Gummanoff
02.03.2020 10:20
Buşlyk sygrym gaçar tana guzlady..✌✌✌
7
865
Gummanoff
01.03.2020 07:56
Hemmäňizi Baharyň ilkinji güni bilen gutlaýan???
9
430
Gummanoff
29.02.2020 07:47
Öwrenmeli portalyna ikiçäk ýazyşylýan sahypa goşaýyñ?
0
Gummanoff
28.02.2020 17:35
Muny bilmek gyzykly.

1.it-i ýala çagyrmak üçin ..elh-elh..diýilýär.
2.towygy iýme çagyrmak üçin ..tüý-tüý.. diýilýär.
3.Dowarlary suwa çagyrmak ü/n ..gyrruýt-gyrruýt..diýlär.Muny belli saz öwreniji W.Uspenskiý geçen asyryñ başynda nota hem geçiripdir.
4.Sygry kowmak ü/n ..höw.. diýilýär.
5.Düýäni kowmak ü/n ..haýt..diýilýär...Düýä haýt diýmek medet diýmek.
8
801
Gummanoff
18.02.2020 10:40
Akyl hakynda nakyllar.

Akylyna göwni ýetýän sözünde büdrär.
Akyl azalsa, gerekmejek zat köpeler.
Hakyñ beren iñ ýagşy peşgeşi akyldyr.
Akyldan gowy ýol belet bolmaz, adyllykdan ýagşy penakär.
Akylly amalyna bil baglar, akmak emeline.
Akmaga dost bolandan,akylla duşman bol.
6
319
Gummanoff
17.02.2020 22:47
Hytaýyñ ilaty näçe % göterim boldyka? we ykdysady ýagdaýy nä dereje-de?
3
350
Gummanoff
16.02.2020 17:45
Filtr aslynda latyn sözi bolup keçe diýmekligi añladýar.
5
237
Gummanoff
15.02.2020 08:48
1.Söýgüliler güniñiz nähili geçdi?
2.Söýgüliñiz size supriz taýarlapdyrmy? ýada siz oña taýýarladyñyzmy?
Söýgiliñiz bn bagtly ýaşañ
3
764
Gummanoff
14.02.2020 11:06
Slm hemmäñiziñ walentina baýramyñyz gutly bolsyn???
8
393
Gummanoff
11.02.2020 09:54
Diý maña
Diy maña ,,akylly"
Diy ,,parasatly"
Diy mana ,,görmegöý"
Diy sen ,,ukyply"
Diy maña ,,sen kämil,
Hem-de duyuçyl"
Ýöne sözleriñde
Bolgun dogruçyl.

By:Şeldon Allan Silwerstain
Hemişelik galjak zat ýok.
Tebigatda ilki gunça altyndyr,
Solar öydip heder eder reñkinden.
Onuñ irki ýaprajygy güldendir,
Az salymdan jyda düşer görkünden.
Ýapraklar bir-birini ýygşyryp başlar,
Gussa aralaşar Erem bagyna.
Ynha şeýdip, günler aýy garşylar ,
Hemişelik galjak zat yok panyda.
By.. Robert Frost.
6
477