Imissyou
02.01.2024 14:22
Meni gribiň🤒söýşi🥰ýaly hiç kim söýmedik bolsa gerek🤷‍♂️. Şunça aýrylşak💔 bolýan weli, hiç
aýrylanokda. Halys😍 ýürekden❤ söýüpmikä😘 diýýän🤦.

Gripdäkiler näli gowymy?
32
301
Imissyou
31.12.2023 22:30
Dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde (şol wagt Germaniýanyň bir bölegi, häzirki wagtda Fransiýanyň bir bölegi) arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, peçeniýa we gant bilen bezelipdir.Arça bezegleri üçin dürli reňkli öwüşgün saçýan çyrajyklar 1895-nji ýylda Amerikada oýlanyp tapyldy.1700-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Russiýa patyşasy Piter I täze ýyly bellemek barada karar çykarypdyr. Ondan öň ybadathana täze ýyly 1-nji martda, adaty adamlar bolsa 1-nji sentýabrda belläpdirler.Gadymy Rimde täze ýyl mart aýynda bellenipdir. Miladydan öňki 46-njy ýylda imperator Ýuliý Sezar täze ýyl baýramçylygyny 1-nji ýanwara geçirmek barada karar çykarýar.Fransiýada, 755-nji ýyla çenli ýylyň başy 25-nji dekabrdan hasaplanýar. Sene soňra 1-nji marta geçirilýär. 1564-nji ýylda korol Çarlz IX-yň buýrugy bilen ýylyň başy 1-nji ýanwardan başlanýar.Eskimoslar täze ýyly ilkinji gar ýagýan güni belleýär.Kubada, täze ýyldan bir gün öň öýdäki gap-gaçlaryň hemmesi suwdan doldurylýar we täze ýyl baýramçylygynda köçä we howla suw sepilýär. Bu ýol bilen günälerden arassalanmak we täze ýyly günäsiz bellemäge umyt döredýär. Kubada täze ýyl “Patyşa güni” diýip atlandyrylýar.Gresiýada, maşgala baştutany täze ýyl gijesi köçä çykyp nary güýç bilen ýere urup döwýär. Aýtmyşlaryna görä dürli tarapa pytrap giden nar däneleri öýe üstünlik getirýär eken.Italiýada, täze ýyl baýramçylygynda köne eşikler, zatlar we mebeller köçä zyňylýar. Köne zatlar köçä näçe köp zyňylsa, şol ýyl şonça-da köp döwletiniň artjakdygy bilen düşündirýärler.Mikroneziýada hem täze ýyl 1-nji ýanwarda garşy alynýar. Ähli adamlar täze ýyl güni özi üçin täze bir at oýlap tapýar we bu hakda ýakynlarynyň gulagyna pyşyrdap aýdýarlar. Garyndaşlarynyň bir bölegi bolsa täze adyny erbet ruhlaryň eşitmezligi üçin bar güýji bilen deprek çalýarlar.Käbir ýurtlarda adamlar täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda iň gowy arzuwlaryny kagyza ýazýarlar. Sagat 00:00-da jaň kakylanda kagyz ýakylýar. Kagyz jaň kakylyp gutarýança ýanyp gutarsa arzuwynyň hasyl boljakdygyna ynanýarlar.Täze ýyl agşamynda bir bölek süýjilik torty Tibetden geçip barýanlara paýlanýar. Täze ýylyň bereketli gelmegi paýlanan süýjilik tortynyň sany bilen baglanyşykly.Awstriýada käkilik bagt guşy hökmünde baha berilýär. Şonuň üçin bu guşuň eti täze ýyl saçagynda hödürlenmeýär.Germaniýada aýaz baba çagalara sowgady penjiräniň tekjesinde goýup gidýär. Şwesiýada bolsa çagalar üçin niýetlenen sowgady öýüň içindäki peçiň içinde goýup gidýär.Afrika ýurtlarynyň köpüsinde gyş ýok. Şonuň üçin olar aýaz babany Kambodjada diýip atlandyrýarlar bu bolsa gyzgyn baba diýen manyny berýär.Gadymy döwürde aýaz baba hiç kime sowgat bermeýär eken. Muňa ýerine adamlar aýaz baba sowgat beripdirler
23
21
Imissyou
31.12.2023 16:24
Hormatly Öwrenmeli portalyň agzalary hem myhmanlary ählijäňiziň Täze ýyl baýramçylygyňyzy gutlaýan, täze ýylyňyz rysgal döwletli, bereketli ýyl bolsun!
pursatdan peýdalanyp şeýleräk arzuw edesim gelýär.
Täze ýylda

Gözleseň tapylmaýan,
Bazarda satylmaýan,
Hytaýda ýasalmaýan,
Maryda üýtgedilmeýän,
Bagt arzuw etýän, goý siziň her biriňiziň asly halal ojaklarňyzda rysgal, döwletli ojagyňyzda gülki, şatlyk, bagt arzuw etýän, öýlerňizde çaga gülkileri ýaňlansyn, janyňyz sag bolsun!
Dünýädäki ähli gowulyklar ýar bolsun!
30
101
Imissyou
30.12.2023 07:37
—Meni 5 adam bolup urdylar. Menem erkek bolsaňyz ýeke-ýekeden geliň diýdim.
—Onsaň näme boldy?
—Soňam ýeke-ýekeden gelip urdylar.
🤣🤣🤣
32
283
Imissyou
29.12.2023 21:20
Kivi-kivi-kivi-kivi-kivi-kivi-kivi-
kivi-kivi-kivi-kivi-kivi-kivi-kivi-
kivi-kivi-kivi-kivi-kivi-kivi-kivi-
kivi-kivi-kivi-kivi-kivi-kivi-kivi-
kivi-kivi-kivi-kivi-kivi-kivi-kivi-

Men sen hakda 5 zat bilýän:

1:Şuwagt sen ýaltaçylyk edip "kivi"
sözini soňuna çenli okamadyň.

2:Sen "kivi"-niň arasynda "kino" sözi
bardygyny görmediň.
3: Sen yza seredip okadyň we "kino"
söziniň ýokdugyny gördüň.

4:Sen bir azajyk ýylgyrdyň.

5:We sen muny paýlaşmagy islediňe.
30
683
Imissyou
29.12.2023 16:08
Garawiýn uniwersiteti Fes şäherinde, häzirki wagtda Marokkanyň çäginde ýerleşip, dünýäniň iň irki uniwersiteti hasaplanylýar. Uniwersiteti 857-859-njy ýyllarda Fatima al-Fihri tarapyndan metjit hökmünde esaslandyryldy soňra bolsa ruhy we bilim merkezleriniň birine öwrüldi. 1963-nji ýylda Marokkanyň häzirki zaman jemgyýetçilik uniwersitet ulgamyna girizildi we iki ýyldan soň resmi taýdan “Garawiýn uniwersiteti” adyny aldy. Metjidiň binasy Marokkanyň taryhynyň dürli döwürlerinden bäri dowam edip gelýän Yslam binagärliginiň möhüm toplumydyr.

Alymlar Garawiýniň Ikinji jahan urşundan soň medrese hökmünde netijeli işländigini aýdýarlar. Uniwersitet binalary 1963-nji ýylda täzeden üýtgedilip guruldy. ÝUNESKO we Ginnesiň rekordlar kitaby ýaly käbir çeşmeler Garawiýni dünýäniň iň köne uniwersiteti ýa-da üznüksiz işleýän ýokary okuw mekdebi hökmünde görkezýär. Bu ýokary okuw mekdebinde dünýäniň dürli künjeklerinden gelen talyplar bilim alýarlar.
21
35
Imissyou
29.12.2023 07:52
Ýiti jogap

Bäş-alty ýaşlaryndaky tokarja oglanjyk bilen
kakasy teleýaýlyma tomaşa edip otyrlar.
Oglanjygyň içi jugurdaýar. Oglanjyk böwrüne
diň salýar-da:
-Bäh, meniň garnym gürlejek bolýar öýdýän!-
diýýär.
Kakasy telewizordan
hümürdeýär:
gözüni aýyrman
-Garnyň gürläni hiç. Esasy zat dar otagda
otyrýeriň geplemese bolýar. Eger-de otyrýeriň
gepläýse, onda göni daşaryk çykmaly bolarsyň!
Oglanjygam mawy ekrandan gözüni aýyrman
oturyşyna, eşidiler-eşidilmez hüňürdeýär:
-Men-ä çykaryn-la welin, o taýymyň bar gürrüňi
otagyň iinde galaýmasa!...
25
160
Imissyou
28.12.2023 21:49
Bir owadan gyz yoldan gidip baryarka
suwsayar suw almanada puly yok onson onunden kirli bir garry yasuly
bakaly suw icip otur diyya, yanky gyzam
mejbur sol yasulyn yanyna baryp suwundan bermegini Sorayar
onsan olam berya onson gyz icinden pikir etya
-bu kirli gojan icen yerinden icmayin diyip suratdaky gorkezilen yerinden yagny bakalyn sapynyn
yokarysyndan icya onsan icip bolanson yasuly
+gyzym senem men icyan yerimden icyan ekenin.🤣🤣🤣
31
271
Imissyou
28.12.2023 11:54
Täze ýyl dünýä ýurtlarynda


 Efiopiýa döwletinde Täze ýyl baýramçylygy “Enkutataş” diýlip atlandyrylýar we ol her ýylyň sentýabr aýynyň 11-ne baýram edilýär. Efiopiýa özüniň Ýuliý senenamasy esasynda düzülen gadymy milli senenamasyny ulanýar. Efiopiýalylar Täze ýyl baýramçylygyna ýangynly tomus möwsüminiň soňy diýip düşünýärler we bu senäni baýram edýärler.

“Tai Täze ýyly” hem ýylyň aprel aýynyň 13-14-i aralygynda baýram edilip, ol ýerli dilde “Songkran” diýlip atlandyrylýar. Bu baýramçylykda ýerli ilata daşary çykyp biri-birleri bilen suw sepişmeklik güýmenjeleri mahsusdyr. Sebäbi ýerli ilatyň ynançlaryna görä, suw sepmeklik ak pata bermeklikden gözbaş alýar.

“Hytaý täze ýyly” diňe bir Hytaý Halk Respublikasynyň özünde däl, eýsem dünýäniň köp ýurtlarynda hem baýram edilýär. Bu baýram güni “Aý” senenamasynyň ilkinji günüdir we Gün ulgamyna görä oňa her 3 ýyldan düzediş girizilýär. Bu baýramçylygyň senesi ýanwar aýynyň 20-den fewral aýynyň 20-i aralykdaky döwre gabat gelýär.

“Wýetnam Täze ýyly” baýramçylygy özüniň gysgaça “Tet” ady bilen has hem belli bolup, ýurduň iň bir möhüm we meşhur baýramçylyk festiwalydyr. “Wýetnam Täze ýyly”, adatça, ýanwar aýynyň 20-den fewral aýynyň 20-i aralykdaky döwürde baýram edilýär. Hytaý senenamasyna esaslanyp, bu baýramçylyk ýaz paslynyň gelmegi mynasybetli bellenilýär.

“Koreý Täze ýyly” Aý senenamasynyň ilkinji günüdir. Koreýalylar bu baýramçylygy her ýylyň 1-nji ýanwarynda belläp geçýär. Täze ýyl milli baýram bolmak bilen, koreý ilaty üçin azyndan 3 gün boş, dynç güni diýlip hasap edilýär. Koreýalylar Täze ýyl baýramynda ata-babalarynyň ruhuna tagam taýýarlamak, ata-babalarynyň jaýlanan guburlaryna gezim etmek hem-de milli Koreý oýunlaryny oýnamak ýaly däpleri ýerine ýetirmeklik arkaly belläp geçýärler.
22
48
Imissyou
28.12.2023 06:44
Täze ýyl häzirki wagtdaky senenamadaky iň esasy baýramçylyk hasaplanylýar. Bu baýramçylyk köp halklar tarapyndan kabul edilen senenama laýyklykda, esasanam köne ýylyň iň soňky güni, ýagny dekabr aýynyň 31-inde we täze ýylyň ilkinji güni, ýagny 1-nji ýanwar günleri uly dabara bilen bellenilýär. 1-nji ýanwar ýylyň başy hökmünde rim hökümdary Ýuliý Sezar tarapyndan, biziň eýýamymyzdan öň 46-njy ýylda bellenilipdir. Gadymy Rimde bu gün saýlama, gapylar we ähli başlangyçlar hudaýy bolan Ýanusa bagyşlanan. Ýanwar sözi hem şol hudaýyň ady bilen baglanyşykly bolupdyr.

1-nji ýanwarda Täze ýyl biziň eýýamymyzdan öňki 153-nji ýylda ilkinji gezek bellenilip başlandy. Dürli ýurtlarda ,,1-nji ýanwar – täze ýylyň ilkinji güni’’ diýlip kabul edilmegi dürli ýyllary öz içine alýar. Meselem Wenesiýada 1522-nji ýylda, Rimde 1544-nji ýylda, Fransiýada 1564-nji ýylda, Russiýada 1700-nji ýylda, Hytaýda 1912-nji ýylda, Beýik Britaniýada 1752-nji ýylda we ş.m.

Biziň ýurdumyzda Täze ýyly uly dabara bilen garşy alýarlar. Adamlar öýlerinde uly saçaklary ýazýarlar, dürli tagamlary, işdäaçarlary, süýjülikleri taýýarlaýarlar. Olar Täze ýyl gününi öz maşgalasy, garyndaşlary, dostlary bilen belleýärler.

Täze ýyl baýramçylygy örän üýtgeşik, jadyly baýramçylykdyr. Sebäbi täze ýyl ähli ynsanlaryň kalplaryna nur paýlap, uly-uly umytlara, owadan arzuwlara besleýär. Bu baýramçylyk ajaýyp bir dünýewi baýramçylyk bolup, dünýäniň ähli künjeklerinde uly dabara bilen bellenilýär. Öz senenamalaryny millileşdirip ulanýan medeniýetleriň köpüsinde Täze ýyl baýramçylygyny bellemeklik örän möhüm çäreleriň biri bolup durýar.
19
37