Paradise
19.01.2020 21:04
Süýji sözli adamyñ häsiýeti hem gözel bolýar. Häsiýeti gowy adamyñ bolsa niýeti hem gowydyr.Niýeti ýagşy adamyñ geljegi has owadandyr???
41
623
Paradise
18.01.2020 22:36
Çagalygym hezil ekeni eje!
Joram bilen oýnamagy söýerdim
Durmuş şol çagalyk oýnum bolsady,
Ýadan wagtym oýnajak däl diýerdim.
45
837
Paradise
17.01.2020 00:26
Durmušyñyzda ýekeje gezek pikirlenip gördiñizmi haýsysy has agyr bir zady aýdyp,yzyndan käşkä aýtmasadym diymekmi ýa-da aýtman käşkä aýdyp bilsedim diýmeki. Pikirlerinizi bilesim geldi
35
770
Paradise
16.01.2020 22:59
Gije oýa batdym ýene sen hakda,
Ahmyrly günlerim ýadyma düşdi.
Ýene-de senden galan gussalar,
Ynjydyp kalbyma tikenin sünçdi.

Gije bir çen boldy tutmady ukym,
Ýyldyzlar bilen men söhbet gurundym.
Aýjäjekden sessiz halyñy sorap,
Bu ýalñyz asmana bakdym oturdym.

Bilemok nirden düşdiñ ýadyma,
Köp wagt bäri oýlaryma geleñok
Sen nirede,men nirede, hal niçik?!
Käte sorap indi jañam edeñok.

Menem unydypyryn kän-kän zatlary,
Bilemok meselem belgiñi ýatlap.
"Unut! Unudarys" diýdik biz indem,
Unutdyk päk söýginiñ közüni otlap.

Aradan köp wagt geçipdir häli,
Seni duýgularym ýat boldy maña.
Şu gije sebäpsiz ukym tutmady,
Ýada düşdiñ sanjy bolyp kalbyma.

35
510
Paradise
15.01.2020 13:57
Durmuşda her kim ömrüni üýtgeşik geçirýär
Kimi dogry adama garaşyp ýene biri ýalñyş adama sataşyp we elbetde her kim bir zada ökünýär ka biri saýlanlaryna, käbirler saýalap bilmediklerine.
34
506
Paradise
14.01.2020 14:23
Gelip dur atañ öýüñe,
Entek ejeñ dirika.
Şu dünýäde iñ bagtly,
Adamlaryñ birikäñ.

Jan berşi dek janyndan,
Ruhundan ruh bagyşlar.
Ötünç sora,gujakla
Hatañ bolsa bagyşlar.

Aýtmasañam barybir,
Belentdir ähli zada.
Gözleriñe bir seretse,
Kalbyñ okar şol bada.

Gulpaklyja gyz bolup
Ýatlarsyñ sen geçeni.
Seni görüp ýaşarar
Tanamarsyñ ejeñi.

Alda delje süýjiden
Atañ öýi şirikäñ
Gelip dur atañ öýiñe
Entek ejeñ dirikä
41
659
Paradise
13.01.2020 00:29
Menzilimiz ynam, umyt, bakylyk.
Ýeñ bermek bolmaýar ýetmeli pellä.
Çünki,ak ertirler berdi çakylyk,
Sagymyz,solumyz ýolumyz bellär.

Duşýan şowsuzlyklañ bereli merkiñ,
Ýolumyzdan ürküzmesin zenzele,
Gowşama ýüregim,gowşatma badyñ
Biz iru-giç ýeteris şol menzile.

Haýyrdan,zyýandan paýymyz ýetik,
Şujagaz omürem kän zat öwretdi.
Täze ýara alyp,könämiz bitip,
Durmuş bizi ýara bilen höwretdi.

Söýgi bilen gazanylýar bakylyk,
Ýöne olam mümkin dine señ bilen,
Şoñ uçin düzüw päli şakylyk,
Gel,howlukma ýeteli şol menzile.

Maña ynam bilen umyt derek bar,
Şol peşgeşiñ ykbalymy küreklär.
Şu yeketäk arzuwymy bitirseñ
Häzirlikçe maña hiç zat gerek däl.

Dogry,ýol uzakdyr güniñ bir güni,
Senden ýene bir zat soramagym ahmal.
Senem dilänimi gysganyp durma,
Garaz bu durmuşda oñşaly ykbal.

Mähribanlar ykbalyñyzyñ size gözel durmuşy, süýji günleri, gözel pursatlary, söýgiden püre-pür şirin duýgulary peşgeş bersin.Ýüziñizden ýylgyryşlar kemelmesin.Gijañiz rahat bolsyn.Arzuwlarynyz hasyl bolsyn????



34
584
Paradise
12.01.2020 20:00
Düşünmän ekenim şu güne çenli,
Bu dünýaniñ baýlygy ne,zeri ne.
Geçen,geljek,tutuş ömrüñ gymmaty,
Ýekeje söz bilen mündi terezä.

Saña söýýän diýdim ýumup gözlermi,
Derdim sumat boldy kalbym tüýtmeleñ.
Gözümi açsam ählije zat özgermiş,
Bu ne syrdyr ýa özümmi üýtgeýän.

Dert ýañyja täzeden dörän deý dünýä,
Ne arman bar,ne gussa bar, ne kine,
Göz ýetirdim bu owadan jahanda
Yşga düşmek iñ arzyly nesibe.

Sen nämä ýylgyrýañ,ya-da göwniñe,
Bolup yörşim hetden aşa ýalymy,
Her näme diýseñem şu pursat duydum,
Men şu pursat duýdym ýaşaýanymy.




35
644
Paradise
10.01.2020 00:33
Durmuş edil kitap ýalydyr käbir bölümleri gynançly kabir bölümleri bolsa şadyýan käbirleri bolsa gyzykly.Egerde sahypany geçirmeseñ beýleki bölümleriñ seniñ üçin näme saklaýanyny bilmersiñ.
Durmuş kitabynda bolsa biz her hili adamlara duş gelen halatymyzam bolyar.Meselem durmuşda biz pes adamlara köp duş gelýaris- Göripler: menem onuñ yaly ya ondan hem gowy bolaýyn diýmäge gaýraty çatman,arkadan ýamanlyk zyýan etmegiñ ugrynda gezýan adamlary; Namartlar - sözünde durmaýan ýa-da bilgeşleýin ýalan sözleýän kişi ýagny ýarty ýolda gödek ýagdaýda goýup gidýänler; özünden pes ýada gowşak gören adamlaryny äsgermeýanler ya-da tersine özüden üstün gören adamlaryna bahyllyk maksatlar bilen ýaranjañlyk edýänler
Ya bolmasa başga bir adam üçin gül ýaly maşgalasyny çagalaryny taşlap gidyan adamlara (esasanam erkekler bagyslan bu sozi ulanasym gelmedi),sebabi maşgaladan gidip bolar ýöne çagalary taşlap gidip bolmaz in esasy zadam çagalar muny duýmaly dal.Erkek kişi soñuna çenli öz çagalarynyñ aladasyny etmeli we suña meñzeşler.Ine şeýle adamlary men durmuşda iñ pes adamlar diýip pikir edyän.
Men özümi beýik adam diýibä hasap edemok yöne şolara meñzemejek bolýanyma çyn.
A siz nahili düşünýañiz???
36
605
Paradise
09.01.2020 22:16
Garaşaryn

Niçik ajap ganatynda göterip,
Göwnüñ her dem müñ hyýala münmegi,
Ot üstünde lowlap duran kitriniñ,
Syr bermezden lakyr-lakyr gülmegi.

Bilýän ýylanyp bolmajagyny,
Mydam ot-ot diýip ýöreniñ bilen,
Şonda-da söýäniñe ahyr geljegiñe,
Ynanaryn halys ýüregim bilen.

Bu dünýañ bar işi diñe biz däldir,
Ýyllar geçer gözden uçar keşbiñem,
Ýöne ynan,entek ýürek urýarka,
Ýüregimiñ her bir gürsüldeside,
Hat-da goşar sagadymyñ seside,
Seniñ aýak sesiñ bolup eşdiler.




34
565