Bio_girl👩‍🔬💫
23.01.2024 19:42

Iňlis dilini suwara öwrenmek üçin näçe wagt gerek we haýsy elýeterli çeşmelerimiz bar?


Iňlis dilini bilmek üçin näçe söz öwrenmeli soragynyň jogaby köpleri gyzyklandyrýan bolsa gerek! Şeýle hem Iňlis dilini öwrenmek üçin näçe sagat wagtymyzy dil öwrenmek üçin sarp etmeli bolarys? “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň resmi saýtynyň döredijilik topary siziň üçin bu soraglaryň jogaplaryny taýýarlapdyrdylar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagta çenli “Makul sözlük-akylly sözlük” taslamasynyň çäklerinde, iňlis dilini uludan kiçä, ählimize aýratynlykda taýýarlanan köp sanly işler durmuşa geçirildi.


Bellemeli zat, iňlis dilini öwrenmek üçin diňe sözleri bilmek ýeterlik bolman, eýsem, grammatik taýdan hem iňlis dilini öwrenmek gerek. Biz bu makalamyzy söz baýlygy nukdaýnazaryndan taýýarladyk. Iňlis dilini öwrenmek prosesi umuman 6 basgançaga aýrylýar we olar – “Beginner”, “Elementary”, “Intermediate”, “Upper Intermediate”, “Advanced” we “Proficiency” basgançaklarydyr. Bu basgançaklar degişlilikde, halk arasynda A1, A2, B1, B2, C1 we C2 basgançaklary ady bilen bilinýär.

A 1 derejesi ýa-da “Beginner”

Iňlis dilinde A1 derejesi, iňlis dilini öwrenmek üçin iň aşaky basgançak kabul edilýär. Dogry “A0” basgançagyny hem bellemek gerek. “Starter” basgançagy hem diýip aýdylýan “A0” basgançagy üçin 100 söz bilmek gerek diýip kabul edilýär. “Starter” derejesinde Iňlis dilini öwrenmek üçin 45 sagat ýeterlik.


“Beginner” basgançagy ýagny A1 üçin bolsa 500 söz bilmek gerek! Bu basgançagyň IELTS synagyndaky baly “2.5; 2.0” bolsa, olar TOEFL synagynda “0-39” arasynda bal alyp biler! “Beginner” derejesinde Iňlis dilini öwrenmek üçin biz 90-100 sagadymyzy sarp etmeli bolarys!


Mälim bolşy ýaly, “Makul Sözlügiň” Çagalar üçin sözlük bölümi bolan “Suratly Sözlük” bölüminde 375 sany suratly söz iňlis we türkmen dillerinde ýazmaça we sesli berilýär. Şeýle hem, “Oýunly Sözlük” bölüminde bu 375 sany söz oýunlaryň üsti bilen özleşdirilýär. Bu bolsa, bu bölümdäki sözleri doly özleşdiren çagalaryň A1 derejesine ýakyn derejede iňlis dilini özleşdirip biljekdigini görkezýär.


“Oýunly Sözlük” we “Suratly Sözlük” bölümleri üçin degişli ýere basyň!


A2 derejesi ýa-da “Elementary”


Bu bölümi özleşdirmek üçin ortaça 1000 söz bilmek zerur diýlip kabul edilýär. Bu basgançagyň IELTS synagyndaky baly “3.5; 3.0” bal bolsa, olar TOEFL synagynda “40-56” arasynda bal alyp biler! “Elementary” derejesinde 180-200 sagady aralygynda wagtymyzy Iňlis diline sarp etmeli bolarys!


Makul Sözlügiň “Suratly Sözlük”bölümine her bir surat we söz üçin çagalar üçin ýeňil boljak bir sözlem ýerleşdirildi we suratdaky sözler sözlemler bilen has aňsat özleşdiriler ýaly şert döredildi. Bu sözlemleri özleşdirilenler jemi 1080 sany sözi öwrener. Bu bolsa, olara “Elementary” derejesinde Iňlis dilini öwrenmek üçin mümkinçilik döreder!


“Oýunly Sözlük” we “Suratly Sözlük” bölümleri üçin degişli ýere basyň!


B1 derejesi ýa-da “Intermediate”


Intermediate derejesinde Iňlis dilini bilmek üçin 2000 sany söz bilmek gerek diýip kabul edilýär. Bu basgançagyň IELTS synagyndaky baly “5.0; 4.5” bal bolsa, olar TOEFL synagynda “57-86” arasynda bal alyp biler! “Intermediate” derejesinde Iňlis dilini öwrenmek üçin azyndan 350-400 sagadymyzy bu dile aýyrmaly bolarys.


Makul Sözlügiň “Makul Sözlem” bölüminde jemi 700 sözlem berilýär. Bu sözlemler durmuşda iň köp ulanylýan sözlemler bolup, “Oýunly Sözlem” bölümi bilen şol sözlemleriň düzüliş usullary doly düşündirilýär. Bu bolsa, “Intermediate” derejesinde Iňlis dilini öwrenmek üçin “Makul Sözlem” bölümini özleşdirmegiň peýdasyny görkezýär.


“Makul Sözlem” we “Oýunly Sözlem” bölümleri üçin degişli ýere basyň!


B2 ýa-da “Upper Intermediate”


“Upper Intermediate” derejesinde Iňlis dilini bilmek üçin 4000 sany söz bilmek gerek diýip kabul edilýär. Bu basgançagyň IELTS synagyndaky baly “6.5; 6.0” bal bolsa, olar TOEFL synagynda “87-109” arasynda bal alyp biler! “Upper Intermediate” derejesinde Iňlis dilini öwrenmek üçin 500-600 sagadymyzy sarp etmeli bolarys!

“Makul sözlem” bölümi jemi 4300 sözden ybarat bolup, bu bölümi özleşdirenler Iňlis dilini “Upper Intermediate” derejesinde öwrenmek üçin mümkinçilige eýe bolarlar.


“Makul Sözlem” we “Oýunly Sözlem” bölümleri üçin degişli ýere basyň!


C1 ýa-da “Advanced”


“Advanced” derejesinde Iňlis dilini bilmek üçin 8000 sany söz bilmek gerek diýip kabul edilýär. Bu basgançagyň IELTS synagyndaky baly “8.0; 7.5” bal bolsa, olar TOEFL synagynda “110-120” arasynda bal alyp biler! “Advanced” derejesinde Iňlis dilini öwrenmek üçin 700-800 sagat möçberinde wagtymyzy Iňlis diline sarp etmeli bolarys.


C2 ýa-da “Proficiency”


“Proficiency” derejesinde Iňlis dilini bilmek üçin 16000 sany söz bilmek gerek diýip kabul edilýär. Bu basgançagyň IELTS synagyndaky baly “ 9.0; 8.5” bolsa, olar TOEFL synagynda iň ýokary baly alyp biler! Iňlis dilini suwara bilmek aňsat däl, bu köp zähmeti we wagty talap edýär. Iňlis dilini örän gowy derejede öwrenmek üçin 1000-1200 sagat wagtymyzy bu dile sarp etmeli bolarys. Bu bolsa her günde 1 sagat iňlis dilini öwrenmek üçin aýyrsak, “Proficiency” derejesinde Iňlis dilini öwrenmek üçin azyndan 3 ýyl wagt gerekdigini görkezýär.


“Makul Sözlük” özünde jemi 15790 sany sözi özünde jemleýär. Bu bolsa, “Makul Sözlügiň” “Proficiency” ýagny, örän gowy derejede Iňlis dilini bilmek üçin ýeterlikdigini görkezýär.


Çeşme: atavatan-turkmenistan.com

48
356
Bio_girl👩‍🔬💫
21.01.2024 20:28
""...Özür dileyecek şeyler yapacağınıza, özür dileyeceğiniz şeylerden kaçının.
Kırdığı değil, mutlu ettiği ve sakındığı olun bir insanın😌💫.""
34
153
Bio_girl👩‍🔬💫
21.01.2024 15:03
"Niyeti belli olan insanlardan zarar gelmez.Ancak niyetinin ne olduğu belli olmayanlardan uzak duracaksın.🥀Allah bizi güven vermeyenlerden değil de güven veriyormuş gibi yapanlardan korosun.💔💫"
49
105
Bio_girl👩‍🔬💫
20.01.2024 19:52
""Güzel seveni görmek için güzel bakmayı bilmek gerekirdi.
Ancak beni sevmeni beklemek de kör birinden görmesini istemekti.💔💯""
33
73
Bio_girl👩‍🔬💫
19.01.2024 21:05
Adamyň gözi barada gyzykly faktlar
- Adamyň her bir gözi 107 million töweregi ýagtylyga duýgur öýjükleri özünde jemleýär;

- Adam gözi açyk ýagdaýynda asgyryp bilmeýär;

- Takmynan 10 000 ýyl mundan ozal ýer şaryndaky ähli adamlaryň gözleriniň reňkleri goňur bolupdyr;

- Gözlerimiziň diametri 2.5 santimetr bolup, onuň agramy 8 grama barabardyr. Kitleriň gözüniň agramy bolsa 1 kilograma barabardyr;

- Adam ortaça ömrüniň dowamynda 24 million töweregi şekil görýär;

- Täze doglan çaga 6-8 hepdelik bolýança onuň gözi gözýaş bölüp çykarmaýar;

- Adamyň gözi diňe 3 sany reňki, ýagny gyzyl, ýaşyl we gök reňkleri saýgaryp bilýär. Galan reňkler bolsa şu reňkleriň birleşmesidir;

- Bir gije-gündiziň dowamynda adam göz gyrpmak üçin 55 minut sarp edýär, ýagny adam 1 minutda 6-dan 17 gezege çenli gözüni gyrpýar. ( Aýallar erkeklere görä iki esse köp göz gyrpýar);

- Bir gezek göz gyrpmak üçin ortaça 0.05 sekunt gerek bolýar;

- Tehnologiýanyň ösmegi we sanly ulgamyň rewolýusiýasy adamlaryň durmuşynda kompýuter we şuňa meňzeş enjamlaryň üsti bilen giňden orun eýeledi, emma biziň görejimize zeper ýetirýän monitorlar däl-de , ekran bilen dowamly kontakt arkaly gözümize ýetýän ýadawlykdyr;

- Ýer ýüzünde diňe 1% adamlaryň çep we sag gözleriniň reňkleri dürli-dürlüdir. Muňa geterohromiýa diýilýär;

- Gözýaşlarymyzyň himiki düzümi näme sebäpden aglaýanlygymyza baglydyr;

- Häzirki wagtda medisinanyň ösmegi bilen adamyň köp organlaryny bir adamdan beýleki adama göçürip ( transplantasiýa ) bolýar. Emma häzirki wagta çenli göz transplantasiýasy mümkin däldir;

- Gyzyl reňkli göz diňe albinoslarda duş gelýändir , sebäbi olaryň organizminde melanin ýokdur;

- Goňur reňk iň köp duş gelýän göz reňkidir, ýaşyl reňkli göz bolsa iň az duş gelýändir;

- Garaňkyda görmek üçin niýetlenen enjamlar ähli zady ýaşyl reňkde görkezýän edilip bejerilmeginiň iki sany sebäbi bar:

1. Bu reňkli gammada detallary görmek aňsat.
2. Ýaşyl reňk adamyň gözüni kemräk ýadadýar.
43
111
Bio_girl👩‍🔬💫
17.01.2024 22:19
Iki doganyn dusmancykygyndan doran Adidas bilen Pumanyn tasin hekayasy...


Köpleriň bilişi ýaly, dünýäniň iň meşhur sport eşikleri we aýakgap markalarynyň biri bolan Adidas bilen Pumanyň, korporatiw bäsdeşlikden başga hem,gaty geň bir hekaýasy bar. Hekaýanyň baş gahrymanlary biri-birine duşman bolan iki dogan Adi (Adolf) we Rudi (Rudolf) Dasslerdir.
Adi bilen Rudiniň aralarynda diňe bir dawa bolman eýsem, şol bir şäher doganlar sebäpli ikä bölündi diýsek hem ýalňyşmarys.
Ikinji jahan urşunyň öň ýanynda Adi we Rudi Germaniýanyň kiçijik Gerzogenauraç şäherinde aýakgap ýasamak we satmak üçin ussahana açdylar. Ejeleriniň kir ýuwýan yerinde doganlar "Dassler Brothers Shoe Company" atly dükany açyp, aýakgap ýasap olary satyp başladylar.
1933-nji ýylda Gitler häkimiýete gelende, iki dogan hem faşistler partiýasynyň agzasy boldy.1936-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlarynda 4 altyn medal gazanan meşhur afro amerikaly sportçy Jesse Owense hem doganlaryň ýasan aýakgabyndan satyn alýar.Owensiň ýeňşi Dassler doganlaryň aýakgap satuwyny has köp artdyrdy. Şeýle-de bolsa, bu üstünlik aralary gowy bolmadyk doganlaryň arasyna has köp tow düşürýär.Uly we kiçi wakalar bilen yzygiderli ýüze çykýan sürtülmeden başga-da, iki doganyň maşgalalary hem asla oňuşmaýardylar. Ahyrynda doganlar 1948-nji ýylda kompaniýany ikä böldüler. Adi öz kompaniýasyna "Adidas" adyny beripdi, Rudi bolsa hem "Ruda" adyny öz kompaniýasyna dakypdy. Soň Rudi kompaniyasyny "Puma" adyny berdi. Ikisi-de Auraç derýasynyň iki tarapynda öz zawodlaryny gurupdylar. Zawodlar uruşdan soňky işsizligiň öňüni alypdy. Şeýlelik bilen, bu iki kompaniýa tiz wagtdan Gerzogenaurahyň ykdysadyýetiniň aglaba böleginde agdyklyk etdi. Şäherdäki hemmeler diýen ýaly bu iki kompaniýanyň birinde işläp başlapdylar. Bir zawodyň işgärleri beýleki tarapa geçip, beýlekileriň giden bazarlaryna we restoranlaryna gitmemezlige başlapdylar. Iki kompaniýanyň işgärleriniň arasynda tanyşmak we nikalaşmak hem gadagandy. Rudi 1974-nji ýylda, Adi 1978-nji ýylda aradan çykdy. Bäsdeşlik ölümden soňam dowam edipdi. Iki dogan bir gonamçylykda ýöne mümkin boldugyça biri-birinden uzakda iki ýerde jaýlanypdy. Adidas bilen Pumanyň arasynda takmynan 60 ýyl dowam eden bu geň duşmançylyk 2009-njy ýylda iki kompaniýanyň işgärleriniň arasynda simwoliki dostlukly oýun bilen tamamlandy.


#Makalam.
41
158
Bio_girl👩‍🔬💫
15.01.2024 21:56
Salam hemma gic yagsy...
34
158
Bio_girl👩‍🔬💫
12.01.2024 07:58
hakyky💯🕊
34
246
Bio_girl👩‍🔬💫
07.01.2024 17:49
kom bellap gec😜
36
159
Bio_girl👩‍🔬💫
03.01.2024 22:22
Salam hemma gic yagsy🙈🤗
36
107