PILOT👮‍♂️✈🛩
15.08.2024 08:43
Seni söýüp göz ýetirdim bir zada...
Kynçylyk ýok...,
Ejizlik bar dünýâde...
💜 💫 🤍
12
57
PILOT👮‍♂️✈🛩
14.08.2024 17:43
Şahyr şahyrlygyñ çyn bolyan bolsa.
Sönüp ýanyp, yene sönüp yanyp git.
Ynsanlyk yazgydyñ cuñ bolyan bolsa
Gara ýere çümüp
Çykyp.
çümüp git.

Hem akyl ber hem iliñden akyl al.
Kitapdan dâl gara ýerden nakyl al.
Alan zadyñ demiñ bilen ýakyp al.
Soñ yenede ýeriñ süýdin emip git.

Dag ýoluna çöl ýoluna belet bol.
Dag ýolunda çat açmayan polat bol.
Çöl ýolunda tirkeş-tirkeş polat bol.
Teşne görseñ dodagyna damyp git.

Ýol agyrdyr müñ ýanylar öçüler.
Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler.
Ýel ygyna şaglap gitde geçiler.
sen öķüz deý ýele garşy zyñyp git

Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al.
Ylgap baryp, saglyk bilen erki al.
Ýany bilen çuwal çuwal gülki al.
Soñ tapylar galan zady zyñyp git.

Dos paýlansa âber diyip gysganma.
Alañdan soñ gysgalma hem.gysgaltma.
Dileg etse gözleriñide gysganma.
Birin berde biri bilen oñup git.

Ha çaryk geý.
Ha çokay.
telpek geý
Parhy ýokdur geyseñ bolar erkek deý
Ýöne welin şypbyladama çepek deý.
Aýna gonçly âdik ýaly doñup git.

Sorasañ aýdaýyn kyýamat nedir
Erkekler ownasa kýyamat şodur.
Her başy telpeklâ goymagyn gadyr.
Bâş telpegi bir gynaja dañyp git.

Gözelligi
sor bagryña öýkeniñe.
Söýülseñ söý söýülmeseñ süýkenme.
Söýgi hem goşgydyr kişâ öýkünme.
Öz mâhriñi, öz közüñi goýup git.

Ýeñip ýaşa ahyrda ýeñ başda ýeñ.
Tomusda ýeñ ýazda güýzde gyşda ýeñ.
Söýgıñde ýeñ, gaýgyñda ýeñ, işde ýeñ
Bir oguldan ýeñilip hem ýeñip git.

Ýeñsin ogul, dil bilen dâl iş bilen.
señkâ göra has ýitirâk huş bilen.
Aýak dâlde, parasatly baş bilen.
Ýeñse ogul
gözüñ rahat ýumup git.
Gözüñ sürtüp merhum enâñ alnyna.
bir aglapdyñ indi beri aglama.
Öz balañy eliñ bilen jaýlama.
Nobatyñda mele ýere sümüp git.

Dünýâ gelmegiñde nobaty ýagşy.
ýene ölmegiñde nobaty ýagşy.
Men diñe bir zatda nobata garşy.
Dos öýünde islân wagtyñ gonup git.

Başarsañ köplügiñniçine garyş
Tanyşdan dost tutun ýatlardan tanyş.
Źiguliñ içinde gözleme durmuş.
Köplük bilen awtobusa münüp git.

Köpelsin öýüñde ýürekdeş myhman.
yarysy işçi bolsun yarysy dayhan.
Elbetde alymam şahyram hökman.
Üýşüp çaşyp çar tarapa eñip git.

Şeýle doslar bilen gezseñ bir sellem
Yetersiñ iñ uly matlaba çenlem.
Gadamyñ giñden ur.
Entekler ellem.
Hool öñdele... Yaş hakynda dymyp git.

Haly wagtyñ meñzemegin kilime.
Diri wagtyñ gyssanmagyn ölüme.
Öçen wagtyñ öýkünmegin çilime.
Içi közli ojar ýaly sönüp git.

Ýene bir söz(Magtanmak dâl öwüt dâl):
Mazaryma daş oturtmak sargyt dâl
Mele ýeriñ astyndada daş gyt dâl.
Bakylyk şoool:
Şol daşlara sıñip git.

KERIM.GURBANNEPESOW.
Beýik şahyr
💯👍
Goşgylaryñ aşygy.💗
12
18
PILOT👮‍♂️✈🛩
14.08.2024 08:18
Bir kâkilik aldyrsa türpe balasyn.
Saýraý saýraý yzlamayan bolarmy.
Bir bilibil ýitirse gyzyl lâlesin.
Hasratyndan sözlemeyan bolarmy.

Kürresi elinden gitse eşegiñ.
Telmirip tört ýana gözlar uşagyn.
Akmaýa aldyrsa elden köşegin.
Bagryn bozup bozlamayan bolarmy.

Bala sesin diñlâr asyp gulagyn.
Döke döke gözýaşynyñ bulagyn.
Akjeren aldyrsa elden owlagyn.
Mâleý mâleý gözlemeýân bolarmy.

Agsagyñ elinden alsañ agajyn.
yaman derde duşer tapmaz alajyn.
Bir güýçli duşmana duşsa mekejin.
Jojugyny gizlemeyân bolarmy.

Ayralyga adam ogly neýlesin.
Kim galar görmeýen ajal hilesin.
Magtymguly haywan bilse balasyn.
Ynsan bagryn duzlamayan bolarmy

Magtymguly pyragy.

yzlamayan bolarmy.
16
14
PILOT👮‍♂️✈🛩
13.08.2024 21:50
Hemmelere GIÇ ÝAHŞY.🌃
gowy söz ýürek nagşy.👈💖🙂👍
18
137
PILOT👮‍♂️✈🛩
12.08.2024 22:09
Duşuşyp günleriñ tâzesi bilen.
Hoşlaşyp günleriñ könesi bilen.
Şujagaz ömrümde gysga ömrümde.
Ajy , süýji günleriñ kânisi bilen.
Hoşlaşdym ýene baş söygi bilen.


🤗🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹
20
46
PILOT👮‍♂️✈🛩
07.08.2024 14:18
Bir zada düşünýân:

şowhunly günler.
Al atymy çapyp ýören haladym.
Öñümden çykana gül ýaşlygymy.
Hormat edip, sowgat kimin paýladym.

Jomartlygym üçin "sagbolsunlara"
Ýüzüm göge tutup göçer ýörerdim.
Ýaşlygymy gerekmejek doslara.
Hem boş söhbetlere seçer ýörerdim

Öwgülerden humar bolup gijeler.
"Alyñ" diýip kişiñ gapysyn kakdym.
Ýaşlygymy gül edip jomartlyk bile.
Söýmeýanlerimiñ döşüne dakdym

Men ony boş gijelere paýladym.
Men ony
Boş güŕŕüñlere paýladym.
Ine bu gün uly döwletden galan.
Köpüklermi ahmyr bilen sanadym.

Nâme üçin beýle bolýar, ilki ýalñyşyp.
Soñra ökünç bile egilip ýörüs.
Jaýymyzy çilim çekip tüsselâp.
soñra tüssâmize bgulyp ýörüs.

Ah! bu gün sâherem şeyle bir çytyk
Bolaýmagy mümkin tüýs ýagyşly gün.
Ýaşlygymyz ýitirenok hiç zady.
Biz özümiz ýitirýâris ýaşlygy...

🤍 Dowamyna garaşyanlar üçin🤍

☝️🙂 ❤

Gurbannazar Ezizow.
10
19
PILOT👮‍♂️✈🛩
07.08.2024 10:25
Hiç gamlanma hasratlar çekip.
Geçmiş bilen ýaşama geljegiñ ýakyp
Şeýle bir gün geler seni ynjydan
Ýalwarar öñüñde dyzyña çöküp.

Sen hiç gamlanma geçmişiñ yada salyp.
Bu günlerde geçip gider ýat bolup.
Bu gun sana göwni yetman gidenler.
Ertir geler señ yzyñdan it bolup.

Bu durmuşdyr kime ajysyn seçer.
Bu durmuşdyr kime süýjisin seçer.
Sana hasrat suwyndan damja damdyran.
Ertir ýene özi kâselâp içer.


☝️☝️☝️☝️☝️☝️☝️☝️☝️☝️☝️☝️
12
13
PILOT👮‍♂️✈🛩
06.08.2024 16:35
Gazaply kazy deý mydam başymda.
sagat çot kakyp dur şyk-şyk-şyk.
Düýnüñ özem garaşýardym ýaşlyga
Bu gün bolsa geçp baryar şol ýaşlyk


awtory: G. Ezizow.
13
34
PILOT👮‍♂️✈🛩
06.08.2024 09:28
Yaşlygymda men bir gyza sataşdym
Gözleriniñ ody ýürekde galdy.
Gyz dâldide ýanyp duran ataşdy.
Garaýşy bu goşa garakda gally.

Müñ gyzyñ içinde gözüñe iler
Onki süññüm bilen söýüpdim nâler.
Ýazan hatlaryma şaýatdyr Şalar.
Içen andym duzda-çörekde gally.

Bir tomus gijesi duşuşdyk.pynhan.
Nâme diyjek bolsañ diyiwer ynha.
Ah! aslynda yygra bolmasyn ynsan.
Pyşyrdyym şol ak derekde gally.

Gözelleriñ gözlerinde hümmet bar.
Gül gyzlaryñ gujagynda jennet bar Şahyr bolan bolsam şoña minnetdar
O ýyllar nâhili uzakda gally.....

B. Hudaýnazarov.


Goşgylarynyñ aşygy.
17
74
PILOT👮‍♂️✈🛩
05.08.2024 18:23
Sen bu gamgyn dünýeleri güldürip.
Depe bolsañda men dag diyip yaşa.
Gülkiñ bilen ahmyrlary öldürip.
Hudaya şükür men sag diyip ýaşa.

Tekiz bolmasada menzil- ýollaryñ.
Durmuşym bal bilen yag diyip ýaşa.
Eger ýetmesede arşa gollaryñ.
Men bagtly, keypimem çag diyip yaşa
13
30