D.S
06.09.2024 21:26

Bir adama ene-atasyna seredip baha bermek dogrumy?


Elebetde jemgyýetde bu ýagdaý ýygy-ýygydan gaýtalanýar.


Mysal il içinde aýdylýan käbir sözler: "Ejesini görde gyzyny al" ýa-da " Alma agajynyň düýbine gaçar" we ş.m

29
412
D.S
03.09.2024 22:23

Erkek çagasy bar kakalara maslahat;


Çagaňyza görelde boluň. Öýüňizde kamera ýaly siziň özüňizi alyp barşyňyzy ýazýan we siziň yzyňyzdan ýöreýän kiçijik adamyň bardygyny ýatdan çykarmaň.


Oglanlar gyzlara meňzemeýär. Kakasynyň ýanyna gelip, özüni söýdirmäge synanyşmaýar, ýöne içinden kakasynyň gujaklamagyna we öpmegine garaşýar.


Ogluňyzdan artykmaç köp zada garaşmaň onuň edýän işlerine hormat goýuň.


Ogluňyza ynanyň we ýalňyşlyklaryny düzeltmegine rugsat beriň.


• Ogluňyzyň diňe maddy zerurlyklaryna däl, eýsem ruhy zerurlyklaryna-da üns beriň.


• Kaka ogul bolup gürrüň ediň. Ogluňyza wagt goýuň. Ogluňyzy gelejegiňiz üçin ätiýaç hökmünde görmäň.

29
363
D.S
02.09.2024 21:15
#siziň pikriňiz?
başga nähili sebäpler bolup biler???
16
733
D.S
26.08.2024 01:13
“Gözüni palçyga diken adamy asmanyň ýagty ýyldyzlaryna seretmäge mejbur edip bilmersiň; "Gözelligi görmek ilki bilen ýürekden başlaýar."
22
91
D.S
15.08.2024 21:59

Siz şulardan haýsyny okamagy halaýarsyňyz?

Sebäbini teswirlerde bellemegiňizi haýyşt edýäris!

Siz haýsyny okamagy halaýarsyňyz?

39
613
D.S
05.08.2024 20:47
Bedeniňiziň nähili ajaýyp enjamdygyny bilýärsiňizmi?

Bir adamyň bedeninde;

- 20 trillion öýjük,
- 96 kilometr gan damary,
- günde 100,000 gezek urýan we 9000 litr gany aýlap bilýän ýürek,
- 5-6 litr gan,
- minutda 100,000 habar alýan / iberýän beýni,
- 75 kilometr uzynlykda nerw
- her gün 11,000 litr howa alýan öýken,
- her 5 minutdan tutuş bedeniň ganyny arassalaýan 2 böwrek,
- 7 metr inçe içege,
- 2 metr ýogyn içege,
- 230 sany süňk,
- 50,000 dürli ysy tanap bilýän burun,
- 10,000 dürli tagamy duýup bilýän dil,
- ýüzlerçe ýygylykda ses eşidip bilýän iki gulak,
- 576 megapikselde görüp bilýän iki göz we başga-da birnäçe maddy we ruhy duýgulary, nygmatlary bar.

Gürrüňsiz adamzat iň gowy görnüşde ýaradylypdyr...
24
157
D.S
05.08.2024 00:59
Söhbetdeşlikde 'Jeki Çana' şeýle sorag berildi; Jeki, siz durmuşyňyzdan hoşalmy? 'Ol şeýle jogap berdi:

"Bir gezek gaty paýhasly bir söz eşidipdim. Närazy bolýan kyn işiňiz: işsiz biriniň arzuwy. Sabryňyzy barlaýan garagol çaga: çagasyz biriniň arzuwy.

"Uff darajyk" diýýän kiçijik jaýyňyz, jaýsyz biriniň arzuwy. Sizi kanagatlandyrmaýan mukdarda ýygnanan puluňyz: bergä batanlaryň arzuwy.

Kyn diýip pikir edýän ýönekeý saglyk problemalaryňyz: ölüm howply kesel bilen göreşýän biriniň arzuwy.

Sizde bar bolan rahatlyk, şatlyk, alýan rahat ukyňyz, aňsatlyk bilen tapyp boljak iýmit: bular uruş sebäpli zyýan ýeten sebitlerde ýaşaýan adamlaryň arzuwlarydyr.

Bar zadymyza şükür etmeli. Galyberse-de, ertiriň näme getirjegini hiç kim bilenok. Eger bu aýdanlarymyň ýarysy hem sizde bar bolsa:
Diýmek onda siz dünýädäki köp adamlaryň arzuwlaryny ýaşaýarsyňyz "
49
494
D.S
03.08.2024 22:28

"Zenanlar hakykatda näme isleýär?"

21
387
D.S
02.08.2024 22:22

#jouska.

18
73
D.S
02.08.2024 12:10
"Men ýaly ýigrenji we sen ýaly samsyk bolsa näme?"
18
90