Meryemushkaaa
19.02.2023 00:27
Bäş yyl ylym beren mukaddes mekan
Berekediň egsilmesin ylaýym!
Geçdi aýlar günler ýekänme ýekän.
Peşgeş beren ýatlamasy mylaýym.
Gulaklardan gitmez soňky jaň sesi
Ýüreklerden gitmez bilmek höwesi
Kim öňürtse "bolup köwşüň eýesi"
Her gün säher gatnamasy mylaýym.
Barlag bilen başlanýandyr günleriň.
Bukulsam-da hiç tutulman bilmerin.
Doklugy, ukusy kemter ýyllaryň
Ýuwaş ýuwaş taplamasy mylaýym.
Ogul gyzyň mertdir merdana merdem.
Maksady şanyňa şan goşmak her dem.
Ýaşlyk edip säwlik sypaýsa birden
Özlerini aklamasy mylaýym
At abraýa jem bolunman ýetilmez.
Gitsekde ýeňişleň yzy kesilmez
Ýene ak niýetli täze nesilleň.
Seň gapyndan ätlemesi mylaýym
Mugallymlar halypalar mähriban
Üstümize ganat gerdi her zaman
Ylym, hünär öwretdiler ýadaman.
Hat-da olaň käýinç sesi mylaýym.
Ykbalyňyz gunça kimin açylsyn
Allam size bagtdan paý eçilsin.
Ýene bir zat günämizi geçiň siz!
Gaharlanmaň, ýylgyraýyň güläýiň,
Şol ýylgyryş hiç solmasyn ylaýym!
Şol ýylgyryş hiç solmasyn Mugallym!
Meyrem
0
11
1