Kuwat.Y
26.04.2020 15:48
Kate ahli zatdan gaharly irip
Kate soyenlerini kuysarsin asa
Seni soyerlerne garasyp durma
Ozgan durmusyndan ayratyn yasa

Hakykat yalandan ar alar mydam
Yanar yanar kole doner odunlar
Ozi barka yene ozga ynanyp
Ana seydip kop yalnysyar adamlar
6
308
Kuwat.Y
24.04.2020 11:28
Ucmak dine berilmandir guslara
Arsda kalbym her gun bagtyny gozlar
Adam yagsylygyny buslar aleme
Yamanyn yedi gat astynda gizlar

Guyjin barmy ejizlere topulma
Wagty sakla gownin yetse ozine
Islendik zat boyun egyar bir zada
Sabr barka wagtam coker dyzyna
8
203
Kuwat.Y
22.04.2020 18:50
Basym sypan ellerine doneyin
Bir men diyip yowuz gunler gecenin
Yadymdadyr heyde unudyp bormy
Bagra basyp balam diyisi ejemin

Bilbil gonan ter gullerde ysyn bar
Humay gusyn ganatynda ucanym
Yazyn saherinde goryan kesbini
Gurbany men guler yuzli ejemin

Bar omrimi sersem ayaklaryna
Janym bersem gollaryna ajalyn
Yene bergidar men mun omur mun jan
Nadip odayin men hakyn ejemin

Anymdadyr uzak gije ukusyz
Huwdi bilen soygi nurun secenin
Su durmusa hic bir zada calysman
Mahir sinen mele nanyn ejemin

Yadymdadyr dertli gunumi unutman
Bar derdimi deman edip icenin
Satlygyma satlyk gosup yasadyn
Bir dilegim omri bolsun ejemin

Kuwwat Yazmuhammedow
9
301
Kuwat.Y
22.04.2020 18:27
Ykbal bizi nirelerik alyp gityar
Bilmen yone ejizlige gelismen
Bol gunumin uysip yatan altynyn
kyn gunumin kor kopigine calysman

Nace aylansada sagadyn dili
Gecen gunlen satlygyna colasman
Dunyan tagtyn getirseler ayagma
Sol sat gecen cagalygyma calysman

Yanyp kul bolsada gursakda kalbym
Ozge odun tussesine alysman
Gin jaganyn baky bagtyn tapsamam
Ilki soygin tozan kulune calysman

Dar gelsede gin jahanyn gujagy
Ykbal bilen ozge yurda sygysman
Pany dunyan jennetine dussemem
Gul watanymyn guran copine calysman

Guyz semaly gaymalatsa yapragyn
Ayazly gys gelyar diyip sowasman
Her pasylda gullap duran kalbymy
Yasap yorkam hic bir zada calysman

Kuwwat Yazmuhammedow
6
175
Kuwat.Y
21.04.2020 14:41
Yurek sesi

Ele alyp ak durnanyn yelegin
Guyzin yapragyna yazdym gosgymy
Yurek sorag berer ayralyk name
Ayralykdyr soyenlen soyse basgany

Ol yonekey yalnyz ayralyk daldir
Gysga diyman alar omurden omur
Sonda ahli bagtyn yalnyzlyk bolar
Kalbyn aydyr hemem gijeli komur

Uzulmez umydyn soyersin yene
Ajy goz yas yanagyndan syrygar
Kop dillenip bilmez dislan dillerin
Yandym diyip yalnyz yurek gygyrar

Olam sonip galar yuwaslyk bilen
Gys gecer yaz gecer yaprak dokiler
Hic gyssanma su durmusyn sonunda
Sen dal seni soymedikler okiner
5
399
Kuwat.Y
21.04.2020 13:53
Sorag ber ozune gelnegin ucin
Basgancaksyz yollan galasy name?
Okap bilim bilen gurmasan yolun
O tayda durmusyn gunasi name

Kyncylykda komek eder bilenin
Gulki bolar sana gulmedik zatlan
Bir gun seni ezip egninden basar
Wagtynda owrenip bilmedik zatlan

Esasy zat tasin zatlar doretmek
Bu durmusda gadyrsyzyn nyrhy yok
Bilbilinem sayrak sesi bolmasa
Gagyldayan bir gargadan parhy yok

Gozlesen kan akla sygmajak zatlar
Sapak yaly gok ot dasy yaryp dur
Akyllam ka mahal ozine kayap
Elindaki zady tapman dorup dur

5
322
Kuwat.Y
21.04.2020 13:44
Adamzady zola bimaza edip
Ayralygyn cumup dursa tikeni
Ynsan basga care tapman ozune
Bagtsyzlykdanam aglar ekeni

5
259