Ovezova_
02.08.2021 21:08
IKI DILDEN BIR HAÝŞT" Öýkeläp atasy öýüne giden geline rus dili mugallym bolan ärinden hat:
Ýanyp-ýanyp söýän seni отдуши,
Пожарник däl özüň gelde потуши,
Ullakan sygyryň süýnip ýatyşy,
Размери-i seni ýatlatdy läläm.
Козёл dostlam saňa bir zat diýdimi,
Ýa-da aşgazanyň aklyň iýdimi,
Nirä baksam görýän seniň Вид-yňy,
Söýgim туда-суда gatnatdy läläm.
Bes et мощный ýarym, gerek däl бежать,
Только seň saýaňda isleýän лежать,
Saçyň her bir tary edip отражать,
Коптеть kylyp, kalbym otlatdy läläm.
Качок gaýynatamyň ýalňyz дочка-sy,
Biliň göýä вадаваз-yň бочка-sy,
Sensiz içim güpläp, gaçdy почка-sy
Yşkyň динамит deý parlatdy läläm.
3
51
4
Ovezova_
02.08.2021 20:33
Kakamjan!
Ýolda-yzda gabat gelsem kä ýarym,
Ýüzi nurly, çuň nazarly, saçam çal.
Digläp gidýär büt:in süňňüm şol wagt,
Saňa meňzeş adamlara, kakamjan!
Olar göýä tanaýan dek ogluňy,
Geçer-gider ýylgyrypjyk çalaja.
Görse adam ogly ejizlär eken,
Özgelerde zar mährini, kakamjan!
Men olary tutup, bagryma basyp,
Bar sesimden aglasamam — ýaş damjam,
Seni o dünýäden getirip bilmez,
Ýa getirip bilermikä, kakamjan?!
ⓒ Perhat H.
5
83
3
Ovezova_
31.07.2021 20:18
Goý aglama! Gözýaşyñy aýa sen!,
Bagtdan ýaña aglamaly günüñ bar,
Bir ýerlerde saña garaşyp ýören,
Ýazgytly gün nesip etjek gülüñ bar.
Goý aglama! Gözýaşyñy aýa sen!,
Kemşermesin leb guçmaly dodaklañ,
Begenjiñden dolanynda bogazyñ,
Sebäp bolar çygjarmagna gabaklañ.
Goý aglama! Gözýaşyñy aýa sen!,
Halal zähmet bilen ýognasyn goşar,
Ejizlikde şumjarmagyñ ýerine,
Durmuşa şelaýyn gülmegi başar.
Wah bilýän-le, döwülende ýürekler,
Ýykyşyp dur köñülleriñ söýesin,
Ölüm üçin aglamagmyz ýeterlik,
Goý aglama! Gözýaşyñy aýa sen!.
Awtory: Baýram Bejidow
8
161
5
Ovezova_
31.07.2021 13:13
Bir danadan sorapdyrlar:
— «Söýýän!» sözi diňe dilinde bolan adamlar bilen ýürekden söýýänleri nädip tapawutlandyrmaly?
Dana:
— Serediň, görkezeýin — diýipdir-de, supra ýaýypdyr.
Ilki bilen «dilinde» söýýänleri çagyrypdyr. Ýyljajyk çorba hödür edilipdir. Ýany bilen hem derwüş çemçesi diýlip atlandyrylýan uzyn saply çemçe äberilipdir.Çorbalary şol çemçäniň sapynyň ujundan tutup içmelidigi aýdylypdyr. Her kim oňardygyndan döküp-saçyp içmäge synanyşypdyr, ýöne aňyrsyna zat barmansoň, goýbolsun edip, aç gaýdypdyrlar.
Olar gidensoň, ýüz-gözleri mähirden dolup duran ýürekden söýýänler çagyrylyp, edil şol şert bilen çorba berlipdir. Olar çemçäniň ujundan tutup, biri-birlerine içiripdirler. Şeýdibem, dostlaryny doýrup, özleri-de doýupdyrlar.
Kimde - kim durmuş saçagynda diňe özüni bilip, betnebislik etse, aç galar. Töweregindäkileri doýran bolsa, dok bolar.
7
166
4
Ovezova_
30.07.2021 18:02
Owgan topragyna ugranda yigit,
Gyz gozi ownujak unjiden doldy,
Hoslasyk sozuni aydanda yigit,
Uzak ayralygy yadyna saldy.
Yigdin gidenine 8 ay boldy,
Gyz gownune basga bir hyyal geldi,
Nace yyl gecsede belki dolanmaz,
Oliligi diriligi bilinmez.
Ine bir gun gyzdan yeke hat geldi,
Ol ilkinji hemde sonky hat boldy.
«Bagyslay ezizim bagyslay meni,
Garsy almak miyesser edenok seni»
Yigit haty okap cete saylandy,
Bolup gecen zatlar hakda oylandy,
Bu pikir oglany gayga gidirdi.
Oglan haty okap ozun yitirdi.
Birje awtomat bilen patron aldy,
Gownunin soyenje yerine bardy,
Yary gije yarag sesi yanlandy,
Seydip yas esgerin omru sonlady.
Ir saher gorseler bir esger yatyr,
Yuzi yeri garbap golunda haty,
Hatyn mazmunynda seyle sozler bar,
«Soygumde utuldym bagysla Nazar»
Gyz bagryn geryar toprak ustune,
Oglan hem yatyr gara yerin astynda,
Bagyslay ezizim bagyslay ezizim bagyslay meni
Ta olyancam unutmaryn men seni
Rugsat ber ezizim menem gideyin,
Yalnysyma jan gurban edeyin.
Bu haty yazmadym gynamak ucin,
Yazdym soygumizi synamak ucin...... :-(
7
217
19
Ovezova_
29.07.2021 21:23
Esger lybasyny geýende egne Ýüregime gara bulut inipdi Sen elime elýaglygy bereñde Gözlerimden ajy ýaşlar damypdy Hawa şol iki ýyl uly bir gussa Köpler üçin bu söýginiñ synagy Aý aýlanyp ara ýyllar
6
214
7
Ovezova_
29.07.2021 18:45
Okunyar,aglayar yalnysan gozel,
Bir etmesiz işi edipdi ozal.
Ýalnysyn yzasy gyzy çokerdi,
Öz derdini özi ýalñyz çekerdi.
***
Indi dert cekmage galmady takat .
Gyzynam bolasy gelyardi rahat.
Ayakta oturgyc ,boynunda ýupi,
Bolejik kagyza yazdy su gepi.
***
Haklamadym suydun emdiren enan
Bagysla kakamjan ,öt menin gunam.
Sana ''Kaka ''diymane yuzum yok,yuzum
Terjedim men -indi gus cokan üzüm.
***
Wah men ýaslyk edip namysym satdym.
Seniñ abrayana ,garalyk gatdym
Bagrym kebap boldy,jigerim kömür,
Menin dek gyzyndan Kaka ýuz owur.
***
Men nadeyin bolsa bu ykbalym kec,
Bagysla kakamjan ,men gunami geç,
Bilyan salanymy yüregine agram,
Meniñ dek adama dar bolar gabram.
***
Ynamyny odap boljakdym suglan,
Öt günami ,menin mahriban kyblam,
Diydi-de özuni yazgardy duypden,
Oturgyjyn depdi,sallandy ýupden,
Gom-göğe öwruldi ýuzunin gany,
Onyancada hyklap sowruldy jany!!
6
111
8
Ovezova_
29.07.2021 18:39
Owadan sözleri gözläp oturma,
Gerek bolsa olañ özi tapylar,
Owadan sözleri näçe gözleseñ,
Olar senden şonçaragam bukular.
Owadan gyzlary gözläp oturma,
Bir gün bagtyñ gapylary açylar,
Sen arzuw edersiñ owadan gyzy,
Ýöne saña bigörküni eçiler.
Senem ony halamasañ söýmeseň,
Olam saña birehimlik eçiler,
Kelläñ barka uzyn şahly bolmagy,
Arzuw edýär diñe kelek geçiler.
Owadan şahyry gözläp oturma,
Şygyrlary dömýär içden, kükrekden,
Belki owadanlyk gözleýän bolsañ,
Daşkeşpden däl gözle ony ýürekden.
Sen ony goşgydan , sözden gözleme,
Gözle ony çölden, dagdan, düzlerden,
Owadanlygam-a gerekdir welin,
Mähribanlyk gitmäwersin ýüzlerden.
Awtory: Bayram Bejidow
5
66
2
Ovezova_
29.07.2021 17:49
© Öýkelemek-Gowy görýän adamlardan umydygär bolmakdyr.
© Öýkelemek-dogruçyllykdyr,adalatlylykdyr.
© Çaga ýaly bolmakdyr,sadalykdyr.
© Öýkelemek-seni söýýärin diýmekdir.
© Öýkelemek- ondan aýrylyp bilmezlikdir.
© Öýkeledim, ýöne saña garaşýan diýmekdir.
© Öýkelemek-özüñe ýakyn saýmakdyr.
© Öýkelemek-bir sözi islemekdir.
Öýkeleýän adamlara dogry göz bilen serediñ!
5
320
18
Ovezova_
27.07.2021 11:15
Güýmenje
301
21
Yene yükle