Imissyou
27.06.2024 19:40
Näme üçin adamlar kartofel friny gowy görýärler?
Lids uniwersitetinde geçirilen gözleg adamlaryň bu önümi gowy görmeginiň sebäplerini ýüze çykardy. Alymlar gaz hromatografy diýilýän kartoşkany gözden geçirdiler.
Netijede, kartoşkanyň gyzgyn ýagda 9 işdäni güýçlendiriji ysy döredýändigi ýüze çykaryldy. Olaryň arasynda, meselem, peýnir, karamel, sogan
Analiz wagtynda alymlar kartoşkada ütüklemek tagtasynyň (гладильная доска) ysyny hem tapdylar.😄
Snickers ady nädip ýüze çykdy?
“Snickers” batonçik ilkinji gezek 1923-nji ýylda ABŞ-da konditer önümi Franklin Mars tarapyndan ýasaldy, ýöne köpçülikleýin önümçiligi diňe 1930-njy ýylda başlandy. “Snickers” batonyna Mars maşgalasynyň iň halaýan atynyň ady dakyldy. 1929-njy ýylyň noýabr aýynda Çikagoda şokolad öndürýän zawod guruldy, bu ýerde ilkinji bolup “Snickers” şokolad batonlary öndürildi. 21-nji asyryň başynda Çikago şokolad fabrigi aýratyn önümçilik liniýasynda minutda 560 süýji öndürýärdi. Batonyň ady, Mars Incorporated-iň esaslandyryjylary, Mars maşgalasynyň söýgüli atyndan soň saýlandy. Iň bolmanda 1991-nji ýylyň başyndan bäri Sowet bazarynda hödürlendi.
2009-njy ýylda Angliýada “Snickers” we “Mars” batonynyň agramy 7,5% arzanlady, bahasy bolsa şol bir derejede galdy. Öndürijiler muny artykmaç iýmezlikleri üçin raýatlaryň saglygy barada alada edip düşündirdiler.
14
43
Imissyou
27.06.2024 14:44
Tuz-yň kartada iň pes kartoçka bolandygy dogrumy?
Iňlis dilinde Tuz "ace" diýilýär, bu bolsa öz gezeginde köne fransuz sözünden "bir" manysyny berýär. Taryhy taýdan, oýun meýdançasyndaky Tuz iň kiçisi bolup, 1 belgisi bilen bellendi, ýöne wagtyň geçmegi bilen tersine, agalyk ediji kartoçka boldy.
Poker ýa-da blackjack ýaly oýunlarda oýunçynyň özi Tuz-yň bahasyny özi saylap, ýokary baha ýa-da birlik hökmünde saýlap biler.
Kartalardan başga-da, hünäri boýunça iň ýokary ussatlyk gazanan adamlara “as” sözi ulanylyp başlandy.
Azatlyk heýkeliniň (статуя свободы) awtory aslynda azatlyk heýkelini (статуя свободы) nirede gurmak isledi?
Sues kanalynyň açylmagy üçin heýkeltaraş Bartholdi Müsür häkimiýetlerine Müsüriň girelgesinde “Müsüre Aziýa ýagtylyk getirýär” atly heýkeli oturtmagy teklip etdi, bu ýerde daýhan aýalyň fakeli şekillendirildi. Taslama gaty gymmatlygy sebäpli ret edildi. Birnäçe ýyldan soň, Bartholdi Nýu-Yorkork duralgasynda Azatlyk heýkeliniň peýda bolmagyna sebäp bolan bu pikiri gaýtadan işledi.
Şonuň üçin bir gezek ret edilen bolsaň, bu mesele däl, beýleki gapylary kak!
13
63
Imissyou
21.06.2024 01:57
Yatlarsyn meni......
Bu gün aýra düshdi durmush ýolumyz,
belki, bagtly gün ýatlarsyñ meni!
Ýa uly boldumy tutan pälimiz,
belki, toý gününde ýatlarsyñ meni!
Aýralyk derdi bar meniñ bashymda,
ýatsam düýshümde sen, tursam hushumda,
sheýdip däli boldum juwan ýashymda,
belki, gaýgy-gamda ýatlarsyñ meni!
Eliñ bilen öz bagtyñy ýatyrdyñ,
ömürlik ýoldashyñ baky ýitirdiñ,
düshünýän, saña-da hasrat getirdim,
belki, hasratly gün ýatlarsyñ meni!
Uzak oturmarsyñ gyzlygña garap,
her gün sawchy geler rugsadyñ sorap,
hossarlaryñ saña bererler azap,
belki, azaply gün ýatlarsyñ meni!
Ahyr bir gün toý sähediñ alynar,
shondan soñ hem toýuñ güni bellener,
shol gün…shol gün seniñ gelinalyjyñ geler,
kürtäñ ichindekäñ ýatlarsyñ meni!
Toý gutarar, adam galmaz dashyñda,
bir ýash ýigit gelip durar gashyñda,
gyzyl kürtäñ aýlap urar bashyñdan,
belki, shol pursatda ýatlarsyñ meni!
Gyzlyk buýsanjyñy alar eliñden,
ýapyshar ol seniñ näzik teniñden,
ol gün isleg-arzuw soralmaz senden,
belki, gözýash bilen ýatlarsyñ meni!
Dañ atar, gutarar hasratly gije,
shol günden soñ adyñ bolar gelneje,
umytly bakarsyñ ýagty geljege,
belki, bagtly gün ýatlarsyñ meni!
Ýyllar gecher bir-birine meñzemän,
özge ýar gujakda dökersiñ gözýash,
süýji arzuw, umyt gachar senden dash,
belki, arzuw bilen ýatlarsyñ meni!
Ine, shondan soñra, söýgülim, adyñ
sähelche zat üchin alynar badyñ,
ýadyña düshermi ýakan ýigidiñ?
Belki, gam-hasratda ýatlarsyñ meni!
Aý gecher, gün gecher — dogular chaga,
az-kem ýatdan chykar gaýgy-alada,
shonda-da käwagt bakarsyñ ýola,
belki, ýola bakyp ýatlarsyñ meni!
Goshgy ýazýar bu gün ýüregi para,
aýralyk derdine tapylmaz chäre,
ashyk oglan gözýash döker bichäre,
ahmyr-arman bilen ýatlarsyñ meni!
Aýdýan bu gün saña aýralyk güni,
ýadymdan chykarman, söýgülim, seni!
Diñle, söýgim, meniñ soñky sözümi:
belki, shu goshguda ýatlarsyñ meni!
Awtor: Röwşen Maksatmyradow.
18
34