Ovezova_
06.08.2021 23:48
Ýüregiñde galan bolsam,
Ýitenimiñ haýry näme.
Ýatlap ýörkäm gijelerne,
Gidenimiñ haýry näme.
Barybir aýry ýollarmyz,
Özgä uzady gollarmyz,
Jabrynyp ýerden gozganman,
Ýatanymyñ haýry näme.
Ýalan bilen bolup jora,
Halymy illerden sorap,
Meni idäp, menli oýa,
Batanyñda haýry näme.
Eýgertmez durmuş gämisi,
Bolsañ-da köñül dälisi,
Gahar edip, ar-namysyñ,
Satanyñda haýry näme.
Bakmaga ýüzüñ bolmasa,
Gepläre sözüñ bolmasa,
Bagtyñy Hudaý oñlasa,
Iteniñde haýry näme.
Berip öziñi menlige,
Uçsañ arzuwly menzile,
Barmasañ bagta meñ bile,
Ýeteniñde haýry näme.
Bar zady täzeden başlap,
Aglasañ gözlerñi ýaşlap,
Özüñ öz göwniñi hoşlap,
Öteniñde haýry näme.
Awtory: Baýram Bejidow
8
119
Ovezova_
06.08.2021 23:42
Bir ýigit øz durmuşynda bolan wakany beýan edipdir. Şonda şeýle diýýär:
"Men gaty gowy bir ýokary okuw jaýynda talypdym. Talyplaryň arasynda hem bilim derejäm bilen tapawutlanyp diplom alypdym...
Kakam,elmydama maňa gaty ünslüdi. Meselem meniň ýanymda iki ruçkam bolsa:"Oglum,ruçkaň birini ruçkasy ýok birine bergin"-diýerdi. Eger,gowurak bir eşik geýinsem:"Oglum,sähel adatyrak geýingin. Kakasy ýoklar görse ýüregi ynjamasyn,meniňem kakam bolan bolsa şeýle eşikler alyp bererdi diýip gamlanmasyn,adatyrak geýin"-diýerdi.
Aşhananyň çyrasy söndürilmän galsa:"Oglum,çyrany söndürip goý,biderek gitmesin"-diýerdi.
Kitap okaýan wagtym çyrany söndürmän uklap galsam gelip,çyrany söndürip:"Oglum,çyrany söndürip,soň uklagyn"-diýerdi.
Ahyr bu sözleri elmydama diňlemekden kakamyň sözlerinden ýadap başladym. Kakam gepläp başlasa gaharym gelerdi.
Okuwa gidýärkäm kakamdan naharlanara pul sorasam:"Oglum,pula gysganamok,ýöne öýde naharlansaň öýüň bereketi artar. Köçedäki nahar zyýanly bolup biler,öýe gelseň bile naharlanarys"-diýip,pul bermese gaharym gelerdi. Hatda... hatda ahyry "şu haçan ölerkä?" diýer derejä ýetipdim...
Okuwymy dyndym,ýokary bilimli bolup,elime diplom alyp öýde oturdym. Bir ýere işe ýerleşmek arzuwyndadym. Meniň bu arzuwymy duýan kakam,maňa birnäçe gowy iş ýerleriniň salgylaryny berdi:"Oglum,şu ýerlere işe ýerleşmäge ýüz tutgyn,nähili gowy bolardy şeýle gowy ýerleriň birine işe yerleşseň..."-diýdi.
Soňra gaty gowy bir iş ýer bar eken,gaty abraýly ýerdi. Şol ýere iş üçin ýüz tutup ýazdym.
Soň maňa jaň edilip:"Siziň bilen iş duşuşygyny geçiriler. Pylan gün,pylan sagada geliň"-diýdiler.
Begenip,şol güne sabyrsyzlyk bilen garaşyp başladym. Bu arada kakam garrapdy,ýaraman başlapdy.Ýataga düşüpdi.Öýümiz günde lukmanly,günde tebip,mollalydy.Kakam üçin dileg eder,Gurhan okardylar.
Soňra men gamlanyp,gije ýuwaşjadan kakamyň otagyna girdim. Ýatyrdy...
Meni görüp guwanyp,begenip ýylgyrdy. Ýanyna bardym,elimden berk tutup :"Oglum,çyrany söndür,penjiräni açyp goý,Allanyň nury gelip dursun. Aýyň ýagtysy düşüp dursa boldygy"-diýip aýtdy welin,içimden "ufff... ýene başlady"diýip,turup çyrany söndürip,penjiräni açyp goýdum.
Soň gelip oturdym,kakam:"Oglum,işleriň näme boldy?"-diýip sorady. Menem bolşy yaly pylan ýere pylan sagada çagyrdylar şoňa garaşýan diýsem:"Ahyrky nesihatymdyr oglum,nirede saçylyp duram zat görseň,ýygnaşdyryp goý,zeper ýeten (bozulyp duran) zady görseň bejerip goý,bulaşyp duran zady görseň düzedip goý! Özüňe gowy bolar"-diýdi. Ýene gaharym geldi,gaty gaharym geldi şolwagt. Zat diýmän dymdym. Kakam agyr ýatyrdy. Gûnler geçdi...
Aýdylan gün,aydylan sagadam geldi. Iş üçin ýüz tutan ýerime bardym. Gaty meşhur ýerdi. Meşhur bir kärhana bolandygy üçin her duş gelen adam girip bilmezdi. Seretsem,gapysynyň tutawajy aýryljak yaly durdy. "Aý,men başga bir ýere geldim öýdýän,şeýle abraýly iş ýeriniň gapysam şeýle borm-aý?"-diýip,ony düzedip goýdum.
Içine girsem musur bedre ýykylyp,içindäki kagyzlar ýere saçylyp durdy. Kakamyň nesihaty ýadyma düşüp,kagyzlary ùýşürip bedräni dikeldip ýygnaşdyryp goýdum. Ýene seretsem penjireler açyk,çyralar söndürilmedik dur welin,penjireleri ýapyp,çyranam söndürip goýdum.Gapylar açyk durdy,ýapyp goýdum. Ýuwaşjadan kabul edilýän otaga girsem,maňa meňzeş 10-15 adam işe kabul edilmek üçin otyrdy. Menem baryp oturdym. Bir başdan hemmesi bilen sorag-jogap etdiler. Maňa gezek geldi welin,turup girdiler. "Aý,menden hiçzat soramadam. Kabul edilmejegimdir şu"-diýip turup,gapa tarap ýöneldim welin,"siz duruň,oturyp garaşyň"-diýdiler. Geň galyp oturdym. Hemme çykyp gitdi. Iş ýeriniň başlygy maňa sererip:"Biz bu derejeli işe bilimli,yhlasly,ünsli,terbiýe gören,öz işiniň ussady bolan işçini gözläp ýördük.Hemme yerde kamera goýulan dur. Senden öň gelenleriň hiçisi hem sen ýaly töwereginiň dürsligine üns bermedi,berjegem bolmady. Sen ünsli bolup,töweregiňe serenjam berip şeýlebir gowy yagdaýda girdiň! Sen işe alyndyň"-diydi. Şolwagt kakamyň aýdanlaryn ýatlap:"Älhemdulilläh!" Diýip howlugyp,indi baryp şu wakany kakama aýdyp bereýin diýip ol ýerden çykansoň howlugyp öýe tarap ýöneldim. Bir 50 meter galanda,durup seretsem derwezãmiz açyk,5-6 adam toplanyp dur...
Gelsem... "Çyrany öçür oglum","Gapyny ýap oglum","Töwregiňi arassa sakla oglum"-diýýãn kakam ýogalan eken...
Arman,täze işe nädip ýerleşenimi aýdyp ýetişmedim...
Meni bagyşla kaka!
10
204
Ovezova_
04.08.2021 13:10
Pygamberimiziň dilegçilik edýän adama aýdany
Saglygy ýerinde, güýçli-kuwwatly bir adam Resulallahyň ýanyna gelip:
– Men bir mätäç pukara, maňa sadaka berip kömek ediň.. – diýip, pul dileýär.
Pygamberimiz (s.a.w.) el serip, dilegçilik edip ýören bu adama:
– Seniň öýüňde heý bir zat barmy? – diýip soraýar.
Ol adam çyny bilen:
– Hawa, bar - diýip, sözüne dowam edýär:
- Galyň çäkmenim bar, ýatanymda bir ujuny arkama ýapýan, beýleki ujuny-da aşagyma ýazýan. Mundan başga-da agaçdan oýulyp ýasalan suw gabym bar, onda da suwumy saklaýan.”
Allahyň Resuly oňa şeýle buýurýar:
– Bularyň ikisinem derrew alyp gel!
Uzyn boýly, eleşan eşikli adam derrew öýüne tarap ýola düşýär we birnäçe wagtdan soň bir eline düýe ýüňünden taýýarlanan galyň çäkmenini, beýleki eline-de agaçdan oýulan suw gabyny alyp gelýär. Ol elindäki zatlaryň ikisini-de Allahyň Resulyna berýär.
Resuly Ekrem Hezretleri töweregindäkilere bu iki zady görkezip:
– Bulary kim satyn aljak? - diýip soraýar.
Ýanyndakylardan biri:
– Men bu zatlary bir dirheme satyn alyp biljek, Ýa Resulallah - diýýär.
Başga biri:
– Men iki dirhem berip bilerin - diýip, içmekdir suw gabyny satyn alýar. Ýki dirhemi çykaryp beren adam gideninden soňra, Resuly Ekrem Hezretleri puly pukara adama berip:
– Bu puluň bir dirhemine zerur ätiýaçlygyňy, çöregiňi al. Bir dirhemine bolsa palta bilen ýüp alyp ýene ýanyma gel - diýýär.
Ol adam gidip, Resulallahyň aýdyşy ýaly, bir dirhemine özüne gyssagly gerek zatlary alýar. Beýleki bir dirhemine-de uly palta bilen ýüp satyn alyp, Resulallahyň huzuryna gelýär.
Resulallah (s.a.w) eleşan eşikli, çekinjeň adamyň elinden tutup oňa şeýle tabşyryk berýär:
– Git-de Medinäň töweregindäki hurma agaçlarynyň guran şahalaryny çapyp, şähere getirip sat. On bäş günden soň meniň ýanyma gel.
O güne çenli haýsydyr bir degerli pişäniň başyny tutup bilerin öýtmeýän, dilegçiligi ýeke-täk çykalga hasaplap ýören adam Resulallahyň huzuryndan çykyp, göni baga tarap ugraýar.
Aradan on bäş gün geçýär. Ynha-da Resulallahyň huzuryna täze eşikli, ynamly ädimleýäň bir adam gelýär. Allahyň Resuly ony tanap, hal-ýagdaýyny soraýar:
– Nähili ýagdaýlaň?
Ol adam:
– Allaha şükür, on dirhem gazandym, Ýa Resulallah! Bularyň bir bölegi bilen satan zatlarymy yzyna alyp, öýümiň zeruryny bitirdim. Bir bölegi bilenem, görşüňiz ýaly, egin-eşigimi täzeledim - diýip jogap berýär.
Allahyň Resuly şonda şeýle diýýär:
- Arkaň bilen odun daşap ryzkyňy gazanmak el serip dilegçilik etmekden haýyrlydyr.
10
152
Ovezova_
03.08.2021 13:48
Maña jañ et ýalanlardan ýadasañ,
Saña diñe hakykaty sözläýin.
Ynanaýyn hatda meni aldasañ,
Añanymam ýüregimde gizläýin.
Maña jañ et ýekesiräp aglasañ,
Ýat görünse bir gün ýakyn hem gardaş,
Aýt içiñi, aýt baryny ýada sal,
Diñlãýin, bolaýyn men saña syrdaş.
Maña jañ et alnyñ bagtyñ açylyp,
Arzuwyñdaky taýyña duşdygyñ.
Tüýs ýürekden elde baryn eçilip,
Şol pursatda gowşuraýyn buşlygyñ.
Maña jañ et ähli seslerden irip,
Küýsäninde ümsümligi ýüregiñ.
Alýan demimide bildirmän sorup,
Ýeke sözem gürlemerin, dymaryn.
Bolmajak görünýän zadam bolduryp,
Görkezeýin ýene meniñ täkligim.
Maña jañ et telefony galdyryp,
Aýtmankalar bu dünýäde ýoklugym.
Annameret Gurbanow
8
400
Ovezova_
02.08.2021 21:16
Garry ýaşulyñ aýaly öýde gaýmak yasayardy ýaşuly bolsa, ony her gün öz ýakynyndaky dükana akidip satýardy .Dükançy ýaşulyñ äkelen gaýmagyny her gezek alanda çekman alýady.Ýöne bir gün belki diýdi ,ýaşuly gaýmagy getirip gidenden soñ terezä goýdy, 900 gram görse muña gaty gaharlanyp , ertir gelende hasabyny soraryn diýdi.Ertesi irden ýaşuly dükana geldi ,elinde gaýmagy bilen içine girdi, dukanyn eýesi gaharly seredip , senden indi gaýmak aljak dal diýdi.Ýaşuly muña gynanyp ,bagyşlañ bir yalnyslyk boldymy.? Dukanyn eýesi seniñ egetirýan gaýmagyñy terezä goýdum 900 gram eken diýdi .Ýaşuly utanyp ýuzüni ýere egdi we - bagyşlañ biziñ terezimiz ýok,sizden bir kg şeker alypdyk şony terezä derek ulanýas diýdi.Dukanyñ eýesi utanjyndan name etjegini bilmedi.
Ynha dünýe şeýledir.Kime name etseñ,özüñ hem şony görersiñ...
6
140
Ovezova_
02.08.2021 21:12
Goşun gullugyna ugradyp seni,
Sanadym sagady, her aýy, güni.
Eger görmän ölsem,bagyşla meni ,
Bar bolsa ýazygym öñüñde oğul.
Gyş ötdi, ýaz, tomus, bäşinji güýzem,
Nesip edermikä, görmek gül ýüzüñ,
Gulagymda ýanlanyp dur her sözüñ,
Çynar boýly, bugdaý sözli, ner, oğul.
Şahyra döndüm men duranok dilim,
Hiç bir iş etmage barmaýar elim.
Derdimi paýlaşýar deñ-duşum, ilim
Düýşümde-de, huşumda-da sen, oğul.
Dirimiñ sen, ýesir aldymy duşman,
Ýa şehit bolduñmy,serhetden aşman,
Ene bolanyma eýleýip puşman,
Täleýe ten berip aglaýan oğul.
Guşa ganat gerek, adama arzuw,
Barmyka, dünýede dokuzy düzüw.
Hindi guş dagyndan akyp gelýän suw.
Getirmezmi hat ýollasañ jan oğul.
Özüm ýetim ösdüm urşuñ derdinden,
Owgan urşy ýene basdy gerşimden.
Ýaradan saklasyn has beterinden,
Diýip, şükür edyän, nädeýin oğul.
Hyrytdakañ doldy on dokuz ýaşyñ,
Eýýäm ýigrim bäşe ýetipdir ýaşyñ.
Elbetde dirisiñ beremok aşyñ,
Bir yerde bar bolsañ,seslen, aý ogul!
Getirsinler oğlum, diri habaryñ
Süýünjim taýýar dur, bar hany -manym.
Bagrym bilen süýşüp barmaga taýyn,
Ýodasyz ýerlerden ýasap ýol oğul!
Ogulboldy BAÝRAMOWA
Ýaşlyk ž 1993ý
6
88