Berdi s ý
06.04.2020 20:28
Bir dawada hakly bolsaň gorkma, sebäbi hakykaty goraýanyň ýarany Allahdyr.

Nadanyň nadanlygyny subut etmek aňsat, ýöne oňa boýun aldyrmak kyndyr...

Kakaňa hormat goý, ogluňam saňa hormat goýsun.

Çagalarymyzy ýaşaýan zamanamyza görä däl, ýaşajak zamanalaryna görä ýetişdiriň.

Hz.Aly
12
189
Berdi s ý
Berdi s ý
05.04.2020 21:00
???
Berdi s ý
05.04.2020 20:57
« Haýra niýet eden wagtyňyz howlugyň, şeýtan sizi aldap ol pikiriňizden döndermesin »

Hz Aly.

Ymam Rabbany.

( anyk bilip bilmedim kimiň sözi )
10
238
Berdi s ý
04.04.2020 15:32
Bir adam başga biriniň ýanynda özüniň aýalyndan zeýrenipdir. Ol adam oňa:
— Sen onuň ölmegini isleýärsiňmi? — diýipdir. Onda ol:
— Ýok, diňe özünden başga Hudaý bolmadyk Allanyň adyndan ant içýärin, ýok — diýipdir. Ol:
— Özüň-ä ezýet berýär diýýärsiň, onda näme garşy çykýarsyň? — diýipdir. Ol adam:
— Eger ol öläýse, begenjimden özümem ölerin öýdüp gorkýaryn — diýipdir.
10
343
Berdi s ý
04.04.2020 15:29
Dogry pikir — güýçli goldan has gowy gorar.
6
189
Berdi s ý
03.04.2020 09:47
Yşkyň başy bakyşdyr.
11
231
Berdi s ý
03.04.2020 01:36
Maslahat gapysyn näme üçin ýapdyň,
Ýa paýhas ýolundan düşdüňmi yrak?
Akyldarlar aýdyp geçipdir ahyr,
«Iki pikir bir pikirden ýagşyrak».

Maslahatsyz iş etmegin hiç haçan,
Maslahatly işde peýda köp, aýan.
Eger bimaslahat başlasaň işe,
Ir-u-giç sen ondan görersiň zyýan.
12
147
Berdi s ý
02.04.2020 02:02
Her zadyñ çaky ýagşy. . .
(Diñe gülki däl)

Bir adam Hasan Basrynyň ýanynda degişip gülýär welin, Hasan oňa: «Ýaşan gysga ömrüňde boş gürrüňleri az etmäge çalyşgyn» diýýär.


Bir dana: «Biderek oýun-degişmeden, süwümsiz gülküden daşda duruň. Ol iki gapy ýalydyr. Eger-de sen degişme gapysyndan girseň, çykaňda, uruş-sögüş gapysyndan çykmaly bolarsyň» diýýär.


Ýene bir dana: «Her bir zadyň başlangyjy bardyr. Duşmançylygyň, uruş-sögüşiň başlangyjy oýun-degişmedir» diýýär.
9
147
Berdi s ý
02.04.2020 01:21
«Alňasamazlyk Rahmandandyr, gyssanmaklyk şeýtandandyr»


Her halda oýlanyp girişgin işe,
Aljyraňlyk ýoluň kynlygna bakman.
Her kimse işini oýlanyp etse,
Ýürek arzuwyna ýeter ol hökman.

Hiç mahal howlukma syýasy işde,
Saklamagyn oýlanmagyň badyny.
Bir demde döküp bor ýüz adam ganyn,
Direldip bolmaýar ölen adamy.

10
126
Berdi s ý
Berdi s ý
01.04.2020 08:44
Her kimden jogaby şeýle kabul etse onna . . .? Gülki günüňiz bn hormatly agzalar we Myhmanlar.