzymy açyp uklap galýan. Ine her gün şu zatlar gaýtalanýar.....Käte Bägül bilen işden soň bazara aýlanyp ony muny alyşdyrýas, gaýdyşyn guýma marožny iýip öz keýpimizi özümiz kökläp gezýäs. Şondada menem başlygyň ýüzi ýaly nedawolny. Aslynda meň bu bolşyma meslik diýilýär. Howwa, şular ýaly ýagdaý köpimizde bolýandyr, her günki gaýtalanyp durýan zatlardan irip zeýrenjek bolýas. Üýtgeşiklik isleýäs.

Belki, belki men özüm durmuşymy manysyzlaşdyrýandyryn. Belki näşükür bolýandyryn, belki meň durmuşymy özüne arzuw edip ýörenler badyr. Ine şular birden aklyma gelýär welin durmuşa pozitiw tarapdan bakmana çalyşýan.

Bir ýere gitsem sag aman baryp gel diýýän, gelsem sag aman geldiňmi diýýän enem atam bar......bu sözlere zarlaram bar.

Guşlaryň jürküldeýän sesleri......bu sesleri eşdip bilmeýänem bar.

Nurly Günüň eçilýän ajaýyp howasy, ýaşyl öwüsýän baglar, çalaja çaýkanyp ýatan mawy deňiz, depesine gözüň düşende göwnüňi howalandyrýan beýik daglar.....bulary görüp bilmeýänem bar.

12 süňňiň saglygynyň hezilini duýup bilmeýänem bar.

Köpimiz çöregi hem gury iýemzok, arassa suwy tagamsyz diýip içemizok. Şol gury çöregiň, arassa suwuň zaryny çekýänem bar.

Bu sanalanlar biziň üçin durmuşdaky iň ýönekeý zatlar, ýöne şol ýönekeý zatlarda uly bir many görýänlerem bar.



21
93
Raffaello
Raffaello
26.10.2022 13:33
Mähir.
Raffaello
Raffaello
25.10.2022 01:04
Öz çeken suratlamdan paýlaşmak isledim