Elvan777
16.03.2022 14:02
***Hökmanmy dodaklarym bilen "gal"diýmegim, gözlerim "gitme"diýip aglaýarkaa...
***Her kimem başyny alyp çola ýerlere gidesi gelýändi, ýöne aklyndakylary sygdyrar ýaly goşhalta tapmazlar.
***Etme arkaňy diwardan başgasyna amanat, iň gowynyň içinde-de bar içinde bir damja hyýanat.
***Yza seredýän bolsaň entägem ol gitmek däldir.
***Söýmedigi söýdürüp bilmersiň,ynan diýip ynandyryp hem bilmersiň...diňe ýekeje jogap öziň bilersiň...
***Ugrunda pida bermedik söýgüňi ýüregiňde göterip özüňe ýük etme...
***Göwün almany bilmeýäne ömür amanat edilmez unutma.
13
84
Elvan777
15.03.2022 14:56
1. Bilesiňiz gelýän zadyňyzyň yzyndan gidiň. “Meniň üýteşik bir ukubym ýok. Men diňe kesir bilesigelijidirin”. Siziň ünsüňizi çeken näme? Näme siziň has köp ünsüňizi çekýär? Meniň ünsümi çeken zat käbir adamlaryň başarnykly bolup, käbirleriniň bolsa şowsuzlyga uçramagydyr. Şol sebäpli, birnäçe ýyllap başarnykly bolmak üçin zähmet çekdim. Gyzyklanan zadyňyzy sypdyrmasaňyz şowlulyk ýaranyňyz bolar.
2. Tutanýerlilik beýik zatdyr. “Baý bolanymdan däl-de, kynçylyklara garşy gelmekden çekinmeýändigim sebäpli, işim şowuna bolýar.” Saýlan ýoluňyzyň ahyryna çenli sabyrly bolup bilýärsiňizmi? Poçta pullarynyň gidýän ýerine çenli hata ýapyşyp galmagyndan örän gymmatlydygy aýdylýar. Poçta markasy ýaly bol we başlan işiňi ýarpy goýma.
3. Şu günüňe üns ber! “Awtoulagda rulda barýarka, söýgülisini ogşap barýanyň posa bolan mynasyp ünsi bermeýändigidir”. Bir elde iki garpyz saklap bolmaz. Bir zady edip bilersiňiz, emma hemme zady edip bilmezrsiňiz. Şu wagtky pursadyňa ýapyş we bar güýjüňi şu wagt edip duran işiňe ber.
4. Arzuwçyllyk güýç berer. “Arzuwçyllygyň berýän güýji hemme zadyň ýerini tutýar. Ol size garaşýan gowulyklaryň öňbaşçysy ýalydyr. Arzuwçyllygyň güýji danalykdan ýokardadyr”.
5. Ýalňyşyň. “Hiç haçan ýalňyşmadyk adam hiç hili synagdan geçenok diýmekdir”. Ýalňyşmakdan gorkmaň. Eger nähili okajagyňyzy bilseňiz ýalňyşlar sizi has oňat ýere getirer. Üstünlikli bolmak isleseňiz ýalňyşlyklaryňyzy üç esse köpeldiň.
6. Şu pursadyňyzy ýaşaň. “Men gelejegi pikirlenemok, her näme-de bolsa geler”. Gelejegi dolandyrmagyň ýeke-täk ýoly mümkin boldugyça häzirki pursadyňyzda galmakdyr. Şu pursatda düýnüňizi ýa-da ertäňizi çalşyp bilmersiňiz. Ýeke-täk gymmatly zat şu pursadyňyzdyr.
7. Ähmiýetlilik dörediň. “Başarnykly bolmaga däl-de, ähmiýetli kişi bolmaga çalyş”. Wagtyňyzy başarnykly bolmaga harçlama, ähmiýetlilik döret. Eger ähmiýetli bolsaňyz rowaçlyk öz-özünden geler.
8. Dürli netijelere garaşma. “Şol bir zatlary gaýta-gaýta edip, dürli netijelere garaşmak samsyklykdyr”. Her gün şol bir adatda ýaşap, tapawutly görnüp bilmersiňiz. Durmuşyňyzyň özgermegini isleseňiz ilki özüňiz özgerişde bolmaly.
9. Köp bilmek tejribeden emele gelýär. “Köp bilmek esasy zat däldir. Bilmegiň ýeke-täk ýoly tejribedir”. Bir meseläni jedelleşseň, bu sizde diňe filosofiki garaýyş döreder. Gyzyklanýan meseläňizi bilmek isleseňiz ony tejribe edip görmelisiňiz.
10. Düzgünleri öwreniň. Has ökde oýnaň. “Oýnuň düzgünlerini öwrenmäge mejbursyňyz. Şeýdip herkesden ökde oýnap bolýandyr”. Ýene-de ýerine ýetirmeli iki zat bar. Birinjisi oýnaýan oýnuňyzyň düzgünlerini öwrenmek. Ikinjisi bolsa oýuny herkesden ökde oýnamagy islemek. Bu iki ýörelgäni ýerine ýetirseňiz rowaçlyk size ýar bolar
8
114
Elvan777
09.03.2022 21:29
Söýgiñ jübütlerine jennetdir zemin. Hat-da duşmanyñam görnermiş eziz. Ýöne bu ykbalyñ söýgime heniz. Beýle bagty bermänligin bilginiñ. Seni ýüregimde göterip ýörün. Eşdeñok şondada ýüregmiñ zaryn. Cyn yşka bermişem ýüregmiñ törün. Şonsyz dünýäñ arzanlygyn bilginiñ. Görle tylla Güni gabanyp asman. Bulutlar ýenede galdylar basga. Sen unudarsyñ men bolsa asla. Ömrüm saña gurbanlygyn bilginiñ. Diýsemde sen meniñ ýyldyzym aýgyz. Ýyldyzlar müñlerçe sen bolsa ýalñyz. Käteler özüñi duýaýsañ ýalñyz. Bir ýerlerde meñ barlygym bilginiñ...
6
25
Elvan777
08.03.2022 18:24
Ilki sözlän Ejem diýende dilim,
Guýupdyň gursaga mähirli söýgi.
Intäk degmesede kömege elim,
Joralaň ýanynda ýetirdiň öwgim.
Irkildiň,oýandyň
Ser salan atdyň.
Ýorganymy çekip başymy ýapdyň,
Daňdanlar oýanyp bar iş bitensoň,
Gyzym turaý diýip mähiriň gatdyň.Gara saçlarymy daradyň eje,
Ýüzlerimi elleň bilen sypadyň.
Şunça mähir derdim egisdiň eje,
Ýenede söýgiňi şonça küýsedim.
Belki sizi begendirsem her pursat,
Ýarsyp azalardy dolushan gasyn.
Elewreýär Balam diyeňde gursak,
Ýaşadýanam eje barlygy asyl. Tämizje ündewiň kalbymda terip,
Ony käte ýeke ýalñyz çöşledim.
Syrymy açýaryn ýüregim gerip,
Iň düýbünde duýgularmy keşledim.
Bilýän agyrdandyryn ene ýüregiň,
Sowuk sözlem basylandyr sussuňa.
Ýöne aglatmadym ýekeje sapar,
Ak goşmadym gara saçlaň üstüne. Derdiň bolsa ýeňledeýin öňküden,
Seniň gyzyň elleriňden tutaýyn.
Söýýän sizi bütin älemden geçip,
Behişdi jennedi ýüzden öpeýin.
Ejemjanym sözleriňi keşdeläp,
Bu durmuşa mylaýymlyk beripsiň.
Asyl siz ekeni bagta seždegäh,
Balaň üçin uçsyz dünýä gelipsiň.
9
28
Elvan777
06.03.2022 22:04
Meniň pikirimçe,
kyrk − jadyly san. Ýöne ýere däl, Nuhuň tupany kyrk güne çekipdir. Ähli ýeri
suw basdy, ýöne şol bir wagtda bu ählumumy heläkçilik üýşen hapalaryň baryny süpürip aýryp, ýaşaýşa täzeden
başlamaga mümkinçilik berdi. Yslam tasawwufynda kyrk san bir mertebäni geçmek üçin sarp edilen wagty, ruhy
taýdan oýanyşy aňladýar. Aň-paýhasyň dört sany esasy basgançagy bolýar. Her birinde-de on dereje bar. Şunlukda, bular jemi kyrk bolýar. Hezreti Isa kyrk gijegündizläp, çölde ejir çekip gezdi. Hezreti Muhammet kyrk
ýaşynda pygamber boldy. Budda yhlamur (lipa) agajynyň aşagynda kyrk günläp pikir derýasyny boýlady. Siziñ pikiriñiz nähili?
12
73
Elvan777
05.03.2022 19:46
Farhunda Malikzada Owganystanyñ paýtagty Kabulda ýaşaýardy. Ol ýaşaýan jemgyýetine birjigem garşy gelmeýän ýagdaýda dini ynançlary bolan, Kabul uniwersitetinde ylahyýet ugrundan okaýan 27 ýaşly ýaş gyzdy.Onuñ durmuşy şäheriñ merkezinde zyýarat edilýän bir kümmete zyýarat edende, kümmetiñ öñünde doga-tumar satyp oturan bir palçy mollany görmegi bilen düýbünden başga ugra gönükdi. Ol bir salym palçynyñ doga satyşyna syn edip, gelýän aýal-gyzlar bilen näme gürrüñ edýändiklerini diñledi, soñam oña nägileligini bildirdi. Mollanyñ satýanlarynyñ Kurana we yslama garşy gelýändigini, doga satyn alýan aýallary aldaýandygyny aýtdy. Doga satyn alýan aýal-gyzlara "bulara puluñyzy gidermäñ, bu zatlaryñ yslamda ýeri ýok" diýip ýatlatdy. Pyssy-pyjurlygy ýüzüne basylan palçy mollanyñ gahary geldi we Farhundany ýanyndan kowdy.Bu wakadan dört hepde geçensoñ, 2015-nji ýylyñ 19-njy martynda ýañky satyjy Farhundany ýene gördi. Emma bu gezek ol taýýarlykly gelipdi, ony gaharlanan bolup ýanyndan kowup oñarly däldi.Ol elindäki birnäçe bölek kagyzy ýakandan soñ köne Kuranyñ içine goýup, uly iliñ içinde Farhundadyñ garşysyna gygyryp başlady: "Bu gyz Kurany ýakdy, bilemok, ol näsagmy, nämemi? Siz nähili musulman bolýañyz, adamlar, geliñ ahyryn, diniñizi gorañ!"Bu aç-açan linç çakylygyna daş-töwerekdäki köpçülik ylgap geldi. Haýýar palçynyñ pygyly amala aşypdy, bir demde Farhundanyñ daşyna hümerlenişdiler. Farhundadan gaharly ýagdaýda nämüçin Kuran ýakandygy soraldy. Farhunda beýle iş etmändigini aýtsa-da, oña ynanan bolmady. Yzyndan Farhundanyñ amerikanparazdygy, daşary ýurtlularyñ hasabyna işleýändigi hakda "garalawjy" sesler we hyşy-wyşylar asmana galdy. Polisiýa işgärleriniñ biri gelip, Farhundany sorag etmäge äkitjek boldy. Görgüli gyzjagaz gelen erkek poliseý bilen gitmän, zenan polisiýa işgäriniñ özüni äkitmegini talap etdi. Şol wagtam kimdir biri oña ýumruk saldy. Ýere ýazylyp giden gyzyñ çem gelen ýerine urdular-depdiler, görgüli gara gana boýaldy. Şol wagt polisiýa işgäri asmana ok atyp, märekäni Farhundanyñ ýanyndan daşlaşdyrjak bolýardy, ýa-da şeýdensirän bolýardy. Emma gözüne gan guýlan märekäniñ küýi-pikiri gana bulaşyp ýatan Farhundany öldürmekdi. Polisiýa işgäri gyzy köpçüligiñ arasyndan çekip çykaryp bilmänsoñ, ony üçege çykaryp, şol ýerden gaçyrmaga synanyşdy. Farhundanyñ üçege çykarlan wagty, bir adam onuñ aýagyndan aslyşdy we ony aşak çekdi. Polisiýanyñ bar synanşygy-da şol ýerde gutardy. Polisiýa işgärlerinij gyzjagaz öldürilip durka-da, para-para edilip, ýakylyp durka-da syn edip durmakdan başga alaçlary galmady.Farhundanyñ üçekden çekilip alnyşy aýylganç ölümiñ ilkinji ädimi boldy. Köpçülik gyzy täzeden ýençmäge durdy, soñra ony ýoluñ ortasyna taşlap, üstünden awtoulag sürdüler. Yzyndan derýanyñ kenaryna äkidip daşladylar, iñ sonunda jesedi ýakmagy makul bildiler. Gyzjagaz gara ganyñ içinde bolansoñ, öz şarflaryny tutaşdyryp, üstüne zyñdylar we alawlap ýanýan jesedi synladylar. Bu linç wakasy boýdan-boşa jenaýaty amala aşyranlar tarapyndan wideoýazgy edildi we internetde goýuldy. Ilkibaşda degişli polisiýa edarasy wakany gizlemäge synanyşsa-da teleýaýlymlaryñ we halkara habar beriş serişdeleriniñ diline düşen ýazgylar ginger gerimli barlagyñ geçilmegine getirdi we ahyrynda Farhundanyñ hiç hili günäsiniñ ýokdugy ýüze çykaryldy. Pahyrjyga töhmet atylandygyny bilmedik galmady.
Kisesini doldurmak üçin kiçijik kagyz böleklerine doga ýazyp, adamlara derman gerdejigi ýaly din satýan mollanyñ bu batyrgaý gyzyñ garşysynda girere deşik tapman utanman-uýalman "Bu gyz Kuran ýakdy" töhmetini atyp, köpçüligi aýaga galdyran mollanyñ iki dodagynyñ arasyndady, bir naçaryñ ykbaly...
Wakadan soñ gyzyñ kakasyny gözlediler. "Gel, gyzyñ günä iş etdi, alyp git" diýdiler. Hawa, hawa, bir din söwdagäriniñ kezzaplygyny ýüzüne basmakdan beterem uly "günä barmy diýsene? Farhunda muña añryýany bilen mynasypdy. Şonuñ üçin onuñ garşysyna birtopar ýalan-ýaşryk gepleri tosladylar. "Akly ýerinde däl, Kuran ýakdy" diýdiler.Emma wagşylyk bilen edilen bu jenaýatyñ yzyndan ýagdaý pälazanlaryñ garaşyşy ýaly bolmady. Farhundanyñ tike-tike edilen ýanyk jesedi müñlerçe owgan zenanynyñ gahar-gazabyna öwrüldi: ýüzlerçe ýyl dowam eden bu erkek gegemoniýasyna: alynmaga, satylmaga, zorlanmaga we kemsidilmäge garşy Farhundanyñ jansyz bedeninde janlanan gahar-gazap siline!Aýallaryñ ömrüni kül eden, zyndanlara dykan, erkegiñ iki dahanynyñ arasyndan çykan ýeke söz bilen öldüren molla düzgünune garşy dabaralanan Farhundanyñ meýdi müñlerçe zenanyñ egninden geçdi. Kakasy, betpygyllaryñ talap edişi gyzyndan utanmady, ony näletlemedi. Gaýtam maşgalasynyñ familiýasyny üýtgedip, Farhunda etdi.2015-nji ýylyñ 4-nji maýynda geçirilen derñewde elli adam tussag astyna alynyp, jogapkärçilige çekildi. Bularyñ dördüsine ölüm jezasy berildi, sekiziniñ ölüm jezasy bolsa uzak möhletleýin türme tussaglygyna geçirildi. Wakanyñ bolan ýerinde bolan polisiýa işgärlerine-de jenaýatyñ öñüni almandyklary üçin berk temmi çäresi berildi.Emma wideoýazgylardanam görnüşi ýaly jenaýaty amala aşyrmaga gatnaşanlaryñ sany 100-den geçýärdi. Birem bularyñ daşynda jenaýatyñ öñüni almaga synanyşmagyñ deregine tomaşa edip oñan we wideoýazgy eden adamlaram bardy. Şeýle-de, "bütin yslam duşmanlaryna göz bolsun" diýip internetde paýlaşanlar bardy.Bir zenan - Farhunda Malikzada hakykaty aýtmakdan çekinmändigi üçin, erkegiñ sözünden çykman hereket edýän jemgyýet tarapyndan ýüzlerçe kişiniñ gatnaşan jenaýatynyñ pidasy boldy. Biri aýyplady, beýlekiler linç çakylygyna ylgap gelip goşuldy, polisiýa işgärleri-de bolýan zatlary görüp kömek etmäge jan edýänsiräp, emma elinden hiç zat gelmeýän ýaly hereket etdi. Aýal-gyzlaryñ garşysyna bolýan her bir jenaýat ýaly bul jenaýat hem sistematiki we meýilleşdirilendi. Bu jenaýatyñ başy ýüzlerçe ýyla çenli uzap gidýär. Şindi biz aýal-gyzlar owgan zenanlarynyñ Farhundanyñ ölüminden soñ görkezen batyrgaýlygy bilen aýaga galyp öz sözüni aýtmakdan çekinmän, ynanýan hakykaty üçin, jemgyýet ony diñlemändigi üçin, degişli hukuk goraýjy edaralarynyñ sowuk-salalyga ýol berendigi üçin ömür tanapy üzülen we bulary başdan geçirme ähtimallygy bolan ýer ýüzüniñ ähli aýal-gyzlarynyñ öñünde borçludyrys. Çünki dünýäniñ islendik ýerinde bizi dinimize, milletimize, ideologiýamyza seretmezden öldürýän erkek gegemonlygy sistemasyna garşy diñe aýal-gyzlaryñ aýal-gyzlary ýaşadyp biljekdigine ynanýarys!
9
69
Elvan777
03.03.2022 23:43
Arkamyz çydar onlarça ýüke, köňlümiz ynjynar ajy bir söze😔
13
67