Imissyou
29.08.2024 16:37
Ayaly yoldaşyndan sorayar:
-Name üçin eşiginden saç tapyp bilmedim?
-Name, inni tapyp bilmesenem
uruşmakçymyn?
-Dogryny ayt kim ol kel gyz?

-Alo, goňşy, bagyşla gije jaň etýänime. Neme sorajakdym, meniň aýalym seniňkä bilmezlikde girenä däldirdä?
-Häzir garaş, sorap göreýin. Eştýäňmi Merjen! sen meniňkä bilmezlikde girdiňmi ýa-da bilip girdiňmi?
21
272
Imissyou
29.08.2024 12:34
Durmuşdaky ýeketäk bagt, munuň özi diňe öňe ymtylmakdyr...
Emil Zolýa.(fransuz ýazyjysy).

Gözler hiç haçan aldamaýar,ýöne olar-da allanyp bilýär...
Merjen Pirgulyýew.


Lukman Hekimden:
- Edebi kimden öwrendiň !-diýip soranlarynda, Lukman Hekim:
- Edebi biedepden öwrendim,olaryň hereketlerindäki maňa ýaramaýan zatlardan özümi sakladym -diýip,jogap beripdir.


Käte gymmatly adamyň ýekeje sözi hem biziň gün -uzyn ýylgyryp gezmegimize sebäp bolup bilýär...



📕 Durmuş hakykatlary 📕.
14
50
Imissyou
29.08.2024 08:42
Dünyadaki in bagtly
döwletlerden biri bolan
Finlandiya hakynda faktlar!


Finlandiyada yol
jerimeleri kişinin
gazanjyna göra yazylýar
Eger kişinin gazanjy az
bolsa jerimä hem az pul
töleýär Gazanjy köp bolsa
jerimä köp pul töleýär!

CHer bir Finlandiýaly
üçin internet hyzmaty
mugtdyr!

Finlandiyanyn ilaty 5.5mün
adamdyr yöne Finlandiyada
2mün-dan köp hammam bardyr!

Finlandiyanyň Lapland
adly yerinde esasan hem
mart we sentyabr aylarynda
görünýän demirgazyk şöhleleri
atly owadan tebigy hadysa
bolýar!
9
64
Imissyou
28.08.2024 19:46
Norwegiýa döwleti barada faktlar!










Ýene-de şular ýaly Faktlar okamak isleseňiz teswirlerde bälläň!
11
96
Imissyou
24.08.2024 17:37
Bir aýalyñ gürrüñinden:
'Bäş ýaşly gyzym şkafy açyp içindäki geýimlerip dörüp ýürege
düşdi. Soň men oňa "Şkafy açma,şkafy açsaň içinden bir daýy çykyp seni ogurlap gider!" diýdim.Soň men agşam ärim bilen çaý içip oturan wagtym, gyzym ýanyma gelip "Eje-eje
şkafyň içindäki daýy gitdimi"-diýende,ne
ýagdaýa düşenimi siz bir bilsediňiz!"
23
214
Imissyou
24.08.2024 10:57
-
Bir ministri işinden aýryp, ýerine orunbasaryny belleýärler.
Täze ministr begenjine aýalyna jañ edýär:
- Ministriñ aýaly bolasyñ gelýärmi, ezizim?

Aýaly soraýar:

- Hawa Haýsynyň?😄😄😄
25
224
Imissyou
23.08.2024 12:40
Seni seň derejäňe ýetip bilmedikler ýigrener...

Dilini saklap bilmeýänden ,, Dost ",
Gözüni saklap bilmeýänden ,,Ýar" bolmaz.
17
42
Imissyou
20.08.2024 14:52
Ýer ýü­zün­de ga­ryn­ja­nyň 35 müň gör­nü­şi bar.
Mör-mö­jek­le­riň ara­syn­da ulu­ly­gy­na gö­rä iň uly beý­ni ga­ryn­ja­da bar.
Ga­ryn­ja­lar öz ag­ra­my­ndan 10 es­se­, kä­bir­le­ri bol­sa 50 es­se agyr za­dy gö­te­rip bil­ýär­ler.
Ga­ryn­ja­lar di­ňe gy­zyl ýa-da ga­ra bol­man, gök, me­lew­şe, sa­ry we go­ňur reňk­li hem bol­ýar.
Ýer ýü­zün­de ga­bat gel­ýän mör-mö­jek­le­riň 1 mil­li­on­dan gow­rak gör­nü­şi bar.
Tom­zak özün­den bir müň bir ýüz es­se agyr za­dy to­ga­lap bil­ýär.
Ke­ke­ne­ler öm­rü­niň do­wa­myn­da 5 müň­den gow­rak mör-mö­je­gi aw­la­ýar.
Hä­zi­re çen­li ke­be­lek­le­riň 150 müň­den gow­rak gör­nü­şi ha­sa­ba al­nyp­dyr. Beý­le­ki jan­dar­lar­da bol­şy ýa­ly ke­be­lek­le­riň hem en­de­mi­ki (di­ňe bel­li bir se­bit­de ýa­şa­ýan) gör­nüş­le­ri bar.
Owa­dan reňk­li ga­nat­la­ry bo­lan ke­be­lek­le­riň zä­her­li gör­nüş­le­ri hem bar.
Kä­bir ke­be­lek­le­riň er­bet ysy bo­lup, bu ola­ry guş­lar­dan go­ra­ýar.
Ba­l ýa­ram­ly­lyk möh­le­ti çäk­siz ýe­ke-täk iý­mit ha­sap­lan­ýar. Ka­da­ly şert­ler­de sak­la­nan­da bal hiç ha­çan za­ýa­lan­ma­ýar.
Ary­lar bi­ri-bir­i­ni ys­yn­dan ta­na­ýar­lar.
Iň zäh­met­keş jan­dar­la­ryň bi­ri bo­lan ary­lar ýa­rym ki­log­ram bal ýyg­na­mak üçin 2 mil­li­on gü­le gon­ma­ly bol­ýar­lar.
11
32
Imissyou
18.08.2024 10:38
,, Ömür."

Hawa men ýalançy ýalan dünýäde,
,,Gowy" diýýän halym soran herkime.
Ýogsa-da dert doly bu gara başym,
Ynjalyp goýanok halys erkime.

Göýäki gyzykly olara halym,
Hamala derdime derman tapjaklar.
Sähel ejizlänim duýsalar welin,
Ogryn -ogryn ýeňsä gülüp bakjaklar.

Ömrüm ýuwaş -ýuwaş sorap ýumagyn,
Geçen günler bilen bilýäs kä zady.
Ýaş başymda şuňa göz ýetirdim men,
Kyn boldy tanamak ýakyny-ýady.

Köpleri görende soragly didäm,
Alaçsyz ýylgyryp bakmaly bolýar.
Çünki ynsanlary tanap bolanok,
Dünýä ikiýüzli ynsandan dolýar.

awtor: Merjen Pirgulyýewa.
9
38
Imissyou
16.08.2024 14:30
Bu durmuşda kyn gün bolsa alnyñda,
Şu sözlerim mydam bolsun ÿadyñda.
Üç-dört gün halyñy gelerler sorap,
Iller gider,dogan galar ÿanyñda.
11
22