Paradise
30.09.2023 19:51
GÖWÜN
Diýlen bahasyna geçmedi göwün.
Bu hal gama saldy ýuwaş-ýuwaşdan.
Kyn, beýle bahaly göwünli bolmak...
Kyn ekeni,
beýle söwda ulaşsaň.
Göwün diýlen, ganatlarny gyrsaňam,
Uçan günün ýatlap hiňlenýän eken...
Eşdilmeýän eken göwün aýdymy,
Ol aýdym, häki bir...
diňlenýän eken.
Mahabat görmedik haryda döndi,
(Gum siňse-de aram aram soralýan...)
Ýogsa, onda baha ýokdy ullakan,
Kör-köpükdi onuň üçin soralýan.
Tapyldy dür-merjen, tapyldy her zat,
Kör-köpügi welin, tapmady hiç kim.
Her göwünde hazynaly köşk bar-ka,
Kör-köpükli gürrüň birneme giçdem...
Kap dagynda mekan tutan göwünler.
Eşidip, ýörite gelip gitdiler.
Näme tapsalaram kör-köpük tapman,
Ol göwüne diňe "degip" gitdiler...
Aýgül GARAÝEWA.
22
42
Paradise
28.09.2023 20:01
„Hiçden giç ýagşyny“ aýdyp gidene
Şöhrat bilen şanlar bolsun ençeme!
Çünki bu gün giçki bägül açyldy,
Müşk saçyldy geçmişimden geljege.
Bahar gelip, gabaklarmy süzdi-de,
Hakydamdan oý deňzine tor atdy.
Ýada düşmän içim ýakan şol güni,
Ýatladyp-ýatladyp için sowatdy.
Huşa geldi, ho-ol birmahal özünden
Özelenip özi giden ýatlamam.
...Ýagyş ýaly ünji ýagýar serime.
( Men seni däl, öz bolşumy ýatlaýan).
Howwa, gyşdy, ak gar bardy zeminde,
Mähir gyşda hasam gerek, bilýärdim.
Sen mydama gürleýärdiň çynyňy,
A men bolsa, çynym bilen gülýärdim...
Şol gezegem sen bir zatlar diýmegi
Niýet edip diýeniňde „...Nememi?!“
Men sözüňi kesip, allajanlarym,
Näme gürläp ýetirmändim gezegi?!...
Ynjyly bakyşyň suratyn çekip,
Çarçuwa-da salyp goýupdyr weli.
Seniň gezek däl-de, ýürek soranyň
Wagt giç ýetirdi huşuma meniň...
Indem durun,
hyýalyňda ýer dyrmap,
Atygsap-atygsap urýan ýürekli.
Şo-ol gyşdaky seň diýmedik sözüňe,
Bu baharda düşünenim gerekmi?!...
Parhsyzlygyň hellewleşýän baglary,
Saýasyn salmajak salgym ekeni.
Meniň undulandyr öýden ýüregim,
Şasy unudylan şalyk ekeni...
Aýgül Garaýewa
23
100
Paradise
27.09.2023 23:46
Men senli dünýäniň gapysyn kakýan.
-Salam.
-Salam.
-Mümkinmidir?
-Mümkindir!
-Ýüregiňe girmekligem mümkinmi?!
Gözlermi gözleriň üstünde goýup,
hut sen bolup görmekligem mümkinmi?!
Ýylgyrsaň ýylgyryp,
gülende gülüp,
Garyp göwnün awlamagam mümkinmi?!
Ah, durmuş…!
(Beýle zat bolmasyn weli)
Sen gamlansaň aglamagam mümkinmi?!
Düýşleriňe girip,
hüşüny bolsa,
Hool asmandan aýlamagam mümkinmi?!
Günlerin bir guni,garaşman durkan,
Ýagyş bolup paýramagam mümkinmi?!
Sorasaň, jogabam bererin, ýöne
şoňa derek şygyr aýtmak mümkinmi?!
Hem giň dünýä sygman aýdýan aýdymym,
Gözleriňe sygyp aýtmak…mümkinmi
26
73
Paradise
27.09.2023 21:11
Üýtgäpsiň» diýýärler...
Hawa, üýtgedim.
Öň Aý bolan bolsam, Gün boldum indi.
Durmuşymy durşy bilen üýtgedip,
Mähire çirkizlen gül boldum indi.
Adam bir durkunda durýarmy, eýsem?
Ýodadym...
kiçiräk ýol boldum indi.
Men razydym, bolsam ýekeje eser,
Yz-yzyna kitap — tom boldum indi.
Duýgularym şelpe-şelpe, tarma-tar,
Yşk ýeli degdi-de, saz boldum indi...
— Bagty duýup bilýän känmi?
— Kän däl.
— Azmy?
— Az...
Köplügiň içinde az boldum indi.
Gunçalarym göz öňümde gülleýär,
Şaha-şaha ýaýran bag boldum indi.
Bir özümde iki sany dünýe bar,
Dünýedenem baýnan baý boldum indi.
Kimler artyk gördi, kimseler kemter,
Deňäp hem öwrenip, jaý boldum indi.
Ýaşalmaly ömür öňümde entek,
Sebäp öň göwredim, jan boldum indi...
Aýgül Garaýewa
28
93
Paradise
22.09.2023 23:06
Ýüregim bir dutar,
saz çalýar şeýle.
Şeýle bir aýdymy aýdýar göwnümem.
Ol aýdym — seň adyň,
Ýöne men ony,
zeýrenip aýdamok ýa-da öwnübem.
Ol meň üçin kada...
Indi näçe ýyl,
Şol aýdym dünýäme berýär ýaraşyk.
Sen maňa ha ynan, ha-da ynanma,
Men bir saňa gezip ýörün garaşyp.
Mümkin, pikir edýän dälsiň men hakda. Ýa, pikir edýänsiň, uçuryp guşum?!..
Men saňa «işsizsiň» diýjek bolamok,
Sen işlisiň welin,
bir zada düşün!
Munda diňe öz ýüregiň diňlenmän,
Kä, özgäň ýüregem diňlenýändir-ä?
Sen diňle ýüregmi,
gaýtala adyň,
Deň gelýändir-ä?!
Aýgül Garaýewa
22
30
Paradise
14.09.2023 23:31
Men durmuşa teý düşünip bilemok,
Ähli zat birhili duýdansyz bolýar.
Nämüçin söýýänim özüm bilemok,
Kalbyma bu duýgyň öz-özi dolýar.
Birdenkä gök gürläp, ýagyş ýagyp dur,
Birde al-asmanda Güneş parlaýar.
Ynha, şeýdip uç-gyraksyz älem deý,
Soňsuzlyga sary ömri aýlaýar.
Durmuşyň durmaly duralgasy ýok,
Bardyr onuň diňe indiki döwri.
Baharda janlanyp, güýzüne solýan,
Edil şol gök-sary ýapraklar ýaly,
Gidip barýan umytlara beslenip,
Çözgütsiz matal deý geljege sary.
Züleýga Allaberdiýewa
16
36
Paradise
10.09.2023 18:59
Sähel zada ejizleýän,
Men bir sada görgüliň!
Geldim ýene huzuryňa,
Bütin ömür bergilim!
Sen dälmidiň çaga wagtym
Aglanymda köşeşdirip,
Sen dälmidiň örüm saçym
Emaý bilen çözleşdirip,
,, Entäk-entäk dirikäm bir,
Ýaş dökmegin gyzym " diýen.
,, Mele buýra saçjagazyň,
Sowuk ýele dözmen " diýen.
Şol günlerem daşda galdy,
Durmuş ara saldy wagty.
Ýöne, ýene agladym men,
Öňkümden has tapawutly.
Sebäp käbir duýgularym,
Ýüregime berýär agram.
Käbäm, indi barmagym däl,
Has näzigräk ýerde ýaram.
Köp ýerlerde sada boldum,
Köp ýerlerde gödek boldum.
Ýöne seniň diýişiň dek,
Ejizlere hemra boldum.
Indem özüm ejiz gelýän,
Durmuşyň agyr-ýeňlinden.
Şonda-da men ýeňilmerin,
Sypap durýarkaň egnimden.
24
95
Paradise
31.08.2023 19:58
Güýzden garaşmandym beýle zada men,
Öňler güýz gelende dymar ýörerdim.
Meňzäp, uly köwüş geýen adama,
Dünýä ap-arkaýyn sygar ýörerdim.
Tänen ýaprak, durna, sary töwerek...
Men bulara diňe bakyp geçerdim.
Gorkuberýän,
suwun içmäge derek,
Men näçe derýany akyp geçirdim?!
Näme üçin maňa täsir etmedi,
Ýaşyl ýapraklaryň saralmaklary?
Bu güýz, hakyt, duýgularmyň pitnesi,
Hem aklymdan gaňryp ar almaklary.
Öň meni ezmedik güýzüň ýagyşy,
Indi ýüregimi ezse gerekdir.
Güýz — kämil,
A mende kämillik ýaşy,
Bu güýz ýazanyma degse gerekdir.
Günüme goýanok güýzki tebilim,
Pikirler daşyma üýşýär, sere däl.
Birden hassaň tapyşy deý tebibin,
Jogap tapdym,
Jogaba bir sered-ä!
Ýaşasyn, «Güýz — ene» diýen Ezizow!
Menem ene-dä...
25
72
Paradise
29.08.2023 22:43
ŞATLAN GÖWNÜM GAMLANANÑA DEGMEÝÄR!..
Köp aldanýas ýalan dünýäñ alyna,
Bagt diýenmiz, wagtymyzy egleýär,
Bize berlen muzdsyz ömrüñ özi nä?,
Şatlan göwnüm, gamlananña degmeýär.
Arrygy köp, boý almaly şineleñ,
Arzysy köp agajyndan miweleñ,
Kime derkar seniñ öýke-kineleñ,
Şatlan göwnüm, gamlananña degmeýär.
Bilýäñ ahyr, her gursakda howur bar,
O:t bolmasa bugdaý bolmaz gowurga,
Gussa bilen ömri ýele sowurma,
Şatlan göwnüm, gamlananña degmeýär.
Kimler ötdi amaly har, añy hor,
Kimler ötdi bilegi zor, añy zor,
Gara galam ak sözleri ýazsa bor,
Şatlan göwnüm, gamlananña degmeýär.
Indi ýat sen... Ah öñler-ä gerekdiñ,
Sensizligem ... eretse goý eretsin,
Sünnet ahyr ýylgyrmak çyn ýürekden,
Şatlan göwnüm, gamlananña degmeýär.
Geçen günler geçip galsyn owarram,
Ykbal ony yza gaýdyp bermeýär,
Gussalary zyñyp bu gün owarra,
ŞATLAN GÖWNÜM, GAMLANANÑA DEGMEÝÄR
Baýram Bejidow
29
68