Lilia_
22.09.2023 10:02
Geçip barýar ýaşlyk döwrüm,
Ýollar bolsa öwrüm-öwrüm,
Gamgyn çagym diňläp böwrüm,
Ýürek sesim duýmazmy?
Adamzadyň ömri gysga,
Hasrat çekýän iki esse,
Sen asmanda, men zeminde,
Aýym nazar salmazmy?
El uzatsam, elim ýetmez,
Keşbiň göz öňümden gitmez,
Sensiz ak daňlarym atmaz,
Ahy-zarym duýmazmy?
Sensiň meniň Günüm-Aýym,
Birje pursat soraý halym,
Bagyş eýläýin dünýe-malym,
Söwer ýarym gelmezmi?
Seň ýoluňa gül düşäýin,
Gözleriňden ogşaýyn,
Ömürlik bagtly ýaşaýyn,
Meniň bagtym gelmezmi,
Ýürek zarym duýmazmy?
Şähribossan Geldimämmedowa
41
37
Lilia_
22.09.2023 05:21
SÄHER BILEN SÖHBET
Ak daňlaryň, meňzine,
Goýup gülgün möhüriň.
Şükür, ýene gelipsiň,
Salamälik, säherim.
Eda bilen näz edip.
Agaçlar sülmüreşiň.
Ýerdäki sary ýaprak,
Ah, sen menin dertdeşim!
Serhoş bolan gök otlar,
Urunýarlar ikiýan.
Säher şu wagt täze bir,
Bäşilenji okean.
Diýýärin: "Gümra bolsaň.
Demsalym epjek dyzym".
Säher diýýär: "Elenip,
Gel ýanyma, ýalňyzym".
Towlanjyrap akar suw,
Akyp ýatyr salmadan.
Beýhuş eden bu pursat,
Ah, nämekä bilmedim?!
Säher sana güzerde,
Şol aňk bolup otyryn.
Ertir garaş bu ýerde,
Saňa goşgy getirin.
Şähribossan Geldimämmedowa
41
38
Lilia_
21.09.2023 13:43
Çagalykdan allalan,
Akja arlyga dolan,
Sallançakda hüwdülän
Eneleriň ýüregi.
Älem-jahanyň yşgy,
Jennetiň köňül köşgi,
Mähir-muhabbet keşbi
Eneleriň ýüregi.
Ýylgyrsa Gün säherli,
Mylaýymja mähirli,
Ýada salar bahary
Eneleriň ýüregi.
Sesleri – ýag ýakymly,
Sözleri dür akylly,
Nuranadan asylly
Eneleriň ýüregi.
Ýagmyr ýagsa, diňdirer,
Daglaň garyn indirer,
Nurun ýere siňdirer
Eneleriň ýüregi.
Aý nurundan döreden,
Melekleri ýaradan,
Ýüreklerde ýer eden
Eneleriň ýüregi.
Güljemal Garaÿewa
38
36
Lilia_
20.09.2023 23:28
Goýy gyzyl güller, gyrmyzy güller,
Äleme, jahana gözellik bolar,
Diňe ýagşylygy ýadyňa salar
Goýy gyzyl güller, gyrmyzy güller.
Alysdan özüne çekip durandyr,
Gözelligi bilen bakyp durandyr,
Bakylykdyr, göze ýakyp durandyr
Goýy gyzyl güller, gyrmyzy güller.
Gözellerden gözelligi alandyr,
Şondan has owadan bolup galandyr,
Behişdi ― jenneti ýada salandyr
Goýy gyzyl güller, gyrmyzy güller.
Ýörite gelenim alys ýol aşyp,
Begençli bolanym ýüregim joşup,
Sowgat äkelenim on sekiz ýaşap,
Goýy gyzyl güller, gyrmyzy güller.
Hergiz gelen wagtym göwnüm hoşlansyn,
Ýaşamaga, durmuşa höweslensin ,
Ömrüm size meňzeş bolup başlansyn
Goýy gyzyl güller, gyrmyzy güller.
Rozygül HUDAÝBERDIÝEWA,
38
20