Imissyou
22.11.2023 13:55
Diňe IQ ýokary bolanlar çaganyň ejesini 5 sekuntda tapyp bilerler.


Menä tapmadym siz tapsaňyz aýdyň bizem bileli.
24
282
Imissyou
22.11.2023 10:25
Mahmal sähram sen bolup,
Bahar maňa bakanda,
Howlukmadym hiç zada,
Sen bar diýip jahanda.

Yrsaradym, näz etdim,
Betdim, Nähili betdim!
Hernä kejiňe gitdim,
Sen bar diýip jahanda.

Näme diýseň tapylýar,
Näme etsem hakym bar.
Boldum saňa hökümdar,
Sen bar diýip jahanda.

Ona ýetsemem çaga,
Ondan ötsemem çaga.
Wagtym ýok ulalmaga,
Sen bir diýip jahanda.

Ellä ýetmän eje jan,
Gözüň ýumlan mahalda,
Özüm aldap kän gezdim,
Barsyň diýip jahanda.

Ýogsam boýun alypdym,
Hemme zady bilipdim.
... A men Dünýä gelipdim,
Sen bar diýip jahanda.

Berdinazar Hudaýnazarow
22
61
Imissyou
22.11.2023 06:28
Imbiriň peýdasy

Imbir – imbirler maşgalasyna degişli bolup, köpýyllyk ösümlikdir. Bu peýdaly ösümlik Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Günbatar Afrikanyň, Braziliýanyň, Hindistanyň, Argentinanyň, Ýamaýkanyň subtropik we tropik ýerlerinde Ösýär. Oňa daşyndan seretseň gamyşy ýadyňa salýar. Bu dermanlyk ösümlik lukmançylykda dürli keselleri bejermekde dermanlyk hökmünde hem-de dürli tagamlary taýýarlamakda giňden ulanylýar.

Imbiriň watany Günorta-Gündogar Aziýa hasaplanylýar. Onuň häsiýetleri adama 5 müň ýyldan gowrak wagt bäri mälimdir. Bu ösümlik tebigatda az duş gelýär. Adamlar ony köplenç özleri ösdürip ýetişdirýärler. Adamlar bu ösümligi diňe bir iýmit hökmünde däl, eýsem gaty gymmat bahaly bolany üçin walýuta hökmünde hem ulanýarlar. Adatça onuň köküni guradylan görnüşinde ýa-da duzlanan görnüşinde iýýärler. Wagtyň geçmegi bilen imbiriň dermanlyk aýratynlyklary bardygy anyklanyp, ony iýmit zäherlenmesi we ýokanç keselleri bolan näsaglara berip başladylar. Onuň düzüminde köp mukdarda witaminler, minerallar we efir ýagy bar. Bu peýdaly ösümligi bedeniň agyrylaryny aýyrmaga, ýürek bulanma garşy, dümew kesellerini bejermekde we şunuň ýaly köpsanly dertleriň öňüni almakda peýdalanýarlar. Bu ösümligi köplenç çaý edip demläp içýärler. Ondan başgada imbir çaýy aşgazan şiresiniň aňsatlyk bilen bölünip çykmasyna ýardam berýär, aşgazanda iýmiti siňdirmek üçin hem örän uly peýdasy bardyr. Bu ösümligiň iýmit siňdiriş ulgamy üçin peýdasy örän uludyr. Imbiriň düzüminde magniý hem köp mukdarda bardyr. Ol bedenden toksinleriň çykmagyny çaltlandyrýar we nerw ulgamynyň ýagdaýyny gowulaşdyrýar.

Bu ösümligiň peýdasynyň köp bolşy ýaly, onuň belli bir mukdarda zyýany hem bardyr. Onuň köki aşgazany we içegeleri gyjyndyrýar. Şonuň üçin hem gemoroý, gastrit ýaly keselleri bolan adamlara bu ösümligi iýmek ýa-da onuň çaýyny içmek maslahat berilmeýär
22
21
Imissyou
21.11.2023 20:53
ILKINJI ZENAN DESANTÇY

Halkymyzyň durmuşynda zenanlara aýratyn orun berilýär. Her bir türkmen täze dünýä inen gyzjagazlarynyň Tumar şa, Aý ene, Altynjan hatyn ýaly edenli bolmagyny arzuwlaýar. Sebäbi milliligimiziň esasy özeni bolan watançylyk duýgusy maşgala terbiýesiniň süňňüne mäkäm ornaşyp gidipdir. Göbek ganynyň daman topragyna wepalylyk duýgusy bilen terbiýelenen her bir perzent ogul ýa gyz çagadygyna seretmezden, halkymyzyň milli ösüş ýoluna öz goşantlaryny goşýarlar.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzüminde hem taryhy watanperwer zenanlaryň başarjaňlygyny döwrebap derejede dowam etdirýän zenanlar bar. Taryhda tarypa mynasyp edermenlik görkezen zenanlaryň ýoluny buýsanç bilen dowam etdirýän uly leýtenant Jahan Ýazmuhammedowa bilen söhbetdeşligimizde okyjylarymyzyň köpüsi üçin geň görünýän duýgular barada gyzyklandyk.

 

Sizde harby gullukçy bolmak höwesi nähili we haçan döredi?

– Ejem bilen kakam ikisiniň hem harby gullukçydygy mende çagalygymdan watançylyk duýgusyny oýardy.

 

Öz harby ýoluňyz barada aýdyp beräýseňiz?!

– Harby gullukçy bolmak höwesi meni 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna alyp geldi. 2014-nji ýylda ýokary okuw jaýyny tamamlap, aragatnaşyk wzwodynyň serkerdesi bolup işe başladym. 2015-nji ýyldan bäri bolsa harby gullugymy Aýratyn ýörite maksatly toparyň aragatnaşyk we kommunikasiýa boýunça hünärmeni wezipesinde dowam etdirýärin. Serkerdeleriň maslahatlary netijesinde 2016-njy ýylda ýokary serkerdeler düzümi üçin akademiki fakultetiniň razwedka hünärmenleri taýýarlaýyş kursuny tamamladym.

 

Halkara derejeli okuw-ýygnanyşyklaryna, sport çärelerine gatnaşan bolsaňyz gerek?!

– Hawa. 2015-nji ýylda Koreýa Respublikasynda geçirilen 6-njy Bütindünýä harby oýunlaryna sportuň triatlon görnüşi boýunça gatnaşdym. Halkara harby oýunlary federasiýasynyň guramagynda geçirilen bu ýaryşa bizi – ýurdumyz bu federasiýanyň agzasy bolmasa-da – Koreýanyň prezidenti Türkmenistana bolan saparynda ýörite çagyrypdy. Dünýäniň ähli künjeginden gelen harby gullukçylar bilen bir hatarda çykyş etmek ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy.

 

Paraşýutdan bökmek islegi nähili döredi?

– Paraşýutdan bökmek aslynda meniň çagalykdan arzuwymdy. Hudaýtarapyn diýsemem dogry bolar. Harby instituty gutaranymdan soňra, bagtyma, Howa-desant goşunlarynda zähmet ýoluna başladym. Şeýle mümkinçiligiň bardygyny görüp, serkerdelerime paraşýutdan bökmäge bolan islegimi duýdurdym. Zenan harby gullukçylaryň paraşýutdan böküp ýörenleri bolmansoň birhiliräk görseler-de, men özüme bolan ynamymdan, paraşýuda bolan höwesimden hiç wagt el çekmedim. Pursat tapsam islegimi ýatladýardym. Harby mowzukda düşürilen, razwedka we ýörite maksatly toparlary üns merkezine alýan dokumental we çeper filmler meniň özüme bolan ynamymy has hem güýçlendirdi. Ahyrsoňy 2016-njy ýylda ilkinji gezek bu arzuwymy amala aşyrmaga mümkinçilik döredi.

 

Ilkinji gezek paraşýutdan bökeniňizde nähili duýgulary başdan geçirdiňiz?

– Men paraşýutdan bökjekdigime tä özümi dikuçardan aşaklygyna zyňýançam ynanmadym. Ilkinji gezek şeýle boldy. Arkama paraşýutlarymyzy aldyk we dikuçarda howalanmaga başladyk. Ilkinji topar bökeninden soňra ýerde şemal bolanlygy üçin biziň toparymyzyň böküşi goýbolsun edildi we gonmaly bolduk. Menden öň hem birnäçe zenan harby gullukçylaryň synanyşygynda uçuşyň saklanyp, olaryň topardan aýrylandygyny bilýändigim üçin «Toparda meniň bardygym sebäpli goýbolsun edilen bolaýmasyn» diýen pikir hem döredi mende. Emma ertesi howa hiç hili päsgelçilik döretmedi. Ilkinji gezek bolanlygy üçinmi, bilmedim, nämäň nämedigine-de doly düşünip ýetişmedim. Ähli ünsümi türgenleşikde özleşdirilen nazaryýet tabşyryklaryny bolmalysy ýaly berjeý etmäge gönükdirdim we 850 metr belentlikden bökdüm, ýere düşenimde-de hiç hili adatdan daşary ýagdaý ýüze çykmady. Ikinji gezek bökenimde bolsa, eýýäm, köp zatlara düşünip, akyl ýetirip başladym. Howada ýerine ýetirjek hereketlerimizi türgenleşýän wagtymyzda öz-özüme ünsümi has hem ýokarlandyrdym. Birinji gezek bökenimde ejem dagynyň birden paraşýut açylmasa näme etjekdigim baradaky sowallaryna kän ähmiýetem bermändirin. Emma ikinji gezekki böküşim meni has hem tolgundyrdy.

«Gorkmaýan adam paraşýutçy däldir» diýýärler. Paraşýut gorkmaýan, ätiýaçsyz, sowuk-sala adamy bagyşlamaýar. Sebäbi açyk asmanda paraşýutdan bökeniňde adatdan daşary ýagdaý ýüze çykaýanda, saňa özüňden başga hiç kim kömek edip bilmeýär.

 

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda ilkinji zenan desantçy bolmak nähili duýgy?

– Elbetde bu ýagdaý meni diýseň begendirýär. Ýörite maksatly toparyň ýeke-täk zenan harby gullukçysydygyma buýsanýaryn. Maňa toparda «Akpamyk» diýip ýüzlenýärler. Zenan harby gullukçylar üçin şeýle mümkinçilikleriň döredilmegi meniň gullugyma bolan höwesimi artdyrýar.

 

Paraşýutdan bökmegiň iň tolgundyryjy pursady barada aýdaýsaňyz?

– Dikuçaryň rampasyndan aşaklygyna özüňi oklamak...Ynha, iň tolgundyryjy pursat. Beýleki bir tarapdan, heniz böküş başlanmazdan öň dikuçardaky gözükdiriji «Ýeriňizden turuň» buýrugyny bereninde-de ýürek urgularymyz has hem güýçlenýär.

 

Paraşýutdan bökmezden ozal haýsy türgenleşikleri geçirýärsiňiz?

– Her okuw-ýygnanyşygynda paraşýutdan bökmezden ozal iki hepdelik kurs berýärler. Paraşýutyň taktiki-tehniki häsiýetnamasyny, howadaky, adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanynda ýerine ýetirilmeli hereketleri öwredýärler. Ýerde ýörite gurnalan meýdançalarda dikuçardan bökmegi, paraşýuty açmagy türgenleşdirýärler.

 

Sportuň haýsy görnüşi bilen meşgullanýarsyňyz?

– Eýýäm birnäçe ýyl bäri Türkmenistanyň zenanlar basketbol ýygyndysynda çykyş edip gelýärin. Geçen ýyl ýurdumyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň ätiýaçdaky toparynyň düzümine girdim. Ýaragly Güýçlerimizde geçirilýän sport ýaryşlarynda sportuň ýeňil atletika, woleýbol, uly tennis görnüşleri boýunça hem ýaryşlara gatnaşýaryn.

 

Harby gullugyňyz bilen bagly ýatdan çykmajak pursatlar barada aýdyp beräýseňiz!

– Aslynda harby gullukda hasapsyz pursat ýok. Harby gullugymyň dowamynda duşýan her bir täzelik durmuş ýolumda ýatdan çykmajak waka bolup galýar. Mysal üçin, Ýaragly Güýçlerimiziň düzüminde müdirlikleriň arasynda geçirilýän sport ýaryşlarynda, eýýäm, 3 ýyldan bäri birinjiligi alyp gelýändigimizi göz öňünde tutsaň, medal münberine çykan her bir pursadym ýatdan çykmajak pursatlardyr. Harby instituty tamamlap, işe başlan ilkinji ýylymda «Harby dostluk» ady bilen harby tärleri özleşdirýän ýaryş geçirildi. Bularyň hemmesi meniň harby ýoluma täzelik hökmünde girdi. Ýaragdan ot açmak, dürli päsgelçiliklerden geçmek, hüşgärlik türgenleşikleri ýaly birnäçe Ýörite maksatly toparyň razwedka bilen bagly tälimlerini ýokarlandyrmak üçin geçirilýän okuw-türgenleşikleriniň ählisi meniň harby gullugymda ýatdan çykmajak pursatlar boldy.

 

Siz Ýaragly Güýçlerimizde ýörite maksatly toparlarda harby gullugy dowam etdirmek isleýän zenan harby gullukçylarymyz üçin nusga diýsem, haýran galmaň. Sebäbi siz milli taryhymyzyň zenan serkerdeleriniň edermenlik ruhunyň müdimilikdigini subut edýärsiňiz. Bu barada siziň öz garaýşyňyzy biläýsek!?

– Türkmençilikde «Hünäri öwrende ýigren» diýilýär. Bir zadyň başyna baranymda «Başararmyň?» diýlip soralanda, «Başaramok» diýmezlik üçin öwrenesim gelýär. Öwrenmäge bolan höwes meni has hem ruhlandyrýar. Käbir ýerde «Jahan, sen gyz! Boldy, bes et!» diýselerem mümkinçiligim bar wagty öwrenmäge dyrjaşýaryn. Ýörite maksatly toparda ilkinji zenan harby gullukçy bolandygyma begenýärin, guwanýaryn. Meniň göreldäme eýerjek zenan harby gullukçylaryň köpeljekdigine bolsa çynym bilen ynanýaryn. Sebäbi hormatly Belent Serkerdebaşymyz biziň üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ömri uzak, jany sag, belent başy aman bolsun!

 

Bize beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!

– Sag boluň, size-de mundan beýläk hem egsilmez rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw edýärin!

Belli:Bu maglumat 2018-nji ýyla degişli
28
473
Imissyou
21.11.2023 17:07
Wombatlar Awstraliýada ýaşaýan süýdemdirijiler klasyna degişli bolan haýwandyr. Olar daşky görnüşi boýunça ownuk aýylara ýa-da uly hamsterlere meňzeýärler. Bedeniniň gurluşy we aýry-aýry bölekleri nukdaýnazaryndan onuň koala bilen köp umumylygy bar, ýöne olaryň gatnaşygy gaty uzakdyr.

Bedeniniň uzynlygy 70-130 sm, agramy bolsa 20-40 kg aralygyndadyr. Ýöne ýitip giden wombatlaryň arasynda bedeniniň ululygy we agramy boýunça ondan hem ululary bolupdyr. Wombatlaryň bedeni galyň we ykjamdyr. Kellesi uly, gapdallary birneme tekizlenen ýaly görünýär, gözleri we gulaklary kiçi hem-de tegelekdir. Adatça olaryň burunlary tüýsüz bolýar, emma olaryň arasynda burunlary tüýlüleri hem duş gelýär. Guýruklary gysga, elleri we aýaklary güýçli, bäş barmakly, olardan daş tarapda ýerleşen dördüsi ýer gazmak üçin uýgunlaşan uly dyrnaklar bilen örtülen. Onuň tüýleri ýaşaýan ýerine baglylykda goňur, çal ýa-da goýy reňkde bolup bilýär.

Wombatlaryň eňekleri we dişleri gemrijiler bilen meňzeşdigini görkezýär. Olaryň eşidijiligi we ys alyjylygy gaty oňat ösen. Ýöne olar gowy görüp bilmeýärler. Bu haýwanlar daşyndan ýalta görünýändiklerine garamazdan örän çalt we çalasyndyrlar. Olar howpdan gutulmak üçin örän çalt bökýärler, agaja aňsatlyk bilen çykyp ýa-da howuza çümüp bilýärler. Olar sagatda 40 km tizlik bilen ylgaýarlar, käbir halatlarda gysga aralyklara bökende olaryň tizligi 60 km/sag tizlige çenli hem ýetip bilýär.
25
43
Imissyou
21.11.2023 14:26
Men öň kän pikir etýärdim, gap-çanagy nahar
iýip bolan badyňa ýuwsaň, ýuwmak ýeňil
düşýär. Yöne men yalňyşypdyryn, olary başga
biri ýuwsa, has ýeňil boljak eken.

Iki okuwçynyň ejesi gürleşýär:
-Sen ogluň matematikadan öý İşini işläp
berdiňmi?
-Howa.
-Göçürmäne bersene onda.

Meniň deň duşlarym işleýärler, geljegi üçin
maksat döretýärler.
A men bolsa banany gaýnadyp iýseń tagamy
nähili bolarka diýip pikir etýän.

-Eýjejigim, gel çynymyz bilen gürleşeli.-
Hudaýa şükür, ahyr sen ulalypsyň, kelläñe akyl
girip ugrapdyr. Gel gürleşeli.-Sen nähili pikir
etýäň, akula güýçlimi ýa-da aýy?!
35
249
Imissyou
21.11.2023 09:58
Ýaşlygymda men bir gyza sataşdym,
Gözleriniň ody ýürekde galdy.
Gyz däldi-de, ýanyp duran ataşdy,
Garaýşy bu goşa garakda galdy.

Müň gyzyň içinden gözüňe iler,
Onki süňňüm bilen söýüpdim näler.
Ýazan hatlaryma şaýatdyr Şalar.
Içen antym duzda-çörekde galdy.

Bir tomus gijesi duşuşdyk pynhan,
Näme diýjek bolsaň diýiber ynha.
Ah! Aslynda ýygra bolmasyn ynsan,
Pyşyrdym goşa ak derekde galdy.

Garaluw gözleri ýyldyz ýalydy.
Alkymnyň aşygy gunduz ýalydy.
Dykyz bilekleri buýnyz ýalydy.
Jadyly gülküsi gulakda galdy.

Gözelleriň gözlerinde hümmet bar,
Gül gyzlaryň gujagynda jennet bar.
Şahyr bolan bolsam — şoňa minnetdar,
O ýyllar nähili uzakda galdy...
26
432
Imissyou
21.11.2023 06:35
Hytaýda dünýäde iň tiz internet işe girizildi.

Hytaý sekuntda 1,2 terabit (1200 gigabit) maglumat geçiriş tizligi bolan dünýäde iň tiz interneti işe girizdi. Bu taslama Sinhua uniwersiteti, «China Mobile» aragatnaşyk operatory, şeýle hem «Huawei Technologies» we «Cernet Corporation» kompaniýalary tarapyndan durmuşa geçirildi.

Rekord derejede maglumatlary geçiriş tizligi bolan optiki-süýümli internet kabeli Pekin, Uhan we Guançžou şäherleriniň üstünden çekildi. Onuň uzynlygy üç müň kilometrden geçýär. Toruň işe girizilmegi on ýyl bäri üstünde işlenilip gelinýän Hytaýyň geljekki internet tehnologiýalar infrastrukturasynyň (FITI) bir bölegi boldy.
Mundan ozal hünärmenler şuňa meňzeş maglumat geçiriş tizligi bolan tor ulgamynyň diňe 2025-nji ýylda işe girizilmeginiň başlamagynyň mümkindigini çaklaýardylar. «Huawei Technologies» kompaniýasynyň wise-prezidenti Wan Leý 1,2 terabit tizlik bilen bir sekuntda 150 sany HD formatly filmi ýükläp alyp boljakdygyny aýtdy. Bu ABŞ-daky şuňa meňzeş taslamalardan üç esse çaltdyr.
2021-nji ýylyň iýulynda Ýaponiýada simli internetiň tizligi boýunça rekord goýuldy. Inženerlere maglumatlary geçirmegiň tizligini sekuntda 319 terabite çenli ýetirmek başartdy. Ondan öňki rekord bolsa 2020-nji ýylda goýlupdy, şonda hünärmenler sekuntda 178 terabit tizlik gazanmagy başarypdylar.
26
20
Imissyou
20.11.2023 19:09
Boeing 787 Antraktida gondy.

15-nji noýabrda Boeing 787 Dreamliner howa gämisi Antarktida gondy diýip, USA Today we CNN habarlar gullugy habar berdi.

 

Norwegiýanyň Norse Atlantic Airways-i tarapyndan dolandyrylýan howa gämisi 13-nji noýabrda Oslodan uçup, Keýptaunda wagtlaýyn gondy. Soňra uçar Antarktida tarap ugur aldy we şol ýere gondy.
Dreamliner “buzdan we gardan ýasalan” uçuş-gonuş zolagyna gondy diýip, CNN belleýär.
Uçarda Norwegiýanyň polýar institutynyň alymlary bilen birlikde jemi 45 ýolagçy bardy. Mundan başga-da, uçar Antarktidany öwrenmek üçin zerur bolan 12 tonna barabar gözleg enjamlaryny hem äkitdi.
Norwegiýanyň Polýar institutynyň müdiri Kamilla Brekke: "Şeýle uly uçaryň gonmagy Troll-da (Norwegiýanyň Antarktika stansiýasy - RBC) logistika üçin düýbünden täze mümkinçilikleri açýar" - diýdi.
Mundan başga-da, onuň sözlerine görä, has uly uçaryň ulanylmagy "umumy zyňyndylary azaltmaga" we "Antarktidadaky daşky gurşawa täsirini azaldyp biler".
Boeing 787 Dreamliner-e 330 ýolagçy ýerleşip biler.
33
70
Imissyou
20.11.2023 14:51
Şakira üç sany latyn «Gremmisini» aldy we agşamyň dowamynda dört gezek eşigini üýtgetdi.

Latyn Amerikasynyň Sungat we sesýazgy ylymlary akademiýasynyň her ýyl geçirýän “Gremmi” baýragynyň 24-nji gowşurylyş dabarasy 16-njy noýabrda Ispaniýanyň Sewilýa şäherinde geçirildi. Kolumbiýaly aýdymçy Şakira agşamyň ýyldyzy boldy. Ol iki esasy kategoriýada - “Ýylyň aýdymy” we singl Şakira üçin “Iň gowy pop-aýdym”: Bzrp Music Sessions, dijeý Bizarrap bilen ýazylan Vol 53. Şakira üçünji ýeňşini Karol G bilen paýlaşdy – olaryň Tqg aýdymy "Iň gowy urban - ýa-da fýužen-çykyş" kategoriýasynda baýrak aldy.

Aýdymçy baýragyň dabarasynda iki gezek çykyş etdi – ol iki gezek ýeňiji bolan dinamiki tans çykyşyny ýerine ýetirdi, şeýle hem täsirli Acrostico balladasyny aýtdy we ony ogullaryna bagyşlady. Milan bilen Saşa zalda oturyp, ejesini goldadylar, soň bolsa ony ogşadylar we “Altyn grammofonlary” bilen gutladylar.
Dabaranyň dowamynda ýerine ýetiriji dört gezek owadan reňkli eşiklerini üýtgetdi: Harris Reed (ýokarsy adaty däl korset görnüşinde, aşagy art etegi süýrenip gidýän mahmal yubkadan ybaratdy) köýneginde gyzyl halyda suratçylara surata aldyrdy. Şakiranyň hit eden nomeri üçin: Bzrp Music Sessions, Vol. 53 aýdymçy güller bilen nagyşlanan ýarym açygrak näzik eşikleri geýdi we ajaýyp altynsow Dolce & Gabbana köýneginde Acrostico liriki aýdymyny ýerine ýetirdi. Agşamyň ahyrynda üç heýkeljigem elinde saklap, deňiz tolkunynyň reňkindäki örme köýneginde surata düşdi.
22
49