N.T.
N.T.
22.12.2021 14:31
Bashda ýokardan asaklygyna okañ soñra asakdan ýokarlygyna🙇‍♀️🙇📜📄 Dushunmeseñiz aýdyñ!
N.T.
21.12.2021 22:11
▶ ÝATLAMA

Geçeni ýatlamak ynsana kada,
Menem iller ýaly şol kada maýyl.
Ýelýürek jahyldym seniň husnuňa,
Badyhowa göwün bolanda maýyl.

Arzuw kyldym-bahar bolsam bagyňda,
Gözlerimde çakdy otly ýyldyrym.
Iki dünýä sygmady bir gursaga,
Hasabyn kim berer köýen ýyllaryň?

Onuň üçin senden soralmaz hasap,
Menem özüm üçin çykarman kanun.
Ýyllar hem etjegin soraman eder
Höküm bolar eken beýle-de zabun.

«Ölseň-de mazara bile giderin»,
Diýip, batly sözläp goýduň azara.
Dirilikde aýry dünýäde ýaşan
Ölende sygarmy ýeke mazara.

Kä durýaň gaşymda, ýüzüňde ünji,
Ümürli howadan gaýyp gelýäň-de,
Hyýalymda ýaşasa-da ruhuň,
Saňa orun ýokdur meniň dünýämde.

Ýöne, ýolda-yzda göräýsem käte
Üýtgeýän, köne dert gozgaýar meger.
Ýogsam, terk edilen dünýäni ýatlap,
Beýle, lowlap-lowlap ýanmazdyň, jiger!

Wagt ýüreklere salýar sowuklyk,
Şonda-da käýarym gaýnaýan-daşýan.
Guwanýan dünýäde seň barlygyňa,
Ýyllar daşlaşdykça sen golaýlaşýañ.


Awtory: Ýylgaý Durdyýew
7
92
N.T.
21.12.2021 22:03
TÜRKMEN ILIÑ AMAN BU GÜN
■□■□■□■□■□■□■□■□■□■
"Türkmen ilim aman bolsun"
S.A.Nyýazow✍✍✍
▪︎▪︎▪︎▪︎▪︎▪︎▪︎▪︎▪︎▪︎▪︎
Il-gün jebis, Ýurt parahat,
Isleýşiň dek zaman bu gün.
Gündiz aýdyň, gije rahat,
Türkmen iliň aman bu gün.

Oguz hanyň kowmy bilen,
Göroglunyň dogmy bilen,
Parasatly Ogly bilen,
Türkmen iliň aman bu gün.

Gursakda nurly roýuňyz,
Durmuşa geçdi raýyňyz,
Jennetden bolsun jaýyňyz,
Türkmen iliň aman bu gün.

Kerim HALLYÝEW✍✍


Ilkinji Prezidentimiziñ jaýy jennetde bolsun Allajan😔😔🤲🤲🤲
6
169
N.T.
N.T.
21.12.2021 14:45
Asyl sebabi basga ekeni👇👇🤣🤣🤣
N.T.
N.T.
20.12.2021 14:40
📢📢📢BILDIRISH📣📣📣 👇2ýyldan gowrak wagt bari hic kime basartmady☺ Shonuñ un galan 18ni tutana bayrak bardyr 😆😆😆😆 Biri tutuldy galanlaryny hem siz tutaýyñ how ýykda hooowww shu ady tanymal bolan
N.T.
N.T.
20.12.2021 14:34
Gaçmanyñ yzygiderligi bashy sycandan bashlap sycanda hem gutaryar👇👇😆😆😆😆
N.T.
N.T.
20.12.2021 00:05
GÜLHAN joram DOGLAN GÜNÜÑ BILEN🎂🥳🥳.Saña dünýädäki ähli gowluklary arzuw edyarin.Goý,janyñ sag ömrüñ uzak bolsun,görjegiñ diñe gowluk bolsun, eje kakaña wepaly gyz bp ýetish🤗😊Ähli arzuwlaryñ hasyl
N.T.
18.12.2021 00:07
Bar-da...

Gün irden gyzaryp dogýaram welin,
“Hä” diýmänkäñ onuñ ýaşmasy barda...
Gije bilen oñşup bolýaram welin,
Derdiñe dertleri goşmasy bar-da..
******************************************
Ýaz bilen goşulyp, sähra jan geler,
Synlamaga ynsan juda kän geler,
Hat-da janlanypdyr gury töññeler,
...Güýz gelip ýapragy düşmesi bar-da...
🍁🍂🍂🍂🍁🍂🍂🍂🍂🍁🍁🍁🍁🍂🍂
Adam elmydama sungata aşyk,
Onda beýgelen bar menziller aşyp,
Kä-te ap-ak zada “gararak” diýşip,
Köpleriñ talanta bişmesi bar-da...

▪︎▪︎▪︎▪︎▪︎▪︎▪︎▪︎▪︎▪︎▪︎▪︎▪︎
Iññe gowy zatdyr ulanyp bilseñ,
Ýerem gazyp boljak ugrundan gelseñ,
Zyýanly tarapy, usulsyz bolsañ,
Eliñi ganadyp deşmesi bar-da...
♤♤♤♤♤♤♤♤♤♤♤♤♤♤♤♤♤
Hanha dünýä meşhur, gözel garagum,
Depesine gömseñ bişer çöregiñ,
Hat-da tümmeklerem wepañ deregin,
Tutman ondan oña göçmesi bar-da...

《》《》《》《》《》《》《》《》《》《》
Wezipä buýsanyp kakma döşüñi,
Diliñi berk gora gysyp dişiñi,
Mysal etjek muña asman daşyny,
Çäkden çyksa Ýere gaçmasy bar-da...
☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆
Puluñ durup biler ýerbe-ýer sowsañ,
Ýitjegi ikuçly kadasyn döwseñ,
Adam pahyr sähel rysgaly çüwse,
Ynsap diýlen zatdan geçmesi bar-da...
♡♡♡♡♡♡♡♡♡♡♡♡♡♡♡♡♡♡♡
Diñlemek mukaddes ussat kelamyn,
Bärsinden gaýtarar müñ bir belanyñ,
Zyýan däl kadaly içseñ şerabam,
Çäksiz içseñ syryñ açmasy bar-da...

◇◇◇◇◇◇◇◇◇◇◇◇◇◇◇◇◇
Mesän günüñ, pese bakyp şükür et,
Pesän günüñ, mese bakyp pikir et,
“Çümdüm” diýen günüñ bagtyñ getirip,
Guşdek al asmana uçmasy bar-da...
✍✍✍✍✍✍✍✍✍✍

Awtory: Kerim Hally
8
153
N.T.
17.12.2021 23:46
Ýaşasym gelýär...

Men uçmak islämok, guş dek asmana,
Uçýanlary synlap ýaşasym gelýär.
Isleg ýok özümi Gökden asmaga,
Ömri Ýerde synap ýaşasym gelýär.
☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆
Meni ýaratdylar, ýalkadylar hem,
Garyn dok, hiç kimden iýdirmedi kem,
Alma!
Ömür görsün atamdyr-enem,
Bir ömrüme sylap ýaşasym gelýär.
《》《》《》《》《》《》《》《》《》
Sözlem ötgür çyksa, ýürekden ötse,
Barmaly menzilin, ýalñyşman ýetse.
Duşmanlara güýjüm ejizlik etse,
Sözler bilen çüýläp ýaşasym gelýär.
▪︎▪︎▪︎▪︎▪︎▪︎▪︎▪︎▪︎▪︎▪︎▪︎▪︎▪︎
Gözüm dikilmesin özgäñ malyna,
Itler uwlasa-da garyp halyma...
Hallalykdan haýrym ýetip ilime,
Rysgalymy çeýnäp ýaşasym gelýär.
~~\\\\\\~~~~\\\\\\~~~~~\\\\\\~~~~
Togtamazdan barýar ömür kerweni,
Söýgi, duýgy bilen aýlap serleri.
Alladan dilegim bize berleni,
Yşk odunda gaýnap ýaşasym gelýär.
□ ■ □ ■ □ ■ □ ■ □ ■ □ ■ □ ■ □ ■
Durmuş oýun edýär adamzat bilen,
Kä-te aýagyñdan çiler bat bilen.
Bu islegim başa barmanam biler,
Ýoly özüm saýlap ýaşasym gelýär.
♤ ♤ ♤ ♤ ♤ ♤ ♤ ♤ ♤ ♤ ♤ ♤ ♤ ♤ ♤

KERIM HALLYÝEW....
8
229
N.T.
N.T.
17.12.2021 15:31
Degishme🤣🤣🤣🤣.......