Lilia_
12.09.2023 10:15
Düşünilmän öwrenilen bilim, ÿitirilen gaÿratdyr.
42
33
Lilia_
12.09.2023 05:24
Eliñizde ÿekeje çekiç bolsa, töweregiñizdäki her zady çüÿ ÿaly görersiñiz.
45
37
Lilia_
12.09.2023 00:01
Sutkada ýigrimi bäş sagatlap ýatmaň,
Tapawudyn biliň köşk bilen çatmaň.
Gazanyna ýeke çümmük duz atman,
Bişirlen nahara şor diýip ýörmäň.

Saýgaryň aýagy, agyzy, eli,
Saýgaryň tokaýdan bir çöpsüz çöli.
Asmandan däl,ýerden ýagaýsa doly,
Ýagan zady bilmän, gar diýip ýörmäň.

Açaýmasa yssy-sowguň arasyn,
Görmek gerek ol nadanyň çäresin.
Aňlamazlar şahyrlardan sorasyn,
Ýöne garpyz görüp,nar diýip ýörmäň.

Atajan TAGAN
48
57
Lilia_
11.09.2023 18:22
Söýgim  saklap  ýüregimiň  töründe,

Gujagňa  dolaýyn  bagra  bas  eje.

Elleriň  yzy  bar  şamar  örümde,

Serhoş  boldum  mähiriňden  tas eje.

 

Geçmişimde,  geljegimde,  ertämde,

Saçym  çöşlän şemal  ýüzüm  ýelpände,

Hyýallarym  gujagyňda  entände,

Şonda  özüm  bagtly  duýýan  has  eje.

 

Azan  sesi  ýaň  berip  dur  äleme,

Aý  görküni  saljak  bolýar  tärimden,

Ýetmek  üçin  arzuwlanan  kärime,

Ýollarymyz  biraz  aradaş  eje.

 

Roýuň  görüp  ýene  gezmäge  geldim,

Teşne  kalbym  mähre  ezmäge  geldim,

Çagalyk  tapmaçam  çözmäge  geldim,

Gündeligem,  durmuşymam bäş, eje!

 

Gujagyň  aç  gujagyňda  gowşaýyn,

Bagryňa  bas ýaňagyňdan  ogşaýyn,

Ýene  lälik  günlerime  ogşaýyn,

Bir  çene  baranam  bolsa  ýaş,  eje!

 

Endigim,  terbiýäm  goýup  bolmaýan,

Mahriňi  küýsedim doýup  bolmaýan,

Söýgüňe  batyrlan  temmiň  küýseýän,

Özgeleň  igenji göýä daş, eje!

 

Senli  günlerimde  ýaşaýan  erkin,

Gurupsyň  biz  üçin  jennetiň  berkin,

Binesip  bolmasyn  bu  bagtdan  herkim,

Gojalaram ene üçin ýaş, eje!

Bibi TAGANOWA
44
79
Lilia_
11.09.2023 14:06
Ärsary gyzy...

"Hoş geldiñiz" diýdiñ güler ýüz bilen,
Sary reñk köýnegiñ ýatlatdy güýzi.
Waspyñy aýdaýyn ajap söz bilen,
Gül bilen bäsleşen Ärsary gyzy.

Hyzmata başladyñ ýazyp saçagyñ,
Ýüzüñi gizledi gürje seçegiñ,
Tüýs diýýän gyzyda meniñ ejemiñ,
Bakyşy kalp deşer, Ärsary gyzy.

Goýduñ ses çykarman çaýly çäýnegi,
Has gowy synladym dakyp äýnegi,
Her näçe baksam-da tapmadym kemi,
Edebi görk goşar, Ärsary gyzy.

"Myhmansöýerligñiz öñdenem belli,
Ýöne gözelligiñ has aklym aldy",
Diýenimde ogryn seredip güldi,
Gülkä ýürek joşar, Ärsary gyzy.

Uzak günüm geçdi garap görküñe,
Sawçy ibermesem goýmaz erkime,
Aýagym kän düşsün bu öýe ýene,
Turaýyn,
Gün ýaşar, Ärsary gyzy

Kerim Hally
46
50
Lilia_
11.09.2023 10:00
Men seni söýýärin, çaksyz söýýärin,
Bermesem-de saña desse-desse gül.
Özüñe, özüñi berip bolsady,
Bolardyñ ýeke däl, esse-esse gül.
Duýgularym begdi, ýeñles başyma,
Olaram söýgiñe bolupdyrlar gul.
Gurbany bolaryn duýgularymyñ,
Galmasynlar garyp ýüregimde dul...
Men seni söýýärin, çaksyz söýýärin,
Hernä söýmek üçin soralanok pul.
49
48
Lilia_
11.09.2023 05:10
Ýeke goýup gitdiñ, duýmady asman,
Bulutlar sarsmady, ýagmady ýagyş.
Ýöne gözýaşlardan öllendi desmal,
Ýüregme çekildi ot bilen nagyş.
42
28
Lilia_
11.09.2023 00:00
Başyma uranda yşgyñ heseri,
Aýdym aýtdym, düzdüm ýüzläp eseri.
Hatda janymyda dözdüm,
Ýeke zat,
Diñe aýralyga dözmedim seni
44
36
Lilia_
10.09.2023 22:26
Ýamandan, ýagşyny döredip bolmaz,
Alymam garany, ak edip bilmez!
Dünýäniñ ýüzünde bir hakykat bar,
Eşek bolup doglan, at bolup ölmez.
44
67
Lilia_
10.09.2023 18:15
Durmuşda köp zatlar bilen üÿtgeşik bolmaga däl, az zatlar bilen bagtly ÿaşamaga çalyşmaly
44
39