Miss_Minnosh❤️
15.09.2024 23:35
Oz pikirinizi bellap gecayin:)
10
95
Miss_Minnosh❤️
10.08.2024 22:32
Gyzykly soraglar

1. Eýnşteýniň pikirine görä bilimden ýokarda durýat zat?

2. Zebra ak garamy ýa-da gara ak?

3. Iň gysga atly şäher?

4. Haýsy kärde işleýänler aldamany gowy görüp aldanmany
halamaýarlar?

5. Ýurdumyzda iň köp ilatly welaýat?

6. Ilkinji galstuklar nirde dörän?

7. Öz suratyny iň köp çeken suratkeş kim?

8. Dünýäde iň ajy we süýji zat?!

9. Iň aňsat zat?

10. Satsaň bolýa, satyp alyp bolmaýa?
17
137
Miss_Minnosh❤️
27.07.2024 00:58
Owadanlyk bagtmy?! Bir gezek mugallym bütin synpa ”Gözellik nämedir?” diýen soragy
berdi.Talyplaryň kimisi güli, kimisi ýaşaýyşy, kimisi söýgüni, kimisi bolsa aýdym sazy gözellik hasaplaýar. Emma olaryň aglabasy gözellik diýlende, ilki bilen, owadan gyzlary göz öňüne getirýändigin aýtdylar.
Köpler owadana gyzlaryň tebigy gözelligini bagtlylyk hasaplaýarlar. Mümkin bu şeýledir! Sebäbi töwerekdäklerden saýlanyp bilmek “bagty” her kime miýesser edenok. Ýöne üýtgeşik owadan gyzlar,dogrudan hem, bagtlymyka? Bu soraga her kim üçin gyzykly bolsa gerek. Siz haçanda bolsa bir wagt owadan gyzlaryň ýerine özüňizi goýup, olaryň pikirlerini, nirede, nähili hereket etmelidiklerini baradaky aladalary, töwerege garaýyşlary barada pikirlenip gördüňizmi? Eger-de pikirlenip gören bolsanyz, aýratyn görk-görmege eýe bolmagyň juda bir bagtylyk däldigine göz ýetirersiňiz.
Ine, aýdalyň, siz owadan gyz. Köçä çykýarsynyz. Aňyrsy birnäçe minutdan köpler nazary sizde jemleýär. Siz muny duýýarsynyz. Emma size aljyramak, özüňi ýitirmek bolonok. Sahna ilkinji gezek çykýan ýaş artist nähili hereket etjegini bilmän dursa, oýunda şowsuzlygyň gutulgysyzdygy ýaly, aljyrasaňyz, töwerekdäkileriň gözüne hökman siziň bir kemçiligiňiz iler. Töwerekdäkiler bolsa owadan gyzda kemçilik bolýandyr öýdýän däldirler. Olar siziň ýöreýşiňizden başlap, geýen köýnegiňize, köwşüňize, hatda göterip barýar torbaňyza çenli aşygyň hyrydar nazary bilen syn edýändirler. Erbet ýerem, ol nazarlaryň içinde her tüýslisi bar. Belki, siz özüňize bakýan hyrydar nazarlaryň içinde birki sany gözgidijileriň hem bardygy barada asla pikir hem edýän dälsiňiz. Siz bu köpdürli bakyşlardan diňe görküňiz ýaly owadan edebiňiz bilen hala bolup bilersiňiz.
Mekdep döwrüm ýadyma düşýär. Bäşinji synpda okaýan döwrümiz synpymyzdaky oglanlaryň ählisi bolup bir gyzy ýagny synpdaky iň owadan, iň “bäşlikçi” gyzy “söýýärdik”. Gizläp nädeýin, şol aşyklaryň içinde men hem bardym. Biziň her günki keýpiköklügimiz ýa göwünçökgünligimiz şol synpdaşymyza baglydy. Şoňa ýaranyp, şondan ýakymlyja söz eşdip bilsek şol gün iň “bagtly ” günümizdi. Emma onuň göwnüne degen ýada onuň bize bize ýakymsyzja bir söz aýdan güni..... Biz käte ikilik alsak hem şonça gynanmazdyk. Şonuň üçin her gün mekdebe gitmezden öňürti penjiräniň öňüne geçip, asmana garap. Şol synpdaşymyzyň özümiz bilen mähirli bolmagyny, beýleki oglanlara yüz bermezligini dileg ederdim. Indi bolsa synpdaş ýigitlerimiziň her biriniň şeýle “dilegleri ” edendigini ýatlap gülüşýäris. Emma synpymyzdaky iň owadan gyzy näçe halaýan hem bolsak, birimiz hem ýüreklenip oňa “söz aýdyp” bilmezdik. Ol bize diňe mähirli ýylgyryş bilen garasa razydyk. Sebäbi iň owadan gyza söz aýdyp bolýandyr hem öýtmezdik...
Bu ulular babatynda hem şeýlemikä diýýärin. Bir bada “ ýüz ýigide özüňi söýdürip, durmuşa çykaňda şolaryň birini bagtly edip, galan togsan dokuzsyny agladyp” bilýän gyzlara, köplenç, halys ýürekden söýen bolmasa, ýigitleriň birem gönüläp söz aýtmaga batyrgaýlanyp bilenok. Çünki olar söýgi bildirip, gyz bilen bolanja gatanaşyklarynyň hem kesilmeginden gorkýarlar.
18
91
Miss_Minnosh❤️
25.07.2024 23:43
...💔
13
44
Miss_Minnosh❤️
25.05.2024 00:16
Geldinmi sen

Geldinmi sen duygylarmy depeläp
Gussalara gark etmäne geldinmi
Geldinmi sen yarama duz sepelãp
Umutlarmy ürkitmäne geldinmi

Geldinmi sen yalňyz yürekde yanan
Yakymsyz ýatiama bolup geldinmi
Sozinem söyginem bolupdy yalan
Wepasyz wadany alyp geldinmi

indi öz-özime erkim yetenok
Begenerin görinmesen gözime
Dali kimin gözem uka batanok
Yrek duýgym syganok her sözime

Geldinmi sen duys lenme alasyp
Sereda sagadam bardy bir çene
Bary gic Bary puc Baldy soygimiz
Barybir gelenin peydasy yoge
27
162
Miss_Minnosh❤️
22.05.2024 23:16
Ýaşlyk dramasy.........

Gaññalyñ oýunda Tejende galdy,
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ.
Okgeçmez ýylgynlañ içinde galdy,
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ.

Bir ýandan urushdy, bir ýandan hasrat,
Hasrat bolçulykdy, hezillik gahat.
Shol ýowuz ýyllara gelipdi gabat,
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ.

Däriler ýanýardy ys köpelýärdi,
Gidýänler, gelýänden has köpelýärdi.
Toýlar azalýardy, ýas köpelýärdi,
Meniñ ýigit wagtym, çuwal gyz wagtyñ.

Söýüshmek düshmejek ýalydy ýada,
Emma "söýgi" diýen jadyly zada,
Höküm etmez eken hiç hili kada,
Heniz ýigit wagtyñ, heniz gyz wagtyñ.

Diýerdim: "Geregim, çen boldy oýlan,
Ähli boýdashlaryñ bashlary boglan".
Sen diýerdiñ: "Garrap barýamyñ oglan,
Äwmäñ öz wagty bar, sabyryñ öz wagty".

Boýnuñdan gelerdi jeññeliñ ysy,
Goýnuñdan urardy tümmüliñ ysy.
Demiñden kükärdi müñ gülüñ ysy,
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ.

Kem-kemden golaýlap lebiñe lebim,
Çabrap bashlanda demiñe demim.
Näz bilen iterdiñ: "Hany edebiñ,
Söýgi bulashmazmy, edep az wagty".

Oñushmaly bordum saçlaryñ ysgap,
Leb gadagan wagty olam bir hasap.
Ýöne beýle hasap düshmezdi añsat,
Hasap ýitýän eken, dyzba-dyz wagtyñ.

Çykarmy ýadymdan shol täsin pursat,
Çykjak bolaýsada bermen rugsat.
Gursagmyñ üstünde gürsüldäp gursak,
Keteniñ içinde gyzyl köz wagtyñ.

Sagatlar tiz geçdi, tiz geçdi sheýle,
Ýañjada gushlukdy, bolupdyr öýle. S
en diýdiñ: "Pylanjan, gaýdaly öýe,
Ýigidiñ öz wagty bar, gyzyñ öz wagty".

Sho mahal ýokardan geldi bir owaz,
Seretsem, toraññy urup dur perwaz:
"Ashyklar, ýenede sabyr ediñ biraz,
Görmändim saýamyñ, beýle ýaz wagtyn".

Derýada seslendi: "Etmäñ ätiýaç,
Size kast etjege taparyn alaç.
Siziñ kimin birek-birege mätäç,
Görüpdim ne derýa, ne tekiz wagtym".

Asmanda pel-pelläp bir goja bürgüt,
Gygyrdy: "Siz juda mynasyp jübüt.
Ýöne welin gysha galaýma ýigit,
Miwe ýetishdimi, ýygna güýz wagty".

Tokaý bürgüdinden alyp ak pata,
Gysha galmazlygy edipdik wada.
Ýa sen sada bolduñ, ýada men sada,
Birden tupan gopdy, dünýäñ ýaz wagty.

Bilmedim nämäniñ hesiri boldy,
Eneñ bir sawçynyñ ýesiri boldy.
Sheýtdi-de özgäniñ nesibi boldy,
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ.

Atdylar mashyna, ses etdiñ aglap,
Topuldym, çekdiler golumdan towlap.
Bir menzile gitdim yzyñdan ylgap,
Gök kürtelem bolsañ, heniz gyz wagtyñ.

Bir gujak alyn saç, bir gujak çokul,
Üç gujak örüm saç, on gujak akyl.
Shunça hazynany bir kürtä bukup,
Ýitdiñ gözlerimden, dañyñ saz wagty.

Dogry aý ýarymdan dolandyñ sen soñ,
Öñ meñkidiñ welin, meñki däl onsoñ.
Shonda men diýipdim: "Sen bagtly bolsañ,
Hemä meniñ bagtym, hemem öz bagtyñ".

Shobada ýüzüñde göründi ünji,
Gözleriñden gaçdy üç sany hünji.
Soñ gaçdy dördünji, onsoñ bäshinji,
Shonda iñ mert wagtym, iñ ejiz wagtyñ.

Içerde otursam ýüregim gysýar,
Dasha çyksam, asman depämden basýar.
Shol goshgyñ henizem bagrymy kesýär,
Tas shahyr bolupdyñ, çuwal gyz wagtyñ.

Tas shahyr bolupdyñ, borduñam belkem,
Shahyrlyk, ýangyndan bashlanýan eken.
Ýene gaýdyp gitdiñ, sowashdym kem-kem,
Shonda-da kuwwat sen, her ýalñyz wagtym.

Kim bolsada saña satashan kishi,
Çagalañ bagtyna sag bolsun bashy.
Ýöne, señ bashyña salaýsa gyshy,
Gijä öwrülmezmi, oñ gündiz wagty.

Çümdürse eliñe ýekeje tiken,
Shol tiken müñ bolup bagryma çöker.
Shygyryma düshüner yshk ýükün çeken,
Çekmedik ýitirer, öz eziz wagtyn.

Ýene shuny bilsin, ol bagtly oglan:
Beýle gyz dogmandy, indi-de dogmaz.
Dogsada, ýüz ýyldan bir gezek doglar,
Onda-da säheriñ, iñ tämiz wagty.

Arada aýlandym Tejen ýerlerine,
Ýashlyk ýyllarymyzyñ geçen ýerlerine.
Seredip gözýashyñ seçen ýerleriñe,
Geçirdim bir gije, bir gündiz wagtym.

Gaññalyda otyr öñki ýerinde,
Toraññyda otyr öñki ýerinde.
Sho derýada ýatyr öñki ýerinde,
Bir tapmadyk zadym öñki ýerinden
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ...

Kerim Gurbannepesow.
29
141
Miss_Minnosh❤️
22.05.2024 14:00
Ÿylgyr :)🙃

🙃Irden turup ukydan acylmak ucin gyzgynjak
kofe icseñ 40% ukydan acya, eger bir alma
iyseñ 60% acya, eger ýañky gyzgyn kofeany
aýagyña guýsañ 100% ukydan acya.

🙃Gülmek ömrüñi uzaltya, cilim cekmek
mrüñi gysgaltya. Diýmek onda cilim cekip
otyrkañ gülseñ hic zadam bolonok.
39
313
Miss_Minnosh❤️
22.05.2024 08:04
Salam agzalar bu gun @smilling agzamyzyñ doglan guni.Gowjam uzak yasa gorjegin gowluk bolsun okuwunda isiñde mydama ussunlik aklm...🎂
31
428
Miss_Minnosh❤️
21.05.2024 22:24
Gorkunç...

1. Telefonumyň zarýady gutardy. Ony zarýada goýmak üçin ýerimden turamda, näbelli belgiden şeýle sms habary gelenini gördüm: "Näme üçin jaňy alaňok?"

2. Öýde ýalňyzdym, aýnadaky şekilim bolsa başga tarapa bakýardy.

3. Ukydan turdym. Sagat 03:23. Arkamdan biri elini egnimde goýup: "Entek oýanmagyň wagty däl" diýdi.

4. Krowatda ýatyrkam, aşakdan bir el aýagymdan tutup çekdi.

5. Liftde ýalňyzdym, emma "lift doldy, artykmaç adam, biriňiz lifti terk ediň" diýen duýduryş berildi.

6. Telefonyma jaň geldi. Belgi şu telefonumdany belgidi.

7. Totuguşym ahyr gürlemäni öwrendi, emma ol hemişe "Ol arkaňda, arkaňda" diýip gaýtalaýardy.

8. Kitaphanada köne arhiw kitap tapdym. Içinde meniň we başga adamlaryň doglan ýeri we senesi, şol sanda ölüm ýeri we senesi ýazylgydy. Meniňkide ölüm ýeri kitaphana, ölüm senesi bolsa şugüni görkezýärdi.

9. Täze göçüp gelen öýümde gulagma şeýle pyşyrdylar eşdilýärdi: "Ahyry geldi, ahyry geldi
20
162
Miss_Minnosh❤️
21.05.2024 16:36
"Soldat ýüregi"


Ol beýik Wolganyn sag kenaryndan
Alymlar tapdylar kaska, ýaragy.
Gapdalynda şindi ýere siñmedik
Yatyrdy soldatyň urýan ýüregi

Emaý bilen gazyp alyp gudraty
Üýşdüler dasyna hersi bir ýerden
Bu eziz howadan dem alan ýürek
Adam sesi bilen gürledi birden:

Bu jepaly ýer astynda
Yürek gaty kän
Buýruk ýerne ýetirildi,
Yoldaş kapitan!"

Gurbannazar EZIZOW
29
73