Lilia_
23.08.2023 21:45
Suratda görýän agajyňyz Kuiwer agajy. Dün­ýä­niň iň gu­rak ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lan Na­mi­bi­ýa­da­ky çöl­ler­de ös­ýän bu agaç asyr­la­ryň do­wa­myn­da ýer­li ýa­şaý­jy­lar üçin örän gym­mat­ly ha­sap­la­nyp­dyr. Se­bä­bi onuň ýum­şak bol­ma­gy gaý­ta­dan iş­läp, gün­de­lik dur­muş­da ula­nyl­ýan gu­ral­la­ry aň­sat­lyk bi­len ýa­sa­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rip­dir. Ýer­li san hal­ky­nyň di­lin­den ter­ji­me edi­len­de, «tit­re­ýän» diý­me­gi aň­lad­ýan bu aga­jy oýup, dür­li gap­lar ýa­sa­lyp­dyr. Çöl­de bit­ýän bu ösüm­lik Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da hem ga­bat gel­ýär.
76
138
Lilia_
23.08.2023 06:05
Alymlar ýyllaryň dowamynda adam psihologiýasy barada birnäçe maglumatlary taýýarladylar. Dürli barlaglaryň netijesinde ýüze çykarylan käbir hakykatlar aşakdakylardan ybarat:

Adamlar üýşüp oturanda bir zada gülseler, her kim öz halaýan adamyna seredýär.

Adamlara öz adyny tutup ýüzlenmek olary özüňize has ýakyn we öz şahsyýetiňize bolan ynam derejesini ýokarlandyrýarsyňyz.

Adam näçe akylly bolsa, şonça-da az maslahat berýär.

Beýnimiz erbet ýatlamalary gowy ýatlamalara seredende köp ýatlamaga ýykgyn edýär.

Daşky görnüşiňizden, gepleýşiňizden we aýdýan zatlaryňyzyň manysyndan 5 sekundyň dowamynda beýleki adamda täsir galdyrýarsyňyz.

Ünsüňizi jemlemegiň gowy usuly bir işi ýerine ýetireniňizde, özüňiz bilen akyl taýdan gürleşmekdir.

Başgalara yzygiderli kömek edýän adamlar, ýaşy ulaldygyça has bagtly we depressiýa düşmek ähtimallygy pes bolýar.

Çalt ýöreýän adamlar adatça, haýal ýöreýänlere garanyňda has ynamly we bagtly bolýarlar.

Itleri saklaýan adamlar pişik saklaýanlara we öý haýwanlary bolmadyk adamlardan has köp gülýärler.

Maksatlaryňyz barada hiç kime aýtmasaňyz, arzuwlaryňyza ýetmek ähtimallygy ýokarydyr.

Kemçilikleriňizi kabul etseňiz, olary size garşy hiç kim ulanyp bilmez.

Babamyrat Nurjykow,Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
82
157
Lilia_
23.08.2023 01:31
HAÝSY ÝURDYŇ ADY NÄHILI MANY BERÝÄR?


Häzirki wagt­da dün­ýä­de 195 ýurt bo­lup, ola­ryň 193 sa­ny­sy BMG-niň ag­za­sy, iki ýurt bol­sa, (Pa­les­ti­na bi­len Wa­ti­kan) syn­çy döw­let­ler ha­sap­lan­ýar. Köp ýur­duň ady şol ýur­duň esa­sy ila­ty ýa-da esas­lan­dy­ran ada­myň ady bi­len bag­la­ny­şyk­ly bol­ýar. Eý­sem, haý­sy ýur­duň ady nä­me ma­ny­ny ber­ýär­kä? Ine, ola­ryň kä­bi­ri.
Ta­ry­hy we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­re baý bo­lan Ýew­ro­pa­nyň Or­taýer deň­zi­niň ke­na­ryn­da­ky Ita­li­ýa wi­ta­ly at­ly halk ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ry­lyp­dyr. Bol­ga­ri­ýa bol­sa, «ga­ry­şyk» ma­ny­sy­ny ber­ýän «bul­ga» sö­zün­den eme­le ge­lip­dir. Bu adyň be­ril­me­gi ýurt­da köp hal­kyň ýa­şa­ýan­dy­gy bi­len bag­ly bo­lup­dyr. Tai­land sö­zi bol­sa «er­kin adam» diý­me­gi aň­lad­ýan tai hal­ky­nyň ady bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr.
Pars aý­la­gy­nyň ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän arap ýur­dy bo­lan Bah­reýn «iki de­ňiz» diý­me­gi aň­lad­ýar. Kar­ta se­re­di­len­de ýur­duň iki deň­ziň ara­syn­da­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar. Is­pa­ni­ýa sö­zi bol­sa, «tow­şan­la­ryň mekany» diý­me­gi aň­lad­ýar. Bu at il­kin­ji ge­zek kar­fa­gen­ýan at­ly halk ta­ra­pyn­dan goý­lup­dyr. Soň­ra bol­sa rim­li­ler hem ýur­dy şol at bi­len at­lan­dyr­ma­gy­ny do­wam et­di­rip­dir­ler.
Ka­rib deň­zin­de ýer­leş­ýän ki­çi­jik ada döw­le­ti bo­lan Tri­ni­dad we To­ba­go­nyň ady­ny meş­hur de­ňiz­çi Hris­to­for Ko­lumb da­kyp­dyr. Tri­ni­dad «üç de­pe», to­ba­go bol­sa, «tem­mä­ki» diý­me­gi aň­lad­ýar.
Dün­ýä­niň 25 ýur­du­nyň ady şol ýur­duň ge­og­ra­fik taý­dan ýer­leş­ýän ýe­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Köp döw­le­tiň we şä­he­riň ady bol­sa, öz ýur­dun­da baş­ga­ça, hal­ka­ra de­re­je­de baş­ga­ça at­lan­dy­ryl­ýar. My­sal üçin, hy­taý­ly­lar öz ýur­du­ny «Çžun­hua» di­ýip at­lan­dyr­ýar­lar. Bu söz «mer­ke­zi pa­ty­şa­lyk» diý­me­gi aň­lad­ýar. Ýa­pon­lar bol­sa öz ýur­du­ny «Nip­pon» di­ýip at­lan­dyr­ýar­lar. Bu söz ýa­pon­ça­da «Gü­nüň dog­ýan ýur­dy» diý­me­gi aň­lad­ýar. Şol bir wag­tyň özün­de bu söz beý­le­ki dil­ler­de hem ýur­duň ikin­ji ady hök­mün­de ula­nyl­ýar. Ýa­po­ni­ýa­nyň baý­da­gyn­da­ky ak dü­şe­giň üs­tün­de ýer­leş­ýän gy­zyl te­ge­lek şe­kil hem Gü­ni aň­lad­ýar. Hal­ka­ra de­re­je­sin­de ula­nyl­ýan Ýa­po­ni­ýa ady bol­sa, hy­taý­ça­da­ky «Ja­pu­en» sö­zün­den eme­le ge­lip­, bu söz hem «Gü­nüň dog­ýan ýur­dy» diý­me­gi aň­lad­ýar.
Ýer ýü­zün­dä­ki 25 ýur­duň ady, şol ýurt üçin esa­sy şah­sy­ýet­le­riň ady bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. My­sal üçin, Mü­sü­riň ady Nuh py­gam­be­riň nes­lin­den bo­lan Mis­ra­im bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ýur­duň arap­ça ady Misr. Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da­ky Bo­li­wi­ýa­nyň ady şol se­bit­le­riň ga­raş­syz­ly­gy ug­run­da gö­re­şen hem-de ýur­duň il­kin­ji döw­let ýol­baş­çy­sy Si­mon Bo­li­wa­ryň adyn­dan ge­lip çyk­ýar. Ko­lum­bi­ýa sö­zi il­kin­ji bo­lup, Ame­ri­ka­ny aç­ma­gy bi­len meş­hur­lyk ga­za­nan Hris­to­for Ko­lum­byň adyn­dan dö­räp­dir. Ital­ýan deň­iz­çi­si Ame­ri­go Wes­puç­çi Ame­ri­ka yk­ly­my­na ba­ran­dan soň­ra bu ýer şeý­le at­lan­dy­ry­lyp baş­la­nyp­dyr.
Li­wanyň ady ýurduň Si­ri­ýa­ bilen ser­he­din­dä­ki daglardan gelip çykypdyr. Bu dag ul­ga­my jöw­za­ly to­mus gün­le­rin­de hem ere­me­ýän gar ör­tü­gi bi­len ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri meş­hur bo­lup­dyr. Li­wan sö­zi iw­rit di­lin­de ak dag­lar diý­me­gi aň­lad­ýar. Şeý­le­lik­de, bu söz hem da­gyň, hem ýur­duň ady bo­lup­dyr.
Hin­di um­ma­ny­nyň ke­na­ryn­da­ky Oman arap di­lin­de «giň de­ňiz­ler» diý­me­gi aň­lad­ýan söz­den eme­le ge­lip­dir.
De­mir­ga­zyk Ýew­ro­pa­da ýer­leş­ýän Nor­we­gi­ýa nor­weg di­lin­de «de­mir­ga­zyk ül­ke­si» diý­me­gi aň­lad­ýar.
Ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri ke­ra­mat­ly ýer­ ha­sap­lan­ýan Şri-Lan­ka bu at 1972-nji ýyl­da be­ril­ýär. Kä­bir çeş­me­ler­de bu sö­züň «da­ba­ra­ly, şow­hun­ly» di­ýen ma­ny­sy­nyň bar­dy­gy bel­le­nil­ýär.
Bang­la­deş ady bol­sa, ben­gal di­lin­de «ben­gal­la­ryň ýurdy» diý­me­gi aň­lad­ýar.
81
130
Lilia_
22.08.2023 23:00
Ýer ýü­zün­de aja­ýyp ýer­ler köp bo­lup, ola­ry söz bi­len su­rat­lan­dyr­mak aň­sat däl. Bu tä­sin­lik­ler wul­kan ha­dy­sa­la­ry­nyň ýa-da me­teo­ri­tiň gaç­ma­gy ne­ti­je­sin­de eme­le ge­lip­dir. Kä­bi­ri bol­sa mil­li­on­lar­ça ýyl do­wam eden te­bi­gy ero­zi­ýa­nyň ne­ti­je­sin­de, çö­lüň jüm­mü­şin­de ýa-da de­ňiz­ler­de peý­da bo­lup­dyr. Ge­liň, dün­ýä­niň iň tä­sin ýer­le­ri ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­mat­la­ra se­re­de­liň!

Sa­ha­ra­nyň gö­zi: Maw­ri­ta­ni­ýa­da ýer­leş­ýän hal­ka gör­nüş­li çyk­gyt dün­ýä­niň iň owa­dan geo­lo­gik tä­sin­lik­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Sa­ha­ra çö­lün­dä­ki göz şe­kil­li tä­sin hal­ka­ny di­ňe kos­mos­dan gö­rüp bol­ýar. Bu hal­ka­nyň dia­met­ri tak­my­nan 50 km-e ba­ra­bar. Alym­la­r bu ýe­riň top­ra­gy­ň ero­zi­ýa­sy ne­ti­je­sin­de eme­le ge­len­di­gi­ni çak­la­ýar­lar.
Uly gök çukur: Be­li­z şä­he­rin­den 70 km uzak­lyk­da ýer­leş­ýän çu­kur merjen ri­fleri­niň mer­ke­zin­de ýer­leş­ýär. Dia­met­ri 400 metr bo­lan te­ge­lek gör­nü­şli çu­ku­ryň çuň­lu­gy 124 met­re ba­ra­bar­dyr. Te­ge­li­giň goýy reň­kiniň ge­og­ra­fi­k eme­le ge­liş bo­lup, onuň daş-tö­we­re­gi­niň ara­syn­da­ky çuň­luk ta­pa­wu­dy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy aý­dyl­ýar.
«Ga­ra­gum ýal­ky­my»: Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň jüm­mü­şin­de ýer­leş­ýän bu tä­sin­lik dün­ýä­niň sy­ýa­hat edil­me­li ýer­le­ri­niň ha­ta­ryn­da he­mi­şe öň­dä­ki orun­lar­da dur­ýar. Iň öz­bo­luş­ly hem-de gaý­ta­lan­ma­jak te­bi­gy ýa­dy­gär­lik­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýan şeý­le no­ka­da Ýer ýü­zün­de baş­ga hiç ýer­de duş ge­lin­me­ýär. Giň säh­ra­nyň mer­ke­zin­dä­ki ägirt uly alaw gi­je­si­ne alys­lar­dan gö­rün­ýär. Onuň go­la­ýy­na ba­ra­nyň­da bol­sa, ja­dy­laý­jy duý­gy gap­lap al­ýar. Ala­wyň ýy­ly­ly­gy daş-tö­we­re­ge ýaý­ra­ýar. Gi­je­ki tä­sin­li­gi syn­lan sy­ýa­hat­çy­la­ryň bu gör­nüş­le­re haý­ran gal­ma­gy tö­tän­den däl­dir. Ala­wyň öz­bo­luş­ly öwüş­gi­ni Gü­nüň ýaş­ýan pur­sa­ty al­tyn­sow şa­pa­gyň şe­ki­li bi­len ut­ga­şyp, has tä­sin gö­zel­ligi dö­red­ýär. «Ga­ra­gum ýal­ky­my» te­bi­gy gaz ýa­ta­gy bo­lup, ol 1970-nji ýyl­lar­da göz­leg iş­le­ri al­nyp bar­lan­da, top­ra­gyň opu­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de eme­le ge­lip­dir. Oý­lu­gyň dia­met­ri 69 met­re we çuň­lu­gy 30 met­re ba­ra­bar­dyr.
Ere­bus buz ga­ýa­la­ry: dün­ýä­niň iň so­wuk yk­ly­my bo­lan An­tark­ti­da­da buz­dan eme­le ge­len tä­sin ga­ýa­lar bar. Bo­ýy 20 met­re ýet­ýän bu ga­ýa­lar ýi­tip bar­ýan wul­ka­nyň bö­lek­le­ri ha­sap­lan­ýar. Bu ýer­den ýü­ze çy­kan la­wa akym­la­ry, Sa­tur­nyň, Ýu­pi­te­riň we Nep­tu­nyň üs­tün­dä­ki şe­kil­le­re ça­lym ed­ýär. Dün­ýä­niň iň gu­rak ýe­ri bo­lan An­tark­ti­da­nyň kä­bir ýer­le­rin­de 2 mil­li­on ýyl bä­ri hiç hi­li ýa­gyn ýag­man­dyr.
Ga­myş tüý­dük go­wa­gy: Hy­ta­ýyň de­mir­ga­zyk-gün­ba­ta­ryn­da­ky Guýi­lin şä­he­ri­niň mer­ke­zin­den, tak­my­nan, 6 km uzak­lyk­da­ ýer­leş­ýän go­wak ga­dy­my­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. 180 mil­li­on ýyl ozal eme­le ge­len­di­gi çak­la­nyl­ýan go­wa­gyň çuň­lu­gy 240 met­re ýet­ýär. Şeý­le-de bol­sa onuň içi o di­ýen ga­raň­ky däl. Se­bä­bi, Gün şöh­le­si go­wa­gyň içi­ne de­pe­den gö­ni düş­ýär. Go­wa­gyň di­war­la­ryn­da­ky reňk­li daş­lar şöh­lä­ni yza ser­pik­di­rip, ýag­tyl­an­dyr­ýar hem-de ja­dy­laý­jy te­bi­gy gö­zel­li­gi eme­le ge­tir­ýär. Bu ýe­r 1940-njy ýy­la çen­li nä­bel­li bo­lup­dyr. Hä­zir­ki wagt­da Guýi­lin se­bi­ti­ iň köp sy­ýa­hat­çy­lyk edil­ýän mer­kez­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di. Bu go­wak «te­bi­gy sun­gat köş­gi» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Reňk­li öwüş­gin­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýan köş­güň iç­ki gur­lu­şy ga­myş tüý­dü­ge meň­zeş bo­lan­soň, şeý­le at­lan­dy­ry­lyp­dyr.
Daş to­ka­ýy: Ma­da­gas­kar ada­sy­nyň gün­ba­ta­ryn­da­ky Me­la­ky se­bi­tin­de ýer­leş­ýär täsin «tokaý» mil­li­on­lar­ça ýyl­lyk ero­zi­ýa­la­ryň ne­ti­je­sin­de go­ri­zon­tal we wer­ti­kal geo­lo­gik gur­luş­lar hök­mün­de ýü­ze çy­kypdyr. Bu düz­lük iň­ňe uç­la­ry ýa­ly ga­ty ýi­ti we uç­ly ga­ýa­lar­dan we go­wak­lar­dan yba­rat. Bu tä­sin se­bit ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. To­ka­ýyň uzyn­ly­gy 666 km-dir. Bu ge­og­ra­fi­k se­bit­ haý­wa­nat dün­ýä­si­ne o di­ýen baý däl.

TAGLARGa­ra­gum ýal­ky­mySa­ha­ra­nyň gö­ziUly gök çukur
111
311
Lilia_
22.08.2023 12:21
Adamyň gözi barada gyzykly faktlar


Adamyň her bir gözi 107 million töweregi ýagtylyga duýgur öýjükleri özünde jemleýär;

- Adam gözi açyk ýagdaýynda asgyryp bilmeýär;

- Takmynan 10 000 ýyl mundan ozal ýer şaryndaky ähli adamlaryň gözleriniň reňkleri goňur bolupdyr;

- Gözlerimiziň diametri 2.5 santimetr bolup, onuň agramy 8 grama barabardyr. Kitleriň gözüniň agramy bolsa 1 kilograma barabardyr;

- Adam ortaça ömrüniň dowamynda 24 million töweregi şekil görýär;

- Täze doglan çaga 6-8 hepdelik bolýança onuň gözi gözýaş bölüp çykarmaýar;

- Adamyň gözi diňe 3 sany reňki, ýagny gyzyl, ýaşyl we gök reňkleri saýgaryp bilýär. Galan reňkler bolsa şu reňkleriň birleşmesidir;

- Bir gije-gündiziň dowamynda adam göz gyrpmak üçin 55 minut sarp edýär, ýagny adam 1 minutda 6-dan 17 gezege çenli gözüni gyrpýar. ( Aýallar erkeklere görä iki esse köp göz gyrpýar);

- Bir gezek göz gyrpmak üçin ortaça 0.05 sekunt gerek bolýar;

- Tehnologiýanyň ösmegi we sanly ulgamyň rewolýusiýasy adamlaryň durmuşynda kompýuter we şuňa meňzeş enjamlaryň üsti bilen giňden orun eýeledi, emma biziň görejimize zeper ýetirýän monitorlar däl-de , ekran bilen dowamly kontakt arkaly gözümize ýetýän ýadawlykdyr;

- Ýer ýüzünde diňe 1% adamlaryň çep we sag gözleriniň reňkleri dürli-dürlüdir. Muňa geterohromiýa diýilýär;

- Gözýaşlarymyzyň himiki düzümi näme sebäpden aglaýanlygymyza baglydyr;

- Häzirki wagtda medisinanyň ösmegi bilen adamyň köp organlaryny bir adamdan beýleki adama göçürip ( transplantasiýa ) bolýar. Emma häzirki wagta çenli göz transplantasiýasy mümkin däldir;

- Gyzyl reňkli göz diňe albinoslarda duş gelýändir , sebäbi olaryň organizminde melanin ýokdur;

- Goňur reňk iň köp duş gelýän göz reňkidir, ýaşyl reňkli göz bolsa iň az duş gelýändir;

- Garaňkyda görmek üçin niýetlenen enjamlar ähli zady ýaşyl reňkde görkezýän edilip bejerilmeginiň iki sany sebäbi bar:

1. Bu reňkli gammada detallary görmek aňsat.
2. Ýaşyl reňk adamyň gözüni kemräk ýadadýar.



Dilraba KADYROWA,

Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine
ýöriteleşdirlen 27-nji orta
mekdebiniň mugallymy
78
178
Lilia_
21.08.2023 20:21
💕
81
43
Lilia_
19.08.2023 23:18
Uran Gün ulgamyndaky 7-nji Planetadyr. Uran diametri boýunça Gün ulgamyndaky 3-nji uly planetadyr (1-nji Ýupiter; 2-nji Saturndyr) Massasy boýunça bolsa, 4-njidir (1-nji Ýupiter, 2-nji Saturn; 3-nji Neptundyr). Uran öz adyny Grek hudaýlarynyň birinden alýar (asman hudaýyndan)

Orbitasynyň aýratynlyklary
Günden ortaça uzaklygy
2.872.460.000 km.
19,2 AB

Perigel
2.741.300.000 km.
18,3 AB

Afeliý
3.003.620.000 km.
20,1 AB

eksentrisitet
0,046
Orbitasynyň ekliptika tekizligine gyşyklygy
0,77o
Günüň daşyndan aýlanma wagty
30 685,4 gün=
84 yıl

Kavuşum süresi
369,66 gün
Günüň daşyndaky ortaça tizligi
6,81 km/sek
Tebigy hemralarynyň sany
27
Ýerden seredeniňdäki aýratynlyklary
Ýere iň golaý mahaly
Ýere uzaklygy
2.581.900.000 km.
17,3 AB

Ýerden seredeniňdäki diametri
4,1 ýaý sekundy
Ýerden seredeniňdäki ýagtylygy
+5,3
Ýere iň daş mahaly
Ýerden uzaklygy
3.157.300.000 km.
21,1 AB

Ýerden seredeniňdäki diametri
3,3 ýaý sekundy
Ýerden seredeniňdäki ýagtylygy
+6,0
Fiziki aýratynlyklary
Ekwator diametri
51.118 km.
(4,01 x Ýer)

Polýus diametri
49.946 km.
Şekiliniň elliptiklik derejesi
0,023
Göwrüm
63 x Ýer
Massa
14,5 x Ýer
Dykyzlygy
1,27 g/cm3
Polýuslarynyň ekliptika tekizligine gyşyklygy
97,77°o
Öz daşyndan aýlanma wagty
- 17 s. 14 minut 24 sek.
Ekwatorynda dartyş güyji
8,87 m/s2
(0,9 x Yer)

Ekwatorda ikinji kosmos tizligi
21,3 km/sek
(1,9 x Yer)

Serpikdirme derejesi(albedo)
0,51
Ýüzüniň temperaturasy
58 K
72
66
Lilia_
17.08.2023 16:35
Wenera


Wenera (simwoly: ♀) — Gün ulgamynyň ikinji içerki planetasy, ol Günüň daşyndan 224,7 gije-gündiziň dowamynda aýlanýar. Oňa Rim panteonynyň söýgi hudaýy Weneranyň ady berlipdir.



Wenera + Suw
Oňa Zöhre ýyldyzy, Aşgam ýyldyzy ýa-da Daň ýyldyzy hem diýilýär.
82
95
Lilia_
16.08.2023 22:45
Ýer (astr. simwoly: 🜨) — Güne iň ýakyn 3-nji planeta. Gün ulgamynda bar bolan 8 planetanyň arasynda iň uly 5-nji planetadyr. Bu planeta başgaça "Dünýä", "Mawy planeta" hem diýilýär. 4,5 milliard ýaşynda diýip çaklanylýar, ilkinji milliard ýyly içinde bolsa ýaşaýyş emele gelendigi çak edilýär. Wenera we Mars planetalarynyň aralygynda ýerleşýär.

Planeta ady: ÝER
Üstiniň meýdany: 510 072 000 km2

Göwrümi: 1.08321 x 1012 km3

Agramy: 5.97219 x 1024 kg

Iň pes temperaturasy: -89.2 °C

Iň ýokary temperaturasy: 56.7 °C

Ortaça temperaturasy: 15 °C

Gün orbitasyndaky aýlawyny tamamlaýan wagty: 365.256363

Öz daşyndan aýlawyny tamamlaýan wagty: 23 sagat 56 minut 4.1 sekunt

Günden uzaklygy: 149 598 261 km
72
73
Lilia_
12.08.2023 04:17
Ýupiter


Ýupiter, Kerwengyran[1] (simwoly: ♃) — Günüň bäşinji planetasy, Gün ulgamynyň iň uly planetasy. Saturn, Uran we Neptun bilen bir hatarda gaz planetasy hökmünde synplandyrylýar.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi, Aşgabat – 2015, KERWENGYRAN [kerwönğğyran] I, at, asman j. Gün Äleminiň bäşinji we iň uly saýýarasy (Ýupiter planetasy).
85
73