Paradise
26.11.2023 20:04
Satmañ arzuwñyzy, geçmäñ siz ondan,
Siz olary umyt bilen suwaryñ,
Her pursatda sabryñyza ýapyşyp,
Şükürñize guwanyñ!.

Ömür geçmez kynçylyksyz, ajysyz,
Süýji günler az bolýar-a bolmanam,
Bu durmuşda gyt zatlaryñ gadry kän,
Bolýa-la...

Düşünýärmiñ?,
Düşünje kän pikir köp,
Han-ha seret ýyldyzlardan mysal al,
Içiñden geçse-de gussañ peýkamy,
Bildirmesin mysalañ.

Ýüregiñi aýa, hassalanmasyn,
Garalyk ýokmasyn, güman sygmasyn,
Boljak zatlar bolup dur-a şonsuzam,
Öñden syzmasyn.

Bir maksada dañyl, ýaşaber gülde,
Daşyñdan geleni içiñe atma,
Söwdasyn ediber söwdaly zatlañ,
Arzuwñy satma!...

Baýram Bejidow
29
40
Paradise
22.11.2023 21:09
Ynjalyk

YNJALYK

Gynaldy janym,
Men-ä indi halys ýadadym dertden.
Ykbal iň sussupes adam döretdi,
Yşkyn ýaşyrmadyk men deýin mertden.

Ýeňildim, özümden nägile özüm,
Ýitirip tapanym gussam ekeni.
Ýakyn saýanlarym ýatlardan uzak,
Ýazgydym ýazgarlan kyssam ekeni.

Eý, umyt melegim! Ukusyz melek,
Ýürek urup dursa, diýmek, sen barsyň.
Ir säher dogan gün, eşit arzymy,
"Men biçäräň bagtyn haçan buşlarsyň?"

Ýalňyzlykmy ýazykdaky serpaýym?
Sadalygym ömür sadyk ýükümmi?
Gözýaşymy süpürenok hiç kimse,
Pelek, bu nä? Jezamy ýa hökümmi?

Gymmatyny arzuwlardan tapanym,
Arzuwlaryň arzanlapdyr, ak göwnüm.
Seň özüňsiň her demimde hemdemim,
Şoň üçin syrlarmy goýnuňa gömdüm.

Aknur ATAÝEWA.
22
48
Paradise
17.11.2023 16:04
Rowaýata görä öňem bir adam,
Jenneti gözläpdir pany dünýäden.
Haka berjaý edip parzy sünneti,
Görkez diýýär maňa ýerde Jenneti.

Beýnisinde dürli soraglar dola,
Ýol şaýyny tutup düşüpdir ýola.
Sabr edip kän ýeri aýlanyp çykýar,
Baglary daglary düzleri sökýär .

Beýni dolan diýip iç için iýýär,
Ýüregi darykma taparsyň diýýär.
Oň ýüzüne gülüp bakmandyr bagt,
Ýüwürik şemaldeý geçipdir wagt.

Hiç ýerde ýüregi duşman huzura,
Garaz şeýde şeýde galýar azara.
Jenneti gözleýip tapman hiç ýerde,
Şol arzuwçyl adam galypdyr derde.

Ahyry öýlerne dolanyp gelýär,
Çagalarny guçup şatlanýar gülýär.
Durmuşda söýegim hemde baş galam,
Jennetim siz ýer ýüzünde maşgalam.

Aýdýan sözlerimde ýokdur hiç galat,
Siz bilen ýüregim ynjalar rahat.
Ýollar sökdüm ençe behişdi gözläp,
Taňrym söýgiňizde goýupdyr gizläp.

Adam elindäkiň gadryn bilmeýär,
Başa iş düşmese toba gelmeýär.
Maşgala ajap bagt iň uly baýlyk,
Bizem şol baýlyga bolalyň laýyk!

Süleýman Tekäýew
27
99
Paradise
08.11.2023 17:59
Şadyýan wagtyň görmezden gelen zatlaryň, gamgyn wagtyň içiňi ýakar,
Sebäbi ynsan ýalňyşlygyna şatlykda däl gamgyn wagty düşüner...
#Anton Çehow


Eger bir ýeriň agyrýan bolsa dym !
Ýogsam ýene şol ýeriňe urarlar.
#Fýodr Ýemelýanenko


"Günä eden bolsaň toba et,
Göwne degen bolsaň göwün al
Myhman geljek ýaly öýûňi,
Ölüm geljek ýaly kalbyňy tämiz sakla."


Düýn meni bagtsyz edenleri, bugün başgasy bagtsyz etýär...
Her bir kişi hiç tanamaýan adamynyň aryny alýar...
Onuňam adyna "Adalat" diýilýär...


Adamlar seniň ornuňa başgasyny gaty tiz tapýarlar.
Düýn möhümdiň, bu gün gereksiz.
Tanyş duýgymy ?!


Eger-de biri sizi ýamanlaýan bolsa,
Goý olar siziň aýakgabyňyzda ýörän ýollaryňyzdan ýöräp görsün.


"Gürrüňden bölek"
Ogly: Ýaralarym näçe gün dowam eder kaka?
Kakasy: uzaga gitse 40 gün.
Ogly: 40 günden soň gowlaşarmy?
Kakasy: ýok, öwrenişersiň.
24
85
Paradise
01.11.2023 09:36
NOÝABR

Bu şemal ýüregmi sypalap geçdi:
«Başyň galdyr, geçýän ömri duý-a bir».
Köp wagt görüşmedik dostum mysaly –
Ýene – noýabr.

Gör, sary ýapraklar owsunyp gitdi,
Pynhan syryn açjak ýaly göýä bir.
Nämçündir, ýüregim gobsunyp gitdi –
Ýene – noýabr.

Hon-ha, gökde düzüm-düzüm durnalar
Ýazyp barýar täleýleriň dowamyn.
Ýaşaýyş nähili täsin gurnalan,
Ýene – noýabr.

Ilkinji jägildi… hüwdi sesleri…
Men sägindim, eşdip tanyş owazy.
Duşuşyklaň, aýralyklaň mesgeni –
Ýene – noýabr.

Kakamyrat Rejepow
25
61
Paradise
01.11.2023 00:33
HARASAT
Şatlyk ýumdy gözlerin...
Gussa açdy, tersine.
Gamdan sürme çekdirdi
Gözleriniň hersine.

Elin çarpyp ýalňyzlyk
O ýan, bu ýan garady.
Soň oturyp özüniň
Hiç haçan gutarmaýan
Uzyn saçyn darady.

Duw-ak edip ýüzlerin
Mejal tapman durara
Hyjuw, höwes mündüler
Gabat gelen ulaga.

Söýgem kem oturmady,
Goşun daňyp biline,
Taýýar bolup oturdy
Garaşýan dek birine.
...Duýgular ähli zady
Öňünden bilýärmişin.
Bu kalba bir sagatdan
Aýralyk gelýärmişin...

Aýgül Garaýewa
27
48
Paradise
24.10.2023 18:50
«HASSAHANA»

Yşkyň uçgunyndan syçrap bir gün,
Gujagyňda aglan bolup dogýas biz.
Kalby däl-de, garny doýuryp ýörkäk,
Söýgüsizem oňýas biz.

Ýykylsak, zemiňe ýapyşyp turýas.
Emma arka direýäris dünýä biz.
Biri-birimizden habarsyz diýýäs
— Dünýä!
— Dünýäm!
— Dünýämiz!

Bir gün giň, bir günem daralyp duran,
Çölüstanmyň, bizem gorkak tez jeren.
Gollary ho-ol gökde, köki... kim bilýär?
Agaçlarnyň depe saçy hüžžeren.

Çagakam sen juda owadandyň-la,
Dünýä, ýuwaş-ýuwaş gartaşýaňmy ýa?!
Timar ber özüňe, galkyndyr göwni.
Senem gussa bilen galtaşýaňmy ýa?!

Gözlermizi baglap söýgi salgymna,
Düze kowmaň döndi gitdi düzgüne.
Sataşsa, heýjana geldi ýürekler,
Ýogsa, üzlere...

Zemin söýgi aýdymyňy diňleýär,
Goşgularyň yşkyň pagyş-parasy.
Seniň goýnuň «söýgi» diýip iňleýän,
Yşkdan ýaralylaň «hassahanasy»


Aýgül Garaýewa
25
35
Paradise
18.10.2023 10:53
BU MEN

Ak gyşda azaşyp,
Baharyň kalbyndan dömen!
Ýollar ýadadyp azajyk,
Ýene-de gaýdyp gelen...
Bu men!

Gidişim gidiş bolupdyr,
Yzyma garamandyryn.
Ýene seni gözläp geldim
Goýnuna gara baglaryň.

Ýeke söz ykbal çözýärkä,
Bolma beýle biagyry!
Dymma-da,
Garap gözlerme
Bir zat, bir zat diý ahyry!

Ömrümiz goş ýazdyrypdyr
Tez jereniň şahlarynda.
Aýdylmadyk söz has agyr
Diýlen sözüň ahmyryndan.

Sözüme şübhe ýetişse,
Gözüme dolan ýaşa bak!
Bu ýel deý gelip-geçişde,
Haýpdyr söýmän ýaşamak!

Wagtyndan gijigen dürüň
Arzysy arzan bolarmyş.
Bir pursat säginen sözüň
Soň ömre arman bolarmyş.

Guş deý ganat kakýan kalbyň
Eşdilýär gursakda sesi.
Neçündir, çyr-çytyr bolup,
Lebleriň syr saklamasy?!

Ýaý deý ýaýylsyn gaşlaryň,
Gussa çekme,
Goý ahyňy...
Gözlerime göni garap,
Hany, bir zat diý ahyry!

Kakamyrat Rejepow
22
44
Paradise
15.10.2023 19:26
Tüýs wagtynda geldiň...


Güýzän ýüregime bolup teselli,
Tüýs wagtynda geldiň — gijem däl, irem.
Göwnümi uçuryp goýberdiň arşa,
Iglän arzuwlarna bolduň-da direg.

Ýok, uzaklyk ürküzmedi söýgini,
Ýollar ak geljegiň buşlugy ýaly.
Geçip barýan günler garrylyga däl,
Äkidip barýan deý ýaşlyga sary.

Gözleň göl döredip göwün öýümde,
Kalbyma keşde deý çekildi adyň.
Ýürege yp-yssy rahatlyk berýär
Tanşym, tanyş dälim, ýakynym, ýadym.

Bilýän, bu pursatlar “Ykbal” kitabma
Tämiz sahap bolup, müdimi girer.
Sebäp, duýgularma berip teselli,
Tüýs wagtynda geldiň — gijem däl, irem.

Sapa Homadow
24
121
Paradise
10.10.2023 19:50
Aýyp görýän duýgularmy ýazmagy,
Şoň üçin setirmi ilden gizleýän.
Hemem maňa geňirgenmäň adamlar,
Derdim gizläp ilden kömek isleýän.

Özüm bilen özüm gürleşdim şugün,
Täsin, ýalňyzlyga höwrügipdirin.
Indi öňkim ýaly aglaberemok,
Ýaralarmam sarap öwrenşipdirin.

Hawa, birazajyk dikdüşdiräk men,
Gaýgymam,
şatlygmam saklap bilmeýän.
Ýene bir zat, ölen duýgym öňünde,
Setir bilen özüm aklap bilmeýän.

Durmuş oýunlary kyn gelýär biraz,
Ýogsa olam hoşlaýamy göwnüni?!
Menem başym alyp giderin mundan,
Şonda dertden goraryn men özümi...

Enemahri Guwanowa
27
73