Princess
24.11.2019 15:56
Dünýäde bir belent dag bar diýip eşitdim.Hormatyňyz şol dag ýaly belentde bolsun!Şol dagyň üstünde ap-ak dag bar diýdiler. Göwnüňiz şol gar ýaly ak bolsun!Şol dagdan aşak düşeniňde köp arça bar diýdiler! Sogabyňyz şol arça ýaly köp bolsun!Ýene-de aşagyrak düşseň,arassa çeşme bar diýdiler. Ýüregiňiz şol çeşme ýaly arassa bolsun!Çeşmäniň boýundan uzyn ýol gaýdýar diýdiler.Ömrüñiz şol ýol ýaly uzak bolsun!
23
371
Princess
24.11.2019 15:40
EÝ ADAM OGLY PUL BILEN:
Krowat alyp bilersiň,ýöne düýş berilmez.
Kitap alarsyň,ýöne akyl bilen huş berilmez.
Gatnaşyk alarsyň,ýöne dost berilmez.
Kuran alarsyň,ýöne iman berilmez.
Gonamçylykdan öleniň soň ýatmana ýer alarsyň, EMMA JENNETDEN ÝER BERILMEZ!!!
13
248
Princess
24.11.2019 15:33
Hiç haçan başgalary gynanmasyn diýip özüňi gynama,unutma sen çekip bilýän bolsaň olaram göterip bilýär.
14
202
Princess
18.11.2019 21:46
Bir gün pulsuz bolup, ertir pully bolup bilersiň. Ýöne bu gün binamys bolup ertir namysly bolup bilmersiň...✏
27
344
Princess
18.11.2019 21:42
Haçan-da özüňi şowsuz duýanyňda unutma, Coca-Cola kompaniýasy ilkinji ýyly bary-ýogy 25 çüýşe kola satypdyr.


HIÇ HAÇAN ÝEŇILME!!!
20
280
Princess
18.11.2019 21:38
Eger kimdir biri siziň erbet tarapyňyzy kabul edip bilmese,onda ol siziň gowy tarapyňyza hem mynasyp däldir...
13
197
Princess
12.11.2019 19:48
Kim çözüp bilýär
6÷2(1+2)=???
a)9
b)1/2
c)1
d)3
21
499
Princess
11.11.2019 18:08
Kimiň ýarasyna derman bolsaň bol,gutulansoň seni ýatdan çykarar.
25
240
Princess
11.11.2019 18:05
Ýalan sözläp getireniňden hakykady aýdyp ýitireniň has gowudyr. Ýalan söz ýigrenç doredýär,hakykat bolsa ynam döredýär.
16
130
Princess
11.11.2019 18:02
Bir adama umyt berip ynamyna giripde,ony ýarty ýolda terk etmegiň günäsini iki dünýäde-de ýuwup bilmersiň.
10
115