Gülhan
20.12.2021 07:48
Salamlar🙋🏻‍♀️. Ertiriňz haýrly bolsun. Menem şugün ýekeje gün goşgy goýman, bu postumy size bagyşladym :) Bir ynsanyň başgalary tarapyndan söýülmek duýgusynyn nähilidigni menin size aýtmagma gerek ýokdur. Men şeýlebir şansly birii😊 Çağa ýaljak ýürek barlaý mende, sähel bagta monça bolup gezýän😊. We bugün siziň meni beýle dereje begendirmegňiz hiç aklyma gelmezdi...
00:00, bolmagna garaşyp, aýry post açyp gutlan Dawut,(admin), Melike, Nowça Muhammet aýry aýry minnetdardyryn size...🤗🥰🥰
Melike, maňa düzen bu goşgyň beren ajap duýgusyn, ne dilim bilen düşündirip bilýän, ne elim bilen.. 🥰🥰 Goşgulaň aşygy bolanym üçn, maňada bu bagtdan paý berilmesi göwnüm şeýlebir göterdii ynanaý♥️.
Taňryýalkasyn meni begendirenňize, Alla sizi iki esse begendirsin. 😇😇😇.
We beýleki ähli gutlan agzalar aýry aýry sagbolsun aýtýann..
Bir biregi görmesekde, menin siziň her haýsyňza bolan sylagym başgaçadyr.Bu programma haçandan bärik girip gelýänim üçn heriňiziň mende tutyan aýry ornuňyz bar, belki bilyänem dälsiňz🤗... PROGRAMMAŇ GADYRLY ÄHLİ AGZALARY SAG BOLYŇ!!!!😘🥳🥰🥰🥰
Goy, şeýle ömrümiň iň beğençli günün her ýyl siziň bn paylaşmak maňa nesip etsin🙇🏻‍♀️🙇🏻‍♀️🙇🏻‍♀️ Bugün 18 ýaşadym!!!Alla berse, 50-ä baramdada meni şeýle dereje bagta ýetirmek sizede nesip etsin😁🥰🥰

Rahman, agzany hem ýürekden gutlaýan!!!
12
384
Gülhan
Gülhan
19.12.2021 18:42
“ULUGYZ” Senä ulugyzdyň zülpleriň towly, Menem bir maşgalaň körpeje ogly. Mena “Söýýän” diyip saýran bolardym, Senem monça bolup aýnan bolardyň. Hemişe gizlenip göz bilen dilden, Bileje ýörärdik
Gülhan
Gülhan
18.12.2021 22:58
Biz dünýäni oýun saýyp köýýäris, Çyn saýybam halys dönýäs bijine. Bu bir durmuş biz birini söýýäris, Ýassykdaş bolýarys başga birine.
Gülhan
18.12.2021 18:27
Ylgaşyp, öňürtip barýas sagatdan,
Heý säginip bolmazmyka dünýäde?!
Edilmeli işler edilenden kän,
Ýetişemok, ýetişemok hiç zada!

Köpdür bu durmuşyň gaýgy-gussasy,
Ne elimiz degýär, göwnümiz şada.
Han-ha seýilgähde, deňi-duşlarym,
A men welin ýetişemok hiç zada!

Agyr günler düşen wagty başyma,
Mydama dost-ýarym ýetişýär dada.
Arzymy aýtmana wagt tapamok,
Ýetişemok! Ýetişemok hiç zada!

Bir ýola rowana, bir tanşym çykýar,
Ýanda ýanyp bilseň alawly oda,
Hal-ahwal sormaly, göwün bar onda,
Men näm üçin ýetişemok hiç zada!

Gümra bolup bu ykbalyň oýnuna,
Kapýalar düşmejek bolýala ýada,
Duýgulam gursagy, ýaryp barýala,
Ah neçün men ýetişemok hiç zada?!😞

Haçan gutararka, irizýä dostlar,
Bu aýylganç ýan bermezek kada!
Ýöne ykbalymdan zeýrenemok men,
Ýetişmesemde durmuşda hiç zada!

İrde-giçde ýetişerin bir bada,
Asyl şeýle ýaşalarda dünýäde!

Daňatar_Galpakow
15
208
Gülhan
Gülhan
17.12.2021 22:22
Ağla! Ağlap goýber! Ağdaryp goýber! Dyňzap duran duýgularyň böwedin! Tapyp bermese-de gözleýän zadyň, Dolup bilmese-de ýitgiň öwezin, Balkyldadyp durma gözüňde ýaşyň, Paýradyp goýber! Aýyp däl
Gülhan
15.12.2021 23:11
Gelinlik...🌸

Başyňdan geçirdiň bir kem otuzy,
Ýoldaşlaryň ata boldy bir eýýäm.
Sen bolsa şol gyzy-şol ajap gyzy,
Soňsuz söýgi bilen henizem söýýäň.

Seniň gelinligiň üýtgeşik bir zat,
Meňzemeýär bu görünýän gyzlara.
Gözellikde ýeke özi taý gelýär,
Aşyk-magşuklara-selbinýazlara.

Alym bilen alym ýaly gepleşýär,
Alym diýýär kesesinden syn eden.
Şahyr bilen şahyr ýaly gepleşýär,
Şahyr diýýär kesesinden syn eden.
Käte seniň bilen pikir alyşýar,
Atomdan, kosmosdan, mednisinadan.

Saňa akyl berýär, saňa öwredýär,
Okuwda, durmuşda garaz her işde.
Asyl oňa gyz diýmegem dürüs däl,
Gökden inen perişdse-le, perişde...

Ýöne bir azajyk kemter ýeri bar:
Entek şol gelinlik inenok dünýä.
Haçan injegini bilenok hiç kim,
Belki, inen bolsa ony kim bilýä.

Belki, aramyzda ýaşap ýörendir,
Söýýändir, duýýandyr, göreşýändir ol.
Seniň oňa gezişiň dek garaşyp,
Seniň söz gatanňa garaşýandyr ol.

Halyl_Kulyýew
10
425
Gülhan
14.12.2021 22:12
"Sönmezek umyt..."

Degişgendiň, läliksiräp, oýnaklap,
İçgysgynç günlere taýsyz taraşdyň.
Soňky duşuşykda aglaňda hyklap
"Oýun etdim" diýeriňe garaşdym.

Ak Mersedes alkymyna atlanyp,
Gideňde kejebäň bilen yöreşdim.
Hyýalymda gelnaljyny duruzyp,
"Oýun etdim" diyeriňe garaşdym.

Goňşulykda boş goýulmaz çakylyk
Toýa bardym şatlyk şowhun guraşdym.
Men samsyjak şol pursadam çagyryp,
"Oýun etdim" diýeriňe garaşdym.

Ogryn bakdym çüyşeleriň üstünden,
Ýaryn bilen kürsa çaksyz ýaraşdyň.
Ah, şonda-da çykman umyt astyndan
"Oýun etdim" diýeriňe garaşdym.

Söymedigiňe gitdiň, kalbym çanadyp,
Bilmedim neneňsi başyň çaraşdyň.
İň bolmanda ýeke gezek jaň edip,
"Bagtly men" diýeriňe garaşdym.

...ol arada "aýrylşypdyr" diýdiler,
"Hyrka" dolan damak bilen göreşdim.
Gaýta dikläp umydymy(idilen)
"Oýun etdik" diýeriňe garaşdym...

Kerim_Hally
13
198
Gülhan
Gülhan
13.12.2021 22:40
Aýralyk diňeje senin bilen aýrylmadyk(
Gülhan
Gülhan
12.12.2021 23:39
Göwnüm sähel ynjasa, seni gözleýän Eje.. Biz bir jahankeşde, Gitmeli iru-giçde Diňe şu gitmeklige, Tapyp bolmaýa serişde Ejizler gorkar emma, Men mundan gorkamok Eje. Elimde bolsa sanly günmiň Bary
Gülhan
Gülhan
11.12.2021 23:13
......