Imissyou
04.02.2024 23:02
14-nji fewralda asmandan gyz ýagsa hökman biziňki bir bagyň şahasyna ilişip galar...😁

31
252
Imissyou
04.02.2024 20:32
Haçanda öýde pul gutaranda öýdäki bilen men🤣🤣🤣👇👇👇👇👇👇👇
36
301
Imissyou
04.02.2024 14:55

Gara saç perde-perde,
Meni saldyňla derde,
Garaşýan öňki ýerde,
Geläýde janym.

Gelmeseň halym harap,
Giderin söýgä eräp,
Aýdymym diňle sarap,
Göräýde janym.

Sähra...
Ezizim uçaly sähra.
Aý ýüzüň unutman asla,
Gelmeseň halym hassa

28
130
Imissyou
04.02.2024 11:49

Ýüregim sende oňa gowja serdäý,
Sensiz ýöränok özüň ýöredäý,
Saňa ynandym ol seniň eliňde,
Başga ýola gitmesin özüň düzedäý.
28
137
Imissyou
04.02.2024 07:56
Awokadonyň peýdaly häsiýetleri.

Awokadonyň watany Demirgazyk, Günorta Amerikanyň tropiki we subtropiki sebitleri bolup durýar. Ol agaç görnüşde duş gelýän peýdaly häsiýeti ýokary bolan miwedir. Miweleri özüniň ýokary derejeli ýokumlylygy we dermanlyk häsiýeti bilen tapawutlanýar.

Miwesiniň etlek iýilýän bölegi 65-85%-ni we tohumy bolsa 15-35%-ni tutýar. Miweleri armyt görnüşli, şonuň üçin awokado armydy hem diýilýär. Miwe gabygy ýuka, miwesiniň içinde iri şänigi bolýar. Miwesinde 9,8-30% ýag, 1,6-2,1% protein, 60-70% suw we A1, B1, C, B2, D, E, PP, K witaminler saklanýar. Bu aýdylan ähli peýdaly maddalardyr, witaminler adam saglygyny gowulandyrmaga örän uly kömek edýär. Awokado Türkmenistanda ösdürilmeýär, ýöne ýylyň dowamynda biziň bazarlarymyzda ter awokado miweleri görnüşinde görmek bolýar. Awokadonyň üýtgeşik ýakymly tagamy bar. Awokado aşgazan-içege kesellerinde, gastritde, gipertoniýada, süýji keselinde ulanylýar. Şeýle-de, miwe kosmetiki serişdeleriniň önümçiliginde peýdalanylýar. Ondan başga-da miwäni ilkinji gezek kabul edilinde az mukdarda kabul etmek maslahat berilýär. Sebäbi, hem düzüminde ýaglaryň köplügi üçin bagyrda we iýmit siňdiriş ulgamynda näsaglyk döreýär. Ýagny, onuň siňdiriliş derejesi ýokary däldir. Şonuň üçin hem az mukdardan tiz-tiz kabul etmek maslahat berilýär. Miwäni gündelik kabul etmek bolýar.

Bu miwäniň peýdalylygy diňe miwesi bilen çäklenmäni onuň tohumlary hem örän peýdalydyr. Sebäbi onuň tohumynyň düzüminde hem birnäçe peýdaly maddalar saklanýar. Tohumynda 2% ýag, 30% krahmal, we protein, şol sanda alma kislotasyny, şeker, pektin, tanin we guminler saklanýar. Olar hem dermanlyk serişdeler hökmünde ulanylýar.
23
18
Imissyou
03.02.2024 20:43
Dünýäniň iň uly ýolagçy gämisi ilkinji syýahatyna başlady

“Icon of the Seas” ýa-da “Deňizleriň nyşany” diýlip atlandyrylýan dünýäniň iň uly ýolagçy gämisi ilkinji syýahatyna başlady. Onuň ilkinji syýahaty bir hepde dowam eder. Gämi Meksikada, Gondurasda durar, ahyrky nokat Bagam adalary bolar. Gämini ýüzüşe goýbermek dabarasyna meşhur futbolçy Lionel Messi gatnaşdy.

Gämi barada aýdyp geçsek, onda uly restoranlaryň birnäçesi, çäreleri geçirmek üçin ullakan meýdança, uly seýilgäh, buzda typmak üçin meýdança, golf meýdança, gaýa dyrmaşylýan ýerler, 47 metrlik şarlawuk bar. Ol bir wagtda 7600 ýolagçyny we olara hyzmat edýän 2 müňden gowrak ekipaž agzany ýerleşdirip bilýär.


Gämi “Royal Caribbean” kompaniýasyna degişli bolup, agramy 250 müň 800 tonna, uzynlygy bolsa, 365 metre barabar bolan dünýädäki iň uly ýolagçy gämisidir. Ol “Titanikden” hem bäş esse uludyr. Täze gämide syýahat etmek üçin petekleriň bahalary adam başyna 1723 dollardan 2639 dollar aralygyndadyr.

«Icon of the Seas» – 20 gatdan ybarat bolup, ýagny beýikligi 365 metr bolar. Gäminiň umumy bahasy 2 milliard dollardan geçýär. Ýolagçy gämisi iň arassa ýakylýan deňiz ýangyjy bolan suwuklandyrylan tebigy gaz bilen hereket edýär.
29
94
Imissyou
03.02.2024 13:16
Ýer ýüzünde arylaryň 21 müňe golaý görnüşi bolup, olar biri-birinden biologiki aýratynlyklary boýunça tapawutlanýarlar. Iň owadan ary hasaplanylýan melewşe ary (latynça, Xylocopa violacea) Arylar maşgalasyna degişli bolan ýekelikde ýaşamagy halaýan görnüşdir.

Melewşe ary iri göwrümli mör-möjek bolup, onuň beden ölçegi 20-30 millimetr töweregidir. Bedeni gara, kükregi we kellesi gök reňkli, ganatlary bolsa garamtyl melewşe öwüsýär. Daşky keşbi iri siňegi ýada salýar. Tegelegräk görnüşli bedeni dykyz bedeni bar. Aýaklary ownujak tüýjagazlar bilen örtülen, şonuň esasynda hem tozan dänejikleriniň birnäçesini ýygnap bilýärler.

Melewşe ary tutuş tomus aýlarynda işjeň bolýar. Onuň iýmitlenişi edil beýleki arylaryň iýmitlenişine meňzeş. Örän çydamly, uzak aralygy uçup geçmäge ukyply. Öz höwürtgesinden 11 kilometre çenli uzaklyga uçup bilýär. Bu görnüşiň urkaçy osoblary ösümlikleri tozanlandyryjylardyr. Guran agaçlaryň sütünlerinde, gury köklerde ýaşaýar. Bu ary çaksa, örän güýçli agyry peýda bolýar. Melewşe ary ýagyş ýaganda hem uçup bilýär.

Melewşe ary Ýewropanyň günorta böleklerinde, Krym, Kawkaz, Türkiýe, Alynky Aziýa ýerlerinde, Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika, Merkezi Aziýada sebitlerinde duş gelýär. Ýaşaýan ýerlerinde gaty seýrek duş gelýändigi sebäpli käbir döwletleriň Gyzyl kitabyna girizilendir. Guran agaçlaryň köpçülikleýin ýygnalmagy netijesinde bu arynyň sany azalandyr.
27
43
Imissyou
02.02.2024 19:52
Nokia öz saýtyndan
telefon bölümini aýyrdy, HMD Global bolsa ilkinji smarfonyny hödürledi.

Nokia-nyň resmi saýty ykjam telefonlar bölümini aýyrdy, nokia.com/phones salgylanmasy bolsa indi HMD Global tarapyndan ýakynda işe girizilen resmi saýta – hmd.com geçirýär.

HMD Global baş sahypasynda öz brendi bilen täze TA-1585 smartfonynyň daşky görnüşini görkezdi, ýöne telefon barada belli bir maglumat bermedi.
Gürrüňlere görä, HMD TA-1585 108 Mp şekil datçigi bilen üpjün ediler, ekran 1080 x 2400 piksel durulyga eýe bolar. Häzirlikçe bu bar bolan maglumatlar.
IT Home smartfonlardan başga-da, HMD Global-yň hakykatda Nokia T21 planşetiniň täzelenen wersiýasy bolan HMD T21 planşetini-de çykaryp biljekdigini habar berýär.
22
47
Imissyou
31.01.2024 16:52
Adamzat ta­ry­hyn­da il­kin­ji ýazuw dür­li geo­met­rik şe­kil­ler arkaly beýan edilipdir. Il­kin­ji şe­kil­ler daş ýa-da hek bi­len agaç­la­ryň, gaýalaryň ýü­zü­ne çy­zy­lyp hem-de oýu­lyp ýazylypdyr. Bu il­kin­ji ýa­zuw en­dik­le­ri bo­lup, aň-dü­şün­jä­niň ös­me­gi bi­len ýa­zuw es­bap­la­ry kä­mil­leş­ip baş­la­ýar. Şeýlelikde, bi­rek-bi­rek bi­len ha­bar­laş­mak üçin hat oý­la­ny­lyp ta­pyl­ýar. Hat ýaz­mak üçin bol­sa, ýa­zylanda yz gal­dyr­ýan haý­sy­dyr bir se­riş­dä­niň zerurlygy ýü­ze çyk­ýar. Şeý­le­lik bi­len, ga­lam oý­la­nyp ta­pyl­ýar.
Tak­my­nan, 1560-njy ýyl­da ital­ýan neç­jar­la­ry (agaç us­sa­sy) Si­mo­ni­on we Lin­dia­na Ber­na­kot­ti ta­ra­pyn­dan ga­la­myň il­kin­ji gör­nü­şi oý­la­nyp ta­pyl­ýar. Ola­r ar­ça aga­jy­nyň içi boş ta­ýa­jy­gy­nyň içi­ne ga­ra reňk ýer­leş­dir­ip, il­kin­ji ga­la­my dö­re­dip­dir­ler. Köp wagt geç­män­kä has ýo­ka­ry tär ula­nyp, deň ikä ke­si­len aga­jyň içi­ni dik oýup, oňa gra­fi­ti ýer­leş­di­ren­soň­lar ýa­rym bö­lek­le­ri bi­ri-bi­ri­ne ýel­mäp­dir­ler. Bu oý­la­nyp ta­py­lan tä­ze usul bo­lup, hä­zir­ki gün­le­re çen­li şeý­le usul ula­nyl­ýar. Gra­fi­t mi­ne­ra­ly il­kin­ji ge­zek 1654-nji ýyl­da Ang­li­ýa­da ýü­ze çy­ka­ryl­ýar. Eliň­de ­oňaý­ly dur­ma­gy üçin il­ki-il­ki­ler gra­fit ta­ýa­jyk­la­ryň da­şy­na de­ri sa­ra­lyp­dyr. 1662-nji ýyl­da Ger­ma­ni­ýa­nyň Nýu­ren­berg şä­he­rin­de gra­fit kül­ke­sin­den gra­fit ta­ýa­jy­gy­nyň gaý­ta­dan iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan gör­nü­şi­niň oý­la­nyp ta­pyl­ma­gy bi­len, ga­la­myň önüm­çi­li­gi ar­typ baş­la­ýar.
1775-nji ýyl­da fran­si­ýa­ly Ni­ko­la Žak Kon­te agaç­dan ga­la­myň in­çe gör­nü­şi­ni, ýag­ny gra­fi­t ga­ryn­dy­sy­nyň iki ta­ýa­jy­gyň için­de ýer­leş­di­ri­len gör­nü­şi­ni ýa­sa­ýar. Žak Kon­te 1795-nji ýyl­da ga­lam ön­dür­mek mak­sa­dy bi­len pa­ten­t alan­dan soň­ra öz ady­ny gö­ter­ýän ga­lam fab­ri­gi­niň düý­bü­ni tut­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Pa­ri­žiň «Kon­te» kär­ha­na­sy ga­lam ön­dür­mek­de öň­de­ba­ry­jy ha­sap­lan­ýar.
Ka­gyz­da sä­hel­çe yz gal­dyr­ýan, ýö­ne eli­ňi ha­pa­la­ýan gra­fi­te daşlyk ýa­sa­mak pi­ki­ri ýü­ze çyk­ýar. Il­ki-il­ki­ler gra­fit me­tal tur­ba­jy­gyň içine dol­du­ry­lyp, ol di­ňe hat ýaz­mak üçin däl, eý­sem, be­zeg üçin hem ula­ny­lyp­dyr.
1838-nji ýyl­da ang­li­ýa­ly Gen­ri Bes­se­mer gra­fi­tden has kä­mil ga­lam ýa­sa­ma­gyň höt­de­sin­den gel­ýär. 1858-nji ýyl­da Hi­men Lip­man ýa­zuw es­ba­by­nyň bir uju­na ber­ki­di­len boz­guç­ly ga­la­my­na pa­ten­t al­ýar. Şon­dan soň boz­guç­ly ga­lam­lar ýü­ze çy­kyp baş­la­ýar. Eber­hard Fa­ber 1861-nji ýyl­da Nýu-Ýork­da il­kin­ji ga­lam kär­ha­na­sy­nyň düý­bü­ni tut­ýar.
Agaç daş­ly ga­lam­la­ryň dö­rä­ni­ne 200 ýyl­dan gow­rak wagt geç­ip, hä­zir­ki wagt­da ga­lam­la­ryň gra­fit, ga­ty gra­fit, su­wuk gra­fit, kö­mür­li, ug­le­rod­ly, reňk­li, ýag­ly we ak­wa­rel­li ýa­ly bir­nä­çe gör­nü­şi bar. Ga­la­myň hi­li­ni ur­ga çy­dam­ly­ly­gy, ýo­nu­lan­da dö­wül­me­ýän­di­gi, ýa­za­nyň­da ka­gy­zy za­ýa­la­ma­ýan­dy­gy, boz­guç bi­len çalt öçü­rip bol­ýan­dy­gy ar­ka­ly bi­lip bol­ýar.
26
66
Imissyou
30.01.2024 20:18
Arahis dinamit önümçiliginde peýdalanylýar.

Dünýäde iň çalt gürleýänler fransuzlardyr.
Ýaponlar minutda 310 söz, iňlisler 210 söz, nemesler 200 söz aýdýan bolsa, fransuzlarda bu görkeziji 350 söze deňdir.

Adamyň böwreginde toplanýan daşlaryň şu wagta çenli ýüze çykarylan iň ulusynyň agramy 1,36 kg deňdir.

1979-njy ýylda Pensilwaniýada doglan ekiz çagalara Pepsi we Kola diýip at goýupdyrlar.

Erkekler zenanlara seredende dowamly, gaty we ýygy-ýygydan gülýärler.

Mör-möjekler ýylda ekinleriň hasylynyň 25-30 göterimini ýok edýärler.

Kolibri guşy ýeke-täk öňe, yza we gapdala uçup bilýän guşdur.

XVI asyrda Filippinlerde oýnawaçlar ýaraglara çalymdaş bolupdyr.

Bir balary maşgalasy bir möwsümde 150 kg bal öndürip bilýär.

Hokkeý şaýbasynyň tizligi sagatda 160 km çenli ýetip bilýär.

Ilkinji süýtli şokolad şweýsariýaly Genri Nestle tarapyndan taýýarlanylypdyr.

Adamyň nerw impulsynyň iň ýokary tizligi sekuntda 90 metre çenli ýetip bilýär.

Akulalar 30-40 ýyl çenli ýaşamaga ukyplydyr.

Adamyň nerw süýümleriniň jemi uzynlygy ortaça 75 km deňdir.

Şokoladyň tagamynyň emele gelmegine 500 madda gatnaşýar.

Gök gözli adamlar dürli agyry-ynjylara beýleki adamlara seredende duýgur bolýarlar.

Ulitkalar 3 ýyla çenli uklamaga ukyplydyr.

Dünýä ýüzünde dogulýan çagalaryň agramly bölegi gök gözlüdir.

Möýleriň käbir görnüşleri her gün ir bilen öz kerebini iýýärler we ony ýene täzeden emele getirýärler.

Bir balary öz ömründe ortaça bir çaý çemçesiniň 1/12 bölegine deň bal öndürýär.

Öý totyguşlary şokolad we awokadodan başga islendik iýmiti iýýärler.

Koalalar köplenç günüň 22 sagadyny uklap geçirýärler.
26
98