Lilia_
30.09.2023 19:15
Gowy kitaba tötänden duş gelen adamyň şondan soň bütin ykbalynyň başgaça bolup gitmegi mümkindir.

                          E. Prewo.
46
44
Lilia_
30.09.2023 14:41
Ýagşylyk – adamlary bir-birine baglaýan altyn zynjyrdyr.
51
62
Lilia_
30.09.2023 08:54
SÖÝGÄ DÜŞÜNMEK ?!
Berlipdir dünýäde söýgi diýlen zat,
Ol her kime nesip etmez dogry zat,
Diňe öz ýaryňa wepadar bolsaň,
Söýgä göz ýetirsiň, şonda adamzat!
51
41
Lilia_
30.09.2023 00:03
Edil kalbymdaky harasat kimin,
Bu gije şeýlebir şuwlaýar şemal.
Öñýetene kalbyn duwladar ýaly,
Eje,gyzyñ doguldymy bikemal?

"Ýok,beýle däl"diýjegiñi bilýän señ,
Bilýän arka durjagyñy dogmaña.
Çagalykda garagolluk edäýsem,
Hemmeden öñ hossar çykardyñ maña.

Emma indi düşün,çaga däl gyzyñ,
Käýe, ýykylsamam,ýyksamam käýe.
Señ dözmäniñ üçin indi özgeleñ,
Zyñýan kesekleri degýär men taýa.
51
41
Lilia_
29.09.2023 23:45
Saç ýuwmagyň ýygylygynyň görnüşine, gaýtadan işlenişine we hatda reňkine baglylykda üýtgeýändigini bilýärdiňizmi?

Göni ýa-da tekiz saçlar. Göni saçly adamlar beýleki adamlar bilen deňeşdirilende oňaýsyz bolup bilerler. Çünki egrilen saçlarda peýda bolan ýag göni saçlara garanyňda az ünsi özüne çekýär. Hut şol sebäpden ony egrilen saçlardan has ýygy, ýagny hepdede 3 ýa-da 4 gezek ýuwmak hökmanydyr.

Bükülen (küdür) saçlar. Maglumatlara görä, bükülen saçlar hepdede 2 gezek ýuwulýar. Duşda saçlaryňyzy daramak bilen işiňizi aňsatlaşdyryp bilersiňiz. Bu görnüşdäki saçly adamlara saçlaryny guratmajak şampunlary we kremleri ulanmak maslahat beriilýär.

Inçe saçlar. Inçe saçlar, gynansak-da, ýagy we kepegi beýleki saç görnüşlerine garanyňda has köp görkezýär. Kelläňizdäki artykmaç ýag sebäpli biraz kynçylyk çekip bilersiňiz. Saçyňyzy her gün ýuwmak islegi barada dogry aýdyp bilersiňiz, ýöne uzak wagtlap dowam eden barlaglaryň netijesinde saçyňyzy ýuwýan günleriň ýygylygyny azaldyp bilersiňiz. Ilki bilen bir gün dynç almaga synanyşyp bilersiňiz. Wagtyň geçmegi bilen saçyňyz bu ýuwulýan ýygylyga öwrenişip biler. Belki-de, bu usuly synap görmek iň oňady bolup biler.

Boýalan saçlar. Bu hili saçlara boýag we ýylylyk zeper ýetirip biler. Munuň iň oňat çözgüdi, saçlary ýagly kremler we serumlar bilen iýmitlendirmekdir. Bejerilen saçlaryňyzyň boýagyny seresaplylyk bilen ulanmak üçin, zerur bolanda ýuwuň.

Goýy reňkli saçlar. Gara saçly adamlaryň käbir artykmaçlyklary bar bolsa-da, ýuwmak meselesinde olar has şowsuzdyrlar. Saçyň parlaklygyny has gowy görkezýän we iri görünýän gara saçlar, ýaglylygy has köp görkezýär. Şeýle-de bolsa, gara saçly adamlar saçlaryny hepdede 3 gezek ýuwmaly. Her gün suwa düşüp saçlaryňyzy ýuwsaňyz, saçyňyz janlylygyny ýitirip bilersiňiz.

Açyk reňkli saçlar. Açyk saçly adamlar şöhle saçmak nukdaýnazaryndan has bagtly bolup bilerler. Şeýlelik bilen, sulfatsyz ideg kremleri bilen saçlaryna janlylyk goşmak bilen, hepdede 4 gezek ýuwmagyň ýygylygyny kesgitläp bilerler.

Eýsem, siziň saçyňyz haýsy görnüşde?

Sona ARAZGELDIÝEWA,
46
74
Lilia_
29.09.2023 20:19
Kitaplar päkize, rehim-şepagatly özbaşdak bir dünýä bolup, biz olaryň arasynda ýaşap we bagtly bolup bileris.

                                                                                                U. Wordswort.
49
58
Lilia_
29.09.2023 12:12
Ynsan ýaşlygynda öwrener, garrylygynda düşüner.

EŞENBAH
61
150
Lilia_
29.09.2023 08:08
Öwrenmegiň iň gowy tarapy-da, bilimiňi senden hiç kimiň alyp bilmeýänligidir.
41
27
Lilia_
29.09.2023 01:47
Maňa bir kän zat gerek däl,
Söz bilen göwnüm awlasaň.
Mähre zarlykdan kereplän,
Kalbymyň halyn aňlasaň.

Maňa bir kän zat gerek däl,
Ynam berseň, ynandyrsaň.
Özge hiç zada seretmän,
Bu gudraty ynandyr sen!

Maňa bir kän zat gerek däl,
Söýgi sözleň tirip bilsem.
Diňe hakykat gereklän
Ýüregime girip bilseň.

Gülşirin Hanowa 
46
36
Lilia_
28.09.2023 20:25
Kitap-ynsan göwnüniň dünýäni synlaýan aýnasydyr. Kitapsyz jaý, penjiresiz otagdan enaýy däldir.

                                                                                                        R. Wilson.
50
40