Lilia_
16.09.2023 12:41
“Adamlaryň mertebesini beýgeldýän iki häsiýet bardyr: erkeklerde mertlik, aýallarda namysyny saklamak.
Napolion
44
61
2
Lilia_
16.09.2023 07:46
- Seni beýlekilerden tapawutly etmek üçin gije-gündiz üýtgäp duran bu dünýäde özüň bolup galyp bilmek iň uly mertlikdir.
48
85
4
Lilia_
16.09.2023 00:02
• Dymmat hiç wagt dönüklik etmeýän dost.
44
91
7
Lilia_
15.09.2023 20:55
Ynsan bu dünýäde özüniň näme isleýändigini, etjek-goýjagyny bilmelidir. Ederini bilmez adam hem edil ýaprak ýaly, ol ýerden başga ýere gaýar ýörer.
38
50
0
Lilia_
15.09.2023 14:26
– Sen nädip beýle giň göwrümli bolup bilýärsiň? – diýip sorapdyrlar. Derwüş bu sowala şeýle jogap beripdir:
– Okan ylymlarymyň hem-de durmuşda gazanan tejribämiň netijesinde bäş ýörelgä eýerip ýaşamagy özüme kada edindim:
1. Rysgymy hiç kimiň elimden alyp bilmejegine göz ýetirdim. Şeýdibem, arkaýynlaşdym.
2. Haktagalanyň meni gözden salmaýandygyna düşündim. Şonuň üçin hem utanç-haýany elden bermedim.
3. Meniň öz etmeli işimi hiç kimiň meniň ýerime edip bermejegine düşündim. Şonuň üçin hem gara zähmetden gaçmadym.
4. Iru-giç bir gün sanalgymyň doljagyna düşündim. Şoňa görä-de mydama ölüme taýynlyk gördüm.
5. Ýagşylyk bilen ýamanlyk diýilýän zadyň ikisiniň hem dünýede galýandygyna düşündim. Şonuň üçin ýagşy işlerimiň sanyny artdyrdym. Ýaman häsiýetlerimden el çekmäge çalyşdym.
53
110
2
Lilia_
15.09.2023 10:52
Bilmedigini sorap öwrenen-alym,
Soramagy namys eden-özüne zalym.
78
378
17
Lilia_
15.09.2023 07:21
“Geplemänkäň oňatja pikirlen, gepläniňden soň pikirlenmeziň ýaly”.
Wilýam Şekspir:)
42
43
1
Lilia_
15.09.2023 01:38
Ýalan adamlaryň ruhuna şeýle bir ornapdyr welin, dilimizde “Dogrusyny aýtsam…” diýip başlaýan sözlem bar”.
Dostoýewskiý
41
61
7
Lilia_
14.09.2023 22:23
Tolstoýdan sorapdyrlar:
– Siz nähili bagtly bolýarsyňyz?
– Bar bolan zatlaryma guwanýaryn, ýoklaryny asla pikir etmeýärin.
45
68
1
Lilia_
14.09.2023 15:34
Bir alymdan sorapdyrlar:
– Sizden az bilýändiklerine garamazdan, sizden has köp şöhrat gazananlar bar. Munyň hikmeti nämede?
– Men bilmek üçin öwrendim. Olar bolsa tanalmak üçin – diýip, jogap beripdir.
45
86
1
Yene yükle