Paradise
07.03.2020 19:55
Ayal
Owadan dünýäniň syry azaldy.
Düýnki syrlar bu gün eýýäm aýandyr.
Açyşly eýýamda açylman galan
Syr bar bolsa meger, ol hem
Aýaldyr.
Galjak gümany ýok garaňky zadyň
Zamanyň baky gündizliginde.
Alys Aýy gözýetime göterdik,
Aýal bolsa galdy gizlinliginde.
Ýyldyzlar syryny saklap bilmedi,
Pähimiň-paýhasyň kesgirliginde.
Ýöne ýyldyz gözli zenan öňünde,
Galdy akyl öňki asgynlygynda.
Bu gülýän gözleriň näme diýýänin
Bir özünden başga aňlap biljek ýok.
Aýal deý apalap söýüp biljek ýok.
Aýal dek owadan aldap biljek ýok.
Bu jadyly gülkiň nämedigine
Düşünmeklik bize baky gadagan.
Bir seretseň, üstümizden gülüp ýör,
Hem-de bize özün edýär sadaga.
Ýyladyp bilýärkä, bezäp bilýärkä,
Mydam müňkür erkekleriň dünýäsin,
Men jomartlyk bilen geçýärin onuň
Bir günäden başga barja günäsin!
Ol günä-de bardy-geldi ýok bolsa,
Ne hezillik, onda özüm günäli.
Eý tebigat, beýle jadyly zatdan
Sen nädip döredip bildiň Aýaly!
Dünýäň syryn ýorgan kimin sypyrýas,
Düýnki geňlik bu gün eýýäm aýandyr.
Bu açyşly zamanada açylman
Galan syr bar bolsa, ol hem megerem,
Aýaldyr.
Berdinazar Hudaynazarow.
Ýetip gelýän 8-nji mart baýramyñyz gutly bolsun???????
35
1 113
Paradise
04.03.2020 00:08
Şeyle bir tiz geçsin sensiz günlerim,
Ýalñyzlyk gelmesin meniñ yanyma.
Birden dil tapyşsam yalñyzlyk bilen,
Ýatlamalar ýetsin meniñ dadyma.
Saña kän zatlary aýdasym gelýär,
Küýseýan gözlerim didelerini.
Seni gözläp ýörün zemin-asmandan,
Duýýarmyñ yşk bilen ideleniñi?
Bu gün gözlerim karar tapanok,
Onuñ arzuwy saña ýetmekdir.
Gije uzalsada Dañ atar sebäp,
Sensizlikden bir gün saña yetirer.
Dünýäñden ömürlik orun ber maña,
Hem ber mana şol dünýäniñ açaryn,
Men ol ýerde öz daşymdan gulplajak,
Mekan tutjak otaglañ ajabyn,
Açaram yitirjek bilgeşleýinden,
Goý ony özümem tapmaýyn on soñ,
Şol otag jennetdir zyýatdyr maña,
Her-haçan eýesinde bolsañ sen.
47
1 318
Paradise
03.03.2020 19:34
Eýýäm ol gün öwrülipdir öňňine,
Bilýän, bu günümem düýn bolup galar.
Owadan ömürde saklamaň kine,
Beýtseň, aňsat işler kyn bolup galar.
Bu dünýäniň şowhunyna gatylman,
Düňderilip dymyp ýörmek akyl däl,
Aýdyň yşk sözlerin, asla çekinmäň,
Ýogsam, ol gursakda müýn bolup galar.
Sada göwün – hoş sözleriň kärizi,
Ol bu dünýäň şatlygynyň şärigi,
Haka uýup, düz tutanlar pälini,
Zemin şalygynda şan bolup galar.
Bahar bolup dünýäleri nagyşlaň,
Mähir bolup günäleri bagyşlaň,
Päklik ömrüň ummanyny gulaçlap,
Ak kenara barýan sal bolup galar.
Dünýe geziň, Zemin geziň, il geziň,
Tapmarsyňyz Watan ýaly giň ýeri,
Türkmenimiň bu garagöz illeri,
Mertebesi synmaz il bolup galar
Kakamyrat Rejepow
51
3 296