Gumpsamp
10.06.2022 06:18
GARA KELLELER .


JUMA HUDAÝGULYÝEW




Omar urşa ugrajak bolup durka, dört çagasyny
daşyna üýşürip kemşerip duran aýalyna: — Bujagaz garaja kelleleri hor edäýme, Gülendam! —
diýdi. Yzyndanam gelniň gabaryp görünýän göwresine gözi bilen ümläp şadyýan ýylgyrdy. — Işallasa, ýene-de köpelersiňiz, onsoň-a aladaň hasam artar. Gülendam: «Horlaman» diýdi-de, ärini gujaklamaga ejap edip, ýanbaşyna göterip duran çagasyny bagryna
219basdy. Ogşady. «Sag aman geliň!» diýdi. Başga diýere
söz tapylmady. Hoşlaşdylar.
Uly iliň başyna düşen kyn pursatly agyr ýyllar
başlandy. Omaryň
gidenine
dört

diýlende
Gülendamyň ekiz ogly boldy. Alty çaganyň keşigi
tejribesiz gelniň ýeke özüniň başyna düşdi. Iki-üç ýyl
nägerek-eýle dyrjaşdylar. Şu soňky gyş welin...
...Çakyr aýazly şol gyşyň gelmegi bilen urşuň
ýowuzlygyndan ýaňa halys tapdan düşen hojalyklara
açlyk aralaşdy. Gülendam ýaly çül-çagaly hossarsyz
aýallaryň başyndan bolsa agyr synaglar indi... Bu wagt
indi ekizler Kowus bilen Kyýasam «eje nan» diýmäge
ýarapdylar. Saçakda welin şol arzyly nan ýokdy. Ine, indi
telim günden bäri çagalarynyň «na-an, na-an» diýip,
üznüksiz iňňildeşýän sesleri Gülendamyň bagryny gara
suwa dönderdi. Hersiniň ýanyna bir baryp, uzak gijäni
zowzuldap geçirdi. Öz açlygy ýadyna-da düşmedi.
Bularyň halyna duýgudaşlyk edýän ýaly, uzak gije
daşardan gyş şemalynyň zaryn şuwwuldysy eşdildi
durdy. Daňa golaý gar ýagyp başlady. Ertesi goňşulary
Sapar aga iki öý arasyny gardan arçap ýol ýasady.
Gülendamyň halyndan habar aldy. Bir topar çaganyň
açlykdan ejir çekip ýatyşlaryny görüp, gojanyň gözüne
ýaş aýlandy. «Biziňem ýagdaýymyz öwerlikli däl» diýdi-
220de, gidip öýünden ýartydan ulurak gyzdyrma getirip
berdi. Alty çaganyň hersine bir dişlem ýetdi. Aňyrsy
aldanan çagalar öňküdenem beter nan dileşip başladylar.
Sapar aga damarlak ellerini serdi: «Wah, ýok-da! – Ol
başyny ýaýkap, Gülendama duýgudaşlyk etdi. – Seňki
kyn, gyzym. Çagalaryňam ýaş özüňem ýeke. Hiç kime-
de aňsat däl welin... Häýt, Ärnazar bir basym geläýse,
oba şuňňaly gaty gytçylyk düşende bäş-on gün o ýan,
bu ýan ulag alyp giderdi-de, tapyp geläýerdi bir zatlar.
Ýeri ýarýamy, gögi dilýämi, bilmersiň» diýip, üç aý bäri
merkezi keselhanada syrkaw ýatan kolhoz başlygyny
ýatlady.
Sapar aga gidensoň Gülendam ekizleriň biri Kyýasyň
ýüzüne çiş ýöräp başlandygyny duýdy. Hopukdy.
Hasyr-husur Sapar aganyň eşegini diläp aldy-da uluja
ogly Akmämmedi şoňa mündürip goňşy obadaky
daýysynyňka dilege iberdi. Aýaza saň-gaty bolup,
agşamaralar dolanyp gelen oglunyň goltugynda ýekeje
kädiden başga zat görmänsoň ojagaz umydyndanam
el üzdi. «Daýym şuny gaýnadyp iýäýmeseňiz başga zat
ýok diýdi» diýen oglanjyk sowuk pejiň aňyrsyna geçdi-
de, sessiz-üýnsüz süýndi ýatyberdi. Uzyn gije samrady.
Gyzdyrdy. Gülendam kädiniň ýarsyny gaýnadyp
çagalaryna iýdirdi. Olam nanyň ýerini tutmady. Ertesi
221irden turan badyna Kyýasyň ýüzündäki çişiň endamyna
ýaýrap başlanyny gören Gülendamyň zähresi ýarylara
geldi. Agşamky ýatyşyndan galman ýatan Akmämmede:
— Jigileriňe häzir bol, oglum! – diýdi-de, özi
howlukmaçlyk bilen orunbasary görmäge, kontora
gitdi.
Ärnazar aga ýaly dogumly bolmasa-da, ýüregi ýuka,
ýetim-ýesire mährem Allaguly aga Gülendamyň näme
üçin gelenini eşidenden ýeke elini galgadyp, jöwrenip
başlady.
— Ýoklugy-ha çyn, Gülendam. Ysgylatda-da ýokdur.
Ärnazar gelmese men-ä nätjegimi bilýän däldirin.
Döwledem kömek berýä welin, şu aždarha ýuwdup
ýatyr-da bar zady. — Ol şeý diýende günbatara tarap
elini salgady. — Ýöne kömek ederis. Etmeli bor. Ýok
welin, tapmaly bor. Frontçylaryň çagalaryna hökman
kömek etmeli. Bir gysymdan ýygnarys welin taparys.
Sen öýüňe gaýt! Öýlän men özüm ibärin. Az-köp
diýme, gyzym!
Oýlänara Gülendamyňka Allaguly aganyň özi geldi.
Ýüzüni sallap iç işikde oturşyna, goltugyndan çärýek
nan çykardy:
— Sen şuny bir al, gyzym! Obany ters aýlandym.
222Hemmelerem «meni gör-de, seni gör». Şu ýerden
turşuma Ärnazaryň ýanyna gitjek. Bir alaç etmesek
halk gaty horlanýa. Oba arasyna agramçylyk düşjek.
Işanguly agaň aýaly pahyram ýogalypdyr. Mätjan
keliňem endamy çişip ýatyr. Sen, gyzym, ýene-de bäş-
üç gün gaýrat et!
Allaguly aga turup gitdi. Gülendam onuň getiren
nanyny galanja kädi bilen çagalaryna iýdirdi. Ol gije-
de şeýdip geçdi. Ertesi ýene-de ajykdylar. Gülendam
uruna-uruna halys nätjegini bilmän, ädimlerini zordan
ädip, özüniň hem, Omaryň hem deň-duşy, skladçy
Hekimberdiniň ýanyna gitdi. Onuň ýüregine rehim
geler öýdüp, jany-teni bilen ýalbardy. Gülendamyň
göwnüne skladda un bar ýaly, eger Hekimberdi rehim
etse, hemme zat düzeläýjek ýaly bolup göründi.
— Çagajyklarymyň endamyna çiş ýöräp başlady. Ajal
ara düşjek bolup dur, kömek et! Omar gelse ýagşylygyňy
müň esse edip ýerine salar.
Hekimberdi tilkisiräp gepledi.
— Wah, Gülendam, zat ýok. Ine, ysgylat, gir! Tapsaň,
özüňki. Bolsa, men nä... Ýaňyja Gurt agaň agtygam gelip
gitdi. «Enemiň ýylyny berjek, ýarmalyk zadyň ýokmy?»
diýip. Ýok-da! Nädeýin?.. Zady bolsa, kolhozyň özi
223gizlejekmi sizden...
Özi welin «ger-ger» gägirip durşuna gözüni
Gülendamdan aýyrmady. Gülendam ýene ýalbardy.
Naçaryň boýun burup gelmeginden onuň halys
ejizländigini bilen Hekimberdi gözlerini oýnaklatdy:
— Kim saňa ysgylatda un bar diýip iberýä?
— Hiç kimem diýenok. Ýöne hemişe şundan
alamyzsoň şunda bar ýaly bolup dur göwnüme.
— Göwnüňedir ol!
— Aňrujy ýagdaý bolsa-ha...
— Wah, ýok-da!
Gülendamyň gözi garaňkyrady. Ýykylaýmakdan
gorkup, duran ýerinde aşak çökdi. Ýüregi akyp
baransoň halys gurbaty bolman, iki elini hem ýere
diräp, aýak üstüne galdy. Yraň-daraň edip zordan öýüne
ugrady. Yrgyldap gelşine öýündäki çagalaryny ýatlady.
Baransoň olaryň öňküdenem beter ulalan gözleriniň
boş ele düşjekdigini ýatlap, hasam gynandy. Öýüne
gelensoň öňňinden bäri galman ýatan Akmämmediň
turup oturanyny görüp, az-kem begendi. «Gutuldyňmy,
oglum?!» diýdi. Akmämmet ýarty nany jigilerine bölüp
berip oturşyna: «Me, eje, senem şujagazy iý, ýaňy daýym
224getirip gitdi» diýip, ejesine dört barmak ýaly nany
uzatdy. Dokuz ýaşlyja oglunyň uly adam ýaly bolup
oturşyny görüp, Gülendamyň göwni galkdy.
«Jigiň
ýüzündäki çişler köpeläýipmi» diýip, bir towsanda
çagasynyň üstüne howala boldy. Elläp gördi. Çagasynyň
buz ýaly bolup galan endamyna eli degenden: «Waý,
işim gaýtdy-eý, balam-e-eý!» diýip uly ili bilen gygyrdy.
Akmämmet gulagyndan çekilen ýaly bolup, zöwwe
ýerinden galdy. Tasap öýden çykdy-da, Sapar agalara
tarap ylgady. Çagalaryň beýlekileri bolsa, näme-näme
bolanyny hem aňşyrmadylar. Ýöne, ejeleri ýer dyrnap
bagyryp ýatansoň olaram ugrubir aglaşdylar.
...Şondan soň üç-dört gün geçdi. Ara-çola döwüm-
dişlem nan tapdyryp duran hem bolsa mähriň ganar
ýaly zat dişe degenokdy. Oba arasynda: «Pylanynyň
ýüzüne çiş ýöräpdir, pylankes açlykdan ölüpdir» diýen
ýaly gürrüňler seýrek hem bolsa eşdilýardi. Kyýasjygyň
jaýlananyna dördülenji gün diýlende Kowusyňam ýüzi
çişip başlady. «Bagtym ýatdy, bu-da gitjek! Ýeke-ýeke
gidibirmikä bular?!» diýip, Gülendam zary-girýan
aglady. Muny görüp Akmämmedem aglady. Beýleki
üçüjigem aglaşdylar. Akmämmet: «Eje, gar eräp ugrady,
kürüm gözläp geleýin, düýn Mäligem tahýasyny
dolduryp getiripdir» diýdi. Gülendam hossar tapynan
225dek begendi. Aglamasyny
kürümini. Öýlänler
goýdy. «Gidäý,
gitdi.
zire-zire
oglum,
ýarasaň, belki, Hudaý namarda zar etmäýedi-dä» diýdi.
Akmämmet kürüm köwlemäge
Syçanyň
bolup duran arassa
bugdaýdan etegini doldurup geldi-de: «Eje, sen muny
bişirde jigilerime beriber, men ýene getirin» diýip, özi
yzyna, kürüm köwlemäge gitdi. Garaňky düşüberende
ýüzüni gök-dalak edip, boş gaýdyp geldi. Ysgynsyz
seslendi. «Ýaňkydan maňa goýmadyňmy, eje?»
Gülendamyň bagry para-para boldy. «Wah, jan oglum,
men guraýyn, ýene getirin» diýeňsoň, doýsunlar diýip
baryny beräýdim-dä jigileriňe. Akly ýeten çaga dawa-
jenjel etmedi-de, oturan ýerinde içini tutup bir gapdala
gyşaraýdy. Uzak gije aç ýatdy. Ertesem şol açlygy bilen
turdy-da, ýene kürüm köwlemäge gitdi. Ýene-de boş
geldi. Oňa çenli kiçilerem: «Nan-da nan» bolşup, yzlaşyp
başladylar. «Beýder ýaly biz Hudaýa näme ýamanlyk
etdikkäk?» diýende, Gülendamyň bokurdagy doldy.
Donunyň ýeňinden çykaryp, çagalarynyň hersine bir
sany sök berdi.
Akmämmet:
— Söki nireden aldyň, eje? — diýip gultundy.
Sapar aga getirip berdi ýaňy, sen ýokkaň. O bendä-
226de aýakbagy bolduk. «Şujagazyňy bir aldyraýma» diýip
gitdi ýaňam. Muňňam-a çişi gaýdarlykly däl. — Ol
ýene-de bir söki Akmämmede uzatdy. — Sen oglum,
şujagazam jigiňe ýumşadypjyk iýdir, men orunbasar
gelmedimikä, bir görüp geleýin. Senem-ä düýnden bäri
duz dadan dälsiň.
— Men hiç-le! – diýip, Akmämmet çişip ýatan jigisine
seredip aglap goýberdi.
Gülendam kontora baryp orunbasary sorady. Oňa
Allaguly aganyň şol gidişidigini, özüniň welin juda
paltasy daşa degäýmese aňsat boş gelmejekdigini
aýtdylar. «Ol-a bolaýypdyr» diýip, bir bada begenip
gaýtsa-da, özüne iýer ýaly zadyň şu gün, häzir gerekdigi
ýadyna düşüp, ýüregi süýşen ýaly boldy. Ikinji çagasynyň
hem elden gidip barýandygyny ýatlanda süňňi elendi.
Ol öz işigini ýaýdana-ýaýdana zordan açdy.
— Jigiň nähili, oglum? – diýip, Akmämmetden
gorka-gorka sorady.
— Ýatyr öz-ä. Sökem ýumşadyp berdim. Hezil edip
iýdi.
Bor oglum, demi bar bolsa bolýa. Gelýänçäm gara
janym galmady. Ertire bir çykaly hany.
227Ysgynsyz aýaklary ony ertir ýene-de Hekimberdiniň
gaşyna getirdi.
Skladda dogrudanam zat ýokdy. Bolaýanda-da oň
ygtyýary Hekimberdiniň elinde däl. Aňyrsynda bir
zady bolsa ony Hekimberdiniň aýdyşy ýaly kolhozyň
özem ile paýlajak. Ýöne Hekimberdi Gülendamyň
horlanýanynam,
halys
ugur
tapman,
öz
ýanyna
gelýäninem bilýär. Ol şu pursatdan peýdalanmak isledi.
Şonuň üçinem: «Ind-ä çykalgasy galan däldir-dä»
diýip, oýlandy-da, ýüzüni ýerden galdyrman durşuna,
halal maşgalanyň elýetmez şahasyna dil ýetirdi. Özem
ol muny şeýle bir bihaýalyk bilen syrtarylyp aýtdy
welin, gahardan ýaňa ýüregi ýarylara gelen päkize
maşgala gapanyň üstünde duran çekim daşyny alaga-da
Hekimberdiniň depesinden inderdi. Degmedi. Tasap
daşaryk çykdy. Kürtdürdi. Ajyndan ölen Kyýas, çişip
ýatan Kowus boýunlaryny galdyryp bilmän, içerde
pytraşyp ýatan gara kellelije çagajyklary göz öňüne
geldi. «Kyýas jany Omar görüp bilmedi. Kowus janam
görüp biljek däl öýdýän» Gülendam aýaza galdyrap
durşuna nätjegini bilmän ýaýdandy. Hekimberdiniň
haýasyz keşbi göz öňüne gelende: «Çagalarymy gujaklap
aç öleýin welin...» diýip gözünden ýaş dökdi. Käte bir
ädim ädip barşyna skladyň daşky derwezesine ýetip
228haýaty yklap durdy. Pikir etdi. Içinden geçip barýan aýaz
naçar maşgalany egreýdip, alyp barýardy. «Ärnazar aga
ertir geläýende-de, Kowusjygyň ertire galjagyna ynamy
bolmadyk Gülendam bagryny elek edip yzyna döndi.
Bagyr awusy gitmedik gelin ertirem Kyýasyň taýyny
jaýlamaly bolaýmagynyň ahmallygyndan ýaňa näderini
bilmän gözünden ýaşyny saçyp sklada ýaňadandan girdi.
Özünden öňürti köwsarlap içeri giren gyş şemalyndan
hem sowuk ýüzüni ýerden götermän dillendi:
— Kyn söwdany meniň başyma salma, jan dogan!
Erte Omar gelse...
— Wah ýok-da, Gülendam!
— Onda nä...
— Aý, gaty zerur bolsaň öýdäkiden bäş-üç kilo...
getirip beräýmesem.
— Gaýrat et, jan dogan. Ärnazar aga gelse, üzeýin
— diýip, Hekimberdiniň ýüregine rehim gelendigine
begenen Gülendam göz ýaşlaryny süpürdi. Begenjine
eýýäm onuň ýaňky gödekligini hem bagyşlady. Ýigrenjiň
ornuny minnetdarlyk eýeläp ýetişmänkä, köw-söw edip
duran Hekimberdi buz ýaly sowuk sözlerini şagyrdadyp
gelniň öňüne dökdi.
229— Nememi osoň, nähili, ýaňky aýdanmyz boljakmy
osoň?
Aç gözlerinde gazap ody täzeden ýanan gelniň
göz öňüne ýene-de çişip ýatan çagasy geldi. «Asly
toprakdyr şuňňam, erär-le» diýip, ýene-de birmeýdan
Hekimberdä ýalbardy. Hekimberdiniň şeýle agyr
sözlerini eşidip, çekip durup bilşine özem haýran galdy.
Halys bolmansoň ysgynsyz, ýöne ýürekden syzdyryp
şeýle diýdi.
— Sen ýalkanmarsyň, Hekimberdi! Sen ýalkansaň
men hudaýdan närzadyryn...
Hekimberdiniň sesi güňleç çykdy:
— Ýok-da!
Gülendam çapgyn şemala duwlanyp öýüne geldi.
Garaja kelleler yrgyldaşdylar: Ejeleriniň iki eliniňem
boş gapydan girenini görüp barmajyklaryny sormaga
başladylar. Gülendam bu boluşda uzak oturyp
bilmejegini bildi. Sandygy açyp, gymmat bahaly şaý-
sepinden näme galan bolsa bir ýaglyga düwdi-de, gelen
yzyna tarap gitdi. Öz-özüne göwünlik berdi. «Bolmaly.
Heý ysgyladam bir boş bormy. Ol elindäki düwünçegi
Hekimberdiniň öňüne oklady. Hekimberdi gözüni
tegeledi.
230— Bu näme?
— Şaýlarym. Gyzkam dakynan ysyrgamam,
şakäkilimem şunuň içinde. Hemmesinem alaý. Bir
bişirlik berseň bolýa. Un bolsa-da, bugdaý bolsa-da.
Ertire çyksak bolýa. Belki ertir geläýedi-dä birinden
biri.
Hekimberdi sowuklyk bilen şaýlary elleşdirdi.
— Ýadyma düşýä. Şuny dakynýanyňy bilýän. Gyzdyň
sen o wagtlar. Owadandyň. Sen şumadam owadan. —
Soňra ol ýaglygy emaý bilen düwdi. Yzyna uzatdy. —
Me, ýygna. Kolhozyň maly meň öz zadym däl. Onsoňam
aýtdym-a ýok diýip. — Hekimberdi ýüzüni kese sowdy.
— Bir käse ýaly sary ýag-a bar. Bugdaýam özümiňkiden
beräýmesem...
— Karz beräý! Şularam al! Hem-ä şulary bereýin,
hemem alan karzymy üzeýin. Şu gün-erte oňňut bolsa
bor. Ärnazar aga...
— Özüň razymy osoň?
— Karzamy?
— Ýaňky aýdanma? Gorkma, hiç kim bilesi ýok.
Gülendam ýüzüni tutup çykyp gaýtdy. Çagalar
ejeleriniň elindäki düwünçek çöreklidir öýdüp
231ýerli-ýerden topuldylar. Şagyrdaşyp ýatan gymmat
bahaly bezegler bir döwüm çöregiň ýerini tutmady.
Gülendam seretse, Kowusyň çişi köpelipdir. Birhili ýüzi
gögerenem ýaly. Akmämmediňem haýy gaçyp barýar.
Ortaky üçüjigi-hä nämüçindir başlaryny ýerdenem
göterenoklar. Käte bir gözlerini açýarlar-da, ýene
ýatyberýärler.
Akmämmet ýatan ýerinden çalaja pyşyrdady:
— Eje, Sapar aganyňam ýüzi çişipdir. Ýaňy agtygy
gelip gitdi. «Gülendam tapan bolsa iki barmak ýalyjak
nan bersin, dadyp bir öleýin» diýipdir.
Gülendam içigip, içigip aglady. Göwnüni bire
baglap ýerinden turdy. Kimdir biriniň öňünde özüni
aklamakçy bolýan ýaly, dik duran ýerinde kükregine
uruplar aglady:
— Nädeýin-dä! Nädeýin onda men?! Gyraýynmy
bulary?
...Bir zatlara güýmenen bolup duran Hekimberdiniň
ýanyndaky iki-ýeke adamlar gidişýänçä, Gülendam
daş işikde aýaza gerňelip garaşdy. Hiç kimiňem arkasy
haltaly çykmaýanyny görüp uludan demini aldy. Sklady
ýapjak bolup durka muňa gözi düşen Hekimberdiniň:
«Maňa garaşýaňmy, Gülendam?» diýenini eşidip,
232gabaklaryny
götermän,
çalaja baş
atdy. «Çaga-ha
gidip barýa» diýip delmurdy. Gulpa sokan açaryny
towlajagyny, towlamajagyny bilmän duran Hekimberdi
syrtyny bir gapdala burdy. Ýüzüni eňşetdi.
— Ysgylatda-ha, Gülendam ýaňky aýdanym, ýel
öwüsýä. Bersemem çagalarymyň agzyndan kesip
özümiňkiden beräýmesem... Biziňkilerem özüň bilýäň,
az-küş däl. Gaýnymam meňkide. Gahatlyk ýeke seň
başyňda däl. Çyda! Ärnazar aganyň ýanyna giden
bolsalar oň özi bir ýol salgy biýr-dä.
— Wah, maňa şu gün gerek, şu wagt, şu pursat
gerek. Düýnkijämiň mazary kepänok, beýlekimem
çişip ýatyr. Onymam öljek. Çagajyklarym gidip barýa
ýeke-ýekeden. Näme diýseň kaýyl boldum, indi bir boş
goýberme, zalym!
Hekimberdiniň gözleri ýiteldi. Ýaş balasyny gorap,
özüni oda-suwa urmaga taýyn bolup duran bürgüde
meňzeş bu gelniň halyna gynanjak boldy. Ýene-de isleg
ökde çykdy. Ýuwdundy. Çalaja seslendi:
— Bärik geç-äý onda!
Hekimberdi sklady daşyndan gulplady-da,
Gülendamy arka ýüzündäki gapydan saldy. Özem girdi.
Gapyny içinden ildirdi. Sessiz-üýnsüz dowam eden
233hysyrdylardan soň agyr söwda başlandy. Gara el ak
gerdenden ötdi. Gülendam yzyny üzmän aglap ýatyşyna
Hekimberdiniň demi ýüzüne urandan, sesini kesdi.
Onuň iki görejine gazap bilen dikanlady. Göreçlerden
uçgun syçrady.
— Bu güzer seň injek güzeriň-ä däldi welin... —
diýdi-de, yzyny aýdyp bilmän eňräp goýberdi. — Bol
basym, çagam ölmänkä öýe bir ýeteýin!
...Ýüzüni hüýt-gara edip, Hekimberdiniň uzadan
düwünçegini goltugyna gysyp, üstündenem hiç
kim görmez ýaly donuny büräp, yrgyldap barýan
Gülendamyň gözi häzir ýeri-gögi saýgaranok. Onuň
aňynda diňe «Kowus jan ölmäge ýetişmedik bolsa
ýagşydyr» diýen oý bar. Öýe gelensoň ol görgüli
çagasynyň diridigini görüp begenibem bilmedi. Işikden
ätländen Akmämmet böküp öňünden çykdy.
— Eje, ýaňyja Allaguly aga gelip gitdi. Ine, ýarty halta
unam getirdi. Ýene bir hepdeden Ärnazar aganyň özem
geljekmiş. Hemmelere-de bugdaý berjekmişler.
Ozalam ümürde ýöreýän ýaly äm-säm bolup gelýän
Gülendamyň iç işikde duran ýarty halta uny görüp,
barja ysgynam gaçdy. Haltany sypaň-sermeň eden
boldy. Maňlaýyny bogdagy çözülmedik halta diräp,
234demi-demine ýetmän aglady. Goltugyndaky düwünçegi
çagalarynyň göräýmeginden gorkup,
edip ýerinden turdy. Şol
saňňyl-saňňyl
turşuna telim ýola gatnap
torç eden ýoluny şor ýaşy bilen eze-eze sklada bardy,
goltugyndaky düwünçegi çykaryp, henizem bir zatlara
güýmenen bolup duran Hekimberdiniň öňünde goýdy.
Göwni bir ýaly parhsyz gepledi.
— Men-ä ýulunmaza gitdim welin, herne Hudaý
neresse çagalara haram aşy rowa görmändir. Ejiz
boldum... Aljyradym... Şu gara kelleler diýip... Wah
garamaňlaýym!
Ol
gazap
bilen
düwünçegi
silkip
goýberdi.
Düwünçekden şagraşyp dökülen sübse darylaryny
görüp, Gülendamyň dili tutuldy. Gözüniň öňi ümezläp,
injikleri saňňyldady. Ýykylmazlyk üçin ganatlaryny
ýaýdy.
Ol soňky gezek öýüne gelende iňrik garalyp ugrapdy.
Haltanyň bogazyndan ellerini sokuşyp, un iýip, ýüzlerini
ak urba
edişip oturan çagalarynyň seredibilmän,
galpyldap, aýak üstünde kän durdy. Ölesi geldi. «Wah,
ýetişjegem ekenler» diýip, köňlüni daglaý-daglaý halys
ýere siňdi. Kem-kemden endamynyň hapasy köpelip
barýan ýaly, töweregine çalt-çalt garanjaklady. Suw
235ýylydyp ýuwundy. Oň bilenem synasy päk bolmady.
Gulagyna kimdir biriniň, ýöne Omaryňky-ha däl,
sesi eşidildi, «Indi nädip ile görünjek?» Gülendam
gyssanjyna özüni aklajak boldy. «Il bilenog-a!» «Il
aýnaňdyr. Muny il-ä däl, derýadaky balyklaram biler.
Çagalaryňy gujaklap şehit ölen bolsaň abraýyň artardy
Merdiň jaýyna namardy salandan-a...» Iň ýamany
şondan soň boldy. Işikde hakyt Omar peýda boldy-
da, Gülendamyň üstüne direndi duruberdi. «Heý,
Gülendam, beýdeniňden-ä hemmejesinem eltip gara
ýere duwlan bolsaň, gowy bolardy!» diýdi. Başyny
ýaýkaý-ýaýkaý götinjekläp çykyp gitdi. Gülendam:
«Dur!» diýip jynssyz sesi bilen gygyrdy. Omar başyny
ýaýkady. «Durarlyk galan däldir». Kelebiň ujuny ýitiren
gelin äriniň yzyndan ellerini serip, gözünden boýur-
boýur ýaş dökdi. Ysgyny gidip ýykyldy. Şol ýatyşyna
ýarym gijeler üşäp oýandy. Turup peje ýalaňy odundan
salyp öýüň içini birazajyk ýylatdy. Daň atmanka
çagalaryna bulamak bişirip berdi. Unaşam bişirdi. Sapar
aga-da bir käse aş iberdi. Pytraşyp ýatan gara kelleler
dikeldiler. Öýüň içinde hereket başlandy.
Şondan soň bir hepde geçmänkä Ärnazar aga gutulyp
geldi. Halk ýeňillik bilen dem aldy.
Bu habara hemme begense-de, Gülendam begenip
236bilmedi. Ol indi hiç zada begenip hem bilenok, gynanyp
hem. Ol gije-gündiz bir zada, urşuň gutararyna,
Omaryň oba gaýdyp gelerine garaşýar.
Bahar gelip, töwerek al-elwan öwsen mahaly, sapaly
bahar bilen bile uly iliň uzak ýyllar garaşan ýeňşi hem
ýetip geldi. Gerçek ýigitleriň, ner atalaryň birnäçesi jeň
meýdanlarynda müdimilik galdylar. Ölmedikleri bolsa
başlaryny dik tutup, är kimin öýli-öýüne gaýdyp geldiler.
Ýüzünden nur saçyp, Omaram geldi. Çagalaryny
bagryna basyp öwran-öwran ogşady. «Hany, ekiziň taýy
şümi?» diýip, ajalyň agzyndan sypyp galan Kowusjygy
eline alyp telim gezek bökdürdi. Gülendama göwünlik
berdi:
— Beýlekini aldyrdyňmy? Zyýany ýok, gamlanma.
Galanam bor. Şularyň jany sag bolsun. Hany, özüň
nähili? Ynjaman, agyrman otyrmyň?
Gül
ýüzi bir
eýýäm solan Gülendamyň bolsa,
ganaty döwülen guş ýaly şol bir ýygrylyp oturşy. Edil
doňdurylan ýaly. Omaryň gözüne-de seredip bilenok.
Aglaýar. Omar bolsa hiç zat aňanok. Şol pessaý-pessaý
gürläp otyr.
— Goý aglama.
duşmany ýeňdik.
Sag-aman siziň
237
Ine, Hudaýa şükür, abraý bilen
gaýdyp
araňyzageldik. Senem, tüweleme, çagalara är kimin seredipsiň,
ekläpsiň...
...Çagalar gaty giç ýatdylar. Jürrüldeşip halys
ýadansoňlar ýatdylar. Gülendam düşek saldy-da, daşky
eşiklerini çykaryşdyryp oturan adamsyna:
— Omar, hol sandykdaky ýaşyl elbukjaň içinde bir
hat bardyr. Sen prontdakaň birinden gelipdi. Menem
ýygşyryp goýdum. Şony oka, oňa çenli menem bir daş
çykyp geleýin... — diýdi.
Omar sandygyň üstündäki ýorganlary aýryşdyryp,
haty tapýança esli wagt geçdi. Daşy bukjasyz, dört
eplenen kagyzy açdy-da, okap başlady.
«Omar, altyn gapyň açyldy. Kümüş uýanyň üzüldi.
Şir awuna şagal degdi. Seniň bilen bir düşekde ýatmaga
meniň hakym ýok. Şu gara kelleleri ölümiň agzyndan
alyp galjak bolup, seniň tylla käsäň bilen özgä suw
içirdim. Günämi bilýän. Şoň üçinem gidýän. Kyýamat
magşar güni gabat gelseň, meniň ýüzüme otly kesindini
basarsyň. Senden bir haýyşym bar, olam bolsa özleri
üçin ejeleriniň şeýle pes güne düşendigini çagalar
bilmesinler. Ýene bir zat, onam aýdaýyn. Çagalaryň şol
haram aşy iýen däldirler. Olar arassadyrlar. Nädeýin,
ejiz boldum, başym egildi, pudagym döwüldi. Indi
238özüň geldiň. Çagalary hor etmersiň...»
Omar ylgap daşary çykdy. Birdenem bir zat göwnüne
gelen ýaly işiklerindäki eşegarka kürsäp urdy. Ortarada
sallanyp duran aýal göwresine gözi düşenden, depe
saçy düýrükdi. Çözlenen gara saçlaryň şemalyň ugruna
tar-mar bolup ykmasy, aýyň şöhlesi çala düşýän
garaňky ýerde hasam perişan bolup görünýärdi.
Omar bir bada nätjegini bilmän ýaýdandy. Ýaňyja
sowap başlan göwräni sesini çykarman, emaý bilen
çözüp aldy. Usullyk bilen gujagyna gysdy. Aý ýagtyda
gapysy garalyp görünýän öýüne öwran-öwran seretdi.
Ýaňyja-da ene-atasynyň arasynda jürrüldeşipjik oturan
jüýjejikleriň eýýäm enesiz galandyklaryna ynanasy
gelmedi. Çagalarynyň ýetim günleriniň başlanmagyny
hiç bolman ertire çenli bir uzaltmak isleýän ýaly, öýe-de
girmän, goňşularyna-da duýdurman, baharyň mymyk
howaly bu hoştap gijesini, jebri-jepalara göýdük bolan
kembagt aýalynyň başujunda oturyp geçirdi. Şol gije
ol dört ýylky çekmedik jebrini çekdi. Içinden bolsa şol
bir sözi gaýtalady oturdy: «Beýdäýmelem däl ekeniň,
Gülendam! Bir topar garakelleleri ýetim goýmaly däl
ekeniň. Maňa görä-de bulara sen has gerekliräk ahyry!
Oňarmansyň, Gülendam! Edil beýdäýmeli däl ekeniň.
239Şular üçin ýaşabermeli ekeniň-ä... Oňarmansyň...» 1981 ý.
10
86