Mekanoff
10.07.2020 00:13
.Ýokary okuw jaýyna girmek üçin ekzamende sorag soraýarlar:
-Siz Puşkini tanaýaňyzmy?
-Ýok.
-Magtymguly, Zelili, Kemine bilen tanyşlygyňyz nähili?
-Bularam tanamok.
-Berdi Kerbabaýew, Kerim Gurbannepesow dagylary bir tanaýaňyzmy?
-Bular bilenem tanyş däl.
-Gidip bilersiňiz. Indiki ýyl geliň. Ekzamen tabşyryp bilmedik dostumyz keýpsiz gapydan çykýar. Daşardakylar ondan soraýar:
-Nätdiň? Geçdiňmi?
-Ýok-laý, tanyşyň bolmasa geçirenoklar-laý. Meniň bolsa tanaýanym ýok?
0
20
2 522
Mekanoff
09.07.2020 07:46
Ata-enesi ogluny geýindirip, eline gül berip 1-nji synpa mekdebe goýberipdir. Oglunyň gaýdyp gelişi bilen ikisem ogluny soraga tutupdyr. Hany aýt, mekdep saňa makul boldymy? Oglam papkany bir gapdala zyňyp:- Näme üçin meni günortana çenli okaýaň diýip aldadyňyz, okuw 10 ýyl ekena.?
24
2 828