Miss_Minnosh❤️
18.05.2024 00:24
Güÿmenje soraglar

1)Ýaşyňyzyň näçedigini bilmeýän
bolsaňyz, özüňize näçe ýaş bererdiňiz?

2)Haýsy erbet: șowsuzlyga
uçramakmy ýa synanşyp görmezlik?

3)Eger size dünýäde diňe ýekeje zady
düzetmek rusgat edilse, bu näme
bolardy?

4)Eger siz bir kiçijik çaga ömründe diňe
bir maslahat berip biljek bolsaňyz, siz
näme pent berip bilerdiňiz?

5)Bu durmuşda siz beýleki adamlara
garanyňda, nämäni başgaça
edýärsiňiz?

6)Haýsy ýagdaý bir sizi bagtly edip,
beýlekileri bagtly edenok?

7)Siziň iň uly gorkyňyz hakykata
öwrüldimi?

8)Eger siz isleýän zadyňyzy gazanyp
bilmedik bolsaňyz, onda siziň ýitirýän
zadyňyz näme?

9)Bu durmuşda siz beýleki adamlara
garanyňda nämäni başgaça edýärsiňiz?

10)Bir wagt taşlamaly bolsaňyz hem,
entek hem saplanyp bilmän ýören
zadyňyz barmy?
18
155
Miss_Minnosh❤️
17.05.2024 22:36
Bir gün äri heleýine täzeje telefon alyp berenmişin.Äri heleýine:
-Ine ,saňa täzeje telefon.Indi men goňşy oba gidemde yzymdan matorly oglymyzy ibermän ýaşyl knopka basýaň maňa jaň etýäň-diýipdir.Ay heleýem bolýa diýýär.
Günlerde bir gün heleý ärine jaň etýär............
-Abonentiň telefony öçürülendir ýa-da onuň aragatnaşyk desgasynyň hyzmat ediş çäginden daşdadyr..
Heleýi:
Birinjidenää onuň ady abonent däl Aýmämmet Aýmämmeeeeeeet.Ikinjidenem ol obadan daşardakylara hyzmat etmän içerdäkilere hyzmat etsinnn- diýip telefonyň ýüzüne serdip gygyrýamyşyn🤣🤣🤣
30
273
Miss_Minnosh❤️
17.05.2024 18:17
Sorag-jogap

1.Gidroliz diýp nm aýdylýar haýsy sizden
gelip cykyp nm diymekligi anladyar?
2.Sagdyn adamy hassahanadan
çykarýarlar(logiki sorag).Ol kim?
3.Balyklarň bedeninň düzümi näçe %-i
suW?
4.Elektronyň ýadronyň daşyndaky
ýerleşip biljek giňişlik
bölegine nm diýilýär.
5.Giňişlik izomerlerini öz gezeginde iki
topara bölýärler olar haysylar?
6.russiýada 1-nji,fransiýada 2-nji
türkiýede 3-nji gürrüň nm barada ?
21
136
Miss_Minnosh❤️
17.05.2024 12:03
5 welaýatyň 5 täsinligi

1. Dowzahyň derwezesi – Ahal.

Çuňlugy 20 metre, diametri 70 metre barabar bolan bu çukur dünýäde “Dowzahyň derwezesi” hökmünde tanalýar. 1971-nji ýylda sowet alymlary bu ýerden gaz almaga başlanlarynda belli bir wagtdan soň ýer çöküp bütin enjamlary ýer ýuwudypdyr. Çukurdan bolsa metan gazy çykmana başlapdyr. Soň alymlar gazyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin ony ýakmaly bolýarlar. Olar birnäçe sagadyň içinde metan gazy ýanyp gutarar diýip oýlapdyrlar. Ýöne ol ot 50 ýyl bäri ýanmaga dowam edýär.


2. Ýangygala kanonlary – Balkan.

Bu ajaýyp kanonlaryň döremegi million ýyllara barabar bolupdyr. Hazaryň we Balkan welaýatynyň şemally howalary belentliklere dört tarapdan hüjüm edip her ýerinden ýol ýasapdyr. Kanon gyzyl reňkli bolansoň adynyň “Ýangyn gala” söz düzüminden gelip çykandygy çaklanylýar. Belentligi 60-100 metr aralygynda üýtgeýär. 25 kmlik meýdanda ýaýylyp ýatyr.


3. Uzboý derýasy – Daşoguz.

Uzboý Amyderýanyň bir hanasydy. XVI asyra çenli Amyderýa, esasan hem Hazar deňzine guýýar eken. Ýöne şol asyrdan başlap ugruny Aral deňzine tarap üýtgedýär we Uzboý derýasy assa-ýuwaş guraýar. Häzirki günlerde käbir suwly ýerleri galdy. Görmek isleýänlere ýagyşly möwsümde gitmek maslahat berilýär.




4. Dinozawrlaryň yzlary – Lebap

Köýtendag etrabynda ýerleşýän dinozawrlaryň yzlary ilkinji gezek Rudolf Ýuferow tarapyndan 1960-njy ýylda ýüze çykarlypdyr. Şondan bäri 2000 müň töweregi aýak yz tapylypdyr. Bu ýerde öň köl bolan eken. Dinozawrlar şol kölüň eteklerinde ýaşapdyrlar.


5. Ýeroýlanduz çöketligi – Mary.

Bu çöketlik diňe Türkmenistanyň däl, tutuş dünýäde seýrek duş gelýän landşafta eýe. Çuňlugy 500 metre barabar ýerleri bar. 300 km töweregi ýere ýaýlyp ýatyr. Säher we şapak wagty seredeňde hasam ajaýyp. “Men haýsy planetada?” diýdirýär. Görmek isleýänlere aprel-maý aýlarynda gitmek maslahat berilýär.
25
153
Miss_Minnosh❤️
17.05.2024 00:04
Adam organizminiň täsinlikleri

Biziň bedenimizde şu täsinlikleri bar:

● Bedeniň gan bilen üpjün etmeýän ýeke-täk bölegi göz perdesidir. Göni howadan kislorod alýar;

● Adam beýnisiniň sygymlylygy 4 terabaýtdan ýokary;

● Ýedi aýa çenli çaga bir wagtyň özünde hem dem alyphem-de ýuwdup bilýär;

● Asgyranymyzda bedeniň ähli funksiýalary, hatda ýürek hem durýar;

●Nerw impulsy beýnimizden sagatda 274 km tizlik bilen hereket edýär;

● Bu makalany okap tamamlaýançak bedenimizde ortaça 50 000 öýjük ölüp täzelenýär;

● Aýallaryň ýüregi erkekleriň ýüregine garanyňda has çalt urýar;

● Adamlaryň üçden iki bölegi öpüşende kellesini sag tarapa egýär;

● Adam görýän düýşüniň 98%-ni oýanan wagty ýadyndan çykarýar;

● Suwsuzlyk duýgusy bedenimiziň bir göterimine deň bolan suwuň ýitmegi bilen ýüze çykýar. 5% -den gowrak ýitgi özüňden gitmeklige, 10% -den ýokary suw ýitgisi bolsa ölüme çenli getirip bilýär;

● Ähli bakteriýalaryň diňe 1% -i adamda kesel döredýär;

● Diş, adam bedeniniň özüni bejerip bilmeýän ýeke-täk bölegi;

● Bedenimizdäki ähli kalsiniň 99% -i dişlerde bolýar.

● Adamyň dodaklary barmaklaryň ujundan ýüzlerçe esse duýgurdyr. Hakyky öpüş ýürek urmasyny minutda 100 ýa-da ondan köp urmak
18
81
Miss_Minnosh❤️
16.05.2024 22:54
Gyzlar barada faktlar

Gyzlar altyn, kümiş, brliant ýaly maddalar bilen gowy reaksiýa gatnaşygy bar eken
Gyzlar biwepalygy ikiligi bagyşlap bilýän eken emma ýalan gürlense bagyşlamagy gaty köp wagta çekýän eken
Gyzlar jora saýlanda özinden owadanyn saýlamaýan eken bir ýere bile gidilse jorasy owadan bolsa men owadan däl bolup galýan diýýän ekenler
Gyzlaryň iň gowy görýän hereketi bu birini garaşdyrmak eken
Gyzlaryň göwni näzik boly bir söz bilen göwnine degip ýene bir söz bilen göwnüni alyp bolýan eken
Gyzlaryň 70% iň gowy sowgat diýip hasap etýan zady bu gyzyl gül eken
Gyzlaryň 58% Gülgine Mäwüşe reňkleri halaýan ekenler galan 42% ne näme reňk bolsada bolýan eken
Gyzlaryň ýüregine ýol gullakdan gitýän eken bu diýmegimiziň sebäbi gyzlaryň 65% süýji sözler halaýan eken
Gyzlaryň 58% söýgiň barlygyna ynanýan eken galan 42% söýgini ýok hasap etýän eken
Ýene bir gyzykly maglumat häzirki wagtda gyzlaryň 70% halaýan ýigidi bar eken we galan 30% bolsa öziniň ak atly şazadasyna garaşýan eken
Gyzlaryň 60% dine ýigitleriň daşky gözeligi dälde içgi dünýäsiniň gözlegini saýlaýan eken galan 40% tine bolsa owadan krasavcik ýigitler ýokýan eken
47% gyzlara adamlar bilen tiz çykyşyp gitýän degişjen şadyýan ýigitler ýoksa galan 63% agyr bassykly ýigitler ýokýan eken
Hünärlere gelsek 30% gyzlar medsestra 20% gyzlar bolsa pedagok bolmagy isleýän ekenler
Gyzlaryň iň halamaýan zady bu semizlik eken eger 1je kg bolsada semränini bilse däliräp horlanmagyň ugryna çykýan eken

Ceşme:-Halypa.ru
21
114
Miss_Minnosh❤️
16.05.2024 19:14
Adaty şokolad bilen süýdiň goýalmasy garyp süýtli şokolad ýüze çykarylypdyr. Onuň awtorlarynyň biri hem Genri Nestle bolupdyr.

Adatça çagalar köp mukdarda şokolad iýseler ýüzüne dürtükleriň çykýandygyny aýdýarlar. Emma ylym şokolad bilen dürtügiň arasyndaky arabaglanyşygy tapmady.

Italýan alymlary geçiren barlaglarynda, wagtly-wagtynda şokolad iýýän adamlar, gartaňlyk wagtynda akyl näsazlyklaryndan ejir çekmeýändigini subut etdiler.

Ilkinji gezek şokolad Ýewropada XVI asyrda , haçan-da Hristofor Kolumb özüniň meşhur syýahatyndan gaýdyp gelende, ýany bilen kakao noýbasyny getirende ýüze çykýar.

ABŞ-da süýtli şokolady öndürmek üçin her gün 1500 tonna süýt harçlanýar.

Teoriýa boýunça saklamak şertleri doly ýerine ýetirilende şokolady ömürlik saklap bolýar, emma tejribede bu mümkin däl sebäbi ykdysady tarapdan girdejisiz hasaplanylýar.

Meksikalylaryň halk lukmançylygynda şokolad derman serişdesi hökmünde peýdalynylýar.

Şokoladda köp mukdarda uglewodlar we beloklar saklanýar, şonuň üçin hem türgenler ysgyndan gaçyrýan türgenleşiklerinden soň wagtal-wagtal şokolad iýýärler.

Dünýäde iň köp iýilýän şokolad Şwesiýa degişlidir.Ortaça ýylda her şwesiýaly adam 11 kilograma golaý şokolad iýýär.

Kakao noýbanyň watany Orta we Günorta Amerika. Emma häzirki wagtda onuň 70%-e golaýy Afrikada ösdürilýär.

Hakyky şokolad wagtal- wagtal iýilende gan aýlanyş damarlary arassalamaga ýardam edýär.

Ilkinji gezek gaty şokolad XIX asyrda alynýar, ondan öň ol diňe suwuk görnüşinde ulanylypdyr.

Kakao agaçlary 2 asyra çenli ýaşamaga ukyplydyr, emma diňe 20-25 ýyl hasyl berýär.

11-nji iýulda Bütindünýä şokolad güni bellenilýär.
26
40
Miss_Minnosh❤️
14.05.2024 20:07
Aýallar köp gürleýärmikä
ýa erkekler diýip bir
barlag geçirilipdir. Çykan
netijelere görä erkekler
bir günde 7 müñ sÖz
gürleýärmişin, aýallar
bolsa 21 müñ. Yagny
erkekleriñ üç essesi.
Onsañ aýallardan
sorapdyrlar näme üçin
beýle köp gürleýärsiñiz
diýip. Aýallañ jogaby
รu bolupdyr: "Sebabi
erkekler bir gezek aýdañda
düşünmänsoñ 3 gezek
gaýtalamy bolýarys "😁😁😁
33
236
Miss_Minnosh❤️
14.05.2024 17:03
Ýylgyr

😁Iki ashyklar parkda soyushyaler, gyz diyya-janym menin ellerim
agyrya, oglan balam hazir opsem ayyrlar, gyz yenede janym menin
boyunlam agyrya, oglan balam boyunlandan opsem ayyrlar, garaz
ÿanak, dodaklar, bu zatlary synlap duran yashuly gapdal skameykade
bulan yanyna baryp ay jigim- gemoroyy ayyryp bilermin diyyamish

🤔Bir gün pylesos("tozan süpüriji") satyan yigit bir öyün gapysyny
kakyar. Gapyny yaş bir gelin açyar: "Gelneje, elimdaki gapda sygyryn
tezegi bar" - diyip elindaki gaby halyn üstüne yayradyp sepyar.
Sonam: "Gelneje, şul elimdaki pylesos bilen 10 minudyn içinde
halyny arassalap bilmesem tezegi iyjek" diyyar. Gelin bir sellem
satuwça seredip durup: "Yanyna ketçup bilen mayonezam
getireyinmi?" diyyar. Oglan düşünman: "O name üçin?" "Tok kesildi,
şonun üçin."

😁Gy$ gùnlerinde garryja daýza awtobusa mùnýär. Oturan ýa$
ýigide: - Oglum maña ýer berjek dälmi?- Daýza hana bos ýer kän'ä
Bilýän welin, oturgyçlar gaty sowuk. Senem özùñden ula ýer
beräýerler.

😁Zooparkdan kenguru gaçýar, ony It
guninde tutup getirýärler. Gaçypdyr
diýmek haýatdan aşypdyr. 3 m. Haýaty
5 m.-e goterýärler. Ertesi gorseler
kenguru ýok. Tutup getirýärlerde
haýaty 8 m.-e göterýärler. Soňky gun
ýene ýok. Tutup getirýärlerde 15 m-lik
haýat dikýärler. Duýe kengura: - Nähili
pikir edýäň, haýaty ýene näçe metire
çenli götererler? - 60 metire çenli
gotererler, a belki ahyr soňy gijesine
derwezäni gulplayalar!!
29
257
Miss_Minnosh❤️
10.05.2024 11:30
Bulutlar barada gyzykly faktlar

Her gün asmanda bulutlary görýäris. Ýöne olaryň nämedigi we nirden  gelendigi barada birnäçe gezek pikir edýäris. Bulutlar bize diňe bir howa barada däl, eýsem başga-da köp faktlar ýagny daşky gurşaw barada köp maglumatlar aýdyp biler. 

- Bulutlaryň iň ýokarkylary ,atmosferanyň ýokarsynda  70-80 km belentlikde ýüze çykýar. Olary diňe gijesine görmek bolýar.

- Bulutlar temperatura baglylykda suw damjalaryndan we kristallardan ybaratdyr.

- Bulutlar beýleki planetalarda-da bolýar. Oňa Ýupiteri, Wenerany mysal alsak bolýar.

- Ortaça bulut agramy 10 tonna ýetýär.

- Uly ýyldyrym bulutlarynyň beýikligi 10 kilometrdir.

- Buludyň emele gelmegi ilkinji nobatda çyglylyga baglydyr. Pes çyglylyk şertlerinde buludyň ömri bary – ýogy 15-20 minut bolup biler.

- Wenerada bulutlar suw däl-de esasan kükürt kislotasyndan düzülendir.

- Bulutlar ýer planetasynyň temperaturasynyň möwsümleýin üýtgemegine täsir edýär.

- Hereket etmeýän, süýşmeýän daglarda geň enaýy bulutlar bolýar. Olar şekili we beýikligi bilen tapawutlanýar.

- Saturn planetasynyň polýuslarynda hereket edýän emeli hemralar altyburç şekilli geň bulutlary surata düşürmegi başardylar. Olaryň düzümi entek öwrenilmedik.

- Gollandiýaly alym Smilde  bulutlary surata düşürmek üçin buludyň nädip emele gelendigini öwrenmegi başardy. Tüsse döredýän ýörite enjamdan tüssäni pürkip, suw bugy bilen birleşdirýär. Kiçijik bulutjyk dünýä inýär. Ol 10 sekuntdan köp ýaşamaýar. 
30
175