Ovezova_
08.09.2021 09:34
“Eger-de bir adam: “Adamlara derek galmady, olaryň ählisi dargady” diýse, bilgin, iň dargan, iň birderek adam şonuň özüdür.”
9
189
Ovezova_
12.08.2021 22:03
...
0
629
Ovezova_
12.08.2021 18:38
Sen maña ömürlik unut diýdiň😞💔
A men bolsa her gün ýatladym🥀
8
386
Ovezova_
11.08.2021 23:30
....
0
405
Ovezova_
10.08.2021 21:06
41.Ýerganatlar gany sorup bilmeýär. Olar diňe dişi bilen derini kesýär we şondan akan gany ýalaýar.

42.Eger ýerganat kesellese we awa cykyp bilmeýän bolsa, ony goňşulary iýmitlendirýän eken.

43.Futbolda ähli derwezebanlaryň gorkysy penalty urgusydyr. Ony 1890njy ýylda Dg. Irlandiýaly derwezeban Wilýam Makkram oýlap tapýar. Onuň bu ideýasyny death penalty, ýagny ölüm jezasy diýip atlandyrypdyrlar we penalty ady şondan galypdyr.

44.Şu sözlemde ýigrimi dokuz harp bar.

45.Gaplaň şekilli akulanyň cagalary (embrionlary) ejesiniň icindekä ýaşaýyş ücin göreşýärler. Beýlekileriň ählisini iýip, diri galany hem dünýä inýär.

46.Hytaýlylar älemgoşarda 5 reňk bar hasaplaýar, amerikalylar 6, ruslar bolsa 7 hasaplaýar.

47.37037 sany 1-9 aralykdaky islendik sana köpeldiň. We cykan netijäni hem 3-e köpeldiň. Netije täsin gerek?

48.Aýnanyň ýylylyk gecirijiligi gaty ýaramazdyr. Ortasy oda tutulýan cüýşe taýajygyň iki ujy sowuklygyna galýar.

49.Uruş gutarandygyna garamazdan 1945-nji ýylda Sowet Soýuzy Germaniýa bilen parahatcylyk şertnama baglaşmady. Ol Germaniýa garşy tä 1955-nji ýylyň 21nji ýanwaryna cenli uruş statusynda boldy.

50.Eger towugyň kellesini ganatynyň aşagyna salyp, ony başaşak düňderseň, ol uklar.


Toplan: Ovezova_
9
200
Ovezova_
09.08.2021 17:29
31.Akula hemme zady iýýär. Olaryň aşgazanyndan gämi döwükleri, awtomobil pokryşkalary, hat-da rysar sowutlary hem tapyldy.

32.Kirpiniň tikenleri olary sowukdan hem goraýar.

33.Iň agyr gaz wolfram geksaftoridydyr. Ol şeýle bir dykyz, hat-da onda penoplast ýüzüp bilýär (gazda!).

34.Romanynyň dowamyny ýazmakdan ünsüni sowmazlyk ücin Emil Zolýa özüni oturgyjyna daňýan eken.

35.Italýan oýun kartlarynyň kolodasynda dama bolmaýar.

36.Ýerde iň eremesi kyn metal wolframdyr. Ol 3420 gradusda eräp başlaýar. Elektrik lampalaryň simleri şundan ýasalýar.

37.Çekişmek babatynda bambuk demirden 11 esse berkdir.

38.Iň güýcli zäher A görnüşli botuliniki toksindyr. Ol zäherleýji zarina gazyndan 1000 esse güýclüdir.

39.ABŞ kanunynda, ejir ceken adam ýalňyş berlen ilkinji kömek ücin arz edip bilmeýär.

40.Amerikanyň Ogaýo ştatynda Russia atly şäherce bar.

Toplan: Ovezova_
7
196
Ovezova_
Ovezova_
09.08.2021 00:53
Sorag
Ovezova_
08.08.2021 13:05
Bäş gün kisäñizi pökgerden bolup,
Hakyky dostlaryñ döşünden itmäñ!,
Bir gitse hiç haçan dolanmaz gaýdyp,
Söýen ýüreklere ikilik etmäñ!.

Söýüñ siz! Sözde däl ýüregñiz bilen,
Dowamly geljege irkilip gitmäñ!,
Ynam iñ güýçli zat, iñ mukaddes zat,
Söýen ýüreklere ikilik etmäñ!.

Duýuñ siz! Mähiriñ gymmatlydygyn,
Hakyky ýaşaýşyñ deñinden ötmäñ!,
Gygyrşyñ, halaşyñ, düşünşiñ ýöne,
Söýen ýüreklere ikilik etmäñ!.

Bilýäñizmi! ynsan ýogalanda-da,
Göwünleñ ýarasy galarmyş bitmän,
Iñ elhenç ejiri bir ýere toplap,
Söýen ýüreklere ikilik etmäñ!.

Öñüräk duş geldim şeýle bir waka,
Ýakyn tanyşlarmyñ biridi Çary,
Başdan geçenini gürrüñ berdi ol,
Ikilik edipmiş onuñ aýaly,
Indi hem namysdan bir ölüp bilmän,
Ile çykar ýaly ýokmuşyn taby,
A:gyrlardan ýañy ýüzi çişipdir,
Ulalyp başlapdyr gözüniñ agy,
Erkek ejizlese aýylganç bolýa,
Hamala beýik dag ýykylan ýaly,
Hamala mertlik bukulan ýaly.

Meñ tanaýan Çarym jalaýdy öñler,
,,Dünýäñ bar gyzygy keýpde" diýrdi,
Wyždansyz nikabyn dakyp ýüzüne,
Her gün bir gözeliñ goýnundan ördi,
Ähli edenleri galmady ýerde,
Ykbal aýlap-aýlap mañlaýna berdi.

Ähli kynçylyga döz gelip herne,
Owaldan başarjak zadyñyz gepläñ!,
Dostlarym meñ size ýeke haýyşym,
Söýen ýüreklere ikilik etmäñ!.

Janyndan syzdyryp gepleýänleriñ,
Añyrsy ýalandan gaýdandyr öýtmäñ,
Goý, çete zyñalyñ biwepalygy,
Söýen ýüreklere ikilik etmäñ!...

Awtory: Baýram Bejidow
6
173
Ovezova_
08.08.2021 00:24
0
165
Ovezova_
07.08.2021 18:18
21.Pişikler sutkada ortaca 18 sagat ýatyp ýa irkilip gecýärler. Kici pişikler diňe ukuda wagty ulalýarlar, sebäbi somatotoprin garmony diňe şol ýagdaýda bölünip cykýar.

22.Biziň love şekilli cekýän ýüregimiz aslynda ýürek şekili däldir. Ol cyrmaşyk atly ösümligiň ýapragynyň şekilidir. Gadymy Rimliler öz töweregindäki zatlara doly cyrmaşýandygy sebäpli bu ösümligi baglylygyň we baky söýgüniň nyşany hasaplapdyrlar. Ol şekil ana şondan galypdyr.

23.Hüwi gözüni gymyldadyp bilmeýär, töwerege seretmek ücin kellesini aýlaýar.

24.Orbitadaky kosmonawtlar uklanda hor cekip bilmeýär. Agramsyzlykda bu mümkin däl.

25.Argentina - ýeke-täk himiki elemente bagyşlanyp ýurda dakylan atdyr. Ol Argentum - kümüş diýmegi aňladýar.

26.Dünýädäki halylara bagyşlanan ýeke-täk muzeý Türkmenistanda ýerleşýär.

27.1944-nji ýylda Saýpan urşunda amerikaly esger Tomas Beýker agyr ýaralanýar. Ol özüni ýygnamaklaryna garşy cykýar we uruş meýdanynda galýar. Ýanyndaky dosty ony bir agaja söýäp we eline icinde 8 oky bolan pistoleti berip gidýär. Uruşdan soň onuň jesedi şol durşunda tapylýar we onuň töwereginde 8 sany atylan ýapon esgerleriniň jesetleri tapylýar. Seržant Tomas Beýker Amerikanyň iň ýokary harby sylagy bolan Hormat Medaly bilen sylaglandy.

28.Hic hacan ýagly iýmit bilen kofe icmäň. Kanadaly alymlaryň tejribesine görä, ýagly iýmit bilen kofeiniň garylmagy gandaky şekeriň mukdaryny 1 minutyň icinde saglyga howply derejä ýetirýär.

29.2010njy ýyldan bäri Ewerest dagynyň depesinde ýokary tizlikli wifi internet işläp başlady

30.Başda dünýä kartasynda adalaryň meýdanlary anyk öwrenilýäncä olaryň ýeri ak reňkde boş goýulýardy. Iň soňky adalar karta 1932nji ýylda goşuldy we dünýä kartasyndan ähli ak tegmiller aýryldy.

Toplan: Ovezova_
10
203