Miss_Minnosh❤️
12.04.2024 13:22
Bir gyz size ""Git, meni ỷalñyz goy"
diýyän bolsa, gitmegiñizi däl
galmagyñyzy isleỷändir, belki
gitmegiñizi isleyänem bolup biler,
bilemok olara düşünmek kyn🤣
32
192
Miss_Minnosh❤️
11.04.2024 20:45
Ÿylgyr

😅Sapakda Mugallym Seyitden soraýar:
-Watan, náme?
Seyit:
+Watan aaaa neme
Mugallym:
-Bilmediň 2-lik. Watan bu seniň
ejeňdir.
Mugallym yzyrakdan Myrady tuzuryp
soraýar:
-Watan näme?
Myrat:
+Watan bu Seýidiň ejesi


😅Bir oglandan sorapdyrlar.
Senin ayalyñ bilen gaýnyñ akulaly
denizde gark bolup barýan
bolsa haýsyny halas ederdin ?
Oglan: Akulany diyipdir.
30
168
Miss_Minnosh❤️
11.04.2024 15:29
Salam agzalar su gun menden biri kowsuñ Богатый reñkini sorap gelli yanyma o nayli renk bolyaka dp pikirlenyan men siz bilyañizmi😅
31
169
Miss_Minnosh❤️
10.04.2024 20:33
1. Dogabitdi kör adamlar düýş görenoklar. Olar düýşi ysgap, elläp,
edidip bilýärler.
2. Berilli(himiki metalyň ady)-den ýasalan pružinler ömürlik
diýilenýaly. Olar 20 milliard gezek açylyp-ýapylmaga ukyply. Ine şu
sebäpli hem berilliý-metaly "ömürlik argynsyz-ýadawsyz" ada eýedir.
Meňzeş edilip ýasalan beýleki polat pružinler bolsa bary ýogy 300-
400 müň gezek açylyp-ýapylmaga ukyplydyr.
3. Ylym-bilime näbelli sebäplere görä 2006-njy ýyldan bäri, ýer
ýüzünde bal-arylarynyň sanawy gaty bahym azaldy. Eger $u
ýagdaýda gitse, onda 2035-nji ýylda bal-arylary ýer-ýüzünden ýitip
giderler. Muň bilen diňe bal däl, eýsem köp görnüşli güllerem, köp
miwelerem, köp maňyzlaram, köp görnüşli bakja ekinlerem ýok bolup
ýitip gider. Sebäbi arylar gülleri tozgalandyrýarlar. Bir ary maşgalasy
bir günde 3 million ösümligi tozgalandyrýar. Adamlar entek
tozgalandyrmagyň başga görnüșini oýlap-tapanoklar.
4. Sapsan-laçyny(Latyn dilinde "Falco peregrinus") ýer-şaryndaky iň
ýyndam-çalt jandardyr. Ol öz awyna hüjüm edende, onuň tizlgi 320
km/s.
5. Hytaýyň däp-dessuryna laýyklykda, myhmançylykda nahar
iýeniňizde şapbyldap-şupbuldap iýmeli. Eger şeýle etmeseňiz onda
öý-eýeleriniň göwnüne degersiňiz. Ýene desterhana, salfetkalara
saçaga nahar damjalary damdyrmagy hem soklardan çala-çula
dökmegide unutmaň. Mundan başgada öý-bikesine gül sowgat
bermek bolmaýar.
6. Eger akulalary ýüzdürmän, bir duran ýerinde saklap dursaňyz
onda akula demigip öler.
7. Gurluşukda, sungatda we astranomiýada uly özgerşmeler eder
günorta-indeýliler, diňe Hristofor Kolumb geleninden soň
tekeri(togalak, tegelek) bilip galdylar.
3. Adamyň beýnisi ortaça 100 miliard neýrondan ybarat. Her neýror
bașga 25-30 müň neýron bilen bagly. Her minutda embrionyň içinde
250 müň neýron döreýär
9. Facebook-yň döredijisi Mark Sukerberg, 25 ýaşynda miliarder
bolýar. Bil Geýts bolsa 31 ýaşynda.
31
226
Miss_Minnosh❤️
29.03.2024 00:43
Menin owrenmelim hacan duzelerka🤔
24
243
Miss_Minnosh❤️
06.03.2024 23:13
Biziñ milletimiz...
39
410
Miss_Minnosh❤️
28.02.2024 11:42
Elipbiy barada

Alfabit sözi grekleriň elipbiýindäki ilkinji Alfa we Betta (A we B) harlaryň goşulyşyp aýdylmagyndan emele gelen söz bolsa, Türkmen dilimizdäki Elipbiý sözi araplary Elif we Be (A we B) harplarynyň goşulyşmagynyň netijesindedir. Türkmen diliniň harplary ýa-da türkmen elipbiýi 1993-nji ýylda latyn grafikasyna düzülip taýýarlanan bolup ol 30 harpdan ybaratdyr.

Häzirki döwürde biziň hat-ýazuwymyzda ulanýan, okamak üçin peýdalanýan harplarymyz Fenike elipbiýine degişlidir. Käbir ýazuw agtaryjylaryň we taryhçylaryň pikirlerine görä Fenikelileriň harplarynyň hem gelip çykyşy gadymy Müsür ýazuwlaryna esaslanypdyr. Fenikeliler Müsürlilerden tapawutlylykda her sesi bir harp bilen belgiläpdirler.

Fenike diýlip atlandyrylan dünýäniň iň ilkinji döredilen elipbiýi Italýanyň Toskana şäherinde gazuw agtaryş işleri geçirilende tapylypdyr. Kazim Mirşan tarapyndan geçirilen gazuw agtaryş işinde Fenikeliler ýazgy ýazmak üçin tekiz bir daşyň ýüzlerinde peýdalanypdyrlar we olaryň döreden elipbiýi 22 harpdan ybarat bolupdyr. Fenikelileriň Alef diýip atlandyran A harpy araplarda Elif harpyna öwrülendir. Greklerde bolsa birnäçe wagtdan soň Alfa harpy döräpdir. 350 ýyldan soň bu harplar Italiýa Rimlilere gelip gowşupdyr we häzirki wagtda peýdalanýan latyn elipbiýine ýakyn şekillere getirildi diýlip aýdylýar.

Häzirki zaman bilimleriniň, alymlarynyň çaklamalaryna görä ýazuw gadymy Müsürliler tarapyndan döredilipdir. Ýazuw döredilenden soň birnäçe wagtdan soň Elipbiý ýa-da harplar döräpdir.
32
55
Miss_Minnosh❤️
28.02.2024 07:06
Barmak yzlary barada


Dünýädäki adamlaryň akyl ýetirip bilmejek täsinlikleriniň biri hem adamlaryň barmak yzlarynyň biri-birine meňzemeýänligidir. Ynsanlar doglanda barmak yzlary dürli-dürli şekilde dogulýarlar. Olaryň barmak yzlary ene garnynda şekillenýär we ömürboýy bir durkunda galýar. Bilermenler iki adamyň barmak yzlarynyň birmeňzeşliginiň ortaça 64 milliard adamdan bolaýmak ähtimallygynyň bardygyny aýdýarlar. Häzirki wagtda dünýäde 7 milliard töweregi adam ýaşaýar.

Adamlaryň barmak yzlary genetika taýdan tapawutlanýar. Şol sanda ekizleriň barmak yzlary hem biri-biriniňkiden tawaputlydyr.

Öňki döwürlerde adamlar öz şahsyýetini ykrar etmek üçin syýadan peýdalanyp, möhür hökmünde barmak yzlaryny ulanypdyrlar. Häzirki döwürde bolsa adamlaryň barmak yzlary tehnologiýa enjamlarynyň üsti bilen degişli ýerlerdäki maglumatlary goramak üçin, hukuk kadalaryna laýyklykda tassyklanylyp, adatdan daşary ýagdaýlarda şahsyýeti anyklap, ýüze çykarmak üçin hem ulanylýar.
29
101
Miss_Minnosh❤️
28.02.2024 01:11
Uzak wagtlap uklamasak, adamyň beýnisiniň temperaturasy ýokarlanýar we pikirlenmek ukyby peselýär.

Adam beýnisi takmynan 25 ýaşa çenli ösmegini dowam etdirýär.

Ortaça adam beýnisiniň  90%  çenli peýdalanýar.

Beýniniň ululygy akyl derejesine hiç hili täsir etmeýär. Meselem:Eýnşteýniň beýnisiniň agramy bary-ýogy 1200 gramdan gowrak bolup, bu ortaça derejeden pes, ýöne ol şeýle zehinli bolupdyr.

Adam beýnisindäki ýagyň düzümi beýleki organlara garanyňda has ýokarydyr.

Beýnide nerw impulslary sagatda takmynan 440 kilometr tizlikde ýerleşýän neýron boýunça hereket edýär.

Pikirlenmek we akyl işi beýnä tälim berýär.

Beýni kislorod ýa-da glýukozasyz işläp bilmez.                       

Uky wagtyndada adamyň beýnisi işlemegini dowam etdirýär, hat-da oýa wagtyndan-da has güýçli işleýär.

Beýnide takmynan 100 milliard neýron bar.

Uly adamda ortaça beýni beden agramynyň 2%-ni tuýar.

Adamyň oňurga ýiliginiň massasy beýniden takmynan 50 esse azdyr. Pişiklerde we itlerde agramy deňdir.

Alymlar adam beýnisiniň ýadynyň göwrümini kesgitlemäge köpden bäri synanyşýarlar.
34
102
Miss_Minnosh❤️
26.02.2024 15:42
Üç zoodiakdakylar üç-üçden...

Bu üç zoodiakdakylara ynanmaň!
1. Hamal. /♈
2. Ok ýaý. ♐}}}}}} Bular diňe özüni bilerler...
3. Luw. ?

* * *

Bu zoodiakdaky üç adamyň göwnüne degmäň!
1. Öküzçe. ♉
2. Seretan. ♋}}}}}} Olar dogruçyl we hakyky söýgini gözleýärler.
3. Owlak. ♑

* * *

Bu zoodiakdaky üç adamyň gitmegine ýol bermäň!
1. Gyz. ♍
2. Terezi. ♎}}}}}}} Olar syr saklap bilýän we gözýaşlaryňyzy görüp bilýändirler.
3. Akrap ♏

* * *

Bu zoodiakdaky adamlary hiç wagt ýitirmäň!
1. Ekizler. ♊
2. Eset. ? }}}}}}} Olar hakyky dostdurlar.
3. Daluw.♒
30
167