Mysterious_
01.07.2021 16:22
Gülesiñiz gelse 😉
Iki jora imoda ýazyşýar.
-Haýwan.
-Kim?
-Söýgülim.
-Näme etdi?
-Ikilik etdi.
-Goýsana.Haýsy biri?Begençmi,Nurymy,Batyrmy?
-Begenç.
-Haram ölmüş.Bularyň bary şeýle özi.

Bir garryja daýza bazarda oturup käşir satýar.Oňa-da her hepde biri 20 manat puluny berip käşirini alman geçýär.Bu görnüş 4-5 hepde dowam edenden soň ol adam ýene bir gezek puluny töläp,käşirini alman geçiberjek bolanda,daýza ony saklaýar.
Ol adam daýza garap:" Daýzajan, siz meniň her hepde şeýdip geçýänimiň sebäbini biljek bolýaňyzmy"-diýende daýza:"Sebäbiňi başyma ýapaýynmy?Käşir 25 manat boldy"-diýýär.

Ependi köp etažly öýüň 12-nji etažyna göçüp gelipdir.Bir gün öýüniň balkonynda çilip çekip duran mahaly,aşakdan bir ses gelýär.
Aşak setetse nätanyş adam:
"Agam gaýrat edip aşak düşüň,möhüm gepim bar"-diýýär.
Lift işlänok eken.Ependi aşak düşse nätanyş adam.
"Agam,Ahmet agaň öýi niredeý"-diýip soraýar.
Ependi:"Yzyma düş görkezeýin"-diýýär.
Olar tirkeşip 12-nji etaža çynkandan soň Ependi:"Han ogul!Ahmet agaň öýi birinji etažda"-diýýär.

Sawçylar:
-Oglumyzyň bir aýby bar.Sakawlaýar.
Gyzyň ejesi:
-Hemişemi?
Sawçylar:
-Ýok,diňe gürlän mahaly.

Bir alkaş barmeniň ýanyna baryp:"Maňa 100 gram arak guý,oturanlara-da guý,özüňem 100 gram iç"-diýýär.Içýärler.Alkaş turup gidiberjek bolanda barmen:"Puluny töläp gitjek dälmi"-diýýär.Alkaş:"Özüňem içdiňä"-diýse,barmeniň gahary gelip alkaşy suwa salma ýenjýär.
Ertesi gün alkaş ýene barmeniň ýanyna baryp:"Maňa 100 gram arak guý,oturanlara-da guý"-diýýär.
Barmen gülüp:"Maňada 100 gram guýdurjak dälmi"-diýse.
Alkaş:"Ýok,sen içseň uruş tapýan ekeniň"-diýýär.
10
266
Mysterious_
30.06.2021 13:08
gyzykly maglumatlar🌱..
1.Iň agyr almanyň agramy 1 kilogram 849 gram (1.849 kg). Ony ýaponiýaly Hisato Iwasaki öz melleginde ösdürip ýetişdirýär.
2. Bambuk 24 sagadyň dowamynda 3 metre çenli ösüp bilýär.
3. Limonyň düzüminde klubnika görä has köp şeker bar.
4. «Gülki gülleri» diýlip atlandyrylýan güller bar. Ol gülleriň ýanynda hiç hili sebäpsiz ýarym sagatlap gülmek bolýar.
5. Ruýa raimondi ösümligi Günorta Amerikada ösýär. Bu ösümligiň geň tarapy ol ömründe ýekeje gezek, haçan-da 150 ýaşa ýetende gülleýär. Ol gülläninden soňra guraýar.
6. Agaçlar, esasan, howadan iýmitlenip, iýmitiň diňe 10%-ni ýerden alýar.
7. Käbir güller iýmit hökmünde hem ulanylýar. Mysal üçin, olardan dürli salatlary taýýarlap bolýar. Esasy zat gülüň ajysy çykýança suwa salyp goýmaly.
8. Hindistanda adaty däl Kalir-kanda atly ösümlik ösýär. Oňa halk arasynda «Aşgazany aldaýan ösümlik» diýilýär. Sebäbi onuň ýapraklaryndan iýen adamlar bi hepdä golaý açlygy duýmaýar. Bu ajaýyp ösümlik artykmaç agramdan saplanmak isleýänler üçin hem peýdalydyr.
8
117
Mysterious_
29.06.2021 17:10
Pab­lo Pi­kas­so­nyň ser­gi­sin­de bir aýal su­rat­la­ryň bi­ri­ni oňa gör­ke­zip:
– Şu su­ra­ta hiç dü­şü­nip bi­le­mok – di­ýip­dir.
Pi­kas­so jo­ga­ba de­rek, onuň özü­ne so­wal ber­ýär:
– Siz hy­taý di­li­ni bil­ýär­mi­si­ňiz?
– Ýok, bi­le­mok.
– Siz bil­me­ýä­nem bol­sa­ňyz, bu dil­de bir ýa­rym mil­liard­dan gow­rak adam gep­leş­ýär.
9
147
Mysterious_
27.06.2021 12:14

Ady belli açgöz adam bilen ýakasy gaýyşly göribiň öňünden ýurduň patşasy çykyp, şeýle diýen: “Siziň biriňiz menden göwnüňiziň islän bir zadyny sorasaňyz, men ol islegi ýerine ýetirjek hem-de beýlekiňize şol berlen zadyň iki essesini eçiljek.” Görip ilki bolup zat soramak islemändir. Sebäbi beýtse, ýanyndaky ýoldaşy oňa iki esse köp zat aljak. Açgözem ilki bolup zat soramak islemändir, sebäbi ol ähli zadyň diňe özüne berilmegini isläpdir. Açgöz göribi gyssap, ahyry ony patşadan ilki bolup dileg etmäge yrypdyr. Görip patşadan öz iki gözüniň birini köwlemegi sorapdyr.
7
239
Mysterious_
21.06.2021 13:57
Guşlaryñ sürüsi uçup gelýär. Şunlukda bir guş öñden, ikisi yzdan, biri yzdan ikisi öñden, biri ikisiniñ arasynda, üçüsi bir
hatarda uçýar. Ähli guşlaryñ sany näçe???
9
203