GaýypgulyBaýramow
GaýypgulyBaýramow
19.04.2022 09:34
☝️☝️☝️☝️
GaýypgulyBaýramow
GaýypgulyBaýramow
18.04.2022 11:44
🥰🥰🥰🥰
GaýypgulyBaýramow
GaýypgulyBaýramow
15.04.2022 08:41
😇😇😇😇😇😇
GaýypgulyBaýramow
GaýypgulyBaýramow
14.04.2022 09:23
Zamandyr by
GaýypgulyBaýramow
GaýypgulyBaýramow
13.04.2022 08:58
🙃🙃🙃🙃
GaýypgulyBaýramow
GaýypgulyBaýramow
12.04.2022 07:20
😌😔😌😔😌
GaýypgulyBaýramow
11.04.2022 09:47
😂😂😂😂😂😂😂😂
iki sany türkmen amerikada,garaýagyzlaryň köçesinden geçip barýar ekenler.bir görseler çagalar bagy ýanyp dur diýýär.çagalara kömek etmegi maslahat edýärler:-men ýokardan çagalary oklaryn welin,sen gap diýip birinji oda girip çagalary ýokarda oklaýar welin,ikinji gapanok diýýär.ýene-de oklaýar gapanok.oklaýan soraýar:-näme üçin gapaňok?gapmaly jogap berýär:-ýananlary zyňma!!! *** amerikaly turisti türkmenistanda,çölde maşynly aýlap ýörler eken.amerikanyň aýak ýoluna gidesi gelip,şafýordan nirä gitmelidigini sorapdyr.şafýor elini çöle uzadyp goýberipdir.amerikan şol tarapa gidip köp eglenip gelýär.soňra şafýora:-ol ýerde hajathana ýok eken diýýär. amerika,amerikalylara degişli bolsa goşubermeli...
10
74
GaýypgulyBaýramow
07.04.2022 09:47
😂😂😂😂😂😂😂😂😂

Ependiň öyünde diwarda ýolbarsyň kellesi asyk dur. Dostlary soraýar:
Ependi aga, bu ýolbarsy özüň awladyňmy?
-- Howwa!
Näçe okda aldyň, Ependi aga?
-- 10 okda!
10-ysam degdimi?
-- Ýok, birem degmedi!
Onda nädip öldürdiň?
-- 10 okumyň boş geçenini görüp, ýolbars gülüp gülüp öldi..
9
105
GaýypgulyBaýramow
06.04.2022 09:37
Gurbannazar Ezizow

Synym düşdi saňa, oglan,
Derdiňe derman bolaýyn.
Äkit oglan, äkit meni,
Wepaly aýal bolaýyn.

— Äkiderdim, näzenin gyz,
Ýöne diňle beýanymy:
Ýedi ýyldyr bagry girýan,
Gözi ýolda aýalymyň.

— Synym düşdi saňa, oglan,
Suwsaňda derýa bolaýyn.
Äkit, oglan, äkit meni,
Jana-jan uýaň bolaýyn.

— Äkiderdim, näzenin gyz,
Ýurdumda çaýkanýa derýam.
Ýedi ýyldyr bagry girýan,
Gözi ýolda ýalňyz uýam.

— Synym düşdi saňa, oglan,
Sensiz sargaryp-solaýyn.
Äkit, oglan, äkit meni,
Gapyňda gyrnak bolaýyn.

— Aýaklary misli gazal,
Bedewimiň gözi ýolda,
Sowul ýoldan, näzli gözel,
Gyrnak söýülmez biz ilde.
10
40
GaýypgulyBaýramow
05.04.2022 07:28
Wesýetler boýunça
Kerim gurbannepesow

Çagakak «Aglamak utanç!» diýdiler.
Jahylkak «Aldamak utanç!» diýdiler.
Şeýdip endik etdik aglamazlyga.
Şeýdip endik etdik aldamazlyga.
Diýdiler: «Köplükde gägirmek aýyp».
Diýdiler: «Köçede sygyrmak aýyp».
Diýdiler: «Meýlisde geçmäkäň töre,
Hakyň barmy? Törüň özünden sora!»

Ýene-de diýdiler: «Ulalyp ýaşyň,
Garaja gyl bilen basyrlar döşüň».
«Döşüňe bitýänçä şol gyl – diýdiler.
Günäňi geçerler, ogul!» diýdiler.
«Döşüňe bitensoň şol gyl – diýdiler,
Döşüňe mynasyp bolgul!» diýdiler.

Diýdiler: «Dünýäde nämedir gyt zat?»
Üç gezek diýdiler: «Ussat! Ussat! Ussat!»
«Näçe gyt bolsa-da ussat – diýdiler,
Çyn şägirt
ondanam gyt zat!» diýdiler.
«Öwrenip ilkinji harpy – diýdiler,
Gomalar şägirdiň galpy!» diýdiler.
«Galp şägirtden boluň hüşgär!»
«Emer-de,
emjegňi dişlär!» diýdiler.

Ýene-de diýdiler: «Ulamy-kiçä,
Öljegňi bilseň-de, ýalbarma kişä!»

«Diňe bir adama ýalbar!» diýdiler.
Onuňam adyna dilber diýdiler.
«Aýyp däl näzini çekmek – diýdiler,
Näzden ýüzün sowan – akmak!» diýdiler.

«Ýene iki merde ýalbarmak bolar –
Diýdiler – ene hem atadyr olar».
«Ataňa ýalbarsaň – galkynar ruhy».
«Eneňe ýalbarsaň – kemeler ahy»,
«Kim etse şolara tagzym – diýdiler,
Işi rowaç, ýaşy uzyn!» diýdiler.

...Ene kän edepleň tutdular adyn.
Diýdiler: «Gabanma özgäň şöhratyn!»
«Gabanma zehiniň ezelligini!»
«Gabanma öz joraň gözelligini!»
«Gabanma öz äriň gerçekligini!»
«Gabanma öz gelniň alçaklygyny!.
Ne näzlerin, ne-de sözlerin gaban,
Diňe oýnaklatsa...
gözlerin gaban!»

Diýdiler: «Erkekden belentdir aýal!»
«O nämüçin?» diýip berdiler sowal.
Jogabyn berdiler: «Gutaryp ömrüň,
Ýagty dünýä bilen hoşlaşsaň bir gün –
Aýal
är ojagyn saklar – diýdiler,
Söýgiňi müň kerem haklar!» diýdiler.
«Çagalaryn iýdir, geýdir – diýdiler,
Şeýdip ýaş ömrüni köýdir!» diýdiler.

«Emma beýdip bilmez erkek – diýdiler,
Bu babatda pesdir entek!» diýdiler.
«Altmyşdan, ýetmişden geçse-de saly,
Gözlerin ýumdumy eziz aýaly –
Ýatdan çykyp wepa, ygrar – diýdiler,
Ikinjiň gözlegne ylgar!» diýdiler.

...Diýdiler, diýdiler, diýdiler kän zat.
Käbirisi aňsat. Köpüsi kyn zat.
Aňsadyn – hemmeler başar – diýdiler,
Kynyn başarmakda iş bar – diýdiler.
Kyn hem bolsa,
Şudur wesýet – diýdiler.
Diňe kyn zat –
Şol mukaddes! – diýdiler.

* * *
Gum hem özi üçin hasyl berenok,
Suw hem özi üçin berenok tagty.
Bulut hem öz-özün ýuwundyranok,
Gün hem özi üçin saçanok ýagty.
Hemmesiniň aladasy-gaýgysy –
Biri-biriniň bagty.

Hemmesi-de biri-birine aşyk.
Birisi suw berýär, beýlekisi nur.
Birisi gül açsa, beýleki joşup
Gülleriň üstünden seçelenip dur.

Birisi süpürse ýapragyň çygyn,
Beýleki şol çygdan ýasaýar bulut.
Ýene-de şol çygdan ýasalan bulut.
Dagdan aşak inýär bir derýa bolup.

Ýene-de derýadan döreýär bulut.
Ýene-de buludy ýaýradýar şemal.
Şeýdibem hemmesi bir hemra bolup,
Biri-birisine berýärler kemal.
Elmydama al sen şolardan mysal,
Hem mydama bol sen şolara mysal,
Ynsan.
10
59