Fatima
04.02.2020 00:04
Ýaşa meň ůçin
Gůndiz derdiň çekip,ile bildirmån,
Gijeler gark bolýan ýaşa seň ůçin.
Hergiz göwůn berip,gözům gůldůrmen,
Bakman özge galam gaşa seň ůçin.
Důnýåň bir kůnjůnde seni goýsalar,
Pyýadalap alyp gelgin diýseler,
Ene-Ataň şonda razy bolsalar,
Giderin ondanam daşa seň ůçin.
Garaňky ýollarda sen meniň aýym.
Belki ykbalymsyň,belki-de paýym.
Gitdigiçe söýgim artyp günsaýyn,
Sygmaz gursagyma döşe seň ůçin.
Men seni saýladym bahar ýazlardan,
Tarypyň ýetirip aýdym sazlardan.
Gorap tagma sözden,ýaman gözlerden.
Uraryn özůmi daşa seň ůçin.
Men saňa aýdaýyn,unutma şunam,
Bilýän hossarlaryňa gereksiň senem,
Ýöne seni söýůp ýaşaýan menem,
Şonuň ůçin ýaşa,Ýaşa meň ůçin!
Awtorny bilemok
10
936
Fatima
03.02.2020 21:42
Diñe seniñ üçin
Bůtin důnyåñ derdin çekmelem bolsa, Çekerdim olary diñe señ ůçin.
Syrat köprůsinden geçmelem bolsa, Geçerdim men ondan diñe señ ůçin.
Ýůregim sowrup bermelem bolsa,
Aýaza epkege dözmelam bolsa.
Iññe bilen guýy gazmalam bolsa, Kayyldyryn muna diñe señ ůçin.
Dagyn depesine cykmalam bolsa,
On yuzunde kesbin cekmelem bolsa,
Eger, soygi odun yakmalam bolsa, Yakardym shol ody dine sen ucin.
Baglayan men sana bu gun ykbalym, Senin bilen birdir yorejek yolum
Yurek telwas edyar mahriban yarym,
Senin soygin ucin dine sen ucin.
Awtoryny bilemok
Seyle yar hemma nesip etsin!☺
13
1 002