Lilia_
07.10.2023 21:51
Ýaranjaňlygyň çägi
Başlyk gülse gülüp, aglasa aglap,
Çyn dost deý kalbyny eýeläp barýañ.
Huşuñda şeýleräk, düýşüñde welin,
Onuñ kürsüsinde özüñi görýäñ.
Bir iş buýrsa iki esse edersiñ,
Yzynyñ üç tonna gybaty bilen.
Dogry ýoldan ýöräp barýansyñ öýdüp,
Çapyşýañ durmuşyñ Gyr aty bilen.
Öz ýüküñ hakynda edeñok pikir,
Iliñ agyr ýükün, gerdenñe atyp.
Baýyñ tabakdaşy bolmak islegi,
Bilen nyrhsyz günleñ barýandyr ötüp.
Sen işiñe ussat, şonuñ üçinem,
Saña maýyl şöhrat islän Horazlar.
Munda günleñ añsat, emma "Bakyda",
Ýok bolmagy ahmal şöhratparazlar.
KERIM HALLY
49
45
Lilia_
07.10.2023 10:12
Sönmejek duýgy
Aý aýlanyp ýyllar geçdi duşumdan,
Geçmişim hem öz özünden saralar.
Ýatlamokdym, peýda bolduñ düýşümde,
Seret, hiç bitmejek ýatyr ýaralar.
Neneñ beýle söýüp bolar adamy,
Söz berdim bolonok, söýmejegme,
Ýöñe dakjak gyzym bolsa adyñy,
Her gezek ýatlasam dolsun gujagma.
"Söýdi seni çendenaşa" diýseler,
Üns berme, ýönekeý sönmejek duýgy.
Öz ýoluñ, öz bagtly ykbalyñ bilen,
Garylmasyn maña galan şol gaýgy.
Ýyldyz hem söýüpdir bir wagt Aýy,
Emma ýetip bilmän galdy saralyp,
Ähli gussa dolan aýdymlar ýaly,
Ýa biz gitdik ýa-da geldi aýralyk.
Öz guran ýeketäk köňül köşgümi,
Geçdi şygyr ýazyp geçmejek günim.
Säher Gün doganda ýatlap keşbiñi,
Dileg edýän bagtyñ bolsun söýgülim.
Awtory: Jemşit Hajymämmedow
47
51
Lilia_
06.10.2023 17:02
Iňlis dilini suwara öwrenmek üçin näçe wagt gerek we haýsy elýeterli çeşmelerimiz bar?
Iňlis dilini bilmek üçin näçe söz öwrenmeli soragynyň jogaby köpleri gyzyklandyrýan bolsa gerek! Şeýle hem Iňlis dilini öwrenmek üçin näçe sagat wagtymyzy dil öwrenmek üçin sarp etmeli bolarys? “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň resmi saýtynyň döredijilik topary siziň üçin bu soraglaryň jogaplaryny taýýarlapdyrdylar.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagta çenli “Makul sözlük-akylly sözlük” taslamasynyň çäklerinde, iňlis dilini uludan kiçä, ählimize aýratynlykda taýýarlanan köp sanly işler durmuşa geçirildi.
Bellemeli zat, iňlis dilini öwrenmek üçin diňe sözleri bilmek ýeterlik bolman, eýsem, grammatik taýdan hem iňlis dilini öwrenmek gerek. Biz bu makalamyzy söz baýlygy nukdaýnazaryndan taýýarladyk. Iňlis dilini öwrenmek prosesi umuman 6 basgançaga aýrylýar we olar – “Beginner”, “Elementary”, “Intermediate”, “Upper Intermediate”, “Advanced” we “Proficiency” basgançaklarydyr. Bu basgançaklar degişlilikde, halk arasynda A1, A2, B1, B2, C1 we C2 basgançaklary ady bilen bilinýär.
A 1 derejesi ýa-da “Beginner”
Iňlis dilinde A1 derejesi, iňlis dilini öwrenmek üçin iň aşaky basgançak kabul edilýär. Dogry “A0” basgançagyny hem bellemek gerek. “Starter” basgançagy hem diýip aýdylýan “A0” basgançagy üçin 100 söz bilmek gerek diýip kabul edilýär. “Starter” derejesinde Iňlis dilini öwrenmek üçin 45 sagat ýeterlik.
“Beginner” basgançagy ýagny A1 üçin bolsa 500 söz bilmek gerek! Bu basgançagyň IELTS synagyndaky baly “2.5; 2.0” bolsa, olar TOEFL synagynda “0-39” arasynda bal alyp biler! “Beginner” derejesinde Iňlis dilini öwrenmek üçin biz 90-100 sagadymyzy sarp etmeli bolarys!
Mälim bolşy ýaly, “Makul Sözlügiň” Çagalar üçin sözlük bölümi bolan “Suratly Sözlük” bölüminde 375 sany suratly söz iňlis we türkmen dillerinde ýazmaça we sesli berilýär. Şeýle hem, “Oýunly Sözlük” bölüminde bu 375 sany söz oýunlaryň üsti bilen özleşdirilýär. Bu bolsa, bu bölümdäki sözleri doly özleşdiren çagalaryň A1 derejesine ýakyn derejede iňlis dilini özleşdirip biljekdigini görkezýär.
“Oýunly Sözlük” we “Suratly Sözlük” bölümleri üçin degişli ýere basyň!
A2 derejesi ýa-da “Elementary”
Bu bölümi özleşdirmek üçin ortaça 1000 söz bilmek zerur diýlip kabul edilýär. Bu basgançagyň IELTS synagyndaky baly “3.5; 3.0” bal bolsa, olar TOEFL synagynda “40-56” arasynda bal alyp biler! “Elementary” derejesinde 180-200 sagady aralygynda wagtymyzy Iňlis diline sarp etmeli bolarys!
Makul Sözlügiň “Suratly Sözlük”bölümine her bir surat we söz üçin çagalar üçin ýeňil boljak bir sözlem ýerleşdirildi we suratdaky sözler sözlemler bilen has aňsat özleşdiriler ýaly şert döredildi. Bu sözlemleri özleşdirilenler jemi 1080 sany sözi öwrener. Bu bolsa, olara “Elementary” derejesinde Iňlis dilini öwrenmek üçin mümkinçilik döreder!
“Oýunly Sözlük” we “Suratly Sözlük” bölümleri üçin degişli ýere basyň!
B1 derejesi ýa-da “Intermediate”
Intermediate derejesinde Iňlis dilini bilmek üçin 2000 sany söz bilmek gerek diýip kabul edilýär. Bu basgançagyň IELTS synagyndaky baly “5.0; 4.5” bal bolsa, olar TOEFL synagynda “57-86” arasynda bal alyp biler! “Intermediate” derejesinde Iňlis dilini öwrenmek üçin azyndan 350-400 sagadymyzy bu dile aýyrmaly bolarys.
Makul Sözlügiň “Makul Sözlem” bölüminde jemi 700 sözlem berilýär. Bu sözlemler durmuşda iň köp ulanylýan sözlemler bolup, “Oýunly Sözlem” bölümi bilen şol sözlemleriň düzüliş usullary doly düşündirilýär. Bu bolsa, “Intermediate” derejesinde Iňlis dilini öwrenmek üçin
“Makul Sözlem” we “Oýunly Sözlem” bölümleri üçin degişli ýere basyň!
B2 ýa-da “Upper Intermediate”
“Upper Intermediate” derejesinde Iňlis dilini bilmek üçin 4000 sany söz bilmek gerek diýip kabul edilýär. Bu basgançagyň IELTS synagyndaky baly “6.5; 6.0” bal bolsa, olar TOEFL synagynda “87-109” arasynda bal alyp biler! “Upper Intermediate” derejesinde Iňlis dilini öwrenmek üçin 500-600 sagadymyzy sarp etmeli bolarys!
“Makul sözlem” bölümi jemi 4300 sözden ybarat bolup, bu bölümi özleşdirenler Iňlis dilini “Upper Intermediate” derejesinde öwrenmek üçin mümkinçilige eýe bolarlar.
“Makul Sözlem” we “Oýunly Sözlem” bölümleri üçin degişli ýere basyň!
C1 ýa-da “Advanced”
“Advanced” derejesinde Iňlis dilini bilmek üçin 8000 sany söz bilmek gerek diýip kabul edilýär. Bu basgançagyň IELTS synagyndaky baly “8.0; 7.5” bal bolsa, olar TOEFL synagynda “110-120” arasynda bal alyp biler! “Advanced” derejesinde Iňlis dilini öwrenmek üçin 700-800 sagat möçberinde wagtymyzy Iňlis diline sarp etmeli bolarys.
C2 ýa-da “Proficiency”
“Proficiency” derejesinde Iňlis dilini bilmek üçin 16000 sany söz bilmek gerek diýip kabul edilýär. Bu basgançagyň IELTS synagyndaky baly “ 9.0; 8.5” bolsa, olar TOEFL synagynda iň ýokary baly alyp biler! Iňlis dilini suwara bilmek aňsat däl, bu köp zähmeti we wagty talap edýär. Iňlis dilini örän gowy derejede öwrenmek üçin 1000-1200 sagat wagtymyzy bu dile sarp etmeli bolarys. Bu bolsa her günde 1 sagat iňlis dilini öwrenmek üçin aýyrsak, “Proficiency” derejesinde Iňlis dilini öwrenmek üçin azyndan 3 ýyl wagt gerekdigini görkezýär.
“Makul Sözlük” özünde jemi 15790 sany sözi özünde jemleýär. Bu bolsa, “Makul Sözlügiň” “Proficiency” ýagny, örän gowy derejede Iňlis dilini bilmek üçin ýeterlikdigini görkezýär.
Çeşme: atavatan-turkmenistan.com
45
61