Daykoof
31.01.2023 14:33
Aýaly bilen aýrylyşmak isleýän adamyň hekaýasy


Bir gije öýe geldim. Aýalym saçak başynda otyrka, men onuň elinden tutdum:

– Aýrylyşmak isleýärin! – diýdim.

Rahatlyk bilen munuň sebäbini sorady. Jogap bermek islemedim.

Bu onuň gaharyny getirdi. Maňa çemçe zyňyp:

– Sen erkek däl! - diýdi.

Şol gije hiç gürleşmedik.
Aýrylyşmak islegimiň sebäbini bilmek isledi. Näme jogap berjegimi bilmedim. Ýüregim diñe Jeýn diýýärdi. Men indi aýalymy söýemokdym.

Bu örän gynandyryjy zat. 10 ýyl ömrümde ýoldaşym bolan aýal indi meniň üçin nätanyşdy. Onuň meň üçin sarp eden wagtyna örän gynandym.

Bir gije ýene öýe giç geldim. Stolda maňa ýazan hatyny gördüm.

Men nahar iýmedim, derrew uklamaga geçdim. Irden maňa aýrylyşmagyň ýagdaýlaryny aýtdy. Ol menden hiç zat islemedi. Aýrylyşýança durmuşymyzy öňküsi ýaly ýaşamagymyzy isledi.

Çagamyzyň synaglary ýakynlaşýardy, we bu ýagdaýyň çagamyzyň synagyna täsir etmegini islemedi.

Şeýle hem, öýlenen günümde ony öýüme nädip alyp gidendigimi ýatlatdy. Ol menden kazyýet gününe çenli her gün ýatylýan otaga meniň eltmegimi haýyş etdi. Öýde dawa bolmazlygy üçin bu geň teklibi kabul etdim.

Ilkinji gün aýalymy gujagymda ýatylýan otaga alyp baranymda, ikimizem geň bir zady duýduk.

Oglumyz şatlyk bilen:

– Gahryman kakam. Ol ejemi gujaklaýar! – diýdi we örän begendi.

Oglumyň aýdanlary mende üýtgeşik duýgy döretdi. Aýalym:

– Oglumyza aýrylyşýandygymyzy aýtma! -diýdi.

Birnäçe günläp aýalymy gujaklap otagyna eltýärdim we aramyzda baglanyşyk bardygyny täzeden duýup başladym. Gujagymdaky aýal maňa we nikamyza 10 ýylyny beripdi. Kazyýet güni ýakynlaşdygyça aramyzdaky gatnaşyklar hasam güýçlenip başlady. Indi näme etmelidigime karar berdim.

Men Jeýniň ýanyna bardym-da, oňa: “Bagyşla, Jeýn. Indi aýalym bilen aýrylyşasym gelenok, men indi hemme zada düşündim ” – diýdim.

Soňra aýalym üçin gül satyn almaly diýen pikire geldim. Gülçi hat üçin bukja (konwertda) näme ýazmak isleýändigimi soranda, gülüp:

“Ölüm aýyrýança seni gujagymda götererin “ – ýazdym.

Soňra öýe ýetmänkäm aýalymyň aradan çykandygyny eşitdim. Aslynda aýalym birnäçe aý bäri rak keseli bilen göreşýän eken. Emme meniň mundan habarym ýokdy. Jeýniň aladasyndan hatda oňa hem düşünmedim.

Ol öljekdigini bilýärdi we oglumyzyň maňa ters reaksiýa bildirjekdigini pikir edip, aýrylyşmagymyz hakda oňa habar berme diýipdi.

Oglumyň gözünde meni iň soňky pursatyna çenli aýalyny söýýän kaka hökmünde görkezdi.

50+ ❤️ Likeden son taze hekaya gelya
22
193
Daykoof
13.12.2022 20:47
Bir zada akyllylyk bilen pikir bildirmek hem bir hünärdir...

By: Daykoff
14
64
Daykoof
23.11.2022 10:58
Käwagt, bilmeli möhüm zat, nädip iň gowy dost bolmaly...
9
74