Dovlet Ashyrov
10.04.2023 18:49
Tehnologiýa Täsinlikleri📱🖥️💻
Hytaýyň günorta-günbatarynda, Gimalaý daglarynyň eteginde gyzyl panda diýlip atlandyrylýan pandanyň kiçiräk görnüşi ýaşaýar. Iňlis dilinde ol pandanyň atlandyrylyşy «Firefox». Hut şu at hem dünýäde meşhur internet brauzerini döredijileri ruhlandyrypdyr we olar öz döreden brauzerine şol pandanyň adyny dakypdyrlar.
* * *
Ilkinji magnitafon 1956-njy ýylda döredilipdir we onuň möçberi pianinonyň göwrümine barabar bolupdyr.
* * *
Ekranyň ýüzündäki hat, kagyz ýüzündäki hatdan 10 göterim haýal okalýar.
* * *
Kompýuteriň syçanjygy Duglas Engelbart tarapyndan 1964-nji ýylda döredilýär. Ýöne syçanjygyň kompýuteri ulanyjylaryň arasynda meşhurlygy gazanmagynda Stiw Jobsyň hyzmaty uludyr.
* * *
1024 gigabaýt 1 terabaýta deňdir. 1024 terabaýt bolsa 1 petabaýta deňdir. 1 petabaýtda 13,3 ýyla barabarlyk HDTV ölçegdäki wideo maglumat ýerleşdirip bolýar.
* * *
Ilkinji internet brauzeri «Netscape Navigator» diýlip atlandyrylypdyr we ol 1994-nji ýylda ulanylyşa girizilipdir.
* * *
Ykjam telefonlaryny öndürmekde dünýä meşhur «Nokia» şereketi 1865-nji ýylda esaslandyrylandyr. Uzak ýyllaryň dowamynda bu şereket diňe kagyz önümçiligi bilen meşgullanypdyr.
* * *
Taryhda ykjam telefonyndan ilkinji gezek jaň «Motorola» şereketiniň işgäri Martin Kuper tarapyndan 1973-nji ýylda amala aşyrylypdyr. Ol Nýu-Ýorkuň köçeleriniň birinden ykjam telefonyndan jaň edipdir.
40
142
1
Dovlet Ashyrov
09.04.2023 11:04
Gülki Show🤹🏻🎉
Garry kempir bilen garry yaşuly ikisi oýde oturyp halys yadapdyrlar
Onson kempir:
- Kakasy oyde oturyp yadadyk gel yaşlygymyzy yatlaly
- Bolya keýwany onda namedeli
- Ay onda sen hoool oňki garaşýan yeke tudyň aşagynda garaş men bararyn
- Bolya
diyip sowukda gidip yeke tudyň aşagyna baryp garaşyp duran ýaşula 1 sagat bolupdyr Keýwany gelenok. 2 sagat bolupdyr gelenok. Ýaşuly sowukda üşäp, doňup, titräp halys ýadap öýüne gelip aýalyna zeýrenýä:
- Nämä meni sowukda garaşdyryp goýýaň beýdip gelmejek bolsaň aýtmaly ekeniňda
- Men aýtjakdym Ejem goýbermedi
***
Gullukdaky täze malodoýlara dembillar gygyrýa:
- Ýatyň baryň
Maladoýlaň bary polda ýatyr.
Dembillar:
- Dawaý ýüzüp başlaň
Maladoýlar ýüzüp başlaýar.
Malodoýyň biriniň gaty gahary gelip ýanyndaky ýüzüp ýörene:
- Aý nämow bu ýüzer ýaly suwmaý nahilaý bular
- Ýuwaşrak hou ýüz diýse ýagşy, çüm diýse näme etjek
***
Kiçi dogany agasyna:
- Agam kündik diý
- Kündik
- Gulagyňa mündik
Agasy gahary gelip:
- Hany jigim sen kündik diý
- Kündik
- Gulagyň düýbüne ýelmejek
- Wiiii gelişmeda
- Gelişmesede ýelmejek Şaaaarrpp
73
399
16
Yene yükle