Gbaglandym💜🔗
06.07.2022 12:26
Uguldan işigine gelende maşyn
Bir bedre hapany ataýsa käte
10 günläp owünýä,sen bolso diýäň
Atmanjyklar geçen bolsadyň käşga
Wah janym edere işem yok bizde
Yaşaýan ýerimiz şäheriň içi
Ne hä duýämiz ba,nede sygrymyz
Ne de owlagymyz ba nede bir geçi
Birje pişigimiz bar ajyksa olam
Ozjagaz tapýa iýjejik zadyn
Oňa agtyjagymyň çyrşagam ýetýä
Döküp saçyp ýatyr iýjejik zadyn
Balam ýeke gelin diňe mende däl
Goňşymdada otyr şoň ýaly gelin
Haýsy oýe haýsy işikden baksan garşymdada otyr şoň ýaly gelin
Geleniň geçeniň aýagyn synlap koçede otyr şoň ýaly gelin


..........K.Gurbannepesow


🤔🤔Kerim aganyňam dowründäki gyzlaram seyle ekenay😐😐
7
83
Gbaglandym💜🔗
05.07.2022 18:38
Kän zatlar modadan gaçýa diýsemem
Ýadymdan çykypdyr gaýyn bir gelin
Diýip bir ýygnakda Dürjemal eje
Oturan ýerinden göterdi golun

Hem diýdi ne yssy ne sowuk suwa gelinler batyrmak islanok elin
Kä birisi bolso ýatmakdan basga
Zähmet diýen zady görmändir basda
Ne tikin onarýa nede bir keşde
Söýşen ýigidiniň işçek çaýynam
Hokjak edip zordan gaýnatýa peçde
Henizem köşegim olaň bagtyna
Wagtynda döräpdir gaz diýen ojak
Yogsada by ärem ajyndan oljek çagalaram
özem ajyndan oljek
Ne hamyr ýüwürýa ne ot goýwerýä
Ne nam ýapyp bilýa,aňkaryp otyr nede diplomy bar ne işläp bilýä aý garaz ne hamyr ne petir
Bilmedim enäniň bilmedim ataň
Bilmedim yşkolyň kimiň günäsi
Ne kitap okaýa nede bir gazet
Hindi kinosynda äri dünyäsi
Ýada gelinlerin topalaň oýny
Ýada şoňa meňzes başga topalaň
Işiginde bolsa Köpetdag ýaly
Üýsip ýatyr geçen ýylky hapalar


.............K.Gurbannepesow✍️
9
147
Gbaglandym💜🔗
04.07.2022 13:05
A-gyz, näme, hanmydyň sen! Geýinýärsiň beýle gymmat?!
Her ýaglygyn – iki goýun. Her ýüzügiň – bir bedew at.
Her köýnegiň bahasyna alyp boljak iki sygyr
– Iller geýýär, menem geýjek.
Döwür şeýle, döwür.

– Gelin, näme dänjirýärsiň? Çüýredimi öňki dişiň?
Altyn seni ýigdeltmändir: kyrk bolupdyr otuz ýaşyň.
Hem pul seçdiň, hem garradyň, hem dişiňe berdiň jebir..
– Iller şeýdýär, bizem şeýtdik,
Döwür şeýle, döwür.

– A-how ýigit, bu nä boluş! Ýeňsäň saçy iki gujak!
Bu gün-erte ogluň bolsa, sallançak hem ýasap boljak.
Hany derrew il görmänkä sertaraşa tarap ýüwür!
– Iller şeýdýär, menem şeýtdim.
Döwür şeýle, döwür.

– Men-ä seni tanamadym! Gözleriň-ä örän tanyş.
Wiý, wiý, Berdiň gyzymy sen! Saçyň näme ýarty garyş?
Dört örümiň şemal degse seslenerdi şowur-şowur…
– Iller kesdi, menem kesdim.
Döwür şeýle, döwür.

Goňşym diýdi: “Toýdan bäri iş edenok oglum Anna!”
Ogluň Anna iş edermi! Öýüň goşy – dokuw tonna.
Ojakda-da öweç eti bylkyldap dur bygyr-bygyr…
– Wah, şeýdýäs-dä.. Biz guraly!
Döwür şeýle, döwür.

– Dur, dur gardaş! Konwertiňi atma poçta ýaşigine!
Işligini görmesem-de, seredeýin daşlygyna.
Muň yzynda goluň ýokla! Näme barka, için çöwür?!
– Çöwürmäge gaýrat ýokdyr.
Döwür şeýle, döwür.
Şägirt inim, eserleriň setir sany çykdy çenden
Kitaplaryň galňadykça, ýukalýarsyň günbe-günden!
Setirleriň arasynda ne ýürek bar, ne-de bagyr…
– Şu günki öýken….. besdir maňa
Döwür şeýle, döwür.

Omzy bilen bir gojany kakyp geçdi daýaw oglan.
– Ýeri köçä sygaňokmy, garynjygy doýan oglan?!
Degmedige ýylanlaram degmezmişin ömür-ömür
– O diýýäniň ertekidir
Döwür şeýle, döwür.

Aýna bakyp bezenip dur çynar boýly Ogulsenem.
– Hanha seret! Hamyry-da ýugrup otyr syrkaw eneň.
Hany derrew eliň ýuw-da, iýjek nanyň özüň ýugur!
– Ejemjandan aýlanaýyn!
Döwür şeýle, döwür.

Iki mellek ortasynda gygyrşyp dur iki goňşy.
Ýeke garyş ýer üstünde turýar “watançylyk” urşy
– Agam, sen bir parhlyrak bol, nämä gerek munça wagyr?
– Parhly bolsaň nyrhyň bolmaz
Döwür şeýle, döwür.

– On otagly köşk gurupsyň. Keşik aga, berekella!
Ýöne bu on… köpräk dälmi dört-bäş sany gara kellä?
Görýän weli, bir aýlyk däl: kisejigiň örän agyr.
– Aýlyk bilen iş bitenok.
Döwür şeýle, döwür.

– “Moskwiçli, Žigulili” köp duşupdyň uly ýolda.
Bu gün bolsa garažyňda lowurdap dur mele “Wolga”.
Bir başyňa nämä gerek munça rul, munça tigir?
– Satýas, alýas… alýas, satýas…
Döwür şeýle, döwür.

– Köşek nirä howlugýarsyň? Ajalamy? Jenaýata?
Kabinaňda – mele gelin. Özüň bolsa – juwan ata
Bäş-on minut giç barsaň-da, toý eýesi eder sabyr..
– Döwre görä surmek gerek.
Döwür şeýle, döwür.

– Aý, goňşy jan jan, aýaklaryň kesildile işigmizden.
Ozallar-a tä ýatýançak düşmezdiňem düşegmizden.
Ýatlaşardyk geçenleri. Okaşardyk goşgy-şygyr.
– Şygyr-pygyr ýatdan çykdy.
Döwür şeýle, döwür.

– Magazinyň takrap ýatyr. Planyň hem uklap ýatyr.
Gerek zady, geçgel zady haçan aljak, Mämmet müdir?
Bu gün – bu gün, ertir-ertir… Gutardy-la takat –sabyr.
– Zat bermeseň – zat berlenok.
Döwür şeýle, döwür.

– A-how, dogan, düýn dämidi öz dostuňa wepaň hakda
Güp-güp edip, gant deregne ant içýärdiň tokga-tokga.
Indem dosta şyltyk atyp, dübläp ýörsüň gübür-gübür
– Işim bitdi. Antyü ýitdi.
Döwür şeýle, döwür.

Öňümden bir ýigit çykdy ýetmiş ýaşly garry ýaly.
Düýnem daýaw bir ýigitdi dagda biten garga ýaly.
Bu gün bolsa garynja dek zordan ýörýär gybyr-gybyr..
– Şahyr, ýör bir … üçleşeli
Döwür şeýle, döwür.

Soradym men Döwre bakyp: “Dogurdanam, şeýlemiň sen?
Hany antyň? Hany haýaň? Serhoşmyň sen? Telbemiň sen”

Döwür maňa jogap berdi: “Men hemişe size bagly.
Ulaldýan hem adam ogly, kiçeldýän hem adam ogly.

Biri çekýär ýagta tarap, biri çekýär gijä tarap-
Uly çekýär ula tarap, kiçi çekýär kiçä tarap.


K.Gurbannepsow✍️
9
122
Gbaglandym💜🔗
23.06.2022 20:52
Сегодня — не просто новый день, а новый шанс достичь того, чего вы не смогли достичь вчера. Так что вставайте и добивайтесь своей цели.
10
123