Lilia_
18.09.2023 09:52
Jelaletdin Rumy şägirtleriniň biri bilen ýoldan barýarka, ýoluň gyrasynda iki sany köpek ýan–ýana ýatan eken. Ýanyndaky şägirdi:
– Käşkä ynsanlar hem şu itlerden görelde alsadylar, biri–biri bilen şular ýaly dost bolsadylar. – diýipdir.
Jelaletdin Rumy şägirdine şu jogaby beripdir:
– Aralaryna bir süňk okla bakaly, şonda görersiň olaryň nähili dostduklaryny.
36
29
Lilia_
18.09.2023 06:54
“Adamlar öz ýalňyşyna bagtlykalar däl-de, bagtsyzkalar düşünýärler”.

Daniel Defo
40
30
Lilia_
18.09.2023 00:11
Zäher ýylanyň özi üçin ýaşaýyş, adam üçin welin ajal.
45
36
Lilia_
17.09.2023 20:40
Mähir şarpygy!

Kakamyz bize käýäp biler, arasynda şarpygam çalyp biler. Ejemizem şeýle. Çünki olaryň haky bar. Üstümizde nijembir haklary bar. Onsoňam bir meselede käýelýärmiň, ýa bolmasa, aýdaly, “şarpyk” iýýärmiň, “kötek” iýýärmiň, durup özüňe garamaly: hökman etmesiz bir iş edensiň, diýlene gulak asan dälsiň, öz eňegiňe tutansyň, başyňy diklänsiň, belkem, aýagyňy gyşyk basansyň… Olaram ene-ata hökmünde, barlygymyza sebäpkärler hökmünde, bu ýalançyda wagtlaýynam bolsa eýämiz hökmünde, bize birgiden haklary geçen adamlar hökmünde gatyrganyp, käýäp bilerler, gerek bolsa, “şarpygam” çalyp bilerler. Beýtmekleri, olaryň ýüreklerinde bar bolan, olary dek oturtmaýan balalaryna bolan yssy mähiri, ýyly rehim-şepagat duýgusy bolmaly. (Muny ata-ene bolanlar oňat bilýändir). Olary biziň üstümizde kökenek edýän, üstümize ganat gerdirýän şol duýgudyr. Bizi söýändikleri üçin, bizi erbetliklerden gorajak bolýandyklary üçin şeýdýändirler. Kämahal bu meseläniň “şarpyga” çenli baryp ýetmegi bolsa, biziň sähel-mähel nesihata gylymyzyň gymyldamaýandygyndandyr. Nesihat ýokmasa, öwüt kär etmese, bize oňa görä birneme gatyrajygyny – şarpygy dadyryp görerler. Ýöne şonda-da olaryň maksady üýtgemez: olar bizi barýan ýalňyş ýolumyzdan gaýtarmak isleýändirler. Hatda bize gatyrganyşlary näçe güýçli bolsa, bize bolan mähir-muhabbetleri hem şonça güýçlüdir diýseňem boljak.

Ene-ata şoňňaly bolsa, ol duýguny olara beren Ýaradan nähilikä? Ol biz hakda nähili “aladalanýarka”? Biziň ýalňyş ýola düşmegimiz Ony nähili “gynandyrýarka”? Ýaman pälimizden gaýtarmak, barýan ýalňyş ýolumyzdan alyp galmak üçin Ol bize näme edýärkä? Ýöräp barýarkak büdreýärmikäk, bir ýere maňlaýymyz degýärmikä, ýa aýagymyza tiken çümýärmikä, ýa bolmasa, düzelýänçäk işimiz ugruna bolanokmyka? Hawa, onça şowsuzlygyň, onça bela-beteriň, onça keseliň hökman bir manysy bolmaly. Birem däl, belki-de birgiden. Şoňňaly-da takdyr adamy pälinden gaýtarjak bolýan bolmaly; çünki bu, çopanyň goýunlaryna kesek atyp, “Gaýt yzyňa!” diýişine çalym edýär. Hatda öz erk-islegimiz bilen gaýtmagymyz islenýän ýaly. Görüp otursaň, adama goýulýan sarpa uly, adam adam ýerinde goýulýar… Birentekleri şondan soň toba-da gelýär, apyla-sapyla-da sowulyp gidýär. Adam has beterinden gorkmaly.
38
49
Lilia_
17.09.2023 17:52
“Nesihat edýän kişi hemmeden öňürti aýdýan zadyny özi etmelidir, ynandyryjy bolar ýaly”.
38
79
Lilia_
17.09.2023 13:33
“Bir töhmet başga töhmetleriň döremegine sebäp bolar”.
Wilýam Şekspir
39
122
Lilia_
17.09.2023 09:01
● Dünýäde adamy adam eden onuñ wagta bolan gatnaşygydyr.
45
52
Lilia_
17.09.2023 00:00
• Hemme zatda gözellik bar, ýöne ony görmek hemme kişä berilmeýär.
46
43
Lilia_
16.09.2023 20:15
• Aslynda durmuş ýönekeý, ýöne biz ony çylşyrymlaşdyrýarys.
41
40
Lilia_
16.09.2023 17:09
Öýüň erkegi agşam işden gaýdyp gelende öýüň içi çalam-çaşdy. Saçak ýygnalmandyr, gap-gaçlar duran-duran ýerinde, halynyň üstündäki hapa aýak yzlar henizem syrylman eken, ýorgan-düşek galdyrylman dur, gijelikler, joraplar o taýda-bu taýda dagaşyp ýatyr. Üstesine agşam naharam taýyn däldi.

Gany depesine uran adam öýüň içinde ters öwrülip aýalyny gözledi. Aýaly bolsa, balkonda bir oturgyja jaýlaşykly ornaşypdyr-da, kitap okap otyran eken. Ýarym gaharly, ýarym aladaly äheňde ondan:

– Bu gün saňa ne döw çaldy? – diýip sorady.

Aýaly perwaýyna-da däl ýaly, oňa tarap çala gözüni aýlap:

– Hiç, jan ýoldaşym! – diýdi, “Her gün agşam gelip: “Uzakly gün öýde näme edýän zadyň bar?!” diýip, soraýardyň-a. Ine, bu günem şonuň üçin hiç zat etmedim. Öýde nämeler edýändigimi göreriň ýaly”.    

(Ýazyjy näbelli)
43
76