Coutinho
Coutinho
14.07.2020 15:45
Marcelo ???
Coutinho
10.07.2020 00:14
Öñki söýgülimiñ söýgülsine ýüzlenýän: Şony goyberäýmegiñ soñ ýene maña geler))) ?
44
2 939
Coutinho
07.07.2020 19:46
???
Maña jogap bermedik bolýañmy göräýeris garaş indi sen?? ýöräp barýakañ büdüräp ýykyl, çaý içeñde diliñi ýak, süýji iýeñde dişiñ agyrsyn, telefonyñ minusa gitsin, imo gireñde intirnediñ doñsun, täzeje alan köýnegiñ ýada köwşiñ ýyrtylsyn, telefonyñ eliñden gaçyp döwülsin, bejertmek üçin ejeñ kakañ pul bermesin, saçyñ düşsin, kelläñ agyrsyn. Şulañ barsam maña ýazmadygyñ üçin bolsun, maña gargynsañam öziñe bolsun....# hany inni....maña ýazýañmy ýazañok....göreli şunda....ýazmasañ gaty binamys....adam ekeniñ sena....
??????
39
3 896
Coutinho
07.07.2020 11:08
Neymar da Silva Santos Junior - Braziliýaly futbolçy, Fransiýanyň “PSŽ” klubynyň hüjümçisi. 2016 ýylda Olimpiýa çempiony.
On bir ýaşyndan Santos ýaşlar akademiýasynda oýnady we 2009-njy ýylda klubyň esasy düzüminde çykyş edip başlady. Şol ýylda Braziliýa Paulista ligasynyň iň gowy ýaş oýunçysy diýlip ykrar edildi. 2010-njy ýylda Santos bilen bilelikde San-Paulu ştatynyň çempiony we Braziliýa kubogynyň eýesi boldy (11 pökgi geçirip, ýaryşyň iň köp pökgi geçiren oýunçysy boldy). Möwsümiň ahyrynda Paulista ligasynyň iň gowy oýunçysy we iň gowy hüjümçisi we Braziliýa çempionatynyň iň gowy hüjümçisi diýlip ykrar edildi. Neymar ähli ýaryşlarda 62 duşuşykda 42 pökgi geçirdi. Flamengo garşy bir gol üçin FIFA Puszkaş baýragynyň ýeňijisi hem bolýar. 2011-nji ýylda klubyň 1963-nji ýyldan bäri gazanyp bilmeýän Libertadores kubogyny gazanmagyna kömek etdi.

Braziliýaly futbolçy 2013-nji ýylyň tomsunda 57 million ýewro bilen Ispaniýanyň “Barselona” toparyna transfer bolýar. 2014/2015 möwsüminde Ispaniýa çempionatynda, Ispaniýanyň kubogynda we UEFA Çempionlar ligasynda ýeňiji bolup, klub bilen “altyn het-trik” etdi.

2017-nji ýylyň awgust aýynda Neýmar 222 million ýewro bilen Barselonadan PSŽ toparyna transfer bolýar we bu ony dünýäniň iň gymmat futbolçysy edýär. Fransiýada Neýmar Ligue 1 we Fransiýa kubogyny alýar we Fransiýa çempionatynda ýylyň oýunçysy diýlip ykrar edildi.

Neýmar, 17 ýaşyna çenli milli ýygyndydan oýnap başlap, ýurduň ilkinji topary bilen halkara arenasynda Braziliýa bilen dowam etdi. 2010-njy ýylyň 10-njy awgustynda, 18 ýaşynda ABŞ-nyň milli ýygyndysyna garşy geçirilen dostlukly oýunda Celesao garşysyna ilkinji gezek çykyş etdi (2-0). Şol oýunda Pentakamponlar garşysyna ilkinji pökgini tora girizdi. 2013-nji ýylyň iýun aýynda milli ýygyndyda gazanan Konfederasiýa kubogynyň iň gowy oýunçysy boldy. Hüjümçiniň 4 goly we 2 asisti bar. Ol ýaryşdaky bäş oýnuň dördüsinde toparynyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. 2014 dünýä çempionatynda 4 pökgi geçirdi, ýöne çärýek finalda Kolumbiýanyň milli ýygyndysyna garşy alan şikesleri sebäpli çykyşlaryny dowam etdirip bilmedi. Şeýle-de bolsa, ýaryşyň netijelerine görä, çempionatyň iň köp pökgi geçiren oýunçysynda bürünç butsa eýe bolýar.
30
1 087
Coutinho
03.07.2020 01:40
Şu Öwrenmelide özine göwni ýetýän baamyyy???
Ba bolsa like goysun kimiñ ozine gowni ýetýän bolsa? hany naçe like bolarka?
94
2 487
Coutinho
02.07.2020 10:56
(Hökman okañ!❤) Meniñ iñ gowy görýän futbolistym! Coutinho ?❤

Filippe Koutinýo Korreýa (Coutinho)- Braziliýaly futbolçy, Bawariýanyñ we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy we hüjümçisi wezipesinde oýnaýar.Binagär Esmeraldanyñ (Koutinýonyñ kakasy) üçünji we körpe ogly we Hose Karlos Korreýa Koutinýo 1992-nji ýylyň 12-nji iýunynda Rio de Janeýroda agramy 3,1 kg bln dünýä indi. Ol Rio şäheriniň demirgazygyndaky Roça sebitinde köne şäher bilen senagat ammarlarynyň arasynda ulaldy.

Çagalygynda uly doganlary Kristiano we Leandronyñ yzlaryna düşüp, ýerli beton futbol meýdançasyna baryar, we şonda ilkinji gezek futzal oýnap başlayar. Çäklendirilen giňişlikde, üýtgeşik başarnyklary bilen we dribling ukyby bilen kiçijik Koutinýo tebigy zehinini görkezýär.

Garry enesiniň islegi bilen ýerli futbol akademiýasyna girdi, soň kakasy Vasco da Gama ýaşlar toparynyň tälimçilerinden ogluna tomaşa etmegi haýyş etdi, şondan soň Koutinýo ýaşlar toparyna goşuldy.

2009-njy ýylyň aprelinde 17 ýaşyna çenli Günorta Amerikadaky Braziliýa milli ýygyndysyna çagyryldy. Çempionatyñ dowamynda 5 pökgi geçirip, 3 assist etdi. 2011-nji ýylda Kolumbiýada geçirilen U20 dünýä çempionatynda tälimçi Neý Franko Koutinýony çagyrdy. Awstriýanyň milli ýygyndysy bilen geçirilen ikinji duşuşygynda jerime urgusyndan çykan ýaly gol saldy. Indiki oýunda Panamanyň derwezesine 2 gol (dubl) saldy.

Koutinýo ilkinji oýnuny 2010-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Selesao futbolkasynda geçirdi we ilkinji topara meýdança girdi. Duşuşyk Braziliýanyň peýdasyna 3-0 hasabynda tamamlandy, bu oyun wagtynda Koutinýa 18 ýaşyndady.

2011-nji ýylda Koutinýo Türkiýede geçirilen dünýä çempionatynda Braziliýanyň U-20 toparynda çykyş etdi. Çempionadyñ finalynda Braziliýalylar Portugaliýaly deň-duşlaryndan öňe saýlanyp kubogy alyarlar.

Braziliýa milli ýygyndysynyň talimcisi 2014-nji ýyldaky dünýä çempionatyna Filipe Koutinýony gatnasdyrmak üçin ýüz tutmady. 2015-nji ýylyň 7-nji iýunynda Meka bilen geçirilen oýunda milli ýygyndy üçin ilkinji pökgini tora girizdi. 2016-njy ýylda Koutinýo Kopa Amerika çempionady kubogy ugrundaky oyunda milli ýygyndy bilen oýunda het-trik edyar.

2018-nji ýylda Koutinýo ilkinji dünýä çempionatyna gatnaşdy. Çempionatda 5 oýun oýnady we toparçada 2 pökgi geçirdi. Şweýsariýa garşy ilkinji goly uryar, Braziliýalylar deňme-deň oýnady. Koutinýo Kosta Rikanyň garşysyna ikinji pökgini tora girizdi. Braziliýa 2: 1 hasabynda Belgiýadan utulyp çärýek finaldan gaýtýarlar. Koutinýo ýaryşyň simwoliki düzümine hem saýlanýar.
2019-njy ýylyň 19-njy awgustynda Barselona resmi web sahypasynda Bawariýa futbol kluby bilen 8,5 million ýewro bir ýyllyk kärende şertnamasynyň çäginde Koutinýony Mýunhen toparyna geçirmek barada ylalaşyk gazanylandygyny habar berdi. Bundesligada 2019/20 möwsüminiň ahyrynda Mýunhen topary bu oýunçyny islese 120 million ýewro bilen satyn alyp biler.
Like goýmagy unutmañ! Like-lar kopelse Neymar hakda goýjak!❤
67
1 722
Coutinho
01.07.2020 09:35
Hiç wagt!!! ?
Doktor gyzy öpme,
Indiki gelsin diýer.

Polisiýa gyzy öpme,
Resminama görkez diýer.

Söwdagär gyzy öpme,
Puluny töle diýer.

Öpseñ mygallym gyzy öp,
Ýene gaýtala diýer!
??
57
1 900
Coutinho
30.06.2020 23:09
Мне вас жаль!
Вы уважайте только тех,
кого боитесь..?
53
582
Coutinho
28.06.2020 10:32
Духом не упадешь,?
Силой взять не смогут.?
56
831
Coutinho
27.06.2020 00:24
Salam Hemma!
Owrenmeli portala yene girip basladym yenede gyzykly bolup baslapdyr arada gyzygy gacdy diyip nace wagtlap girmandim. Gyzkyly ekena))) ýöne edil öñki yaly däl!?
53
1 078