Dovlet Ashyrov
07.06.2023 13:14
Suratyň Türkmençe terjimesi:
Är-aýal dawasy hakynda
Aýaly: - Hakky bilen gaçanym üçin, ýoldaşym meni derrew aýyrylyşmak üçin kazyýete berenine gaharym geldi.
Äri gaty utanç zat edipdir😂🤣
31
451
Dovlet Ashyrov
06.06.2023 06:56
Ýaşamakdan bizar bolan dälilerden biri öz janyna kast etmäge başlaýar. Eline ýüpi alyp biline daňyp, beýleki tarapyny agaja daňyp özüni eýlä beýlä sallamaga başlaýar.
Muny gören garagul däliden soraýar:
👨🏻‍🦱- Näme edýärsiň?
Däli: - Öz janyma kast edýän.
👨🏻‍🦱- Beýdip özüňe kast edilermi? Ýüpi biliňe daňanyňdan bokurdagyňa daňarlaňda.
Däli: - Onam barlap gördüm onda-da dem alyp bilemok😂😂
32
409
Dovlet Ashyrov
05.06.2023 12:21
Bir adam gadagan edilen ýerde balyk tutup otyran. Derrew polisiýa onuň ýanyna gelip:
👮‍♂️- Eliňdäki näme?
👨🏻‍🦱- Çeňňek
👮‍♂️- Çeňňegiň ujundaky näme?
👨🏻‍🦱- Iňňe.
👮‍♂️- Iňňäň ujundaky näme?
👨🏻‍🦱- Gurçuk.
👮‍♂️- Hää.. Sen balyk tutup otyňmy?
👨🏻‍🦱- Ýok how... Gurçuga ýüzmegi öwredip otyn men😂😂
53
623
Dovlet Ashyrov
05.06.2023 01:29
Awçy tokaýda aw awlap ýörkä, halys ýadap, agajyň aşagynda uklap galýar. Biraz wagt geçýär, oýananda hiç hili ýaragy ýok we töwereginde indeýsler tans edýärler.
Ol adam gorkudan hüňürdäp başlaýar:
👨🏻‍🦱- Haý Aman, Aman indi bar zat gutardy, bular senden çaşlik ederler🤦🏻‍♂️
Şol pursat ýokardan bir ses gelýär:
- Gorkma Aman, saňa hiç zat bolmaz. Ýanyňda duran naýzany eliňe al we Indeýsleň baştutanynyň ýüregine taşla...
Awçy naýzany alyp, baştutanyň ýüregine tarap taşlapdyr. Baştutan ölüpdir we hemmesi birden ümsüm bolan wagty, ýene ýokardan bir ses:
- Howa Aman, indi senden çaşlik ederler😂🤣
30
409
Dovlet Ashyrov
04.06.2023 11:17
Iki sany awçy gürrüň edip oturan wagty. Biri beýleki awça özünde bolan wakany gürrüň berip başlaýar:
👨🏻‍🦱- Men ýekeje ok bilen bir tilkiniň hem gulagyndan hemde yzky aýagyndan atdym diýeninden...
Beýleki awçy:
🧑‍🦱- Beýlede bir ýalan zat bolarmy, bir ok bilen bular ýaly zat boljakmy, garşyňdaky gürrüň berýäniň näme samsykdyr öýtýäňmi?
👨🏻‍🦱- Näme üçin bolmasyn? Men nyşana alyp atan wagtym, tilki yzky aýagy bilen gulagyny giýjäp durdy😂😂
🌞🌞🌞🌞🌞
Ýene 1-2 sany degişme goýjak welin harp sany çäkli. Goýmaga mümkinçilik ýok
40
426
Dovlet Ashyrov
04.06.2023 00:45
Gülki Show 🤹🏻🎉🥳
🌞🌞🌞🌞🌞
Sen şuwagt bir Aýaly, bir gezek-de ejir çekdirmäge mejbur edersiň. Ol ony böleklere bölüp, saňa her aý kredit ýaly edip ödeder😂
🌞🌞🌞🌞🌞
Käbir adamlar edil agaç ýaly. Uzakdan seretseň, ol endamly, uzyn boýly, ýöne sen onuň ýanyna baryp, ony tanaýarsyň welin ne endamy? Ne uzyn boýy? Obyçny gury odyn😂
🌞🌞🌞🌞🌞
Adamlary tanamak gaty kyn. Käşgä olary garpyz tanaýşymyz ýaly kellesine urup tanap bolsady, onda gowy bolardy😂
🌞🌞🌞🌞🌞
32
421
Dovlet Ashyrov
03.06.2023 10:00
👨🏻‍🦱- Aýal-gyzlaryň salonynda, saç kesýän ýerinde, saçlaryny ýuwýandygyny görmek gaty ýakymly. Olar arkan ýaplanyp hezil edýärler.
Biziňki zulum🤦🏻‍♂️ Dellekçilerimize barýas, saçyňy ýuwjak bolup, umwalniga kelläňi sokup aşak basýar welin dem alyp bolonok😂
🌞🌞🌞🌞🌞
👨🏻‍🦱- Psihologyň ýanyna bardym we maddy kynçylyk çekýändigimi aýtdym, olam haýsymyzda kynçylyk ýok we olaryň hemmesiniň geçjekdigini aýtdy. Şondan soň men has gowy. Professional adam-dan bu sözleri eşitmek başgaça😂
🌞🌞🌞🌞🌞
👨🏻‍🦱- Arkamdan guýymy gazyp ýörene seslenýän: Akmak öňimi gazda, men yza ýöreýänmi?😂
25
419
Dovlet Ashyrov
02.06.2023 09:23
Gülki Show 🤹🏻🎉🥳
🌞🌞🌞🌞🌞
Bir mugallym hemme sapakdan okadyp bilmese, bir okuwçy nädip hemme sapagy okamaly😂
🌞🌞🌞🌞🌞
"Para" bu halkara pul birligidir...
🌞🌞🌞🌞🌞
Humar oýunlarynda ýeňiş gazanmagyň ýeke-täk usuly oýnamazlykdyr😂
🌞🌞🌞🌞🌞
Bir gyzyň sumkasyndan çykýan zatlar bilen bir Ada-da durmuşy täzeden döredip bilersiňiz😂
🌞🌞🌞🌞🌞
100 aýaldan durmuşda etmek isleýän 100 zady hakda sorap bilmedik, sebäbi ilkinji soran aýalymyz henizem dymanok😂
🌞🌞🌞🌞🌞
45
534
Dovlet Ashyrov
02.06.2023 01:01
Gülki Show🤹🏻🎉🥳
🌞🌞🌞🌞🌞
Şweýsariýaly alymlaryň geçiren gözlegine görä, dünýäde iň köp gözlegi Şweýsariýaly alymlar geçirýän eken😂
🌞🌞🌞🌞🌞
Dünýäde bir aýaly agladyp, soňra-da özüni oda oklaýan, ýeketäk zat "Sogandyr"😂
🌞🌞🌞🌞🌞
Bu kompýuterler ilki partamyza, soňra dyzymyza, soňra jübimize girdi. Indiki girjek ýerini kim bilýä😂
🌞🌞🌞🌞🌞
Erkekler "Bluetooth" ýalydyr. Ýanyňda wagty gowydyr. Daşlaşaňdan soň täze enjam gözläp başlar😂
🌞🌞🌞🌞🌞
Halanyňyz üçin Sag boluň ❤️
34
390
Dovlet Ashyrov
01.06.2023 12:11
Gülki Show🤹🏻🎉🥳
🌞🌞🌞🌞🌞
👨🏻‍🦱- Käbirlerine tüsse bilen sms iberilýän ýalydyr, 10 sagatdan soň jogap ýazýar😂
🌞🌞🌞🌞🌞
👨🏻‍🦱- Eger-de bir gün men: "Men gaty bagtly", "Durmuş owadan" şular ýaly zat ýazsam, hasabymyň ogurlanandygyna düşüniň😂
🌞🌞🌞🌞🌞
👨🏻‍🦱- Bagtly bolmak hemmeleriň haky bolsa, kimdir biri meniň hakymy iýýär😂
🌞🌞🌞🌞🌞
👨🏻‍🦱- Käwagt şeýle bir owadan gülýärin welin, hatda menem hakykatdanam özümi bagtlymykam diýip hasap edýän😂
🌞🌞🌞🌞🌞
Bu bir degişmedir. Hemmäňiz Bagtly Bagtyýar durmuşda owadan we manyly ýaşaň!
33
349