Lilia_
10.10.2023 11:29
Eger seniň ýeňsäňden tüýkürýän bolsalar, onda diýmek, sen olardan öňdesiň...
46
99
Lilia_
10.10.2023 00:27
Söz manysyny aňmaýan bolsaň, onda adamlary tanajak bolup, azara-da galyp ýörme.
44
49
Lilia_
09.10.2023 23:52
Maňa ýürek goýduň
Içi küýsegden,
Daşy gat-gat arman bilen örtülen.
Maňa ýürek goýduň,
Kemşerip galan
Wysala ýetmejek söýgüsi bilen.
38
42
Lilia_
09.10.2023 17:13
SÖZÜŇ GÜÝJI (tymsal)
Oglanjyk pianino çalmaga şeýle bir höwesli eken, emma saz mugallymynyň aýdan tankydy sözleri onda ýaramaz täsir galdyrypdyr. Saz mugallymynyň pikirine görä, onuň barmaklarynyň  gysga we gödeňsiligi sebäpli, ondan pianinoçy çykmagy mümkin däl. Şol sebäpden hem mugallym onuň pianinony däl-de, klarneti saýlamagynyň has gowy boljakdygyny aýdypdyr. Oglanjyk pianino çalyp bilmejekdigini eşdip, öz ýanyndan gynansa-da, umytdan düşmän, klarnet çalmaga synanyşypdyr. Emma klarnet çalmagy öwredýän mugallym hem onuň dodaklarynyň klarnete uýgunlaşmaýanlygy üçin, bu saz guralyny çalmazlygy maslahat beripdir. Şunlukda, oglanjygyň höwesi gaçyp, saz äleminden umydyny üzmäge mejbur bolupdyr.

     Günlerde bir gün bu oglanjyk meşhur pianinoçy Anton Rubinşteýne gabat gelipdir. Ussat pianinoçy oglanjyga şol wagta çenli hiç kimiň aýtmadyk ylham beriji sözlerini aýdypdyr we onuň pianino çalmaga bolan söýgüsini güýçlendiripdir. Şonda ol oglanjyga: «Eý, ýaş ýigit, sende pianino çalmaga ukyp bar. Dogrusy, seniň oňat pianinoçy bolup ýetişjegiňe berk ynanýan, emma sen munuň üçin günüň dowamynda ýedi sagat türgenleşmeli bolarsyň» diýipdir.

     Şol güne çenli oglanjygyň ähli umydy kimdir birinden ylham beriji sözi eşitmek eken. Rubinşteýn bolsa, onuň garaşýan sözlerini aýdypdyr. Özünde täsir galdyran bu sözlere amal etmek üçin oglanjyk uly höwes, hyjuw bilen zähmet çekipdir we geljekde ussat pianinoçy bolup ýetişipdir. Ylham beren ýönekeýje sözler çagajykda bar bolan, emma umytsyzlykdan gurap galan mümkinçiliklerini açmaga ýardam edipdir, ondan daşgary ganat beren bu sözler oňa bütin ýyllaryň dowamynda «ylham nury» bolup, daş-töweregine öwüşgin çaýyp durupdyr. Biziň gürrüňini edýän gahrymanymyz Jon Podowskidir we ol öz döwrüniň talantly pianinoçysy bolupdyr. Onuň bu meşhurlygynyň syry hem şol ýönekeýje sözüň güýjüdür.

Ýekeje söz durmuşyňyzy düýpgöter üýtgedip bilýär. Söz uly güýçdür. Şonuň üçinem birek-birege diňe hoş sözleri aýdalyň!

 

Taýýarlan: Gurbanmyrat GURBANOW
46
55
Lilia_
09.10.2023 13:41
24 sagat: Ýer ýüzünde bir günde nämeler bolup geçýär

Biziň ýaşaýan dünýämizde 24 sagadyň dowamynda ululy-kiçili täsin wakalardyr hadysalar bolup geçýär. Biz köplenç bu wagty bolaýmaly ýaly, ähmiýetsiz hasaplaýarys, ýöne käbir jandarlar üçin Ýer ýüzüniň bir güni bütin ömürdir.

Ýer ýüzünde bir günde nämeler bolýar?

7 ýertitreme, 18 müň tüweleý, 8,6 million ýyldyrym.

Takmynan, 18 million adam doglan gününi belleýär.

Takmynan, 365 müň adam dünýä inýär.

Her gün bir agaç planetanyň iki ýaşaýjysy üçin ýeterlik bolan kislorody bölüp çykarýar.

Orta hasap bilen her birimiz günde 15 gezek gülýäris.

Ynsan ýüregi günde 104 müň gezek urýar.

Kagyz haltalary ýasamak üçin 40 müň agaç, hajathana kagyzy ýasamak üçin 27 müň agaç kesilýär.

Ösümlikleriň, mör-möjekleriň, guşlaryň we süýdemdirijileriň 150-200 görnüşi daş-töweregiň hapalanmagy, ýeriň zaýalanmagy we daşky gurşawa zeper ýetmegi sebäpli ýok bolar.

Hytaýly daýhanlar 510 müň tonna tüwi ýygnaýarlar.

Dünýä ýüzi boýunça 1,700,000 tonna miwe ýygnalýar.

Ortaça, her bir adam takmynan 48 müň sany söz aýdýar.

Bütin dünýädäki towuklar 190 million ýumurtga berýärler.

Dünýädäki adamlar her gün hajathananyň suwuny 22 milliard gezek goýberýärler. Bu suw mukdaryna adamzadyň ýarysy suwa düşüp bilerdi.

142 müň awtoulag öndürilýär. Eger bu täze öndürilen awtoulaglar zynjyr görnüşde hatara düzülen bolsa, olaryň uzynlygy takmynan 512 kilometre barabar bolardy.

Adam her gün 23 müň gezek dem alýar.

Adam bedeninde her günde 50 trillion öýjük ölüp, täzeden döreýär.

Adamyň 40 — 100 aralygynda sany saçy dökülýär.

Adamlar bir günde 800 million apelsin, 1 milliard alma, 1,5 milliard sany bolsa banan iýýärler.

Adam saçlary 0,35 millimetr ösýär.

24 sagat maýyp güjügiň gysga ömri.

Bir günde adamlar şulary satyn alýarlar:

• 570 müň sany telewizor;

• 3,4 million sany telefon;

• 540 million sany gazet;

• 820 müň sany golf topjagazy.

Her günde 2753 sany kitap çap edilýär.

Ýer ýüzünde 24 sagadyň dowamynda Gün bir gezek dogup, bir gezek batýar. Şeýle-de bolsa, Halkara kosmos stansiýasynyň (ISS) astronawtlary günde 16 gezek Günüň doguşyny we 16 gezek Günüň batyşyny görýärler.

Ýer togalagymyzda her günde bolup geçýän wakalar örän köp bolsa-da, köplenç olara ähmiýet bermeýäris. Bir günde köp sanly janly-jandar dünýä inýär we ölýär, ekinler ösýär we miweler bişýär, köp mukdarda önüm öndürilýär. Tebigatyň ýaşaýşy yzygiderli ösüp-ýetişip dowam edip dur, adamzat işleýär, kämilleşýär.

24 sagadyň içinde milliardlarça jandar üçin ýaşaýyş üpjün edip, ullakan özgerişler sikli başdan geçirilýär. Bu zatlaryň ählisi planetamyzy her pursatda ajaýyp wakalaryň bolup geçýän ýerine öwürýär.
49
125
Lilia_
09.10.2023 08:48
Iňlis dilinde “month”, “orange”, “silver”, “purple” sözleriniň kapyýalaşýan sözleri ýokdur.

Terjime edilen “düýş, düýş görmek” diýmekligi aňladýan “dreamt” sözi ýeke-täk “mt” harpy bilen gutarýan sözdür.

Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gepleşik dilinde ulanylýan iňlis dili nemes, latyn, fransuz dilleriniň birleşmeginden emele gelipdir.

Iňlis dilinde “set” sözüniň beýleki sözlere seredende has köp kesgitlemesi bar.

“Underground” sözi “und” bilen başlanýan we şol bogun bilen gutarýan ýeke-täk sözdür.

Iňlis dilinde ulanylýan sözleriň sany diýseň köp bolup, ortaça her 3 sagatdan täze söz goşulýar.

Ýer ýüzünde iňlis dilinde gepleýänleriň sany ortaça 1,6 mlrd deň.

Iňlisçe iň uzyn bir bogunly söz “screeched”.

“Tremendous, horrendous, stupendous, hazardous” diýen dört sözler “dous” bilen gutarýan ýeke-täk sözlerdir.

Iňlis dilinde iň köp ulanylýan harp “e” harpydyr.

Oksford sözlügine görä, iň uzyn iňlis sözi – “pneumonoultramicroscopicsilicovolcanokoniosis”.

Iňlis dilinde diňe bir sözde harplar gaýtalanman ýazylýar. Ol söz 15 harpdan ybarat bolan “uncopyrightable” sözüdir.

Iň köp peýdalanylýan sypat “good” we “well” sözleridir. Belli bolşy ýaly, bu sözleriň ikisi-de “gowy” diýmekligi aňladýar.

“The quick brown fox jumps over the lazy dog” diýen sözlemi iňlis diliniň elipbiýindäki ähli harplary bar bolan sözlemdir.

Dünýä derejesinde çap edilýän makalalaryň, habarlaryň agramly bölegi, ýagny 98% – i iňlis dilindedir.

Akmaral ROZYÝEWA
43
27
Lilia_
09.10.2023 00:14
Köplenç durmuşda göwünde beslän arzuwlaryňa tarap barýan ýolda «hiç zat mümkin däl!» diýýärler. Şeýle mazmundaky sözler size nähili täsir edýär? Oňa gulak asyp oturmalymy ýa-da diňe öňe sary ymtylmalymy? Elbetde, ilkinji nobatda özüňe ynanmagy başarmaly we näme bolsa-da arzuwlaryňyzyň başa barmagy ugrunda yhlas etmeli. Aslynda, «çarçuwalaryň» ýagny çäkleriň diňe kellämizde bardygyny ýatdan çykarmalyň. 

Mümkin bolmadyk «mümkinçiliklere» nädip ýetmeli?

Pikirleriňizden başlaň. 

Hemme zat pikir bilen başlaýar. Içki pikiriňiz, isleýän zadyňyz aýdyň bolmaly. Islegler bulaşyk bolanda, ol oňyn netijelere-de ýetirmeýär. Pikirleriň amala aşmagy bolsa hereketlere baglydyr. Adam näme isleýändigini anyk bilse, onda ol oňa ýetmek üçin ähli zady edýär. 

Ünsüňizi jemläň. 

Üns her bir zatda gaty möhümdir. Ünsüňizi, wagtyňyzy we güýjüňizi dogry ýerde dogry zada sarp etseňiz, garaşylýan netije siziň bilen bolar. Ünsüňizi sowýan zatlara üns bermän, ähli pikirimiz maksadymyzda bolmaly. 

Arzuwlaryňyzy çäklendirmäň. 

Islegleriňizde sada bolmaň. Iň gowusyny arzuw ediň. Hatda düýşüňizde hem özüňizi çäklendirseňiz, hakyky durmuşyňyz hem garyp bolar? Pikir ediň, arzuw ediň, göz öňüne getiriň. Käbir adamlar muny wagt ýitirmek we biderek zat diýip hasaplaýarlar. Aslynda, arzuwlar hyýaly oýandyrýar, aňy güýçlendirýär we täze pikirleri döredýär, has gowy netijelere ýetmäge kömek edýär. 

Şowsuzlyklaryňyzy kabul ediň. 

Ýüze çykýan ýalňyşlyklar we şowsuzlyklar hem belli bir derejede peýdaly bolup biler. Ýalňyşlyk – bu tejribedir. Şowsuzlyklar dogry çözgüt tapmaga kömek edip biljek ýagdaýa täzeçe garaýyş berip biler. Ýalňyşlyklardan sapak almaly. Her gezek şowsuzlyga uçran wagtyňyz, her bir kynçylygyň dünýäniň soňy däldigine düşünmek zerurdyr. Şowsuzlyklar ynsany taplaýar. Üstünlige barýan ýol hem şondan geçýär. Şowsuzlyklar näçe köp bolsa, şonça-da üstünlik gazanmak mümkinçiligi hem artýar. 

Egoňyzy öňe geçirmäň. 

Üstünlik ynsany ulumsy adam hem edip biler. Elbetde, gazananlaryňa buýsanmagyň hiç hili ýalňyşlygy ýok, ýöne üstünlikleri gereginden artyk ulaltmajak bolmaly. Has öňe geçirilen ego, başgalaryň tankytlaryna we nädogry bahasyna sebäp bolýar. 

Senenama ulanyň. 

Bir maksat goýanyňyzda, oňa ýetmek üçin sene belläň. Maksadyňyz geljege gaty ýakyn bolsa, ony birnäçe ownuk böleklere bölüň, olar üçin sene belläň we senenama ulanyň. Aý üçin niýetlenen maksatlaryňyzy ýazyň, her gün üçin maksatlaryňyzy ýazyň. Guramaçylykly hem ünsli bolmak, mümkin bolmadyk «mümkinçilikleri» açmaga kömek eder. 

Maksadyňyz üçin wagt tapyň. 

Ösüş gazanmak üçin ünsi bir zada gönükdiriň. Bir wagtyň özünde birnäçe ownuk maksat bolup biler, ýöne diňe bir uly maksat bolmaly. Maksadyň üstünde işlemek üçin her gün wagt bölüň. Muny her gün etseňiz, ol kem-kemden endige öwrüler. 

Maksadyňyz hemişe myradyna gowuşsyn, gadyrly dostlar!

 

Mekan DURDYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.
39
36
Lilia_
08.10.2023 23:52
Çagalar ulalyp durmuş gurýarlar,
Ene - ata garrasa artyk görýärler,
Olara nany hem ölçäp berýänler,
Öñ minnetsiz iýen duzuny bilmez...
41
34
Lilia_
08.10.2023 19:33
Aýbyñ tapmasalar töhmet atarlar,
Kirli ýürekleriñ adaty şeýle...
51
94
Lilia_
08.10.2023 15:36
Unutmañ uýadyr, agalarñyzy,
Hat-da alyp baryñ çagalarñyzy.
Oturup ýatla:ra çagalygñyzy,
Habar alyñ doganlaryñ halyndan.

Şanazar Hydyrow
37
22