Gu₩anc💡
02.12.2022 11:33
1.* Magtymguly, öwüt bergil söz bile,
Eşiden deň bolmaz, gören göz bile.
Magtymguly Pyragy.

2.* Gula döwlet gelse bilmez agasyn,
Nakyldyr: har semrär - deper eýesin.
Mollanepes.

3.* Ýola çykma, duşmanyň kimdigin bilmän,
Suwa girme, suwuň çuňlugyn görmän.
M.Seýidow.

4.* Sakalyň deregin tutsa-da akyl,
Akylyň deregin tutmaýar sakgal.
Kerim Gurbannepesow.

5.* Seni söýüp, göz ýetirdim bir zada:
Kynçylyk yok,
Ejizlik bar dünýäde.
Gurbannazar Ezizow.
18
102
Gu₩anc💡
01.12.2022 10:01
1. * Çekeleşiksiz söwda bolmaz, zyýansyz - peýda.
2. * Dil akylyň açary.
3. * Akyly keltäň - dili uzyn.
4. * Kişiniň palawyndan, öz çorbaň ýagşy.
5. * Seresaplylyk - akylyň ýarysy.
6. * Tagamsyz, aşa duz neýlesin, akylsyz başa - söz.
7. * Ajy hem bolsa çyn söz ýagşy.
8. * Akyly diňläne berseň ýagşy.
22
115