Gu₩anc💡
08.01.2023 11:22
Turestiçeskaya firma : WOÝENNYKOMAT sizi 2 ýyllyk, ýurdumyzyň islendik nokadyna Gyzykly syýahata çagyrýar. Firmanyň kömegi bilen Siz ýurdumyzyň ýadygärlige baý bolan Daşoguz welaýatyny, Köýtendagy, Awazany, Aşgabady we ýene-de birnäçe owadan ýerleri görmek mümkinçiligiňiz bar. Syýahat wagty Siz 5 ýyldyzly KAZARMA adyndaky kazarmada mugt ýaşarsyňyz.😅 Sizi her gün 3 wagtyna mugt naharlar, naharlar: Greçka, goýun eti, kartoşkaly kartoşka, gowurlan bürünç. Syrkawlanyňyzda bejergi almak hyzmaty döwletiň hasabyna.
Siz dünýädäki bolup geçýän wakalardan her 6njy gün obeddan soň habarly bolup bilersiňiz, mundan başga-da siz gyzykly oýunlary oýnarsyňyz. Olar: "Padýom- otboý" "Marş", "Hatara düzül", "Saga dön", "Erkin".
Çorçuk simden örän berk edilip ýasalan howluda gaty arkaýyn ýaşamana, ýatyp turmana mümkiçilgiňiz bolor. Düşen nokadyňyz arhitektura gurluşygyna baý boljakdygyny hem ýatladýarys, olar: ŞTAB, PARK, SAN.ÇAS.
(Gulluk edenler😅😀) Düşünenler like👍
19
354
Gu₩anc💡
04.12.2022 09:55
1.* Çemçe bilen aş berip, sapy bilen göz çykarma.
2.* Öwüt ber, öwüt alana, nesihat ber, gulak salana.
3.* Ýüz berseň, ýüzin düşer.
4.* Berenden – al,
urandan – gaç.
5* Bir ýagşylyk müň belany gaýtarar.
6.* Ite ýalagyny az berseň,gapydan garamaz.
7.* Mert serini berer,syryny bermez.
8.* Edeni bergi, göreni görgi.
9.* Köp ber, gözel al.
10.* Odun diýeniň çöp bolar, çöpläberseň, köp bolar
21
104