Guller___
11.03.2025 04:41
1.Durmuş gurmak, ömürlik ýaşaşjak adamyñy tapmak däl, şonsuz bir gün hem ýaşap bilmejegiñi tapmakdyr.

2.Akylsyz/ýüzi gözele)Akylly/kalby gözele sereder. Wagt ýüzüñ owadanlygyny aýrar, Emma kalp gözelligini artdyrar.

3.Gowy adam bol! Ýöne ony beýlekilere subut etjek bolup Wagtyñy ýitirme!

4.Owadany owadan edýän edepdir, edep bolsa owadany söýmäge sebäpdir.

5.Adamlaryñ iñ erbedi: Bir adama üýtgeşik, başga bir adama üýtgeşik görünýän iki ýüzli adamlardyr.
9
53
Guller___
09.03.2025 11:45
Men uçmak islämok, guş dek asmana,

Uçýanlary synlap ýaşasym gelýär.

Isleg ýok özümi Gökden asmaga,

Ömri Ýerde synap ýaşasym gelýär.


Meni ýaratdylar, ýalkadylar hem,

Garyn dok, hiç kimden iýdirmedi kem,

Alma!

Ömür görsün atamdyr-enem,

Bir ömrüme sylap ýaşasym gelýär.


Sözlem ötgür çyksa, ýürekden ötse,

Barmaly menzilin, ýalñyşman ýetse.

Duşmanlara güýjüm ejizlik etse,

Sözler bilen çüýläp ýaşasym gelýär.


Gözüm dikilmesin özgäñ malyna,

Itler uwlasa-da garyp halyma...

Hallalykdan haýrym ýetip ilime,

Rysgalymy çeýnäp ýaşasym gelýär.


Togtamazdan barýar ömür kerweni,

Söýgi, duýgy bilen aýlap serleri.

Alladan dilegim bize berleni,

Yşk odunda gaýnap ýaşasym gelýär.


Durmuş oýun edýär adamzat bilen,

Kä-te aýagyñdan çiler bat bilen.

Bu islegim başa barmanam biler,

Ýoly özüm saýlap ýaşasym gelýär.

Kerim Hallyýew
11
55
Guller___
20.01.2025 19:29
Bolmady diýip gynanma, wagty geler bolmadygyna şükür ederisiň.
7
131
Guller___
10.01.2025 14:56
Öten dostlaryňy örtenip ýatla,

Ýaşap ýörenleri söýmegiň üçin.

Köňlüňi pes tutup, güýz kimin ýaşa,

Ertäň aladasyn duýmagyň üçin.
8
149
Guller___
22.12.2024 19:33
Sözleýşiñ güýji, az sözler arkaly köp zady aýdyp bilmekdir.

~Plutarh
3
96
Guller___
19.12.2024 23:25
Näme üçindir, bilmedim, emma soñky günler: ,,Adamlardan uzakda durmak rahatlyk berýär" diýlen gepiñ hakykatdygyna göz ýetirip barýaryn:))
5
45
Guller___
19.12.2024 18:47
Hiç kime 2 gezek ynanmañ, sebäbi 1 kitaby ikinji sapar okasañda ýene öñkisi ýaly gutarar:))
6
129
Guller___
17.12.2024 22:21
Okamaýan adamyñ, okap bilmeýän adamdan artykmaçlyğy ýok.

Mark Twin
6
105
Guller___
16.12.2024 15:36
Dogryçyllyk: Diliňde däl, özüňde,
Gözellik: Ýüzüňde däl, ýürekde bolar.

~MÖWLANA~
11
136
Guller___
06.12.2024 00:19
Güli gülene ber,
Kalbyñy söýene ber,
Söýmek ğözel zatdyr,
Gadryn bilene ber..!

HZ.MÖWLANA
9
63