Lilia_
14.10.2023 13:40
Gitme!
Sen gidäýseñ, ýitirip ýolum,
Azaşmakdan gorkýan, başynda ömrüñ.
Gitme!
Sen gidäýseñ, göýdük galaryn,
Gülüp, ýaýnap, döwran sürmeli döwrüm.

Bogar meni söýgiñ nalasy,
Gitme!
Onsuzam horlukdan, horluk çekýärin...
Bu söýginiñ azaplary gizlenen,
Gowak ýaly oýlarynda çekgämiñ.

Gitme!
Gitmeklige ýokka zerurlyk,
Gum-gukluga atyp, şatlykdan saplap...
Söýgi bilen tutan näzik ellermi,
Goýbermek netim ýok gam-gussa gaplap


Kerim Hally
47
36
Lilia_
14.10.2023 07:59
Men ölmekden gorkýan,
Ýaşasym gelýär.
Synlap bu älemiñ ýagşy, ýamanyn.
Ýetip bilenlermi ýetime paýlap,
Ýetip bilmedigme dolup damagym.

Men ýagty jahandan gitmekden gorkýan,
Jogapsyz galdyryp ene azabyn.
Entek musulmanlyk parzymam üzmän,
Sesine oýanýan, her gün Azanyñ.

Goý bolsun ýalançy,
Ýaşasym gelýär.
Aldanasym gelýär onuñ päkligne.
Agram berip ýörkäm mele topragna,
Ynanman Watana karzym ýokdugna.

Parzym, karzym belki bahanamdyr meñ,
Men ölmekden gorkýam (isle gülsünler)
Ýöne şeýleräjik ýaşasym gelýär,
Ýürek duransoñam dürtüp görsünler,
Soñ-soñlaram şübhelenip ýörsünler...


Kerim Hally
46
35
Lilia_
14.10.2023 01:58
Günlerde bir gün mugallym sapakda okuwçylara bir täsin sorag berjekdigini aýdypdyr. Eline kagyz alyp, okuwçylara görkezipdir.
– Siz şu ýerde näme görýärsiňiz? – diýip, mugallym olardan sorapdyr.
– Nokat belgisini – diýip, okuwçylaryň biri jogap berýär. Beýlekiler hem bu okuwçy bilen ylalaşypdyrlar, ony goldapdyrlar. 
– Oňatja syn ediň! – diýip, mugallym ýene okuwçylaryň ünsüni çekipdir. Emma hernäçe seretseler hem, okuwçylar nokat belgisinden başga zady görüp bilmändirler. Şonda mugallym: 
– Siziň hemmäňiz kiçijik gara nokat belgisini gördüňiz. Emma hiç biriňiz şu uly ak kagyzy görmediňiz! – diýip, uludan demini alypdyr. Soňra-da olara ýüzlenip:
– Diýmek, heniz size öwretmeli zatlarym kän – diýýär.
44
76
Lilia_
13.10.2023 16:20
Işeňňirlik ýa-da bir sebäbe hyzmat etmek güýçli zenanlar üçin örän wajypdyr. Şol sebäpli akyl taýdan güýçli zenanlar çykgytsyz ýagdaýa düşenlerinde gaýga batman, «Näme edip bilerin?» diýip, öz-özünden soraýarlar.
43
70
Lilia_
13.10.2023 13:24
Ir säher bilen ukudan oýanyp, äri adatdakysy ýaly aýaly bilen ertirlik edindi-de, geýimlerini geýip, sumkasyny almak üçin öz otagyna girdi. Tiz wagtdan hem gündelik işine ugramalydy. Otagyndaky ýazuw stolyny we kompýuterini çaň basanyny görüp, ýuwaşja çykyp gitdi. Aýalyny çagyryp:

– Ezizim, meniň otagymdan sumkamy getirip bersene – diýdi.

Aýaly otagyna girse, stol üstündäki tozanjyklaryň ýüzünde owadanlap, “Ezizim, seni söýýärin!” diýen ýazga gözi düşdi. Kompýuteriň ekranynyň ýüzüne hem barmak bilen “Ömrümiň manysy sensiň!” diýip ýazylypdyr.

Aýaly otagdan çykyp, sumkasyny ýoldaşyna gowşurdy hem-de “Size düşündim. Indiden beýläk ünsli bolaryn” diýen äheňde birenaýy ýylgyrdy.

                                           ***

Agzybirligiň açary – ilkinji nobatda bir-biregi sylamak we hormatlamak bolup durýar. Sylanmak üçin sylamak gerek. Sähelçe zadyň üstünde uly goh turuzmak, artykmaç hereketler bolsa diňe maşgalanyň bozulmagyna, agzalalygyň döremegine elter. Köneler aýtmyşlaýyn :”Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr”
49
111
Lilia_
13.10.2023 10:01
Dünýäde hiç bir ynsan seniň gözýaşlaryňa degmez, eger-de degýän bolsa, ol seniň aglamagyňa hiç wagt sebäp bolmaz. (Gabriel Markes)
46
55
Lilia_
13.10.2023 06:03
Zenan — güle deňelýär. Erkek kişi —onuň bagbany. Bagban apalap, sypalap gülüni gülledýär. Gül hem oňa jogap edip, minnetdar bolýar, öz mylaýym duýgusyny we gözelligine oňa bagş edýär.
45
70
Lilia_
13.10.2023 00:43
Söýgi — zenany has owadanlaşdyrýan, erkek adamy has güýçlendirýän, ruhuňy ýeňledýän, durmuşy gözelleşdirýän ýeketäk duýgudyr. (Fridrih Nisşe)
46
114
Lilia_
12.10.2023 23:06
Ýaşajyk gyz gaýgyly bir nätanyş oglana ýylgyrdy.

Oglan muňa şat boldy, gaýgy-gussasy azaldy we Bir wagtlar özüne ýagşylyk eden dostuna minnetdarlyk hatyny ýazdy. Haty okan adam şeýle bir begendi welin, nahar iýip oturan naharhanasyna köp pul goýup gitdi. Naharhananyň eýesi bu puly aýlanşyga salyp, köp pul gazandy we ony bir pukara sadaka berdi. Garyp adam iki gün bäri örän açdy. Ol gowy edip garnyny doýurdy. Ýolda gidip barýarka sowukdan ýaňa doňup, ajygyp ýatan bir güjüjege nebsi agyrdy we ony öýüne äkitdi.Gije ol pukaranyň öýünde ýangyn peýda boldy. Güjüjek ýangyny görüp, üýrmäge başlady. Garyp we onuň maşgalasy güjügiň sesine oýanyp, ýangyny söndürdiler we şeýdip ölümden halas boldular.

Bu bolan wakalaryň hemmesine sebäp bolan şol gyzyň ýylgyrmagydy. Beýle bolsa biz näme üçin ýylgyrmalyň?! Ýylgyryň! Ýylgyryş-ynsan dünýäsiniň gapysydyr!
41
137
Lilia_
12.10.2023 17:52
Kimligiňe, näme isleýändigiňe garamazdan, bir zady ýürekden isleseň sen şoňa hem ýetersiň. Esasy zat ýürekden islemekdir we hereket etmekdir...
46
70